"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri Milli Liderimiziň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz işewüri myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar köp ýyllaryň dowamynda özara düşünişmek, ynanyşmak, hormat goýmak esasynda yzygiderli ilerledilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem BMG-niň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýar.

Halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň dabaralandyrylmagy

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasynda bolup, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şu ýylyň dowamynda degişli düzümler boýunça alnyp barylýan işler hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda işlenip taýýarlanan maksatnamalar barada habar berildi.

Gahryman Arkadagymyz Eýranyň Beýik ruhy lideri bilen duşuşdy

Şu gün Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda EYR-nyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň şol wagtky Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, beýleki resmi wekilleriň pajygaly dikuçar heläkçiliginde aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.

Ösüşi nazarlaýan ulgam

Her bir halkyň milli gymmatlyklary, onuň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem taryhy gymmatlyklar esasynda döwletiň ulgamlaýyn ösüşini görmek bolýar. Diýarymyza köp sanly dünýä jahankeşdeleriniň gelmegi-de, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň görnetin ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däp-dessurlarynyň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär. Syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we onuň görnüşlerini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hil derejesini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşini gazanmak babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler günsaýyn öz netijesini görkezýär. Hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli d

Dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeler

Mälim bolşy ýaly, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ägirt uly taslamasynyň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen baglanyşyklydyr. Sebitde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan «akylly» şäher rahat ýaşamak, zähmet çekmek, okamak, hünär edinmek, döretmek, başarnygyňy görkezmek üçin döwrebap amatlyklary özünde jemleýär. Ýakynda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebap şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgelerine laýyklykda, ynsanperwer ähmiýetli işlere-de möhüm üns berilýär. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegini şertlendirýär.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklar ösdürilýär

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri Milli Liderimiziň ady bilen berk baglanyşyklydyr.

Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy

Taryhy wakalara, ösüşlere we üstünliklere beslenýän ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda raýatlaryň saglygyny goramakda, bagtyýar, sagdyn, eşretli durmuşyny üpjün etmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýäniň iň ösen enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş hem-de sport desgalarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, öňki bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi adamlaryň saglygyny goramagyň, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň rowaçlanmagyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr. «Biz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiz esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin öňümizde täze, belent maksatlary goýýarys. Ata Watanymyza beýik söýgimiz, synmaz agzybirligimiz we jebisligimiz bilen bu ugurda giň möçberli, has ýokary wezipeleri durmuşa geçirmek arkaly gazanylan üstünlikleri berkidýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň bu sözleriniň döwrümiziň ajaýyp hakykatydygyna her birimiz şaýat. Bu hakykatyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem dabaralanýandygyna bolsa türkmen halkynyň Milli Lide

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. Ir säher bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen täze şähere geldi.

Köpýyllyk hyzmatdaşlyk has-da giňeldiler

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri Milli Liderimiziň ady bilen berk baglanyşyklydyr.

Ajaýyp ösüşleriň gadamy batlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir güni ajaýyp ösüşlere beslenýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň Galkynyşly döwrümizde döwrebap many-mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda senagat we gurluşyk materiallary pudagynda öndürilýän dürli görnüşli önümleriň, şol sanda dünýä döwletlerinden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberi artdyrylýar. Şeýle-de, bu pudagyň eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrylar. Soňky ýyllarda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde beýik işler amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. Ir säher bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen täze şähere geldi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Asylly däbe eýerilip 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda karar kabul etdi. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramynyň toýlanyljak günleriniň öň ýanynda geçiriljek bu mejlis Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň we raýat jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy waka bolar.

Ilçiler işe başladylar

27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. Ir säher bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen täze şähere geldi. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebap şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgelerine laýyklykda, ynsanperwer ähmiýetli işlere-de möhüm üns berilýär. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegini şertlendirýär.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda iki ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň doly derejede ulanylmagynyň möhümdigine üns çekildi.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, hususan-da, «akylly» şäherleriň «World Smart City Expo» atly Bütindünýä sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin Koreýa Respublikasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Tähran duşuşygynyň jemleri: 4 resminama

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Tähran duşuşygy möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň 4-sine gol çekmek bilen jemlendi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama; Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Maksatnamasy bar. Bu resminamalar aýry-aýry ugurlarda bilelikdäki işleri ilerletmegiň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiz Eýranyň täze Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Tähranda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.  Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlap, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylyk hatyny gowşurdy. Dostlukly döwletiň Baştutany bolsa Milli Liderimize «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilen neşirini sowgat berdi.

Ilçiler işe başladylar

27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi.