"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Aşgabat, 6-njy iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen binýady goýlan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Resmi habar

Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de olaryň ýurdumyzyň çäginde işleri alyp barmagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň garamagyndaky önümçilik myhmanhanalar toplumynyň hasabynda duran “Mirap” myhmanhanasynyň binasy oňa ýanaşyk ýerler bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasyna berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Kir Starmeri Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Masud Pezeşkiana Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň kökleri asyrlara uzaýan mizemez dost-doganlyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, strategik häsiýete eýe bolan bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Masud Pezeşkiana Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belläp, onuň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Belent maksatlar rowaçlanýar

5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Ýurdumyzyň asudalygy üpjün edilýär

3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň başyndan bäri ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şol sanda Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de onuň ähli kysymlarynyň harby gullukçylarynyň nazary bilimlerini, söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!Hormatly döwlet we wekiliýet Baştutanlary!

Parahatçylyk söýüjilik däpleri ilerledilýär

4-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar. Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Maulen Sagathanuly!Hormatly dabara gatnaşyjylar!Hanymlar we jenaplar!

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

5-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Mälim bolşy ýaly, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň binýady türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. BMG-niň we Türkmenistanyň baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.

Älem giňişliginde köňül buýsanjymyz

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we halk bähbitli beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolýandygyny soňky günlerde bolup geçýän guwandyryjy wakalar ýene bir gezek aýdyň subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde gojaman Köpetdagyň eteginde gurlup ulanylmaga berlen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň belent derejede geçirilen gününde Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan bu şähere bolan çuňňur buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki parlak ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn sahypa bolup ýazyldy. Bu hoş habar halkymyzy çäksiz begendirdi.

Milli demokratiýa rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzda saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly, milli kanunlarymyza we halkara kadalaryna laýyklykda geçirmegiň oňyn tejribeleri toplanylýar. Demokratik saýlawlary geçirmegiň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda raýatlaryň saýlaw hukuklary talabalaýyk üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Astanada ŞHG-niň sammitine we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

4-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar. Sammite gatnaşmak üçin Astana ŞHG-ä agza döwletleriň hem-de guramada synçy we dialog boýunça hyzmatdaş derejesine eýe bolan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Foruma halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda BMG-niň Baş sekretary hem çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

6-njy iýulda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we 5-nji iýulda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň duşuşygy paýtagtymyzyň «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Masud Pezeşkiana Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlara uzap gidýän mizemez dost-doganlyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, strategik häsiýete eýe bolan bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Masud Pezeşkiana Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary arasynda duşuşyk geçirildi

Şu gün, günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn we wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagy köp babatda Türkmenistanyň we BMG-niň strategik maksatlarynyň gabat gelmegine özara düşünilmegi, parahatçylyga, adalatlylyga, ösüşe, halkara gatnaşyklarynyň binýady hökmünde döwletleriň we halklaryň hukuklaryna hormat goýmaga esaslanýan garaýyşlarynyň ýakynlygy bilen şertlendirilendigini bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 5-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda raýat-hukuk gatnaşyklaryny ösdürmek, döwletimiziň býujet ulgamynyň işini we dolandyrylyşyny döwrebaplaşdyrmak, Pensiýa gaznasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işlerini has-da kämilleşdirmek, maýyplygy bolan adamlaryň dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny düzgünleşdirmek, ýaş alymlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagy üçin has giň mümkinçilikleri döretmek, ýurdumyzda sport ulgamynda amala aşyrylýan işleri Bütindünýä dopinge garşy göreş agentliginiň kodeksine laýyk getirmek, adwokatura we adwokatlyk işi, raýat ýagdaýynyň namalary, tohumçylyk işi bilen bagly kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.