"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Şekillerde — Diýaryň keşbi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara, beýik üstünliklere beslenjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp şygary ösüşiň we rowaçlygyň owazy bolup ýaňlanýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde şanly ýylyň şygaryna bagyşlanyp, “Diýarym — asuda, ýurdum — parahat” atly sergi guraldy. Onda ýurdumyzyň ussat nakgaşlarynyň hem-de heýkeltaraşlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp sungat eserleri sergilendi. Mähriban Diýarymyzyň tebigy gözelliklerini, tanymal zähmet adamlarynyň keşplerini beýan edýän eserler asuda, parahat Watanymyzyň özboluşly waspyna öwrüldi.

Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesi giňden, dabaraly bellenip geçiler. Şonuň bilen baglanyşykly, Kaka etrabynda naýbaşy toýumyzyň hormatyna gyzyklydan täsirli çäreler geçirilýär. Şu günler etrapdaky orta mekdeplerde «Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy» ady bilen geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary hem muňa şaýatlyk edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, gadyr-gymmatyny ýaşlara düşündirmek we olaryň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmak maksady bilen, etrapdaky 19-njy orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk has-da täsirli boldy. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan duşuşykda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren tükeniksiz bagty, ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde durmuşyň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, Watanymyzyň arşa göterilen şan-şöhraty dogrusynda gürrüň berdiler.

Baky bagtyň gözbaşy

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny belentden dabaralandyrýar. Ýurdumyzyň durmuşynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler şanly toýa sowgatly barmaga ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem bagtyýar türkmen halky hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, täze-täze üstünlikleri gazanýar. Eziz Diýarymyzda gazanylýan beýik ösüşler, belent üstünlikler biziň her birimizi guwandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan şeýle ösüşler ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýär.

Parahatçylygyň we ruhubelentligiň sazlaşygy

Agzybirlige, jebislige uly hormat goýýan milletimiz elmydama goňşy halklar bilen parahatçylykly ýaşaşmagyň, özara ynamly hyzmatdaşlyk köprülerini gurmagyň ygtybarly usullaryny yzygiderli gözläpdir. Halkymyzyň ýakyn-u-alys ýurtlara tarap uzadan dostluk gollary, guran ýollary barada söz açylýan taryhy deliller, rowaýatlardyr ýazuw çeşmeleri-de uzak ýyllaryň dowamyndan bäri hakydalarda ýaşaýar. Olaryň biri-de meşhur «Şükür bagşy» eseridir. Eseriň baş gahrymany Şükür bagşynyň öz agasyny ýesirlikden boşatmak üçin parahatçylykly ýoly saýlamagy, ýagny, eline ýaragyň deregine dutaryny alyp ýola düşmegi türkmen halkyna tüýs mahsus häsiýetdir. Türkmen dutarynyň, sazyň gudratyna ýürekden ynanan Şükür bagşynyň bu ädimi ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyksöýüjilik meýilleriniň, dürli çylşyrymly meseleleri parasatlylyk bilen çözmäge ymtylmak ýaly asylly däpleriniň şöhlelenmesidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda dana we pelsepewi pikirler näçe diýseň bar.

Täzelikler

Welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda geçen ýylky hasyly gaýtadan işlemek bilen birlikde ekiş üçin gowaça tohumyny taýýarlamak işleri hem guramaçylykly alnyp barylýar. Şu döwre çenli taýýarlanylan gowaça tohumy 13 müň tonna golaý boldy. Üstümizdäki ýylda welaýatymyz boýunça 130 müň gektar meýdana gowaça ekiler. Şonça meýdanda ekiş geçirmek üçin tohumlyk gowaça çigidiniň 15 müň tonna golaýyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Şu möwsümde ekin meýdanlaryna gowaçanyň «Ýolöten-7», «Ýolöten-39», «S-2006», «149 F» we «Jeýhun» ýaly görnüşleri ekiler. * * *Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Bilimli ýaşlar — ak geljege badalga» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

Toý şatlygy ýürekleri joşdurýar

2020-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyna hormatly Prezidentimiziň baýragy gowşuryldy 17-nji fewralda Bagtyýar zaman obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutalag haty bilen ýüzlendi. Onda: «Türkmenistan bu gün kuwwatly ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, aýdyň geljege tarap ynamly barýar. Baky Bitarap döwletimiziň parahatçylykly hem-de ynanyşmak medeniýetine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur şertleri döretmeklige gönükdirilendir» diýlip bellenilýär. * * *Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ähli ilatyna Gutlag hatyny iberdi. Onda: «Biz ata Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öz öňümizde belent wezipeleri goýduk. Şu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biziň ählimiz yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmelidiris» diýlip nygtalýar.

