"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Milli Liderimiziň ynsanperwerlik ýoly bilen

«Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar».                                                                     Magtymguly Pyragy. Makalamyza beýik Magtymgulynyň sözlerini ýöne ýere giriş edip almadyk. Ol söz açýan temamyzyň süňňüni düzýän pikirleri doly häsiýetlendirýär. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer» romanynyň hem hut şu senaly setir bilen açylýandygyny bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, bu eserde Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň gysga, emma yhlasly zähmet we çuňňur adamkärçilik bilen uly mana eýe bolan ömri beýan edilýär. Ony adamlar diňe ýagşylykda ýatlaýarlar. Berdimuhamet aganyň ynsana garaşyk etmek häsiýeti häzir asylly maşgala we terbiýe däbi, tutuş ýurt derejesinde bolsa ynsanperwer ýörelge hökmünde dowam etdirilýär.

Rowaç tutumlaryň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleriň ählisi halkymyzyň abadan hem bolelin, parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Täze taryhy döwrümiz agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýylymyzy bezejek, kalplara buýsanç duýgusyny paýlajak möhüm wakalaryň birine öwrüler. Umumymilli forumyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk — bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öňde duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir. Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr.

Täzelik

Halkyň çörek we çörek önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakda «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki 2-nji çörek kärhanasynda netijeli işler alnyp barylýar. Kärhanada şu ýylyň geçen ýedi aýynda çörek we çörek önümleriniň 9 müň 860 tonnasy, unaş önümleriniň hem 292 tonnasy öndürilip, ilata hödürlenildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 27 million 820 müň 525 manatlyga deň boldy. Ýedi aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi.

Döwletli maslahata taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bagtyýar ýaşlaryň ykbalyna hem özgerdiji täsirini ýetirer. Çünki öňki mejlislerde hem ýaş nesliň geljegi bilen baglanyşykly birnäçe özgertmelere badalga berlipdi. Bular dogrusynda şu günler etrabymyzdaky edara-kärhanalarda «Döwletli işler halkyň bähbidine» diýen at bilen geçirilýän maslahatlarda giňden durlup geçilýär. Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ähmiýetini giň halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilýän çärelerde edilýän çykyşlarda bu ählihalk forumynyň ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlere badalga bolýandygy nygtalýar. Şeýle hem bu döwletli maslahata taýýarlyk görmek boýunça welaýatymyzda alnyp barylýan guramaçylykly işler barada giňden durlup geçilýär.

Wagyz-nesihat çäreleri

Sagdyn durmuşyň höziri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagy bilen jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy bilen bagly çäreler yzygiderli geçirilýär. Şu wezipäniň maksady bolsa, sagdynlygyň hemmelere baş ýörelge bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Golaýda şu meseleden ugur alnyp, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrabyň Agzybir geňeşligi bilen bilelikde ady agzalan geňeşlikde “Ýörelgämiz — sagdynlyk” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärä TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Agzybir, Daýhan, Soltanyz geňeşlikleriniň işgärleri we oba adamlary gatnaşdylar.

Doganlyk. dostluk. ynanyşmak

Taryhdan bilşimiz ýaly, amatly geoykdysady ýerleşişi bilen tapawutlanýan Merkezi Aziýanyň ägirt uly mümkinçilikleri gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen açylypdyr. Bu sebit Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly «köpri» bolup gelýär. Şonuň üçin-de sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek häzirki günüň wajyp wezipesidir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşyp, taryhy çykyş etmegi sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm çemeleşmedir. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklar barha ýygjamlaşýar. Bu iri sebiti örän güýçli we çalt depginler bilen ösýän, şonuň ýaly-da geljegi uly ykdysady sebitlere goşmaga ähli mümkinçiliklerdir artykmaçlyklar bar. Aslynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň döredilmegi şu taryhy jähetden ugur alypdy. Dostlukly ýurtlaryň Baştutanlary bu formatyň çäginde 2018-nji ýylda Astanada, 2019-njy ýylda Daşkentde, 2021-nji ýylda Türkmenbaşyda, 2022-nji ýylda Çolpon-Atada, 2023-nji ýylda-da Duşenbede duşuşypdylar. Şo

