"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Baky berkararlygyň bagty

Garaşsyzlyk güni özygtyýarly ösüşiň täze taryhy döwründe ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny äşgär edýän beýik baýramçylykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň sargyt edişi ýaly, biz geçen taryhy ýolumyza buýsanmaga doly haklydyrys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda amala aşyrylýan işler hem-de gazanylýan üstünlikler ulus-ilimiziň kalbynda öz halkyna we ajaýyp Watanyna buýsanç duýgularyny döredýär. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäniň kuwwatly, hemmetaraplaýyn ösýän döwletleriniň birine öwrülýär we syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda ägirt uly üstünliklere eýe bolýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň häzirki döwründe ata Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna tutumly işler durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen döwletli ýörelgesine hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyna laýyklykda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Baş baýram — göwünleriň tugy

Belent bagtymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan toý milli senenamamyzyň bir gününiň çygryndan has giň. Tutuş ýurdumyz güýzüň ilkinji gününden bäri baş baýramymyzyň dabaralaryna beslenýär. Göwünlerdäki toý ruhy döwrümize, döwrümiziň toý lybasy bolsa göwnümize nur çaýýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň belleniljek gününe bir hepdeden sähel gowrak wagt galdy. Şanly toý barha ýakynlaşdygyça, göwünlerimiziň şatlygy, toý ruhy Göge göterilýär. Çünki baş baýram — her birimiz üçin iň mukaddes toý.

Geňeşli salamat bolar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek gününe bäş gün galdy. Nesip bolsa, gazetimiziň indiki sanynda taryhy mejlisden gelip çykýan netijeler bilen bagly makalalary dykgatyňyza hödürläris. Şeýle bolansoň, şu günler taryhy pursatlaryň bosagasynda durandygymyzy aýdyp bileris. Möhüm meseleleri köpçülik bilen maslahatlaşyp çözmek, milli demokratik däplere eýermek we jemgyýetçilik pikirini nazara almak halkyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Halk Maslahaty ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan milli tejribä esaslanýar we şondan ugur alýar.

Mukaddes Garaşsyzlyk — döwürleriň ganaty

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyny guwandyryjy üstünliklere, buýsançly wakalara besläp, uly dabara bilen belleýär. Müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly geçmişi bolan türkmen topragynda bu günler taryha altyn harplar bilen ýazylýan bagtyýarlyk döwrüniň şanly senesi — beýik Garaşsyzlyk toýy toýlanýar. Türkmen halky döwletliligiň, azatlygyň, galkynyşyň röwşen belentliklerine çykyp, ata-babalarymyzyň arzuwlan berkarar döwletinde, agzybirlik suprasynyň başynda bagtyýar ýaşaýar. 33 ýylda ädimme-ädim geçilen ýol, döwlet bilen halkyň ägirt uly tagallalary jemgyýetimiziň kämilligini, milletimiziň çuňňur paýhasyny, asyrlarboýy kemala getiren beýik taryhynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Garaşsyzlygyň ýoly syýasy babatda-da, durmuş-ykdysady ösüşleri nazara alanyňda-da, uly taryhy zamananyň gerimine barabar döwürdir. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň milliligi döwlet syýasaty derejesinde belende galdyrmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu syýasaty paýhasly dowam etdirmegi jemgyýetçiligiň durmuşyna täsir eden oňyn çözgüt boldy.

Köňülleriň kelamy

Mähriban halkymyz bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyza guwanyp, bagtyýarlygymyza buýsanyp, beýik geljegimize, has belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli bitirilen beýik işler kalbymyzdaky ynamy artdyryp, durmuşymyza giň many-mazmun çaýýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda beýik ösüşler gazanyldy, ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk babatynda netijeli işler amala aşyryldy, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürildi. Bu günki günde paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasy mähriban halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýan, uly höwes bilen gezelenç edýän ýerine öwrüldi. Berkarar Diýarymyzyň paýtagty gözel Aşgabat, beýik ösüşlerimiziň serweri Arkadag şäheri bu gün täze gurlan we gurulýan, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täsin ymaratlary, ýaşaýyş jaýlary, umumybilim berýän orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, medeniýet öýleri, sport desgalary, saglygy goraýyş edaralary bilen görenleri haýrana goýýar. Türkmen döwleti hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty netijesinde, sözüň doly manysynda bedew bady bilen beýik ösüşleriň röwşen ýoluny külterleýär. Syýa

Daýhançylykdan döwlet tapan

Şu ýylyň 11-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, il sylagly ýaşulularyň hem «Bismilla» diýip başlap bermekleri bilen pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi. Özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanan welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileriniň aglabasy eýýäm döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny zähmet sowgatlary bilen garşylaýar. Il içinde janypkeş, saýlan işine ýürekden berlen adamlar bolýar. Olar başyna baran işine yhlasyny siňdirip, rysgal-döwlet gazanýarlar. Ine, Halaç etrabynyň ýaşaýjysy, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, zähmet weterany Penji Rozyýew hem şeýle adamlaryň biri.