Ýyllar şöhrata beslenýär

«Ýylyň gelşi äheňinden belli» diýlişi ýaly, Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem ýurduň röwşen geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen beýik tutumlary we anyk maksatlary alyp geldi. Bu bolsa watandaşlarymyzyň her biriniň köňül buýsanjyny joşduryp, ýagty ertirleriň hatyrasyna alnyp barylýan beýik işlere öz mynasyp goşantlaryny goşmaga ruhlandyrýar. Garaşsyzlygyň soňky ýyllarynda geçilen her bir menzil, taryhy ähmiýetli wakalar ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Muny biz durmuşyň her bir ulgamynda öňe sürülýän halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli maksatnamalaýyn işleriň oňyn netijesinde hem görýäris.

Demokratik ýörelgelere daýanyp

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk barha giň gerime eýe bolýar. Möhüm syýasy çäräniň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek dowam etdirilýär. Bu çäräniň barşynda kanun çykaryjy edaranyň wekilligine iň mynasyp dalaşgärler hödürlenilýär. Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylýar. Dalaşgärlige uly abraýdan peýdalanýan, tutanýerli zähmet çekýän adamlar hödürlenilýär. Olaryň hatarynda tejribeli guramaçylar, hünärmenler, oba zähmetkeşleri, kärendeçiler, bilim we medeniýet, saglygy goraýyş hem-de durmuş üpjünçiligi ulgamynyň, senagat, gurluşyk, aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleri bar.

Gözellikden gözbaşlydyr Aşgabat

Mähriban halkymyz asyrlarboýy döwletliligi, asudalygy, halkymyzyň ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiň gülläp ösmegini, agzybirligi, jebisligi, eşretli durmuşy arzuwlap gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu gün eziz Watanymyzda şol arzuwlar hasyl boldy, halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne eýe boldy. Ata-babalarymyz kämil perzent ýetişdirmegi, bag ekmegi, bina galdyrmagy, ýol, köpri gurmagy sogap iş hasaplapdyrlar. Gahryman Arkadagymyz bu parasatly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmek bilen, mähriban halkymyza eşretli zamanany, çuň manyly eserleri peşgeş edip, ildeşlerimiziň kalbyny ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Ösüşiň täze belentliklerine tarap», «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan», «Ile döwlet geler bolsa...», «Çaý — melhem hem ylham», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi we beýleki birnäçe eserleri mähriban halkymyz tarapyndan uly höwes bilen garşylandy. Bu eserleriň aglabasy diňe bir ildeşleri

Abadançylygyň röwşen ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň tutuş dünýäde uly ykrarnama eýe bolan parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi häzirki wagtda bütin adamzadyň ünsüni bitewi maksada birleşdirmäge uly ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň nazarynda ýokary tizlikli ösýän, dostlugy, parahatçylygy pugtalandyrýan ygtybarly ýurt hökmünde giňden tanalýar. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynda Ýer ýüzünde abadançylygy, ösüşi we ynsanperwerligi, ruhy kämilligi we dostlugy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak işi öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny giňden dabaralandyrmak bilen birlikde, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Häzirki wagtda döwletimiz özüniň daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplygyň ykdysady ugurlaryna aýratyn üns berýär. Dürli döwletleriň gatnaşmagynda iri halkara taslamalaryny hödürleýär we amala aşyrýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyz özüniň bu hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwründen bäri onuň ýörelgelerini ygrarlylyk bilen durmuşa geçirýär. Ýurdumyz daşary syýasat ugrunyň esasy hökmünde döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşlere, raýdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Ösüşiň täze belentliklerin

