"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Türkmenistan — Russiýa: dostluk, ynanyşmak, hoşniýetlilik

Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky strategik, köpugurly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, netijeli hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp, ähli ugurlar boýunça giňeldilýär. Muňa 30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etmeginiň mysalynda göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, Russiýa bilen köpugurly görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz RF-niň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen XVI BRICS sammitiniň ýokary derejesini we ähmiýetini belläp, onuň döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança bolandygyny aýtdy.

Köpýyllyk hyzmatdaşlyk, täzeçil çemeleşmeler

Özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklary okgunly häsiýete eýedir. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan oňyn dialog iki ýurduň köpýyllyk hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagy maksat edinýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şoňa görä-de, 30-njy oktýabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Ilkinji nobatda, duşuşykda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garalandygyny we onuň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen ugurlarynyň kesgitlenendigini bellemek gerek. Iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň — ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam eden duşuşygyň gün tertibine söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda, bank we maýa goýum pudaklarynda, işewürlik ýaly ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara maslahat geçirildi

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar we türgenler gatnaşdy. Maslahata gatnaşanlar bu ýerde Diýarymyzyň sport üstünliklerine, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

Sportuň birleşdirijilik güýji bilen

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ildeşlerimiziň her birinde uly şatlyk döretdi. Ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň ýene biriniň ykrarnamasyna öwrülen bu hoş habar bütin dünýäni sportuň güýji bilen parahatçylyga, raýdaşlyga çagyrýar. Şu günler etrabymyzda bilim işgärleri bilen geçirilýän maslahatlarda çykyş edýän kärdeşlerimiz hem bu Kararnamanyň iňňän ýerine düşen çözgütdigini aýratyn nygtaýarlar. Bellenilişi ýaly, täze sport baýramçylygynyň ― Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlarynyň döredilmegi halklaryň arasyndaky ýürekdeşligi has-da berkitmäge ýardam eder.

Türkmenistanyň başlangyçlary halkara ykrarnama eýe bolýar

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar we türgenler gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda bu ýerde Diýarymyzyň sport üstünliklerine, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergi guraldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi

Golaýda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garaldy we onuň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen ugurlary kesgitlenildi. Özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigi bellenildi. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan oňyn dialog iki ýurduň köpýyllyk hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagy maksat edinýändiginiň aýdyň güwäsidir. Munuň özi ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi üçin kabul ederlikli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde we diwersifikasiýalaşdyrmakda bar bolan giň mümkinçilikleri peýdalanmaga gönüden-göni ýardam berýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyk taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, bilelikde alnyp barlan işleriň baý tejribesine esaslanýar hem-de birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüş boýunça maksatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň binýadynda ýola goýulýar. Russiý

Türkmenistanyň başlangyçlary halkara ykrarnama eýe bolýar

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar we türgenler gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda bu ýerde Diýarymyzyň sport üstünliklerine, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergi guraldy.

Sport diplomatiýasy: parahatçylyk, hyzmatdaşlyk, rowaçlyk

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Hindistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Biz maslahata gatnaşyjylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Jalpa RATNA,Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili:

Geljege nur saçýan hyzmatdaşlyk

Hanym Jalpa Ratna, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili. Türkmenistan bilen BMG-niň 30 ýyldan gowrak wagty öz içine alýan hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşýar. ÝUNISEF-niň Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alyp barýan işleri barha öňe ilerleýär. Biziň esasy maksadymyz zenanlaryň öz arzuwlaryna ýetip, ýurduň jemgyýetçilik özgerişlerine mynasyp goşandyny goşmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Munuň üçin ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti we ýerli guramalar bilen bilelikde zenanlaryň tutuş ýurtda jemgyýeti ösdürmekde uly güýç bolmak mümkinçiligini üpjün etmek meselesine aýratyn üns berýär.

Mert çykar myhmana güler ýüz bilen

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň il-ulsumyzy şanly wakalar, taryhy pursatlar bilen serpaýlaýan günlerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly alymlardyr magtymgulyşynaslaryň birnäçesini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Žurnalymyzyň şu sanynda ýokary sylaga mynasyp bolanlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris. Neda Berger,

Şat günüňde şatdyr ol

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen maslahat «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigine bagyşlandy. Rowaýat kysmy bu gürrüňde şeýle diýilýär. Nuhuň tupany dartylyp, gury ýere çykylandan soň pygamberimiz Nuh janly-jandarlaryň hemmesini jübüt-jübütden edip, öz ygtyýaryna goýberýär-de: «Baryň, indi täze ýaşaýşy özüňiz guraň!» diýýär. Janly-jandarlar dyr-pytrak bolup, täze ýaşaýşa başlaýarlar. Şonda adamzada höwrügip ýanynda galan at bilen itmiş diýlen gürrüň bar. Asyrlaryň gatynda syr bolup galan bu wakanyň näderejede hakykata golaýdygyny bilmesegem, bize durmuş hakykaty başga bir zady aýan etdi. Ol, türkmen bedewi bilen alabaýynyň halkymyzyň iň wepadar dostlaryna öwrülendiginiň hakykatydyr.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyryp

