"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!Hormatly döwlet we wekiliýet Baştutanlary!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Maulen Sagathanuly!Hormatly dabara gatnaşyjylar!Hanymlar we jenaplar!

«Mil­li bi­le­le­şik» öň­de bar­ýar

30-njy iýun­da Fran­si­ýa­da no­bat­dan da­şa­ry par­la­ment saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Saý­law­lar­da Ma­rin Le Pe­niň we Žor­da­n Bar­del­la­nyň «Mil­li bi­le­le­şik» par­ti­ýa­sy 33 gö­te­rim­den gow­rak ses alyp, bi­rin­ji tap­gyr­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ikin­ji or­ny 28 gö­te­rim­den gow­rak se­s bilen «Tä­ze halk fron­ty» bi­le­le­şi­gi eýe­le­ýär. Pre­zi­den­tiň «Res­pub­li­ka üçin bi­le­lik­de» bi­le­le­şi­gi 22 gö­te­rim­den gow­rak ses alyp, üçün­ji or­ny eýe­le­di. Ses be­riş­li­giň bi­rin­ji tap­gy­ry­na gat­na­şyk ýo­ka­ry de­re­je­de bo­lup, saý­law­çy­la­ryň 67 gö­te­ri­mi saý­law uças­tok­la­ry­na gel­di­ler. Fran­suz met­bu­ga­ty­nyň bel­leý­şi ýa­ly, bu soň­ky on­ýyl­lyk­da iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri­dir. «Mil­li bi­le­le­şi­giň» ýol­baş­çy­la­ry saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry­nyň ne­ti­je­le­rin­den soň fran­suz par­la­men­ti­niň aşa­ky pa­la­ta­syn­da ab­sal­ýut köp­lü­ge eýe bol­ma­ga bil bag­la­ýar­lar. Bu ýag­daý bol­sa, par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy Žor­dan Bar­del­la­nyň Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ni eýe­le­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­re­d

«Senagat töleg» — haýyr-sahawat işinde täze mümkinçilik

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisleriniň birinde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan «Senagat töleg» ykjam programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanandygy hakynda habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, gürrüňi edilýän bankyň maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy Mergen Amanow bilen söhbetdeş bolduk. — Mergen, bu ulgamyň işe girizilmegine näme itergi berdi?! Dogry, özüňe müşderi çekmek, döwrüň talabyndan ugur almak, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak... maliýe düzümleriniň esasy wezipeleriniň hem maksatlarynyň biri bolup durýar...

Ata Watana söýgi bilen

Ýakynda, 21-nji iýunda Russiýanyň hem Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko 60 ýaşady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdiler. Oleg Dmitriýewiç Kononenko doglan güni mynasybetli iberen gutlaglary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýdyp, hoşallyk sözlerini ýollady.

Äleme nur «Arkadag»!

Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan asman giňişliginde ýüze çykarylan ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy juda buýsandyryjydyr. Älem giňişliginde ýerleşýän ähli ýyldyzlar 88 sany ýyldyzlar toparlaryna bölünýär. Ol ýyldyzlar toparlarynyň ählisiniň gadymdan gelýän hususy atlary bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatyna ady dakylan täze «Arkadag» ýyldyzy Pegas ýyldyzlar toparyna degişlidir. Pegas ýyldyzlar topary asman döwresiniň demirgazyk ýarymynda asman ekwatorynyň golaýynda ýerleşýär. Ol Andromeda ýyldyzlar toparynyň günorta-günbatarynda ýerleşip, onuň tutýan meýdany 1121 inedördül-gradusa deňdir. Pegas ýyldyzlar toparynyň hiç hili guralsyz, ýönekeý göz bilen gözegçilik edilende görüp bolýan ýyldyzlarynyň sany 160 töweregidir. Şol ýyldyzlar toparynyň düzümine girýän has ýagty ýyldyzlaryň hususy atlary hem bardyr. Olara Alferes, Algeniw, Biham, Enif, Marhab we beýlekiler degişlidir.