Sahawat we şepagat

Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alan çagalar häzirki tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde öz ene-atalary bilen dynç alyp, saglyklaryny dikeldýärler. Bu ýerde çagalar ýoda baý deňiz kenarynyň howasy esasynda aromoterapiýa, ýyly çägede psamoterapiýa, kenar läbiginde pelloidoterapiýa, deňiz suwunda talassoterapiýa, Gün şöhlesinde gelioterapiýa, dürli daşlar bilen owkalamada stounoterapiýa we merkeziň düzüminde hereket edýän bölümlerinde balneoterapiýa, suw bilen bejeriş we fizioterapiýa usullary arkaly netijeli dikeldiş bejergilerini kabul edip, saglyklaryny dikeldýärler.

Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli däplerimize eýerilip geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýşynyň mynasyp derejesini üpjün etmek babatda düýpli öňegidişlikleri gazanmak bilen birlikde, halk häkimiýetiniň ýörelgelerini hem döwrebap görnüşde kämilleşdirýär. Şunda asyrlaryň dowamynda milletimiziň ykbalyna, ruhy gymmatlyklaryna siňen döwletlilik ýörelgeleriniň gözbaşynda durýan döwletiň we raýatlaryň özara hyzmatdaşlygy berkeýär.

Özygtyýarlylyk we Garaşsyzlyk — durnukly ösüşiň ýoly

Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan halkymyz Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny uly joşgun we dabara bilen toýlamaga taýýarlyk görýär. Şeýle günlerde ýurdumyzyň durnukly ösüş ýoly bilen öňe gitmeginiň düýp esaslary hakda söhbet etmek buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşleri ulgamlaşdyryp, taryhyň beýik işler, halk bilen bilelikde, halk üçin edilen beýik amallar bilen ýazylýandygyny bellemek bilen: «Ýaşaýyş hemişe täze başlangyçlaryň muşdagy. Ösüş elmydama täzeçil pikirlenmelere, çynlakaý çemeleşmelere intizar. Durmuş her pursatda aýgytly gadamlara garaşýar, gerek ýerinde töwekgellikleri halaýar. Gadymdan gelýän hakykatlar täze döwrüň ruhy bilen utgaşanda, ýaşaýşyň hörpi başgaça bolýar. Ynsanlar her pursatda bagtyň, her günde özüne mahsus rysgyň, her ýagşy hereketde berekediň bardygyna ynanyp, uýup hem-de şol aýratynlygy duýup ýaşaýar» diýen, döwrümiziň waspyny beýan edýän, çuň manyly gysgaça häsiýetlendirmesiniň nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň we

Artýan islegler kanagatlandyrylýar

Bazarlary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek öňde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Şoňa görä-de, täzeden-täze önümler halka ýetirilýär, olaryň görnüşleri artdyrylýar. Şeýle işleri amal etmäge Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli fabriklerdir toplumlar hem önjeýli goşant goşýarlar. Munuň şeýledigine Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň alyp barýan işleri bilen tanşanyňda-da, anyk göz ýetirmek bolýar. «Ýeňiş» tikin fabrigi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýarym ýylyny zähmet üstünliklerine besledi. Şol döwürde bu ýerde dürli görnüşli köýnekleriň 180 müň 360-sy tikildi. Bu görkeziji meýilnamanyň 105 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna

Halkymyzyň çüwen ykbaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda we halkara derejede ençeme üstünliklere beslenmek bilen dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda halkymyz öz naýbaşy baýramyny, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagynyň otuz üç ýyllyk toýuny ýokary derejede belläp geçýär. Ata-babalarymyzyň gözüniň göreji deýin ezizlän mukaddes topragynda 33 ýyl mundan öň berkararlyk ýaňy bolup dogan «Garaşsyzlyk» atly bagtynyň Hydyr gezen çöllerde, Kowus gezen daglarda ykbalyny, rysgyny, ömrüni, onuň manysyny ata Watanyna baglan şol gadymy kowumyň nesillerine eçilýän nury has ýalkymlydyr.

