Asmanynda parahatlyk Baýdagy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz asudalygyň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň mekany bolup, dünýäniň ünsüni özünde jemleýän, ösüşleriň röwşen ýoluna düşen döwletdir. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň parahatçylygyny, dünýäniň abadançylygyny maksat edinýän tutumlar öz aýdyň netijelerini bermek bilen, hormatly Prezidentimiziň her bir başlangyjy dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Munuň aýdyň mysallary hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Milletler bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly, 75-nji mejlisinde bolsa «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamalaryň kabul edilmegini buýsanç bilen görkezmek bolar. Bu Kararnamalaryň kabul edilmegi, bir tarapdan, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny jahana ýaýsa, beýleki bir tarapdan, Diýarymyzyň halkara abraýynyň juda ýokarydygynyň aýdyň subutnamalary bolup durýar. Bu zatlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň, Watanymyzyň at-abraýyny dünýäde belende götermek, Ýer ýüzünde abadançylygy, parahatçylygy pugtalandyrmak ugrun