"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Durmuş ähmiýetli ykdysady ösüşler

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 13-nji ýanwarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda şanly baýramçylyga gabatlanyp, Ahal welaýatynda ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň barşy barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiziň sebitleýin syýasaty welaýatlar üçin deň ösüş şertlerini döredýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ilat üçin ýokary hilli durmuş derejesini üpjün etmegi nazarlaýan bu sebit syýasatynda ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda goýulýar. Sebitleriň ykdysadyýetiniň toplumlaýyn ösdürilmegi babatynda uzak möhletleýin taslamalar, täze özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ykdysady syýasatyň täze ugry ykdysady taýdan maksadalaýykdygy we uzak möhletleýin bähbitler nukdaýnazaryndan ähli ykdysady hem-de dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi, ykdysady kuwwaty artdyrmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmegi göz öňünde tutýar. Ykdysadyýetiň netijeli hususy ulgamyny döretmek hem-de bäsdeşlik esasynda döwlet-hususy gatnaşyklary ösdürmek hem möhümdir. Senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur diňe ykdysady däl-de, eýsem, durmuş ähmiýetli bolup durýar. Häzirki döwürde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň esasy bölegini öz kärhanalar

Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy Lebap welaýaty, 15-nji ýanwar (TDH). Şu gün Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ojaga — ot, ýürege — ýalkym

Wagta emriň ýetse, ony biraz saklap, taryha şan berýän günleriň lezzetini ine-gana duýasyň gelýär. Ýöne oňa onuň özünden başga höküm ýöredýän ýok. Şeýle-de bolsa, taryhy günleriň ýakymy terliginde, täzeliginde gursagyňda hemişelik ýaşaýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem, turuwbaşdan, ykbal özgerdiji beýik işlere, ynsanperwer başlangyçlara, hakydalara däl, ýüreklere, kalplara ýazylýan ajaýyp wakalara beslenýär. Düýn hem şeýle taryhy günleriň biri boldy. Kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan «Malaý» gaz gysyjy desgasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bu taryhy wakanyň şaýatlarynyň hem-de bagtyýar watandaşlarymyzyň ýüregine gyşyň ortaky aýynda ýazyň ýylysyny berdi. Şatlyk GULMYRADOW, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň inženeri:

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky şu aşakdaky goýumlary halkymyza hödürleýär:

1. «Talap edilýänçä» goýumy — goýuma serişdeler nagt we nagt däl görnüşinde çäklendirilmedik möçberde möhletsiz kabul edilýär, göterim derejesi 1% ýyllyk. 2. «Gadamy beýik gahryman» goýumy — 3 aý, 6 aý, 9 aý, 12 aý göterimi ýyllyk 11%, üstüni dolduryp bolýan goýum. Bu goýum Beýik Watançylyk urşuna we owgan urşuna gatnaşan raýatlar üçin niýetlenen. Goýuma goýulan puluň iň pes möçberi 100 (bir ýüz) manat bolup, goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär.

Dünýäde islegli önümler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy maksady ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakdan ybarat bolup, önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilmegi, mineral çig mal ätiýaçlyklarynyň ykdysady taýdan netijeli peýdalanylmagy has-da ileri tutulýar. Geljegi rowaçly we ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan senagat pudaklarynyň biri-de himiýa senagatydyr. Geçmişe ser salsak, himiýa senagatynyň öz gözbaşyny birnäçe asyr mundan ozalky döwürlerden alyp gaýdýandygyny we geçen asyrda has kämilleşip, biziň döwrümizde güýçli depginler bilen ösýän häzirki zaman senagat pudagydygyny görýäris. Düýpli ylmyň we himiki tehnologiýalaryň okgunly ösmegi bilen bu pudak häzirki zaman ösüşiniň giň ýollaryny açýar. Türkmenistanyň himiýa senagatynda mineral dökünleriň önümçiligi has-da üstünlikli ýola goýulýar. Soňky ýyllarda olaryň önümçilik mümkinçilikleri täze desgalar arkaly has-da artdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, azot önümlerini öndürýän zawodlaryň sany köpelýär, muňa mysal edip, 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid önümlerini öndürýän hem-de ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze zawodyň işe girizilendigini aýtmak bolar. Karbamid öndürýän zawodyň

Guwandyryjy netijeler

HYRYDARLY ÖNÜMLER Bäherden etrabynyň «Bäherden» tikin fabrigi tamamlanan ýyly ýokary iş görkezijileri bilen jemledi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ol ýerde 9 million 497 müň 605 manatlyk iş edilip, bu babatda ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 114,2 göterim ösüş gazanyldy. Munuň özi fabrikde ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň pul möçberindäki görkezijileriniň ep-esli artandygyny aňladýar.