Milli Liderimiziň ynsanperwerlik ýörelgesi

Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk we abadançylyk bilen bagly döwletli ýörelgeleri tutuş dünýäde giň seslenmä, gyzgyn goldawa eýe bolýar. Milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň parahatçylygy we abadançylygy ugur edinmegi türkmen halkynyň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň rowaçlanmagynda, şeýle-de, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda örän ähmiýetlidir we netijelidir. Aslyýetinde, halkymyzyň gadymy däp-dessurlarynda, edim-gylymlarynda hem adamlaryň parahat, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy bilen bagly ýagşy niýetdir arzuwlar bar. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda beýan edişi ýaly, halkymyz özüniň sag-aman, abadan ýaşaýyş hakdaky telwasly arzuwlaryny düýrmegi bilen dünýä ýaýmagy kemsiz başarypdyr, gymmatly sungat mirasyny döredipdir. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady. Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atl

Dünýäni bezeýän Watan waspy

Güldäne ÖWEZDURDYÝEWA, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen milli medeni merkeziniň başlygynyň orunbasary: — Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy dünýäniň çar künjünde mekan tutan arkadaşlarymyzyň başyny göge ýetirdi. Asyrlaryň dowamynda garaşylan ol arzyly gün ähli türkmen halky bilen birlikde, saý-sebäp bilen gaýry ýurtlarda mekan tutan türkmen doganlarymyzyň hem alnyndan ak Gün bolup dogdy. Geçen 30 ýylyň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan içeri hem daşary syýasatda ýokary sepgitleri eýeläp, dünýä ýurtlary bilen halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny gazandy. Şol sanda iki goňşy ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary hem barha berkedi. Özbegistan Respublikasynyň paýtagtyna «Aşgabat» seýilgähiniň hem-de Magtymguly köçesiniň görk bermegi iki dostlukly halkyň gadymy gatnaşyklarynyň döwrebap esasda barha jebisleşýändigine şaýatlyk edýär. Seýilgähiň içine gezelenç edeniňde ahalteke bedewleriniň şekili göwnüňi göterýär. Bu ýerdäki ähli zatlar bize ata Watanymyz Türkmenistany ýatladýar. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen belent derejesine mynasyp bolmagy her birimiz üçin şatlykly waka boldy. Munuň özi milli Liderimiziň dünýä ylmyna goşýan goşandynyň

Ykballara nur çaýan gün

«Garaşsyzlygyň eşretli zamanasy» atly makalalar toplumyndan Biz käwagt bir-iki günläp Günüň dogýan wagtyny gözegçilikde saklaýarys. Şonda üýtgeşik göze görnüp duran tapawudy görmeýärsiň. Soňra Günüň ýaşýan wagty bilen gyzyklanýarys. Ol hem göze ilip duran tapawudyň ýokdugyny görkezýär. Onsoň, günleri günlerden, aýlary aýlardan, ýyllary ýyllardan tapawutlandyrýan zadyň bolup geçýän wakalara baglydygy barada oýlanýarys. Bolup geçýän ajaýyp wakalar şol güni hakydalara ömürlik siňdirýär. Pikir öwürdigimizçe-de munuň, hakykatdanam, şeýledigine göz ýetirýäris. Üstünden 30 ýyla barabar wagt geçenem bolsa, şol ajaýyp güýz güni asyrlarboýy edilen arzuwlaryň wysaly bolup, göwünlere görk çaýýandyr. Türkmen halky ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan gününi mukaddeslikleriň hatarynda ýatlaýar.

Eneleriň ýürk arzuwy

Eneler öz mähri bilen bütin barlygy ýyladýar, tümlügi misli ýanyp duran şem kibi ýagtylandyrýar. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, ene mukaddesligi, ene söýgüsi barada ýazylýan eserler, aýdylýan aýdymlar, çekilýän suratlar, döredilýän heýkeller owadan dünýämizi has-da baýlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde şeýle setirler bar: «Biz eneleriň arzuwynyň geljegiň abadanlygydygy barada hemişe aýdýarys. Eneleriň arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr diýilýär. Watany üçin edermenligi hem-de gaýratlylygy özüne ýörelge edinen perzendini enäniň yhlasy bişowlukdan hem ýakymsyz täsirlerden goraýar. Ene — dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi». Hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan bu kitabyň täsiri bilen biz žurnalyň şu sanynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen «Eneleriň ýürek arzuwy» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi çap etmegi makul bildik.

