"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Ösüş­le­riň göz­ba­şy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Bag­ty­ýar hal­ky­myz ýe­ne bir şanly se­nä­ni — mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­ly­gy­ny uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy al­ýar. Bu se­ne kül­li türk­men hal­ky üçin iň naý­ba­şy baý­ram­la­ryň bi­ri­dir. Çün­ki ýur­du­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­gy­nyň ge­çen ýo­lu­na ser sa­la­nyň­da tu­tuş hal­ky­my­zyň yk­ba­ly­ny öz­ger­di­ji buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bir­nä­çe­si­ni gör­mek bol­ýar. Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýy­ly­nyň için­de ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly öz­gert­me­le­riň ha­ta­ryn­da hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak, ra­ýat­la­ry­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny we il-gü­nü­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni üp­jün et­mek ug­run­da be­ýik sep­git­le­re ýe­til­di. Şeý­le hem Gah­ry­man Arkadagymy­zyň sag­dyn ruh­ly we berk be­den­li ýaş­la­ryň tä­ze nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek ug­run­da­ky be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­nyň do­wa­my­ny biz bu gün Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymy­zyň döw­let­li tu­tum­la­ryn­da gör­ýä

Ga­raş­syz­lyk — gö­wün­le­riň ga­na­ty

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Al­tyn güý­züň il­kin­ji aýyn­da wa­tan­daş­la­ry­myz buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bir­nä­çe­si­niň şa­ýa­dy bol­ýar­lar. Aý­ra­tyn hem, şu gün­ler hal­ky­myz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­ny uly şat­lyk we be­ýik zäh­met ýe­ňiş­le­ri bi­len gar­şy­la­ma­ga taý­ýar­lyk gör­ýär. Her ýyl mil­li se­ne­na­ma­myz­da aý­ra­tyn orun alan bu baý­ra­my my­na­syp gar­şy­la­mak il­deş­le­ri­mi­ziň kal­byn­da aý­ra­tyn ýa­kym, ýal­kym dö­red­ýär. Ýur­du­myz­yň çar kün­je­gin­de hö­küm sür­ýän baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry, me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň, ag­zy­bir­li­gi­niň ny­şa­ny­na öw­rül­ýär.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylara

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!Mähriban doganlar! Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy pugtalandyrmakda, dünýä türkmenlerini bir supranyň başynda has-da jebisleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guralar

13-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Garaşsyzlyk bagty dünýä türkmenleriniň ykbalyny gülletdi

Garaşsyzlyk baýramy diňe bir bagtyýar watandaşlarymyzyň däl, eýsem, geçmişde dünýäniň dürli döwletlerinde mesgen tutan doganlarymyzyň hem sabyrsyzlyk bilen garaşýan iň arzyly toýy. Sebäbi türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny almagy diňe bir Türkmenistanyň raýatlarynyň däl, taryhyň dürli döwürlerinde Ýer ýüzüniň ençeme ýurtlaryna düşen ildeşlerimiziň hem ykbalyna täsir etdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwleti dünýäniň ähli türkmenleriniň ata Watanyna öwrüldi» diýşi ýaly, Garaşsyzlyk gudraty birmahallar duz nesibesi daşary ýurtlara çeken türkmenleriň, olaryň nesilleriniň ählisini ata Watanly etdi. Indi dünýä türkmenleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany özleriniň ruhy dünýäsine bagtyýarlyk nuruny çaýýan seždegähi hasaplaýarlar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi Zeminiň dürli künjeginde mesgen tutan türkmenleri bir supranyň başynda didarlaşdyrýan, olaryň ata Watanymyz bilen ykdysady, telekeçilik, medeni-ynsanperwer, sport ýaly ulgamlardaky hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, milletimiziň taryhy, edebi we medeni mirasyny, halkymyzyň däp-dessurlaryny, döwletimizi

Parahatçylygyň we dostlugyň rowaçlanmagy

Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy rowaçlandyrýan sport diplomatiýasyna aýratyn uly ähmiýet berýäris» diýen dürdäne sözleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kalplara nur çaýýan ajaýyp hakykatydygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 8-nji sentýabrynda bolup geçen taryhy wakanyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. ...Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Hormat garawuly nyzama düzüldi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.