Türkmenistan — Gazagystan: taryhy köklere daýanýan geljegi uly hyzmatdaşlyk

Aslynda, döwletara gatnaşyklaryň netijeliligine ser salnanda ýyllar ýa-da onýyllyklar o diýen bir uzak möhlet däl. Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň soňky 15 ýyllykdaky ösüş depginine seredeniňde, gysga wagtda örän uly taslamalaryň durmuşa geçirilip, birnäçe möhüm ähmiýetli ylalaşyklaryň gazanylandygyna göz ýetirmek mümkin. Olaryň hatarynda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny, 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde kabul edilen Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýany görkezmek bolar. 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýlan Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna gelmegi bilen täze derejä göterildi. Bu asylly ýörelge Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan hem mynasyp dowam etdirilýär.

Baýramçylykda bagtyň açary!

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli şäherde dabaraly çäreler geçirildi. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleriň çäginde Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriniň açarlaryny alan ýaşaýjylar jaý toýlaryny tutdular. Täze jaýyň açarlaryny alan bagtyýar ildeşlerimiz şanly günde şeýle bagta ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň abadançylygy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler we alkyş sözlerini aýtdylar.

Işiňiz ileri bolsun!

Golaýda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen gol çeken Karary mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sebitde ilkinji bolup gurlan «akylly» şäheriň at-abraýynyň barha belende galýandygyny, ýakynda bir ýyllygy bellenilen juwan şäheriň ikinji tapgyrynda hem gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmegi üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns-goldaw berýändiklerini nygtadylar. Arkadag şäherinde demir ýol menziliniň, awtomobil menziliniň hem-de awtotoplumyň we bellige alyş nokadynyň, seýsmik yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmik stansiýanyň, söwda we hyzmat ediş toplumynyň, iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken Karary aýdylanlaryň subutydyr. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilendir. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlanyp, 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga berler.

Täzelikler

Türkmenabadyň tikin fabriginiň işçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýokary zähmet görkezijilerine besleýärler. Olar ýylyň geçen alty aýynda meýilleşdirilen 23 million 600 müň manatlygyň ýerine 24 million 397 müň 71 manatlyk önüm öndürdiler. Kärhananyň ykdysatçysy Maýsa Goçjyýewanyň aýtmagyna görä, bu döwürde, esasan, harbylardan gelýän buýurmalaryň uly möçberdäkisi çalt we ýokary hilli ýerine ýetirildi. Fabrikde ilatyň islegini öwrenmek arkaly zerur bolan tikin önümleri hem öndürilýär. Şoňa laýyklykda çaga eşikleriniň we ýörite iş geýimleriniň hem uly toplumy taýýarlanylyp, söwda nokatlary arkaly ilata hödürlenildi.

Ýurt berkarar, il bagtyýar

Biz ýaşaýan döwrümizi uly buýsanç bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrýarys. Döwürlerden döwürlere, ömürlerden ömürlere ganat ýaýan bagtyýar ýaşaýşymyz, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň ýurt Baştutany bolup işlän ýyllarynda parasatlylyk bilen alyp baran içeri syýasatynyň miwesidir. Bu gün şol syýasat Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri bilen mynasyp dowam etdirilýär. Bagtyýar ýaşaýşymyz ynamly ädimler bilen nurana geljege sary uzaýar. Bu gün döwletli Diýarymyzda her bir şäherde, her bir obada Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren beýik işleriniň miwesini görýäris. Eger ýurdumyzyň iň çetki etraplarynda ýaşaýan ilatyň hem çagalary döwrebap çagalar baglarynda terbiýelenilip, döwrebap orta mekdeplerde bilim alýan bolsalar, oba hojalykçylar çeken zähmetiniň miwesini bolluk bilen görýän bolsalar, ildeşlerimiz yzygiderli iş orunlary bilen üpjün edilip, olaryň bagtyýar ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýän bolsa, bu zatlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň miweleridir.