30-njy oktýabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garaldy we onuň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen ugurlary kesgitlenildi. Özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigi bellenildi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyryp

Türkmenistan bilen Özbegistan üstaşyr ýük daşamalardaky salgytlara gaýtadan seredýär

29-njy oktýabrda Buhara şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň ulag-logistika ulgamlarynyň wekililleriniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasary W.Hojanepesow, özbek tarapyna bolsa Özbegistanyň Ulag ministrliginiň ýanyndaky Ulag we logika meselelerini öwrenmek merkeziniň direktory B.Holmatow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 30-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň, RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş hakyndaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen birlikde, Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyryp

Türkmenistan — ÝUNESKO: milli we bütindünýä mirasyny goramak ugrunda

Dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, hemmetaraplaýyn öwrenmek we dünýä ýaýmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu abraýly guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýar. ÝUNESKO bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilen we häzirki wagtda hereket edýän bilelikdäki taslamalar bar. Ikitaraplaýyn dialoga ulgamlaýyn häsiýet bermek maksady bilen, ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary hereket edýär. Soňky ýyllarda bu gurama bilen däp bolan hyzmatdaşlyk mazmun taýdan baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykaryldy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilen hödürnamalaryň sanynyň artmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Dostluk — geljegiň ak ýoly

Turuwbaşdan bir hakykata ünsüňizi çekmek isleýäris: türkmen döwletiniň, türkmen halkynyň sözi bu gün tutuş Ýer ýüzünde iň oňlanylýan, iň goldaw tapýan söze öwrülýär. Çünki adamzat ähmiýetli iri forumlarda Bitarap döwletimiziň, halkymyzyň adyndan çykyş edýän hormatly Prezidentimiz, Milli Liderimiz dünýäni oňatlyga tarap özgerdip biljek aýdyň başlangyçlary bilen giň goldaw tapýarlar. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň 23 — 24-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine saparynyň çäklerinde ýene bir gezek öz beýanyny tapdy. Döwlet Baştutanymyzyň BRICS sammitine gatnaşmagy we çykyş etmegi, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi Türkmenistanyň halkara syýasatda aýdyň ugur bilen öňe barýandygyny görkezdi. Sammit Kazan şäheriniň myhmansöýerligini, baý medeniýetini we taryhy dostluk ruhuny ýene bir ýola ýüze çykardy. Bu şäher Gündogar Ýewropanyň iň gadymy merkezleriniň biri hökmünde dinleriň, medeniýetleriň we dürli milletleriň arasyndaky agzybirligiň nusgasy bolup durýar. Şäher sammitde 30-dan gowrak ýurduň we halkara guramalaryň wekillerini myhman almak bilen ýene bir gezek dünýäniň nazaryny özüne çekdi.

Halkara abraýyň ykrarnamasy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä götermäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda halkara bileleşikde ýurdumyzyň özara ynanyşmak esasynda ygtybarly hyzmatdaşlygy amala aşyrmak ýörelgelerine uly ähmiýet berilýär. 22 — 24-nji oktýabrda Kazan şäherinde geçirilen «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammiti bu hakykaty ýene bir gezek aýdyň görkezen taryhy waka boldy. Şonuň bilen birlikde-de, ol dostlukly halklar bilen öňden dowam edip gelýän hoşniýetli gatnaşyklarda ýene bir aýdyň sahypany açdy. «Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar» diýip, hormatly Prezidentimiz sammitdäki çuň manyly çykyşynda aýratyn nygtap aýtdy.

Aşgabat halkara ulag geçelegeleri boýunça meseleleriň maslahatlaşylýan merkezi bolar

Aşgabat şäheri 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) binasynda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly maslahatda we sergide halkara ulag geçelgeleriniň möhüm meseleleri maslahatlaşylýan merkezi bolar.  TSSE-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, netijeli ulag-üstaşyr geçelgeleriň we infrastrukturalaryň, şol sanda ýokary tizlikli awtomobil ýollaryň, demir ýol menzilleriniň, halkara deňiz portlarynyň we howa menzilleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek meseleleri maslahatlaşmalaryň esasy wezipesi bolar. Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika pudagyny dikeltmäge, ulag-aragatnaşyk düzümleri sanlylaşdyrmaga, durnukly ulagyň ekologiýa ugurlaryna, “ýaşyl” infrastrukturalary ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň eýeleýän ornuna we bu ulgamda ylym-bilimiň ähmiýetine aýratyn üns berler.