Asudalygyň täji (çeper oýlanma)

«Parahatlyk, ynanyşmak — ýörelge, Gahryman Arkadagymyz nusga, görelde!» atly bäsleşigine Ýürek mähriňe deňelýän ene ýeriň üstünde bolup geçýän ajaýyplyklar göwnüňe ylham berýär, bagtyýar durmuşa bolan ynamyňy, buýsanjyňy heýjana salýar. Her ýylymyz bir şygara beslenýän eziz Diýarym! Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy dabaraly baýram edilip, şan-şöhrata beslenjek 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen ada eýe boldy. Geçmişimize nazar aýlanymyzda, türkmen halkynyň ähli döwürlerde hem sabyrlylyk bilen parahatçylyga, dost-doganlyga, agzybirlige, ynsanperwerlige, goňşa mähriban bolmaga, myhmansöýerlige kalby bilen berlendigini duýýarsyň. Ene-mamalarymyzyň gürrüňini diňleseň, her bir meseläniň çözgüdinde «gowy diýseň gowy bolar» diýen pähime eýerilendigine gözüň ýetýär. Bu bolsa bir-birege ynamyň güýçli bolandygyny aňladýar. Ynanyşmak ähli üstünlikleriň seresi. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýyllarynda ynanyşmak ýörelgesini hemra edinen halkymyza öňdengörüjilikli, parasatly baştutanlyk etmek bilen, ýurdumyzyň dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy, howpsuzlygy gorap saklamakda, durnukly ösüşi pugtalandyrmakda abraýly döwletleriň hatarynda bolmagyna getirdi.

Göçme sergiler guralýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli mirasymyza bagyşlanan medeni çäreleriň geçirilmegi hem barha giň gerim alýar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde guralýan göçme sergileri görkezmek bolar. Şunuň bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümleriniň ýokary okuw mekdeplerinde gurajak göçme sergileriniň Tertipnamasy tassyklanyldy. Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi gurady. Muzeýiň gaznasynda saklanýan milli lybaslar, şaý-sepler, halylardyr el işleri, dürli saz gurallary, durmuşda ulanylýan esbaplar oňa tomaşa eden talyp ýaşlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Halkymyzyň milli däp-dessurlary häzirki bagtyýarlyk döwrümizi geçmiş taryhymyz bilen pugta baglanyşdyrýar. Şunda guralýan şeýle sergilere aýratyn orun degişlidir. Milli gymmatlyklarymyzyň Döwlet muzeýinde aýalyp saklanylýan asyl nusgalary milli mirasymyzyň üsti bilen ýaş nesilde watançylyk duýgusyny terbiýelemekde uly ähmiýete e

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 12-nji fewraly) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly adamlar!

Türkmenistan — bagy-bossan

Her ýylky nahal ekmek däbine eýerýän bagtyýar halkymyzyň kalby täze ruhy joşgundan pürepürlendi. Bu belent hyjuw-hyruç hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we şu ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmekden gözbaş alýar. Häzirki wagtda Garaşsyz Watanymyzyň goýry ýaşyl baglary hem ýurdumyzy, hem ömrümizi gözellige besleýär. Nahal ekýäs hatar çekip, nagyşlap,Baglar ýurdy — eziz Türkmenistanym!Ýaşyl ýaşaýyşy dünýä bagyşlap,Reýhan ýurdum — eziz Türkmenistanym!

Ata Watanymyzyň we eziz halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine

Eziz Diýarymyzyň syýasy durmuşynyň hem-de Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň depgini barha ýokarlanýar. Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimizň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň täzeçillik häsiýetini aýratyn nygtamak gerek. Döwlet Baştutanymyz ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda innowasion ugur boýunça milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna geçmek hem-de döwlete degişli bolmadyk pudagy ösdürmek, sanlylaşdyrmak işlerini işjeňleşdirmek hem-de halkara gatnaşyklaryny giňeltmek babatdaky bar bolan mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagyny kesgitledi. Milli Liderimiz dürli pudaklary ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatlarynda giň gerimli maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ösüşiň täzeçil usullaryna we ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan ägirt uly hem-de sazlaşykly işleriň ýerine ýetirilmelidigine ünsi jemledi. Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de halkara abraýyny artdyrmak we ykdysady kuwwaty has-da ýokarlandyrmak milli Liderimiziň ähli başlangyçlarynyň baş maksadydyr. Bu ata Watanymyzy gülläp ösüş