Şäherler içinde nusga, Arkadag!

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan döwrebap şäherde ýaşamak, işlemek, okamak we medeniýetli dynç almak üçin ähli amatly şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyz hut şu şanly senä gabatlap, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna degişli binalary we desgalary gurmak hakyndaky Karara hem gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we Milli Liderimiziň yzygiderli üns-goldaw bermeginde şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýene-de ýokary depginde dowam etdirilýär.

Körpeler «Lebapda» dynç alýarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu günki gün dünýä halklarynda gyzyklanma döredýän dynç alyş merkezine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat edilen bu ajaýyp syýahatçylyk zolagynda mermer binalar, myhmanhanalar, akwaparklar, çagalar we ulular üçin niýetlenilen attraksionlar diňe bir watandaşlarymyza däl, eýsem, daşary döwletlerden gelen syýahatçylara hem ýatdan çykmajak ýakymy, sapaly dynç alşy bagyş edýär. Edil häzirki tomus günlerinde bolsa çagalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda özleriniň iň bir gyzykly, şadyýan günlerini başdan geçirýärler. Ähli amatlylyklary bolan sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde olaryň dynç alyş döwrüniň täsirli geçmegi üçin giň şertler döredilen. Welaýat häkimliginiň «Lebap» sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem welaýatymyzyň körpeleri wagtlaryny şadyýan geçirýärler. 10 gün dowam edýän her tapgyrda çagalaryň 100-si bu ajaýyp merkezde dynç alýar.

RAÝAT JEMGYÝETINIŇ ÖSÜŞINDE ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ ORNY

Şahyryň waspy

Hak zehinden dörän sözler aýdym bolar, goşgy bolar,Tutuş ile ýaran sözler misli gülleň müşki bolar,Şol sözlerden setir düzen köňülleriň köşgi bolar,Il her kimi şahyr saýmaz, oň ylahy keşbi bolar,Çyn şahyrlar unudylmaz, ýatlanylar owal-ahyr,Arkadagyň ýalkawyndan şöhratlanýar beýik şahyr. Beýiklere beýik diýmek beýikligiň gözbaşydyr,Danalaryň her jümlesi şygyrlara sözbaşydyr,Akyldar türkmen şahyrnyň şu ýyl üç ýüz ýaşydyr,Pyragynyň pikirleri pähimleriň çür başydyr,Olar behişt güli kimin solmaz asla owal-ahyr,Arkadagyň ýalkawyndan şöhratlanýar dana şahyr.

Ählumumy howpsuzlyk ýörelgelerine esaslanýan dünýä ähmiýetli tutumlar

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän dünýä ähmiýetli başlangyçlar halkara bileleşik tarapyndan hemişe uly goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etmegi, şeýle-de ýurdumyzyň BMG-ä agza döwletleriň 86-synyň awtordaşlygynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda teklip eden Kararnamasynyň şu ýylyň 21-nji martynda Baş Assambleýa tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Ählumumy howpsuzlyk ýörelgeleri, parahatçylyk, özara ynanyşmak umumymilli bähbitleri nazarlamak bilen, dünýä giňişliginde ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda, hyzmatdaşlygy berkitmekde we ösdürmekde täze ugurlary ýüze çykarýar. Bu bolsa, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýangyç-energetika pudagyna hem oňaýly täsirini ýetirýär.

