"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Daşary syýasatyň rowaç menzilleri

Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirip, onuň üsti bilen Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisini täze, 2021-nji ýyl bilen gutlamagy ýurdumyzyň daşary syýasy işinde dünýä döwletleridir halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda munuň özi özboluşly many-mazmuna eýedir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki wagta çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyz halkara konwensiýalardyr ylalaşyklaryň 161-sine gatnaşýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlarda hereket edýän diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň 40-sy, şeýle hem ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalardyr konsullyklaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 46-sy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksada gönükdirilen i

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

AŞGABAT, 1-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmenistan — Özbegistan: dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar. Şunda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda şu ýyl Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk eden Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.