«Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty» (Ýaş žurnalistiň sözi)
Biz halkymyzyň buýsanjyna we guwanjyna öwrülen Magtymguly Pyragy barada söhbet edilende, köplenç, «Magtymguly — ähli döwürleriň we köňülleriň şahyry» diýen jümläni ýygy-ýygydan tekrarlaýarys. Munuň şeýledigine asla şek-şübhe ýok. Sebäbi, türkmen halysynyň wagtyň geçmegi bilen reňk açyp, has owadan öwşün atyşy ýaly, beýik akyldaryň miras galdyran ajaýyp eserleriniň gymmaty hem barha we barha artmak bilen. Bu, elbetde, dana şahyryň şygyrlarynyň bütin adamzady ähli döwürlerde ileri tutulýan esasy ideýalara — watanperwerlige, ýagşylyga, haýyr işlere, ynsanperwerlige çagyrýandygy bilen aýrylmaz baglanyşykly. Ýöne şunda genial filosofy dünýä beren toprakda onuň şan-şöhratyny, mertebesini dünýä ýaýmak, Magtymguly Pyragynyň mirasyny ýeneki nesillere ýadygär galdyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň-da, gör, näderejede ähmiýeti bar?! Bu baradaky gürrüňimizi golaýda GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň «MIR» teleýaýlymyna beren interwýusy bilen baglasak hem Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusynda belleýşi ýaly, «Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty» hasaplanýan nusgawy şahyrymyzyň mirasyna goýulýan sarpanyň juda uludygyna ýene bir ýola göz ýetirip bileris. Aslynda, S.Lebedewiň «MIR» teleýaýlymynyň žurnalisti bilen söhbetdeşligine hem syýasy