Şöhrata beslenen ýyllar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurmak, döretmek, sagdyn, eşretli durmuşyň hözirini görmek bagtyna eýe bolan zähmetsöýer halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly senesini uly üstünlikler bilen garşy alýar. Taryhy jähetden alanyňda, örän gysga döwür bolan 33 ýylyň içinde asyrlara barabar beýik işler, taryhy özgertmeler amala aşyrylan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň, üstünlikleriň täze belentliklerini nazarlaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk ulgamynyň hem döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini bellemek gerek. Çünki berkarar döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynda ýaýbaňlandyrylýan demokratik özgertmeler, pudaklarda uly ösüşleriň gazanylmagy milli kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Şol esasdan, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny doly berjaý etmek maksatlaryndan ugur alnyp öňe sürülýän başlangyçlar uly üstünlikler bilen durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ähli ulgamlaryň ösüşli ýoluny öňküdenem pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň çözülmegine aýratyn uly

Täze taryhy eýýamyň tutumlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda gazanylýan uly ösüşler, ýetilýän belent sepgitler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryha altyn harplar bilen ýazylmagyny üpjün edýär. Bu ösüşleredir sepgitlere bolsa diňe il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň, agzybirlikli hem döredijilikli zähmetiň netijesinde ýetip bolýar. Agzybirligiň, parahatçylygyň, halkyň eşretli durmuşyny üpjün edýän beýik işleriň geljekde hem dowamat-dowam bolmagyny, has-da pugtalanmagyny gazanmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň aýratyn uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem bu hakykaty ýene bir ýola subut eder. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça geljekde alnyp barylmaly işler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda öňde durýan wezipeler we durmuş-ykdysady ösüşiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyljak mejlis türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän demokratik ýörelgeleriniň döwrebap derejede rowaçlyklara beslenýändigini ýene bir ýola görkezer.

Döwletlilik ýörelgeleriniň dabaralanmagy

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň abadançylygynyň, asudalygynyň, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik işler, döwletli tutumlar rowaçlyklara beslenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäre – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu rowaçlyklaryň has-da öňe ilerlemeginde uly ähmiýete eýe bolar. Halk Maslahatynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek mejlisi paýhasly pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden gözbaş alýan demokratik ýörelgelerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini, eziz Diýarymyzy has-da gülledip ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda, il agzybirligini, ýurt parahatçylygyny pugtalandyrmakda Halk Maslahatynyň örän uly ornunyň bardygy hemmämize mälimdir. Şol esasdanam, bagtyýar halkymyz nobatdaky maslahata ýokary derejede taýýarlyk görýär, bu ugurda wagyz-nesihat çäreleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Sagdyn terbiýäniň gözbaşy

Türkmen halkyna üç ýüz ýyl bäri ruhy şamçyrag bolup hyzmat edip gelýän şygyrlary döreden Magtymguly Pyragy taryhda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biridir. Akyldaryň gymmatly öwüt-ündewleri halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebiniň binýadyny emele getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy şahyryň döredijiligine goýulýan hormat-sarpa has-da artýar. Çünki akyldaryň şygyrlary ýaşlarda watançylyk duýgusyny, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny terbiýelemäge ýardam edýär. Häzirki döwürde maşgalada we jemgyýetde ýaş nesle bilim hem terbiýe bermekde gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý milli mirasymyz giňden peýdalanylýar. Ýaş nesliň ruhy hem beden taýdan sagdyn bolmagy, olaryň umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýýan ynsanlar bolup ýetişmegi baradaky alada türkmen halkynyň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde aýratyn orun tutýar. Onuň eserleriniň içinde edep-terbiýe, adamlaryň gylyk-häsiýetleri, watançylyk il-gün baradaky goşgulary esasy orunda durýar.

Futbol täzelikleri

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalyna çykan toparlar belli boldy. Arzyly kubogyň häzirki eýesi «Arkadag» topary Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadamdan» 3:1 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde çärýek finalyň iki duşuşygynyň netijesi boýunça garşydaşyndan 6:1 hasabynda üstün çykan «Arkadag» topary ýarym finala çykdy.

