Dag şiri alajagaplaň
Ýylyň çar paslynda gözel tebigatymyza seýil-syýahata çykýan ildeşlerimiziň sany artmasa, egsilmeýär. Olaryň arasynda ekologiýa medeniýeti boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmek döwlet tebigy goraghanamyzyň işgärleriniň esasy wezipeleriniň biridir. Şoňa görä-de, raýatlar bilen suw çeşmelerini, tebigy ýerleri arassa saklamagyň we geljek nesillerimize miras goýmagyň ähmiýeti barada yzygiderli gürrüňdeşlik geçirilýär, sowal-jogap alşylýar. Şunda olary has köp gyzyklandyrýan sowallaryň biri-de daglarda ýaşaýan ýabany haýwanlar, esasan-da, alajagaplaňlar bilen baglydyr. Alajagaplaň — düýbünden ýitip barýan görnüş, ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, şeýle hem Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna, Ýabany haýwanlar we ösümlikler dünýäsiniň ýok bolmak howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakyndaky konwensiýanyň (CITES) sanawyna girizilendir. Alajagap