Täzelikler

Welaýatymyzda üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda ýükleriň 61 million 429 müň tonnadan gowragy daşaldy, ýolagçylaryň bolsa 95 million 773 müňüsi gatnadyldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli artykdyr. Bu möhüm işe «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň welaýatymyzdaky kärhanalarynyň sürüjileri netijeli gatnaşýarlar. Olaryň yhlasly zähmet çekmekleri netijesinde şu ýylyň tamamlanan döwründe ýük we ýolagçy dolanyşygy geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä degişlilikde, 4,5 göterim hem-de 12,5 göterim artdy.

Yhlasly zähmetiň mynasyp miwesi

Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan belent wezipelerini üstünlikli berjaý etmek her bir zähmetkeşler köpçüliginiň watançylyk borjudyr. Welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň öz borjuna wepaly işgärleri hem şanly ýylda ýokary netijeli zähmet çekmegiň gowy nusgasyny görkezýärler. Munuň şeýledigine üstümizdäki ýylyň tamamlanan ýedi aýynyň önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda hem doly göz ýetirip bolýar. Has takygy, şu ýylyň geçen döwründe öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 14 milliard 610,3 million manada barabar boldy. Şonça önümiň 3,6 milliard manatlykdan gowragy döwlet böleginde öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri we orta kärhanalarda öndürilen senagat önümleriniň artyş depginleri himiýa, un üweýji-ýarma we dürüşdelenen iým, azyk senagaty kärhanalarynda emele geldi.

Döwletli işlere badalga

Şanly ýylymyzda toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy halkymyzyň hakydasynda ebedilik orun aljak buýsançly wakalar bilen utgaşar. Çünki şol baýramçylyk günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi diňe bir Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhynyň gatlaryny altyn harplar bilen bezemän, eýsem, watandaşlarymyzyň kalbyna aýratyn ýakym çaýjak wakalaryň biri bolar. Bu hakykata ählihalk forumynyň geçen mejlislerinde kabul edilen çözgütlerdir kararlara laýyklykda durmuşa geçirilýän beýik işleriň mysalynda hem anyk göz ýetirýäris. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň syýasy ulgamyny kämilleşdirmäge, döwrüň öňe çykarýan meselelerini giň halk köpçüliginiň gatnaşmagynda, aç-açanlyk ýagdaýynda ara alyp maslahatlaşmaga, anyk çözgütleri kabul etmäge uly mümkinçilik döredýär. Şeýle hem pederlerimiziň asylly däp-dessurlaryna, jemgyýetimiziň milli demokratik ýörelgelerine esaslanyp, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň döwletimizi dolandyrmaga işjeň gatnaşmaklary gazanylýar. Bagtyýarlyk döwrümizde üstünlikli dowam etdirilýän bu demokratik ýörelgeler öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň döreden beýik döwletleriniň taryhyna ser salanymyzda, döwlet dolandyryşynda maslaha

Özgerişler mekany

Hemmämize mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul eden «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» boýunça welaýatymyzyň çäginde hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Maksatnama, ilki bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri şu ýyl üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanyldy. Maksatnamanyň esasy maksatlary boýunça eýýäm birtopar işler ýerine ýetirildi. Milli ykdysadyýetimiziň innowasion-senagatlaşma derejesini has-da pugtalandyrmak hem şolaryň biridir.

Dünýäni özgerdýän ýollar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň halkymyzyň ruhuny belende göterýän täze tapgyrlaryna geçilýär. Diýarymyzy gülledýän, ykballary özgerdýän, halkymyzyň ýaşaýşyna barha täze eşretleri getirýän, mähriban Watanymyzyň mertebesini günsaýyn beýgeldýän we gözelleşdirýän taryhy işleriň sanawy artýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem şolaryň biridir. Bu ýoluň esasy bölegi Türkmenabatda tamamlanýar we ol goňşy ýurtlara uzaýan ýollara birleşýär. Ýoluň Mary — Türkmenabat bölegi hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1 aprelinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýdyşy ýaly, örän möhümdir. Bu ýol Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap ulag geçelgelerini birleşdirmek boýunça möhüm wezipäni amala aşyrýar. Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilýändigi bilen hem guwandyryjydyr.

