"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Innowasion çözgütlere daýanyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna, sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, milli ykdysadyýetiň düýpgöter täze nusgasyna geçmäge ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet «tizlik», «amatlylyk», «tygşytlylyk» düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalar ulgamynyň güýçli depginde ösmegi, ilata ýokary hilli internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy maglumatlaryň giň gerimini seljermäge we aragatnaşygyň täze, ykjam görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli pudaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Olarda göz öňünde tu

Ykdysady üstünlikleriň sergisi

Şu gün — 19-njy sentýabrda Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabat şäherindäki «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu gün öz işine başlaýan giň möçberli sergide diňe bir Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri däl-de, eýsem, ýeneki ösüşleriň badalgasyna öwrüljek başlangyçlarymyz, täze taslamalarymyz hem giňden beýanyny tapýar» diýen dürdäne sözleri eziz Diýarymyzyň ösüşleriň täze menziline gadam urýandygyny görkezýär.

Ygtybarly binýat

Mälim bolşy ýaly, her bir ýurduň ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň parahatçylygy, howpsuzlygy, sazlaşykly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şertidigini köp ýyllaryň tejribesi subut etdi. Eziz Diýarymyzda hemmetaraplaýyn ösüşiň üpjün edilmegine, tutuş sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilmegi we ykdysadyýete maýa goýumlaryň çekilmegi ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde-de aýratyn ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirildi. Bu halkara forumyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerinden habar berýär. Sebäbi biziň ýurdumyzda maýadarlaryň netijeli işlemekleri üçin ygtybarly hukuk binýady döredildi. Bu bolsa Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň, işewür düzümleriň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, geçirilen bu maýa goýum forumynyň ykdysady, durmuş taýdan sazlaşykly ösüş babatda aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Maýa goýumlary — ykdysady ösüşiň ygtybarly binýady

Beýik tutumlaryň döwri: oňyn hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen bitaraplygynyň ykdysady ugruna möhüm ähmiýet berilýär, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi, özara peýdaly daşary ykdysady-söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlarymyza deňhukukly gatnaşyklary üpjün edýär, şunda özara bähbitli, ykdysady-täjirçilik taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň däplerine we kanunlaryna hormat goýmak kesgitleýji şert bolup durýar. Bitarap döwlet hökmünde halkara derejämizden gelip çykýan anyk ýörelgelere esaslanyp, uzak möhletleýin daşary ykdysady strategiýamyz, oňyn dünýägaraýyş, BMG-niň Tertipnamasyna we halkara-hukuk kadalaryna ygrarlylyk Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan halkara taslamalarynda doly beýanyny tapýar. Şolaryň maksady diňe bir ykdysady-täjirçilik bähbit bilen däl, eýsem, döwletleriň ýakynlaşmagyny üpjün etmek hem-de olaryň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmak we aýdyňlyk ýagdaýyny döretmek meýli bilen şertlendirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli şeýle taslamalara badalga berilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygyň, ata-babalarymyzyň gurmagyň, döretmegiň sogap işdigine ynanyp, nesillere geçir

Ösüşiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallasy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine barýar. Ösüşiň täze belentliklerinde milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanýandygyny, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň üpjün edilýändigini aýdyň görmek bolýar. Şonuň üçin hem halkymyz ertirki günlerimiziň hem has abadan, eşretli, sapaly boljakdygyna ynanýar. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Garaşsyz döwletimizde amala aşyrýan beýik işlerimizde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda, ýaş nesliň röwşen geljegi baradaky aladalar esasy wezipeleriň hatarynda durýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna durmuşa geçirilýän işler esasy ugurlaryň biridir. Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetindäki döwrebap özgertmeler eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjyny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz syýasy taýdan kämil, ykdysady tarapdan kuwwatly, durmuş taýdan ösen döwlet hökmünde dünýäde tanalýar. Muňa ýurdumyzda gurlan dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary, dürli durmuş maksatly binalar, mekdepler,

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 73,5 göterim ýokarlandy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy görnetin ýokarlandy. Bu barada “Trend” habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda türkmen-rus söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 73,5 göterim ýokarlandy. Has takygy, hasabat döwründe iki ýurduň arasyndaky özara söwda 700 million amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanda täze ýokary tizlikli “Sarahs-Mary-Serhetabat” awtoulag ýoluny gurmak meýilleşdirilýär

