"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Aýazbaba

Dürli jäjekler bilen,Bezelipdir arçamyz.Hoş geldiň, Aýazbaba,Belent hormat-sarpaňyz. Aýdym aýdyp tans edýäs,Täze ýyl seň şanyňa.Ak gyrawdan bejerip,Zer dakaly donuňa.

Tilkiniň mekirligi

Bir bar eken, bir ýok eken, bir tokaýda bir tilki ýaşaýan eken. Tilki haýsy-da bolsa bir haýwana mekirlik etmese durup bilmez eken. Bir gün tilki ýol bilen barýarka arkasyndaky tikenlerine täzeje kömelekleri sanjyp alyp barýan kirpini görüp, «kirpini aldaýyn» diýipdir. Ol kirpiniň ýanyna baryp: — Kirpi dost, gowumy? Arkaňdaky kömelekleri nirä alyp barýaň? — diýipdir.

Çagalara okap beriň!

Matallar Otda ýanmaz, Suwda batmaz.

Dostmämmet

Saçyna Sallananda hup ýaraşar yzyndan,Geliň, dakyň, tylla-kümüş saçyna.Hak saklasyn betnazaryň gözünden,Okar men günde ýüz doga, saçyna.

Çelpek syrdym — öýlendim

(Hekaýa) — Çelpek iýip görmedigiňizem bardyr, belki, içiňizde?

Ussadyň şanyna dikeldilen heýkeller

Heýkellerde ynsan ykballary ýaşaýar. Olaryň deňesinden geçeniňde, gulagyňa ajaýyp seda eşidilýän ýaly hamala. Ýüregiňi beýik ykballaryň ruhy gurşap alýar. Ilkibada bu ahwaly geňleseňem, soňra heýkelleriň täsirine düşendigiňi, olaryň syrly dünýäsine aralaşandygyňy duýup galýarsyň. Ine, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şanyna dikeldilen belent heýkeller hem bu gün diňe türkmenistanlylarda däl, eýsem, dünýä halklarynda-da gaýtalanmajak täsir döredýär. Ol agzybirlige, parahatçylyga çagyryş bolup, dünýä döwletlerini dost eýleýär. Biz hem söz ussadynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýä döwletlerinde açylan käbir heýkelleri barada ýaş watançy kalbymyzdaky oýlanmalary beýan etmek isledik. 2008-nji ýyl. Magtymguly Edelbaý obasynda

DEGIŞMELER

Pul karz alyp, soňam bermeýän ýakasy gaýyşly biri goňşusynyň ýanynda zeýrenýär: — Adamlaryň tüýs husytlygy çykypdyr. Mämmetden 500 manatjyk karz diledim welin, ýüzüme garany çekip, hakyt bermedi-dä:

Arzuw

Ownujak zatlary agzap durmalyň, Aýlar geçip, ýyllar aýlanyp dursun.

Halkyň hazynasyndan

ROWAÝAT, GÖNEZLIGI — HAKYKAT Ýetginjek döwrümiz hyşa, ýylgyn ýygmaga Temriniň oýuna giderdik. Ýogsa, şeýle jeňňellik Gäwürgalanyň aşak ýüzündäki Welnam ýatan oýda-da bardy. Ýöne ol ýerden näme üçindir birhili, üýşenerdik.

Syntgylanan setirler

Arkaňa alyp biläýjek dagyňa arka berseň gowy. Arzuw azalansoň ýatlama köpelýär. Arzuw edip bilmeýän ýatlamalara berilýär.

Esgeriň jigisi

Çagalar bagyndan gelen Baýram, hemişekisi ýaly, uly agasy Eziziň otagynyň gapysyny açdy. Endige görä, ony häzir agasy egnine mündürmelidi. Soňam otagda ikiýana ýöräp, onuň çagalar bagynda nähili oýun oýnandyklary hakynda gürleşip, esli wagt egninden düşürmän güýmemelidi. Ýöne... Eziz otagynda ýokdy. Ýaňy çagalar bagyndan gelýärkäler ejesi Ezizi bu gün çagyryş boýunça harby gulluga alandyklaryny, onuň indi iki ýyllap esger bolup Watana gulluk etmelidigini gürrüň beripdi. Ejesi: «Indi Eziz esger boldy» diýende, onuň bilesigeliji çaga dünýäsinde: «Eziz näme üçin esger bolduka? Ol öňki ýaly öýümizde, biz bilen bile ýaşap ýörse bolanokmyka? Indi Eziz haçan gelerkä?» diýen ýaly sowallar döräp, ony öz erkine goýman başlapdy. Bu gün agşamlyk naharynda ümsümlik höküm sürdi. Baýram ýygy-ýygydan Eziziň oturýan ýerine gözüni aýlaýardy. Her gezegem keýpsiz halda töweregindäkilere seredýärdi. Nahar iýlip bolansoň, ejesi körpe ogluna seredip:

Gyş

Asmandan torgaýlap akja gar ýagýar, Gyşy bezemegi edinip hyýal.

Türkmenistan — parahatlygyň we ynanyşmagyň Watany

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Balkan» gazetiniň redaksiýasynyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaş mugallymlaryň arasynda «At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan» ady bilen yglan eden döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Ýaş mugallymlara döredijilik äleminde üstünlikleri arzuw edip, gazetiň şu sanynda bäsleşigiň ýeňijileriniň goşgularyny çap edýäris.

Şygryýet älemi

Aýazyň demi Salam berip, bosagadan ätlän gyş,Nämüçin her alýan demiň aýazdan?Ýollaň soňy seň ýanyňa barýarmyş,Al-elwan gül bogup bahardan, ýazdan.