Halkara bähbitleriň sazlaşygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda obadyr şäherleri, etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ykdysadyýetiiň ähli ugurlary boýunça uly ösüşleri gazanyp, dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrülýär.

Ykdysady binýat berkidilýär

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak, pudaklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam bermek hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny netijeli guramak üçin senagat-innowasion binýady berkitmek maksady bilen anyk işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde ata Watanymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, eziz Diýarymyzyň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny tizleşdirmäge we olaryň işiniň netijeli dolandyrylmagyny gurmaga gönükdirilen anyk çäreler görülýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, ýakyn bäş ýylda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnamada ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny düýpli özgertmek, sanly ulgamy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, eýeçilik gatnaşyklary

Geografik taýdan amatly ülke

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamy bedew bady bilen ösýär. Ýurdumyzdan dünýäniň çar ýanyna uzaýan nurana ýollar dost-doganlyk ýollaryna öwrülýär. Milli kanunçylygymyzyň howa, deňiz, awtoýol ulgamlarynda amala aşyrylýan işleri we hyzmatlary düzgünleşdirýän hukuk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzüminiň hem-de aragatnaşyk telekommunikasiýalar ulgamynyň kemala gelmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi, diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we bütindünýä ösüşine kuwwatly itergi berýär. Türkmenistan geografik taýdana örän amatly sebit we sebitara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatlyklaryny döwletleriň we halklaryň bähbidine gönükdirýär.

Sanly ulgam — döwrebap mümkinçilikler

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, durmuş-ykdysady ulgamyň ähli ugurlarynyň täze tehnologiýalar esasynda sanly ulgama yzygiderli geçirilmegi babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen Türkmenistanyň Arbitraž, Aşgabat şäher we welaýat kazyýetleriniň arasynda elektron gatnaşyklar ýola goýuldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň elektron hukuk maglumat binýady we ýöriteleşdirilen elektron hukuk kitaphanasy döredildi.

Nebitgazly Watanym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni mähriban Arkadagymyzyň Türkmen döwletini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça täzeçil oňyn başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine ynamly şaýatlyk edýän, ýatda galyjy ajaýyp wakalara beslenýär. Eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi hem-de mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak mähriban Arkadagymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň wajyp ugrudyr. Uglewodorod mal serişdeleriniň ägirt baý gorlaryna eýe bolan döwletimiziň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumy öňdäki orny eýeleýär. Ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ulanylmagy pudagyň innowasion taýdan ösüşini üpjün edýär, Diýarymyzyň dünýä derejesindäki energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Halkara bileleşiginiň tagallalary üçünji müňýyllygyň şol maksadyna ýetmäge hem-de BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ösüş babatda gün tertibine» laýyklykda ýetmäge gönükdirilendir.

Dünýä dynçlyk paýlaýan baýlyk

Biribaryň nazary düşen keremli türkmen topragy uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitdir tebigy gazyň täze ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek, çig mallary gazyp almak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere ugratmak meselelerinde düýpli ilerlemeler bolup geçdi. Bu işler häzirki wagtda hem depginli dowam edýär. Şeýle oňyn özgerişlikleriň gözbaşynda bolsa Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna deňleşdirmegi maksat edinýän hormatly Prezidentimiz durýar. Özi-de bahasyz baýlyklarymyz ýer ýüzünde parahatçylygy, dünýäde dynçlygy berkarar etmegiň hyzmatynda goýulýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine giňden daýanmak bilen, sebitde parahatçylygy pugtalandyrmaga, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen dünýä nusgalyk syýasaty belent abraý bilen ýöredýär. Beýik maksatlara ýetmegiň hatyrasyna ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar täze derejelere çykarylýar. Şonda, ýokarda belleýşimiz ýaly, ýangyç-energetika pudagyndaky barha giňelýän hyzmatdaşlyklar ählumumy parahatçylygy berkarar etmäge uly ýardam berýär. Bu babatda Hytaý Halk Respublikasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Üstünlikli ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşykla

Belent sepgitleri nazarlaýan pudak

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, bu babatda ýurdumyzyň köptaraply mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga şertleri üpjün edýär. Düýp özeninde ýurdumyzyň ilatynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan has-da ýokarlandyrmak ýaly asylly maksatlar jemlenen bu özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde hususy pudagyň goşýan saldamly goşandy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi Arkadag Prezidentimiz berkarar Diýarymyzyň ykdysadyýetini köpugurly hem-de toplumlaýyn ösdürmekde, ähli pudaklaryň we sebitleriň sazlaşykly ösüşini gazanmakda, daşarky bazarlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda, bäsleşige ukyply önümçiligi kemala getirmekde hususy pudagyň ornuna uly ähmiýet berýär. Hususy işewürleriň bu babatdaky mümkinçilikleriniň işjeň herekete girizilmegi üçin döwlet derejesinde ählitaraplaýyn goldaw-hemaýatlary berip, zerur bolan şertleri döredýär. Gahryman Prezidentimiziň şeýle aladalarynyň, berýän goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde, kiçi we orta telekeçiligi, h