Billerini berk guşap

Alyn derini, mähir-yhlasyny ene topraga siňdirýän adamlaryň zähmetleri ýerine-de düşýär. Munuň şeýledigine Dänew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň gowaça pellerine nazar aýlanyňda hem magat göz ýetirip bolýar. Gowaçanyň her düýbünde ak patrak kimin açylan gozalara, ýetişen köreklere gözüň düşýär. — Ussat ýer eýelerimiz ekinlere göreldeli ideg etdiler. Olar gowy hilli tohumdan başlap, mineral dökünlerdir hasyllylygy ýokarlandyrmaga ýardam berýän serişdeler, suw bilen ýeterlik möçberde üpjün edildiler. Mehanizatorlar bolsa daýhanlarymyza hakyky ýardamçylar boldular. Indi bolsa ähli güýçlerimizi ýetişdirilen bereketli hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin jemleýäris — diýip, topar ýolbaşçysy Remezan Narbaýew gürrüň berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty: ösüşiň aýdyň menzilleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi bu gün dillerimiziň senasy, köňüllerimiziň owazy bolup ýaňlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkidip, milli demokratiýanyň aýdyň dabaralanmasyna öwrüler. Aslyny Oguz han türkmeniň döwründen alyp gaýdýan halk bilen maslahatlaşmak ýörelgesi mukaddes Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly syýasy-jemgyýetçilik waka öwrüljek taryhy forum türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Karary esasynda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde geçiriler. Maslahatda jemgyýetimiziň we döwletimiziň beýik ösüşlerine gönükdirilen möhüm çözgütlerdir kararlar kabul ediler. Ata-babalarymyzyň agzybirligiň we abadançylygyň synmaz sütüni hasaplanýan ýaşuly nesil bilen maslahatlaşmak ýaly asylly ýörelgeleri häzirki wagtda hem öz güýjüni ýitirmän gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenista

Darganata mawzoleýi

Gadymy türkmen topragynda gözbaşyny iňňän irki döwürlerden alyp gaýdýan taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Şeýle gadymy desgalaryň köpsanlysy welaýatymyzyň çäginde ýerleşýär. Şolaryň biri-de welaýatymyzyň demirgazyk künjegindäki Darganata mawzoleýidir. Onuň demirgazyk-günbatar tarapynda bolsa adybir arheologiýa gala-ýadygärligi ýerleşýär. Gadymy ýazuw çeşmelerine görä, Beýik Ýüpek ýolunyň Amuldan Horezme barýan şahasynyň ugrunda söwda kerwenleriniň we ýolagçylaryň düşlemekleri, dynç almaklary üçin kerwensaraýlar gurlupdyr. Gadymy Dargan şäheri hem şu ýoluň ugrunda ýerleşen Amuldan soňky ikinji uly duralga bolup hyzmat edipdir we öz döwründe gülläp ösen gür ilatly şäher bolupdyr. Orta asyr taryhçysy Makdisiniň bellemegine görä, şol döwürde Horezme garaşly bolan Dargan sebitiň uly şäherleriniň biri hasaplanylypdyr. Ýaşaýşyň gülläp ösmegi şäheriň töwereginde birnäçe taryhy-medeni gymmatlyklaryň döremegine getiripdir. Gadymy Dargan şäherindäki mawzoleý bilen golaýda ýerleşýän galanyň özara arabaglanyşygynyň bardygyny bellemek bolýar.

Jümle-jahan habarlary

Üç ekranly smartfonlar

Nesilleriň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda milli demokratiýany, halk häkimiýetliligini mundan beýläk-de berkitmek, Garaşsyz döwletimiziň, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan wezipeleri il-gün bolup maslahatlaşyp, geňeşip çözmek ýaly ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeler giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem bu ugurda gazanylan ajaýyp taryhy we oňyn tejribäniň aýdyň görkezijisidir. Häzirki wagtda ata Watanymyzyň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly taýýarlyk görülýär. Milli demokratik däplerimize we jemgyýetçilik pikirini nazara almak tejribämize esaslanyp, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplanan milli tejribeden ugur alnyp geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri maslahatlaşylar.

Dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylar

Häzirki günlerde polkownik Röwşen Aýazowyň serkerdelik etmeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Dabaraly ýörişe gatnaşjak harby gullukçylaryň medeniýetli dynç alşyny guramak maksady bilen geçirilýän çäreler bolsa, has-da täsirliligi bilen tapawutlanýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze açylan ak mermerli binalar toplumynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen hoşallyk maslahatyna dabaraly harby ýörişiň harby gullukçylary hem gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda Ýaragly Güýçlerimizde alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi.

Jebisligiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz ägirt uly durmuş-ykdysady ösüşleri gazanýar. Ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, onuň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalmagy, döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmakda amala aşyrylýan oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli özgertmeleriň netijesidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýan häzirki günlerimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu il bähbitli döwlet çäresi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly şygaryny baş ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen sözleri bilen durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna

Bagtymyzyň gözbaşy Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Häzirki günlerde merdana halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuny mynasyp garşylamaga uly taýýarlyk görýär. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalary we giň möçberli özgertmeleri, il bähbitli tutumlary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar.

Beýik ynam, belent maksat aýdyň ertäň güwäsidir

Halypa şahyrymyz Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa özüniň ajaýyp şygyrlarynyň birinde: «Mert ýigit mert ärden öner, //Hemem ýagty pälden öner» diýende, müň keren mamla. Hormatly Prezidentimiziň peder göreldesine eýerip, ähli ukyp-başarnygyny, zehinini, güýç-gaýratyny halkyna, Watanyna bagyş etmegi il içre nusgalyk maşgalanyň nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän asylly ýörelgeleriniň nobatdaky aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň erk-isleginiň netijesidir. «Ýagşy ogul — il abraýy» diýen pähime eýerýän türkmen halky 2022-nji ýylyň nurana bahar paslynda özüniň mundan beýläkki ykbalyny Arkadagly Gahryman Serdarymyza ynandy. Şol taryhy döwürden bäri geçilen menzil bagtyýar halkymyzyň juda dürs ýoly saýlap alandygyny görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini, döreden dünýä nusgalyk ýol-ýörelgesini dowamat-dowam etmegi özüniň baş maksady hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz halkyň asuda we abadan durmuşynyň hem-de röwşen geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin turuwbaşdan täze -täze başlangyçlara badalga berdi.

Galkynyşly gadamlaryň gözbaşynda Garaşsyzlyk

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredýän, gurýan, bedew batly ösüşler bilen okgunly öňe barýan mähriban halkymyz mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny uly dabaralara besläp, mynasyp garşy alýar. Döwlet Garaşsyzlygymyz indi 33 ýyl bäri ösüşdir özgerişlerden doly röwşen ýollarymyza, bagtyýar geljegimize nurly şuglasyny saçýar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

At-owazaň älem içre ýaýrandyr,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!Ösüşlerňe dünýä ýüzi haýrandyr,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym! Eziz Watan, sen owadan, görkana,Ýaş nesiller ýaýnaýarlar erkana,Günleriň beslenýär şöhrata-şana,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

At-abraýy arşa galýan «akylly» şäher

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşler bilen öňe barýandygyna, ykdysady kuwwatynyň gitdigiçe artýandygyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyna geçen ýylyň 29-njy iýunynda halkara jemgyýetçilik ýene bir ýola aýdyň göz ýetiripdi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, şol şanly günde taryhy waka bolup geçip, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen dörän nusgalyk Arkadag şäheriniň medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-syny özünde jemleýän birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy dünýä ýaň salypdy. Şonda sebitdäki ilkinji «akylly» şäheriň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolmagy her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşupdy.  Golaýda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara serginiň çäklerinde Arkadag şäheriniň ýörite baýraklaryň 3-sine mynasyp bolmagy hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna ýokary ruhubelentlikde barýan bagtyýar halkymyzyň başyny göge ýetiren şanly waka bolup dabaralandy. Arkadag şäheriniň «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly halkara sylaglara mynasyp bolmagy, özem  «

Milli guwanjymyz

Agzybir halkymyz ajaýyp baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny bellemäge uludan taýýarlyk görýär. Dabarasy has-da uludan tutulýan bu şanly toýy ýokary derejede, mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ýurdumyzyň her bir raýatynyň baş maksadydyr. Şonuň üçinem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstünliklere beslenýän buýsançly günlerinde önümçiligiň ähli pudaklarynda iş depginleri has-da ýokarlanyp, täze-täze zähmet ýeňişleri gazanylýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen gülläp ösüşiň aýdyň ýolunda röwşen geljege ynamly ugur aldy, jemgyýetimiz bütinleý özgerip, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işlere badalga berildi. Şeýlelikde, häzirki döwürde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly ösüşler dünýäni haýran edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek, ýurdumyzyň ha

Ykbalyň eçilen bagty

Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary we dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň binagärlik keşbini gözelleşdirmek bilen birlikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň iş ýüzündäki aýdyň beýanydyr. Bir söz bilen aýdylanda, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny gazanandan bäri geçilen menzillere, ýetilen sepgitlere nazar aýlanymyzda, asyrlara barabar işleriň amala aşyrylandygyna göz ýetirmek bolýar. Döwlet Garaşsyzlygymyz biziň guwanjymyz hem buýsanjymyzdyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyz ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan döwletliligini, baky bagtyýarlygyny berkarar etdi, erkana gurmaga, döretmäge aýdyň ýollary açdy. Bu gün her gysym topragy merdana halkymyzyň watansöýüjiligine, gahrymançylygyna, paýhas-parasatyna ýugrulan ata Watanymyzyň ähli ýerinde beýik işleriň rowaçlygy, raýatlarymyzyň bagtyýarlygy höküm sürýär.