«Amantaýyň» hyrydarly önümleri
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler özüniň oňat netijelerini berýär. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ilata hyzmat ediliş derejesiniň ýokarlanmagy, önümçiligiň giň gerime eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, ýurdumyzda hususy kärhanalar tarapyndan öndürilýän önümleriň möçberi barha artýar. Olarda diňe bir içerki bazarlarymyza däl, eýsem dünýä bazarlaryna çykarmaga niýetlenen ýokary hilli önümleriň birnäçe görnüşleri öndürilýär. Olaryň hatarynda welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Amantaý» hususy kärhanasy hem bar.