"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 23-nji fewral (TDH). Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi, oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň milli parlamentleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň parahatçylyk ýoly, asudalygy dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň giň gerim bilen ösmegine badalga bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda barha giň mana eýe bolýan ykdysady, medeni gatnaşyklar parahatçylygyň has-da ösýändigine, ynanyşmagyň baky bagtyýarlyga eýe edýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Parahatçylyk bar ýerinde dostana gatnaşyklar, medeniýet, edebiýat, sungat, şonuň bilen birlikde halk hojalygynyň ähli pudaklary gülläp ösýär. Ynanyşmagyň rowaçlanýan ýerinde halklaryň dost-doganlygy berkeýär. Dürli ugurdaky gatnaşyklar jebisleşýär. Bu bolsa dünýäniň ähli ýurtlarynyň parahatçylyk ýoly bilen ösmegine täsir edýär. Halkymyzyň parahatçylyk hem-de ynanyşmak babatdaky ynsanperwer garaýyşlary milli ýörelgelerimizden, däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Çünki häzirki döwürde bir-biri bilen berk baglanyşykly bu iki düşünje halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, ösüşiň esasy şertine öwrülýär. Giň we çuňňur mana eýe bolan bu iki düşünje türkmen halkynyň milliligine ornan asylly ýörelgel

Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

2. Töwellaçylyk däbi — öňüni alyş diplomatiýasynyň türkmen nusgasy BMG-niň Tertipnamasynyň 2-nji maddasynda Milletler Bileleşiginiň ähli agzalarynyň jedelleri halkara parahatçylyga, howpsuzlyga we adalata wehim salmaýan ýollar arkaly çözmelidigi kesgitlenilýär. Türkmen Bitaraplygynyň taryhy köklerine ser salanyňda, jedelli meseleleriň, urşuň we dawanyň öňüni almak üçin töwellaçylyk dessurynyň giňden ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Bitarap Türkmenistan» kitabynda beýan edişi ýaly: «Türkmen halky hemişe-de islendik jedelli meseläni çözmegiň, ilki bilen, parahatçylykly ýoluny öňe sürüpdir».

Parahatçylygyň hem ynanyşmagyň ýoly

Bagtyýarlygyň mekany eziz Diýar Türkmenistan

Jandan eziz söýen ýurdum, hak hikmetli jennet mekan,Jigerimsiň, janymsyň sen hem ömrümde zowky-sapam,Gujagyma gyssam seni, gujagymdan has ullakan,Şöhratyňa şanlar ýetmez, sen bir ajap saz hem mukam,Bagtyýarlygyň mekany eziz Diýar Türkmenistan. Degresinde goja dagy, ýaýlasynda güller biten,Çöl ýerinde çöli bardyr, hatar-hatar kerwen öten,Hazar deňzi Awazaly, abraýy arşa ýeten,Dabarasy daglar aşan sowulmajak toýlar tutan,Bagtyýarlygyň mekany eziz Diýar Türkmenistan.

Täzelikler

Welaýatymyzda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli maldarçylyk hojalyklarynyň tejribeli dowardarlary ene mallardan sagdyn owlak-guzy almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Welaýatymyz boýunça maldarçylyk hojalyklarynyň 8-si bolup, olarda ene mallaryň 84,4 müňe golaýy bakylýar. Olardan şu möwsümde owlak-guzularyň 76,6 müňden gowragyny almak meýilleşdirilýär. Jemgyýetçilik mallarynyň orta we ýokary semizlikde gyşladylmagy, möwsüme taýýarlykly girişilmegi gowy netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dünýä ýurtlarynda

BELARUS RESPUBLIKASYNDA Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Minsk şäherinde ýerleşýän edara binasynda GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Parahatçylyk we ynanyşmak

Halkymyzyň milli ýörelgelerinden gözbaş alýan gymmatlykdyr Her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine, durmuşyna laýyk döwrebap şygar bilen atlandyrmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asylly däpleriň birine öwrüldi. Ine, belent maksatlary kalbymyzda besläp, ajaýyp arzuwlar bilen garşy alan 2021-nji ýylymyz hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi.

Türkmenistanym

Parahatçylygyň, ynanyşmagyň,Watanydyr eziz Türkmenistanym.Arzuwlaryň ak ertire aşmagnyň,Watanydyr eziz Türkmenistanym. Lideri bar dünýä paýhas, nur saçýan,Illeri bar bagtyň şerbedin içýän,Dost-dogan boljaga gujagyn açýan,Watanymdyr eziz Türkmenistanym.