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy “Sino Gidro Bureau 12. Co., Ltd.”-iň Ýewraziýadaky wekilhanasy bilen “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin strategiki şertnama baglaşdy. Uzynlygy takmynan 450 kilometr, şol sanda 35 kilometri goşmaça ýollardan ybarat bolan bu ýol sebitdäki iň uly ýollaryň biri bolar. Ýoluň ini 50 metr bolup, ýol hereketlerini 8 zolakda tertipleşdirmäge mümkinçilik berer hem-de howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin ýörite bölüjiler bilen enjamlaşdyrylar. Gurluşyk wagtynda asfaltbetony, sintetiki örtükler we ýörite güýçlendiriji elementler ýaly innowasion tehnologiýalary we materiallary ulanmak meýilleşdirilýär, bu bolsa ýoluň berkligini we hilini ep-esli ýokarlandyrar.

Şatlygy goşalandyran dabaralar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan iri möçberli taslamalarynyň her biri döwletimizi ykdysady taýdan ösdürmeklige, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilýär. 11-nji sentýabrda ýurdumyzyň iň günorta künjeginde — Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çäginde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara transmilli gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, «Şatlyk-1» kuwwatly gaz gysyjy desgasynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Turgundy — Hyrat ýolunyň Turgundy — Sanabar böleginiň, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyklaryna badalga berilmegi, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň ugrunda gurlan uzynlygy 177 metr bolan köpriniň işe girizilmegi, Serhetabat elektrik bekedinden Owganystan döwletiniň Hyrat welaýatyndaky «Nur-el-Jahad» elektrik bekedine elektrik energiýasynyň ugradylyp başlanmagy Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalar boldy. Şu mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatna

XI. Türkmenistanyň gaz senagatynyň ösüşi: şu güne we geljege nazar

1966-njy ýylda gaz gory boýunça iri Ojak gazkondensat käniniň ulanyşa girizilmegi bilen, ol Türkmenistanyň gaz senagatynyň döredilen ýyly hökmünde senelenip, ondan bäri geçen alty onýyllyga barabar döwürde bu pudakda uly ösüşler gazanyldy. Häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumynyň esasy bolup durýan gaz pudagy Türkmenistanyň senagat önümçiliginiň ýarysyndan gowragyny düzýär. Bu gün gaz senagatynyň ösüşi we tebigy gazyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ýaşaýyş-durmuş hajatlarynda giňden ulanylmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düýpli özgerýändiginiň şaýady bolýarys. Dünýäde iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň gorlary «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde 27 trillion kub metre barabar bahalandyrylýar. Ol ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmäge hem-de dünýä energetika bazarynda öz ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär. «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanyşa girizilmegi Türkmenistany tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde Russiýa Federasiýasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan we Katar Döwletinden soň dördünji orna çykardy.

Ykdysady galkynyşyň möhüm şerti

Mälim bolşy ýaly, 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat hem-de «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergi üstünlikli geçirildi. Munuň özi ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen hem-de kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlaryň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertleriň bardygyny görkezýär. Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen foruma dünýäniň ösen döwletleriniň, şol sanda ýurdumyzyň hem ýaş alymlary işjeň gatnaşdylar. Forum innowasion tehnologiýalar, himiýa senagaty we işewürlik babatynda öňdebaryjy kompaniýalary birleşdirip, biz — ýaşlarda täze gyzyklanmalary döretdi.