Watan — bagtyň düşelgesi

Eziz Diýarymyz 33 ýyla golaý wagt mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni ösüşine gadam goýdy. Döwletimiziň geçen menzili il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli beýik işlere beslendi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler ata Watanymyzy parahatçylyk ýörelgeleriniň, hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilýän mekany hökmünde dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatdy. Şeýlelikde, Hakyň nazary düşen keramatly topragymyzda döwletimiz täze ösüşlere badalga aldy. Asyl köklerimize dolanmak bilen, milli medeniýetimize we sungatymyza, däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize täze öwüşgin çaýyldy. Olar döwrebap mazmun bilen baýlaşdyryldy we milli gymmatlyklarymyz äleme äşgär boldy. Watanymyzda ösüşleriň dowamat-dowam bolmagynyň özeninde halkymyzyň döredijilikli zähmeti durýar. Munuň şeýledigini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän işleriň mysalynda hem görmek bolýar. Bu ýylam ilkinji gününden başlap, göwün galkyndyryjy şanly wakalara hem-de hoş habarlara beslenýär. Şol şanly wakalar ýurdumyzyň ösüşli menzillerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle döwürde, elbetde, Watana bolan buýsanjyň has-da artýar. Watan ba

Rowaçlyklara beslenýän tutumlar

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkara abraýyny has-da belende göterýär. Durmuşymyzyň ähli ugurlary uly üstünliklere beslenýär. «Açyk gapylar» syýasaty esasynda dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýetini täze ösüşlere beslese, amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. «Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Diňe bir «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amala aşyrylýan işleriň, gurlup ulanmaga berilýän önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň mysalynda-da muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şonuň bilen birlikde-de, maýa goýum işjeňliginiň kämilleşdirilmegi, ähli pudaklaryň has ýokary tehnologik ösüş derejesine geçmegi üçin oňaýly şertleriň döredilmegi berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini, adamlaryň

Döwletli-döwranly döwrümiziň bezegi

Döwletli-döwranly döwrümiziň bezegi, mukaddes öý-ojaklarymyzyň eýeleri bolan zenanlara ýurdumyzda aýratyn uly hormat goýulýar. Ähli raýatlar bilen bir hatarda, zenanlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmeklige jemgyýetimizi ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri barada edýän aladalaryna türkmen zenanlary tutanýerli zähmetleri bilen jogap berýärler. Bu gün olar dürli ugurlarda göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar, döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmak babatda alnyp barylýan işlere, özgertmelere işeňňir gatnaşýarlar. Şeýle-de ýurdumyzda zenanlaryň ukyplaryny we zehinlerini ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Şol esasdanam, dürli ugurlar boýunça her ýylda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerinde olar ýokary netijeleri görkezýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi aýal-gyzlaryň, şeýle-de mekdeplere, çagalar baglaryna gatnaýan gyzjagazlaryň arasynda dürli bäsleşikleri yzygiderli geçirip gelýär. Bu bolsa olaryň döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere taýýarlykly barmaklaryna ýakyndan

Sarpasy beýik söz ussady

Magtymguly Pyragynyň eserlerini okanyňda, pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleriň lezzetinden ganyp bolmaýar. Şeýle ölmez-ýitmez eserleriň döremegini şahyryň ata Watanyny, ene topragyny, il-halkyny jany-teni bilen söýendigi, milletiniň özbaşdak döwlet gurup, eşretli durmuşda ýaşamagyny ýürekden arzuw edendigi bilen düşündirip bolar. Akyldar şahyryň eserlerini hemmeler gyzyklanma bilen okaýarlar. Çünki onuň dostlugyň, parahatçylygyň, agzybirligiň waspy bolup ýaňlanýan şygyrlarynda Watana, halka bolan bimöçber söýgi-buýsanç duýgusy, ynsanperwer garaýyşlaryň, halkyň bagty, birek-birege sylag-hormatyň ähmiýeti mynasyp beýanyny tapýar. Beýik şahyryň «çoh garaşan ajap eýýamynyň» eýesi bolan türkmen halky, türkmen döwleti häzirki döwürde ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyz — asuda, ilimiz — bagtyýar. Bu gün Watanymyz parahatçylyk, agzybirlik höküm sürýän kuwwatly, baky berkarar ýurda öwrüldi.