Döwrebap ösüşleriň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak, önümçiligi ösdürmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge we çykarmaga gönükdirilen täze maglumat tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak, senagat we ylmy-tehniki mümkinçiligi artdyrmak babatda bitirilen işler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda dünýä sanly ykdysadyýet döwrüne girip barýar. Sanly telekommunikasiýalaryň kömegi bilen emele gelýän bu ykdysadyýet ýagdaýy düýpli üýtgedýär.

Möhüm pudakdaky belent sepgitler

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary we döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmak, öndürilýän senagat we gurluşyk önümleriniň görnüşlerini köpeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde belleýşi ýaly, ýurdumyzda häzirki döwürde umumy şertnama bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan önümçilik we durmuş maksatly iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu gurluşyklar durmuşa geçirilýän taslamalaryň örän giň gerimlidigi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ajaýyp binalar gurulýar, iri ýaşaýyş toplumlary döredilýär. Müňlerçe kilometre uzaýan tizlikli awtomobildir polat ýollary gurlup, halkara ähmiýetli ulag üpjünçilik ulgamlary emele getirilýär. Gurulýan şol desgalarydyr ýollary gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Tebigy baýlyklarymyz — gymmatlygymyz

Türkmenistan Diýarymyz ýerasty we ýerüsti tebigy serişdelere baý ýurtlaryň hataryna girýär. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen bu baýlyklar halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Döwlet her bir raýatyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär» diýip bellenilýär. Şeýle hem Baş Kanunymyzyň 5-nji maddasynda: «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýlip bellenilýär. Munuň özi adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmek bilen bagly bolan, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinde aýdyň şöhlelenýär.

Döwrebap özgertmeler — halkyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Şol sanda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça wajyp işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem özüniň döwrebap bank hyzmatlary bilen şol alnyp barylýan işlere öz saldamly goşandyny goşup gelýär. Ýaňy-ýakynda bankyň taryhynda örän möhüm waka bolup geçdi, ýagny «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» görkezilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna öwürmek barada Karara gol çekdi.

Döwür we sanly tehnologiýalar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň edaralary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Kararyny durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň çäginde ykdysady toplumyň edaralary tarapyndan pudaklaýyn web-saýtlary döretmek we müşderilere menzilara hyzmatlary hödürlemek, öndürilýän, ýerlenilýän önümlere elektron görnüşde salgyt salmak, tölegleri milli bank kartlarynyň üsti bilen sanly ulgam arkaly geçirmek göz öňünde tutulýar. Pudaklaýyn web-saýtlary döretmek we müşderilere menzilara hyzmatlary hödürlemek meseleleri, esasan, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň ählumumy globallaşmagy şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki zaman ykdysadyýetinde maliýe ulgamy adamyň durmuşynyň ähli taraplaryny gurşap almak bilen, aýgytlaýjy orun eýeleýär. Bu ösen ýurtlarda ilata menzilara hyzmatlary hödürlemek, öndürilýän, ýerlenilýän önümlere elektron görnüşde salgyt salmak, tölegleri milli bank kartlarynyň üsti bilen sanly ulgam arkaly geçirmek süýşürintgileriň esasy böleginiň maýa goýum işlerine çekilmegi bilen alamatlandyrylýar. Häzirki zaman internet tory bu

Bir gün duza — müň gün salam

Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy üçin senagatyň köp pudaklarynyň binýady bolup hyzmat edýän tebigy baýlyklarymyzyň ähmiýeti juda uludyr. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kombinatynda çykarylýan nahar we tehniki duzlar hem ata Watanymyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň biridir. Hazar deňziniň demirgazyk ýakasyndaky aýlagyň kenarynda ýerleşýän, ýurduň himiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan bu kombinatda gazylyp alynýan duzuň möçberleri sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Tutuş Diýarymyzda bu mukaddes önümiň ähli möçberlerini taýýarlaýan bu kärhanada geçen ýyl gazylyp alnan duz 94,6 müň tonnadan hem geçirilip, meýilnama 102 göterime golaý amal edildi. Şonuň 84,1 müň tonnadan hem gowragy däneli duzlardyr. Gürrüňi edilýän ýylda taýýarlanylan nahar duzunyň möçberi bolsa 20 müň tonna golaýlady.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 27-si baglaşyldy. Gonkongdan, Owganystandan, Özbegistandan gelen işewürler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem ulag benzinini satyn aldylar.