Şahyryň görelde alan ussatlary

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti Gündogar edebiýatynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol orta asyr edebiýatynyň iň görnükli wekilleriniň eserlerini, halk döredijiligini ymykly öwrenipdir. Öz döredijiliginde olara telim gezek ýüzlenipdir. Olardan ylham alypdyr, ussatlaryň edebi mirasyny nusga edinipdir, şolaryň hatarynda bolmagy arzuwlapdyr. Şahyryň sekiz bentden ybarat bolan «San bolsam» atly goşgusyny mysal getireýin. Goşguda gadymy we orta asyryň belli şahsyýetleriniň otuza golaýynyň atlary tutulýar. Şolaryň ençemesi dünýä belli bolan ussat şahyrlar hem-de filosoflar. Ine, şol goşgynyň bir bendi:

Watan şahyry

Setirleri müň ykbal, şygyrlary aýdyň ýoldur,Sözlernden doýup bolmaz, göýä olar misli baldyr, Bossanyna seýl etmeseň, kalbyňa dünýe dardyr,Sözden gaýdýan akaba bar, görünmeýär ahyry,«Watan» diýlen bu döwletiň Şahyry bar Şahyry. Bütin dünýä oňa aşyk, doýma ýokdur hiç haçan,Waspyna şygyr ýazyber, kalbyň açyp aç-açan,Göýä Gökden inmiş gudrat, bu äleme nur saçan,Ýüreklerde orun goýdy şygryýetiň zahyry,«Watan» diýlen bu döwletiň Şahyry bar Şahyry.

Halk Maslahaty: agzybirligiň we jebisligiň nusgasy

Berkarar Watanymyzda agzybir hem bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna barýar. Indi däp bolşy ýaly, her ýyl bu mukaddes baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Mejlis Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilip, onda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we ruhy-medeni ösüşinde ýeten derejesi hem-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Il-ýurt bähbitli permanlardyr kararlar, çözgütler kabul ediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Milli Liderimiziň baý durmuş we syýasy tejribesine, eziz Watanymyza hem-de mähriban halkymyza bolan beýik söýgüsinden kemala gelýän beýik başlangyçlaryna esaslanýan ýokary derejedäki guramaçylykly işler döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşykly hereketi emele getirýär. Şu ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi onuň aýdyň mysalydyr. Mejlisiň gün tertibinde

Milletiň ruhy keşbi

Goja taryhymyza ser salanymyzda, şu günki türkmen Tugunyň geçen ýolunyň hem halkymyzyň özi ýaly, gadymyýetden gaýdýandygyna göz ýetirmek bolýar. Dürli döwürlerde ýaşap geçen dünýä meşhur akyldarlar, haýsam bolsa bir döwletiň geçmişini, şu gününi, geljekki tutumlaryny bilmek, halkynyň ruhy dünýäsine düşünmek isleseň, şol döwletiň baýdagyny içgin synlamalydygyny aýdypdyrlar. Hut şoňa görä-de, baýdak tutuş döwletiň ýüzüniň tuwagy, milletiň ruhy keşbiniň aýnasy hasaplanylýar. Ol her bir özbaşdak döwletiň durmuşynda, onuň halkynyň ykbalynda baş nyşanlaryň biri hökmünde möhüm orny eýeleýändir. Döwlet baýdagy döwletiň häkimiýetini, garaşsyzlygyny we agzybirligini janlandyrýan, halkyň hatyrasyny, mertebesini, onuň azatlyga we özbaşdaklyga bolan arzuwlaryny suratlandyrýan nyşan bolup, ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini özünde jemleýär. Baýdak taryhy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdyp, ilkinji tuglar Müsürde we Hytaýda peýda bolupdyr. Tuglar, tuwulgalar goşunbaşylara söweşde ugurlaryny kesgitlemäge, soňlugy bilen bolsa döwletleri parhlandyrmakda ýardam beripdirler. Döwlet baýdagynyň ýokary galdyrylmagy, täze döwletiň döremegi jar edilenden soň, geçirilýän ilkinji dabaraly çäre bolupdyr.