Garly günleriň gündeliginden (Liriki oýlanma)

Gyş! Ömrümiň gyşy! Belki, men şu günki gartaşyp, saçlarym çalaryp, hyýallarym ömür menzillerinde azaşyp, ömrümiň ak gyşyna golaýlan pursatlarymda bakylyk ýaly aklygy özüme ýakyn saýýandyryn?! Belki, dünýäniň manysy aklykda — ak gyşda, ak gardadyr. Haýsysy bolanda-da, parhy ýok. Maňa bu gün ak gyş — çagalyk döwrümizdäki ak garlarym, gar zyňşyp oýnan günlerim juda mähriban hem eziz... Garly günlerdäki toýlarda uludan tutulan göreşler... Ol toýlaryň birinde ilkinji hem iň soňky gezek orta — märekäniň öňüne çykyp, göreş tutan pursatlarym. Şonda garşydaş ýigidiň islegi boýunça bir sagatdan soň, deňlige razylaşyp, göreşiň bekewülinden ýelýyrtan ýaglyk alanym hem-de ony «durmuşa pata ber» diýip, gyrada — ýaşulularyň içinde göreşe tomaşa edip oturan baýry pälwan Hudaýberdi murta aklyk berenim edil kino lentasy ýaly bolup, göz öňümde janlandy. Belki, şol aklyk maňa durmuş menzilleriniň ençeme synaglaryndan batyrgaý geçmäge goldaw-hemaýat berendir. «Garrylardan ak pata alyp ugran işiň oňuna bolýar» diýen ynanç maňa mydama-da güýç-kuwwat berdi.

Geçmişden geljege ruhy köpri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran ylmy gözlegleriniň netijesi bolan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň neşir edilmegi bilim işgärleri üçin aýratyn buýsançly waka öwrüldi. Ylmy maglumatlara esaslanýan bu kitap «Taryha syýahat» we «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan iki bapdan ybarat bolup, onuň birinji baby türkmen halkynyň baý taryhyna, ikinji baby bolsa bahasyz ruhy mirasyna bagyşlanypdyr. Onlarça kitaby, düýpli ylmy işleri ýazyp, halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby taryh ylmynda möhüm waka bolmak bilen, ol, ilkinji nobatda, bu ugurdaky alymlar üçin aýratyn gymmatlydyr. Geçmişde bolup geçen wakalary, gadymy medeniýetleriň we döwletleriň döremegine, ösmegine sebäp bolan şertleri öwrenmek, beýan etmek taryh ylmynyň esasy wezipelerindendir. Bu wezipäni amala aşyrmagyň birnäçe ýollary bolup, taryhçynyň ylym äleminde üstünlik gazanmagy, düýpli ylmy işleri ýazyp bilmegi köp babatda onuň peýdalanýan usullaryna baglydyr. Geçmişde onlarça alymlar taryhy öwrenmegiň we beýan etmegiň dürli usullaryny döredipdirler. Gündogaryň beýik alymy, sosiolog Abu Zeýd ibn Haldun taryhy wakalaryň sebäplerini seljermekde tebigy şertleri we durmuş-ykdysady ýagdaýlary öwrenmegi teklip edipdir. Nemes alymy

Dünýä derejesinde sarpaly golýazmalar

Magtymguly Pyragynyň döredijiligini düýpli öwrenmek, onuň paýhas siňen şygryýet älemini külli adamzada dolulygyna elýeterli etmek babatda alnyp barylýan işler türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp işleri hem-de çäksiz aladalary bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň hiç wagt gymmaty egsilmejek dürdänesi kimin eserlerini bütin dünýä wagyz etmek işleriniň yzygiderli dowam etdirilmegi babatda giň mümkinçilikleri döredip berýär. Alnyp barylýan işler, geçirilýän çäreler halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň akyldary Pyragynyň arzuwlan zamanasy gelip ýetdi. Golýazmalar hazynamyzda beýik Magtymgulynyň 400-e golaý golýazmasy bar. Ol 1779-njy ýylda göçürilipdir. Soňky geçirilen takyk barlaglara we hasaplamalara görä, akyldar şahyrymyz Pyragynyň diňe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanýan diwanlarynyň sany 80-e golaýlaýar.

Ylham ýaýlasy

Magtymguly hakda gürrüň edilse... Ýagşylykdan başga pikir etmeýän,Magtymguly hakda gürrüň edilse.Şu günümden ertirime ätleýän, Magtymguly hakda gürrüň edilse.

Akyldar şahyryň döredijiligini öwrenen akademik

Älemi jadylaýan baýram (Oýlanma)

Dekabryň şowhuny beýleki aýlara garanyňda has başgaça. Sebäbi bu aý diňe bir çagalaryň däl, ulularyň hem süýji ýatlamalara berlip, täze-täze umytlar bilen kalbyny doldurýan aýy. Heý, çagaka eline kagyzdyr galam alyp, isleg-arzuwlaryny ýazyp görmedik adam barmyka?! Täze ýylda Aýazbabanyň geljegine ynam bildirip, arzuwly hatlary oňa ýollamak üçin arçanyň ýa ýassygyň aşagyna salyp goýmadygymyzam ýok bolsa gerek. Ýatmazyňdan öň ýassygyň aşagynda goýan arzuw-islegden doly hatjagazyň irden oýananyňda ýokdugyna begenip, emma Aýazbabany görüp bilmedigiňe gynanyp geçiren günleriňi hakydaňda janlandyryp, ýylgyrýaň. Ýazan hatlaryň mazmuny ýadyňa düşmese-de, her ýyl alan sowgatlaryňy ýatlap begenýäň.