Pres­ti­gious awards

An in­ter­na­tio­nal exhi­bi­tion ‘World Smart City Expo 2024’ has be­en recent­ly held in Seoul, the Re­pub­lic of Ko­rea. The city of Ar­ka­dag to­ok part in this event and won 3 awards. The op­por­tu­ni­ties and fea­tu­res of the city of Ar­ka­dag we­re al­so pre­sen­ted at the pres­ti­gious exhi­bi­tion. The awards we­re given to fo­reign and local cities and com­pa­nies that dis­tin­guis­hed them­selves among the exhi­bi­tors. The city of Ar­ka­dag received three awards, na­me­ly, ‘WSCE 2024 Smart City Excel­lence Award’, ‘WSCE 2024 Fo­reign City Award’, ‘WSCE 2024 Cont­ri­bu­tion Award’. The Turk­men peop­le we­re par­ticular­ly proud that on­ly the city of Ar­ka­dag was awar­ded ‘WSCE 2024 Smart City Excel­lence Award’.

Möhüm ähmiýetli waka

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda möhüm ähmiýetli waka bolup, taryhy ýylyň toý-baýramly günleriniň üstüni ýetirer. Halk Maslahatynyň mejlisinde ýetilen sepgitlere ser salnyp, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitleniler. Döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, taryhy çözgütler kabul ediler. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemleýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini berkidip, asyrlar aşyp gelýän milli döwletlilik ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Ýol abat – il abat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Institutyň mejlisler zalynda guralan çärä mugallymlardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Içeri işler ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň kazyýetiniň, Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri çykyş etdiler. Duşuşykda çykyş edenler her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän biraýlygyň ähmiýeti barada aýdyp, ýol hereketine gatnaşyjy her bir raýatyň düzgünleri doly we dogry berjaý etmeginiň zerurdygy barada belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwlet derejesinde giň gerim bilen geçirilýän şeýle çäreler talyp ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini artdyrmakda, olara ýol kadalaryny öwretmekde, ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamaklaryny gazanmakda, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, köçelerde, jemgyýetçilik ulaglarynda okuwçylaryň özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmagy

Baky bagtyýarlygymyzyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir toýuň dabarasy uludan tutulýar. Häzirki şatlykly günlerde ulus-ilimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny giňden bellemeginiň öňüsyrasynda dur. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär. Halkymyzyň bu senä aýratyn ähmiýet bermegi we dabaraly bellemegi hem ýönelige däldir. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr. Şoňa görä-de, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyz, söýgimiz, wepalylygymyz ebedidir we egsilmezdir.

Taryhy wakanyň öňüsyrasynda

Altyn güýzüň ilkinji aýynda beýik döwrümize şan berjek taryhy wakalar biri-birine utgaşýar. Olaryň arasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi aýratyn orunda durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçjek ählihalk forumynda halkymyzyň mynasyp wekilleri bilen geňeşilip, il-ýurt bähbitli çözgütler kabul ediler. Olar bolsa ýurdumyzyň mundan buýana-da okgunly ösmegine, ilatyň abadan we eşretli ýaşamagyna itergi berer. Şu taryhy wakanyň öňüsyrasynda ýerlerde maslahatlar geçirilýär. Olaryň biri etrabymyzyň Sakar şäherindäki medeniýet öýünde geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, uly nesliň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Ruhubelentlige beslenip geçen çärede çykyş edenler peder ýoluny ynamly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarda ösüşlere beslenýändigi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygy guwanç bilen nygtaldy. Çykyşlarda şeýle-de düýpli ösüş-özgerişleriň etrabymyzyň çägini hem giňden gurşap alýandygy bellenilip, bu ilhalar işleriň başynda durýan hormatly Prezidentimiziň we Milli

Ga­raş­syz­lyk hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­dyr

Sanlyja günlerden ýurdumyzyň ähli künjeginde uly ruhubelentlik bilen toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna merjen şäherimiz Aşgabatda hem uludan taýýarlyk görülýär. Paýtagtymyzyň ajaýyp keşbinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza peşgeş beren bagtyýarlygy aýdyň şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen rowaçlanýan ak mermerli paýtagtymyz döwrüň kämil binagärlik sungatyna öwrüldi. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ägirt uly öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Ýur­du­my­zyň äh­li pu­da­gyn­da ok­gun­ly ösüş­ler ga­za­nyl­dy. Bu gün­ki gün Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de yk­dy­sa­dy we se­na­gat taý­dan ýo­ka­ry ösüş­le­re eýe bol­ýan döw­let hök­mün­de ta­nal­ýar.

Garaşsyzlyk — gözlerimiziň guwanjy, Şonuň bilen berkdir Watan daýanjy

Ine-de, toýlaryň seresi, baýramlaryň başy mukaddes Garaşsyzlyk toýumyz ýetip gelýär. Türkmen halky üçin iňňän gymmatly bolan bu bagt hakynda oýlandygyňça, onuň manysy has-da çuňlaşyp, güýjüniň gerimi öňküden-de giňeýär. Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň ýürek arzuwy bolan mukaddes Garaşsyzlygyň wysaly türkmeniň bagtyýar döwrüniň nesillerine nesip etdi. Onuň biziň ykbalymyza hut güýz paslynda miýesser etmeginiň özi-de diýseň täsindir. Güýz pasly — pasyllaryň içinde miweleriň ýetişýän, hasyla baý, şeýle-de özüniň agras keşbi, tämiz howasy bilen ähli ynsanda kämil pikirleri oýarýan pasyl. Belki-de, Garaşsyzlyk toýumyzyň güýz paslyna gabat gelmegi edermen pederlerimiziň Garaşsyzlyk hakyndaky arzuwlarynyň asyrlardan-asyrlara aşyp, kemsiz kemala gelmegi bilen berk baglydyr. Pikirlendigiňçe, mertebesi has-da belende galýan Garaşsyzlyk bagty, şeýdip, müň dürli many öwüşgini bilen ykbalymyzy Güneş kimin çoýup, älemgoşar deýin bezeýär. Garaşsyzlygyň mizemez hem gözel görnüşini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Dünýäde şeýle bir hakykat bar: ykbal asmanyndan parlak Gün bolup dogan Garaşsyzlyk türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açyp berdi, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi

Täze eýýam: türkmen paýhasynyň dowamaty

Garaşsyzlygyň halkyň durmuşyna, aň-düşünjesine edýän täsiri ýyl-ýyldan has aýdyň ýüze çykýar. Kerwen gurap geçip barýan aý-günler täze-täze belentliklere ýetirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwletlilik ýoly häzirki zamanyň ählumumy ösüşiniň çylşyrymly şertlerinde-de öňe tarap ynamly hereket etmäge mümkinçilik berýär. Türkmen halky döwlet syýasatynyň maksatlaryna we geljegiň wezipelerine içgin üns bermek bilen, jemgyýetiň birleşen tagallasynyň ähmiýetine aýdyň göz ýetirýär. Türkmeniň erkin ösüşiň şertlerine şeýle paýhasly çemeleşmeginiň gözbaşy onuň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerinden gaýdýar. Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda halk paýhasynyň çuňluklaryna ýüzlenip, türkmenleriň arzuwlap gelen özbaşdak döwletli bolmak baradaky maksatlarynyň many-mazmunyny ussatlyk bilen beýan edýär. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bütin döwletlilik ýörelgeleriniň gös-göni ata-babalarymyzyň köp müňýyllyk kämil tejribelerine, şolar bilen ýaşaýan iliň isleg-arzuwlaryna daýanýandygyny parasatlylyk bilen belläp geçýär. Milli Liderimiziň: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdakly

Balkan welaýaty: rowaçlyklara beslenýän sebit

Hemişe bolşy ýaly, zähmetsöýer, merdana hem agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly içeri hem daşary syýasaty netijesinde mynasyp dowamat tapýan beýik işleri tüýs ýürekden goldamak bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna ynamly gadam urýar. Geçen ýyllaryň dowamynda ähli babatda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrmagyň hötdesinden gelen eziz Diýarymyz bu gün dünýäniň iň bir gülläp ösýän döwletine, berkararlygyň, agzybirligiň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrülýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylan we döwrebap dowamat tapýan ägirt uly taslamalar bolsa, ilkinji nobatda, il-ulsumyzyň eşretli durmuşyny has-da berkitmäge, ony täze belentliklere götermäge ygtybarly binýat bolup durýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygara esaslanýan syýasatyň barha rowaçlanýan döwründe gurmak, döretmek babatda Balkan welaýatynda alnyp barylýan işler hem diýseň guwandyryjydyr. Diňe şu ýylyň başyndan bäri «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda halkara hil ülňülerine laýyk gelýän «Hydro Plus» kysymly dizel ýangyjynyň hem-de «SAE