Bir­ža tä­ze­lik­le­ri

Ge­çen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 37-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt pu­lu­na Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Öz­be­gis­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy, uçar ke­ro­si­ni­ni, aw­to­ben­zi­ni, bin­ýat­lyk ýa­gy, gid­ro usul­da aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny, Tür­ki­ýä­niň, Pa­kis­ta­nyň, BAE-niň, Öz­be­gis­ta­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň işe­wür­le­ri “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len ECO-93 ky­sym­ly aw­to­ben­zi­ni, kar­ba­mi­di sa­tyn al­dy­lar. Mun­dan baş­ga-da, da­şa­ry ýurt pu­lu­na Hy­ta­ýyň, BAE-niň, Ga­za­gys­ta­nyň, Uk­rai­na­nyň te­le­ke­çi­le­ri­ne dok­ma se­na­ga­ty önüm­le­ri, nah ýüp­lük, aras­sa­la­nan nah ýüp­lü­giň ga­lyn­dy­la­ry ýer­le­nil­di. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 76 mil­lion 375 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 37 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Täjigistandan, Özbegistandan, Pakistandan, Owganystandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Gazagystandan we Ukrainadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, awtobenzini, awiakerosini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny hem-de karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 76 million 375 müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

9 milliard amerikan dollarlyk agajy we agaç önümlerini eksport etdi

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Hytaý agajyň we agaçdan ýasalan önümleriň 9 milliard amerikan dollarlygyny eksport edip, bu ugurda dünýäniň lideri boldy diýip, «myfin.by» portaly habar berýär. Çeşmäniň ýazmagyna görä, sanawda ikinji orun şu ýylyň birinji ýarymynda 7,1 milliard amerikan dollarlyk agajy we agaçdan ýasalan önümleri eksport eden Kanada degişli. Hasabat döwründe üçünji ýerdäki ABŞ-nyň bu ugurdaky eksporty 5 milliard amerikan dollaryna deň bolupdyr. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Germaniýanyň (4,7 milliard amerikan dollary) hem-de Şwesiýanyň (2,1 milliard amerikan dollary) ady bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry) Eziz watandaşlar!

Ykdysady ösüş üçin netijeli meýdança: Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar

Her bir ýurduň ykdysady taýdan durnukly ösüşi parahatçylygy, howpsuzlygy, sazlaşykly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistanda hemmetaraplaýyn ösüşiň üpjün edilmegine, tutuş sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilmegi we ykdysadyýete maýa goýumlaryň çekilmegi ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň geçirilmegi, onuň bilen ugurdaşlykda serginiň guralmagy, şeýle-de iri işewürlik çäresiniň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek maksady bilen guralan halkara maslahat hem-de sergi bellenmäge mynasypdyr.

«Aýdyň gijeler» ösüş ýolunda

Wladislaw ADMAKIN,«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň taslama bölüminiň başlygy:  — Kärhanamyz elektron enjamlary öndürmek babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanýar. Ýokary hilli önümleri öndürip, halkymyza döwrebap derejede hyzmat etmekde mynasyp goşandymyzy goşýarys.

Muhammetguly OJAROW, «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň baş direktory:

 — Ýurdumyzda guralýan şu günki giň möçberli foruma hususy kärhanamyzyň gatnaşmagy diýseň buýsandyrýar. Kärhanamyz 2008-nji ýylda esaslandyryldy. Ilkinji günlerden bäri ýurdumyzda ulag-infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp gelýäris. Köpetdagyň gözel künjeginde bina edilen Arkadag şäheriniň ýol-ulag taslamalaryna gatnaşýandygymyza buýsanýarys. Ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň içerki ýollary döwrebap ýagdaýda gurlup ulanylmaga berildi. «Akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň içerki ýollaryndaky gurluşyk işleri hem ýokary depginde alnyp barylýar.

Önümleriň eksport edilýän möçberleri artýar

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň sekiz aýynyň meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 2 müň 14 tonnasy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 895 tonnasy öndürildi. Degişli döwürde 15 million 13 müň 31 manatlyk iş edildi. Şeýle-de ýanwar — awgust aýlarynda buýan köküniň 2 müň 895 tonnasy, ekstraktyň bolsa 420 tonnasy eksport edildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Ulag ulgamy — milli ykdysadyýeti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry

Ýurdumyzyň içerki we daşarky ulag arabaglanyşygy üçin ähli şertleriň döredilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň köptaraply ösdürilmeginiň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ösüşine, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň söwda-ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda çäk taýdan ýerleşişiniň amatlyklaryndan dolulygyna peýdalanmaga şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Uzynlygy 600 kilometre ýetýän awtobanyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, awtoulag ýük daşamalaryny artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam eder.