Parahatçylyk, hoşniýetlilik we dostluk milli diplomatiýamyzyň baş ýörelgeleri

Mälim bolşy ýaly, 18-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy uludan tutuljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda geçirilen bu ylmy maslahatyň çäklerinde guralan sergi hem örän täsirli boldy. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geçirilen ylmy maslahata Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda ata Watanymyzyň özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, halkara giňişliginde amala aşyrýan daşary syýasatynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryny ösdürmeklige uly goşant goşýandygy aýratyn nygtalýar.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Şol resminamanyň ady şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen milli şygaryna hem doly laýyk gelýär. Şu ýylyň şygary taryhyň sahypalaryna siňen geçen, 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygary bilen sazlaşykly baglanyşyklydyr. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Garaşsyzlygyň geçen 30 ýylynyň dowamynda baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatynyň dürli meselelerini beýan etmäge hem-de häzirki wagtda tutuş adamzadyň esasy wezipeleri barada pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Bagtly mekanyň buýsanjy

Halkymyzyň parahatçylyksöýüjilik we ynsanperwerlik baradaky gadymy ýörelgelerine, köpasyrlyk ösüşiň taryhy tejribesine we medeni däplerine esaslanýan baky Bitaraplygymyz ählumumy parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu hukuk derejesi bütin dünýäde türkmen dostanalygyny, milli Liderimiziň ynsanperwer başlangyçlaryny giňden dabaralandyrýar. Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde durmuşa geçirilýän tutumly işleriň her biri halkymyzyň bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmeklige gönükdirilýär. Ata-babalarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde toplan gymmatly tejribesi hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýyldaky ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de onda görkezilenleri amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu bolsa bilim ulgamynyň işgärleriniň hem buýsançly başyny Göge ýetirdi. Çünki ösüp gelýän ýaş nesli ylymly-bilimli, watansöýüji, päk ahlakly, sagdyn bedenli, kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen

Uly üstünliklere beslenen 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyzyň taryhynda ýatda galyjy ýyllaryň biri boldy. Şanly ýylda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy dabaraly bellenilip, Diýarymyz ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslendi. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynda umumadamzat bähbitli teklipleri bilen yzygiderli çykyş edýär. Ine, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy kabul edildi. Şonuň bilen baglylykda gadam basan 2021-nji ýylymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tutuş dünýäde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmagyň ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň ykrarnamasydyr. 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýy bellenilýär. Bu ýylyň hem geçen ýyllar ýaly Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň sene ýazgysynyň üstüni doldurýan birnäçe täsirli, buýsançly wakalara baý boljakdygy şübhesizdir. Eziz Diýarymyzda milli Liderimiziň tagallasy netijesinde amala aşyrylýan tutumly

Hemişelik bitaraplygymyza bagyşlanan eser

Üstünliklere beslenen 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly taryha altyn harplar bilen ýazylan ýyllaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlap, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabyny halkymyza sowgat etdi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 18-nji fewral (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda baradaky ýörite wekili hanym Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri bilen söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

5. SAGLYGY GORAÝYŞ WE SPORT Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynda saglygy goraýyş we sport ýaly durmuş ähmiýetli ulgamlaryň ösüşi möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistan — BMG : parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna

Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň agzalygyna kabul edilen gününden bäri bu halkara gurama bilen oňyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Garaşsyz Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmegi ýaş döwletimiziň halkara bileleşigi tarapyndan özbaşdak ýurt hökmünde ykrar edilmegini alamatlandyrdy. Türkmenistan BMG-niň deňhukukly agzasy hökmünde guramanyň Tertipnamasyndan gelip çykýan borçlaryna pugta eýerýär we ýerine ýetirýär. Döwletimiz BMG-niň käbir esasy düzümleriniň — Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Ilat gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri baradaky düzüminiň, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň, Halkara migrasiýa guramasynyň agzasydyr. Ýurdumyzda bularyň wekilhanalary, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi üstünlikli işleýär.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 17-nji fewral (TDH). Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw merkezinde meşhur koreý alymlarynyň, professorlarynyň, ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, şonuň ýaly-da, paýtagtymyzyň lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn teleköpri görnüşinde saglygy goraýyş boýunça II türkmen-koreý maslahaty geçirildi.

2021-nji ýylyň ýanwary: Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän 2021-nji ýylyň ilkinji aýynyň köp sanly wakalary ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasatynyň ýörelgelerine eýerip hem-de Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýan ilkinji nobatdaky wezipelerinden ugur alyp, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary halkara hyzmatdaşlygy berkitmek babatynda köpugurly işleri dowam etdirdiler.

Ýokary ruhubelentlige beslendi

Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Balkan welaýaty boýunça wekilhanasynyň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramaklarynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Welaýat häkimliginde geçirilen dabarada Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige ýugrulan, bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasaty, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde alyp barýan köp ugurly işleri barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Bilşimiz ýaly, «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda parahatçylygy ündeýän, halklaryň ösüşine gönükdirilen hoşniýetli diplomatiýany alyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkara abraýy belent derejelere göterilýär. Berkarar ýurdumyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň, teklipleriniň bütin dünýäde giň goldawa eýe bolmagyny, ýörite Kararnamalar bilen berkidilmegini muňa subutnama hökmünde görkezmek bolar. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Diýarymyzyň aýdyň maksatlara we anyk ýörelg