"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Howanyň sowamagy, gijäniň uzalyp, gündiziň gysgalmagy gyş paslyna mahsus alamatlar bolup, adamyň fiziki işjeňligine hem-de ruhy saglygyna täsir edýär. Pasyl çalşygynda howanyň dowamly üýtgäp durmagy möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň döremegine getirip bilýär. Ýiti respirator keseliniň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry we işdäniň kesilmegi bilen ýüze çykýar. Eger maşgalada kimdir biri ýiti respirator ýokanç keseli bilen näsaglan bolsa, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly we diňe lukman tarapyndan bellenen bejergini kabul etmeli. Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselini dörediji wirus dem alyş ýollaryna aralaşandan soň, nemli bardanyň daşky gatlagynda köpelip başlaýar. Munuň netijesinde öýjükler zeperlenýär, nemli barda gyjynýar, bokurdak gijeýär, awuşaýar, agyrýar. Kesel adatça birnäçe günläp gizlin geçip, näsagda ysgyndan gaçmak, gyzdyrmak, üşütmek ýaly alamatlar başlanýar.

Tebigatyň şypaly ösümlikleri

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň: Ýaşasyn adamyň hem tebigatyňArasynda güňläp duran sazlaşyk!

Ýiti respirator keseliniň öňüni alyş çäreleri

Gyş paslynda döräp biläýjek ýiti respirator keseliniň öňüni almak möhümdir. Ýokanç keselleriň düzümini dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç keselleri düzýär. Bu ýokanç keseliniň esasy öňüni alyş çäreleri adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrmakdyr. Şeýle keselleriň öňüni almak üçin şulary maslahat berýäris. Otag howasyna gözegçilik ediň. Yssy gurak howada wirus çalt ýaýrap, işjeňligini uzak saklaýar. Maýyl, çygly otagda wirus çalt dargaýar. Pollary ýuwuň, howany çyglandyryjy enjamlary ulanyň. Burnuň nemli gatlagy gurak bolsa ýerli immunitet peselýär we wirus aňsat aralaşýar. Otaglary her gün 3-4 gezek ýelejiretmeli. Ýiti respirator ýokanç keselini bejermekde etiotrop bejergi geçirilýär. Mundan başga-da, keseliň öňüni almak, ondan goranmak üçin dermanlyk ösümlikleri ulanmak örän peýdalydyr. Olardan iň ýörgünlileri limon, itburun, ary baly, süle, sogan, sarymsak, üzärlikdir. Olary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp ulanmaly.

Döwrebap hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzda geçirilen XI Türkmen-german lukmançylyk forumyna welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmanlary hem sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Forumyň barşynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň dünýä belli klinikalarynyň professorlarydyr lukmanlarynyň çykyşlary diňlenildi. Asylly däbe öwrülen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak we bejermek, gaýragoýulmasyz kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Adam saglygy – baş baýlygymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýä hil derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sport desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi adamlaryň saglygyny goramagyň, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň rowaçlanmagyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ajaýyp hem-de eşretli zamanamyzda raýatlaryň saglygyny goramakda, bagtyýar, sagdyn, eşretli durmuşyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň: “Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar” diýen dürdäne sözleri hem aýdyň tassyklaýar. Raýatlaryň, esasan hem, ýaş nesilleriň sagdyn, ruhubelent, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary babatda alnyp barylýan işler häzirki wagtda barha giň gerime eýe bolýar. Döwletimizde adam we onuň saglygy baradaky aladanyň elmydama üns merkezinde durýandygy

Baş baýlygymyz

Garaşsyzlygyň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýan türkmen halky bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasat, döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işler rowaçlyga beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz üns-aladalary, hormatly Prezidentimiziň belent tagallalary esasynda türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy agzybir halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolup, ýurdumyzyň güýç-kuwwatyny we ägirt uly mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär etdi. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde adamlaryň durmuş eşretleriniň hözirini görüp ýaşamagy, işlemegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, döwrebap maksatly desgalaryň ençemesi halkymyza hyzmat edýär.

Täze ýyl saçagy

Baýramçylyk günleriniň, edil biziň isleýşimiz ýaly, ýatdagalyjy bolmagy üçin sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dogry berjaý edilmegi zerurlyk bolup durýar. Her bir adamyň üns bermeli zady sagdyn iýmitlenmekdir. Bu, esasan hem, ýaş bäbekli enelere, gartaşan adamlara has möhümdir. Siz bereketli saçagyňyzda gök önümlerden dürli işdäaçarlary taýýarlap goýsaňyz, şol tagamlardan iýmek çagalara, hem ululara peýdaly bolar. Çopan işdäaçary. Şuny her maşgala özüçe taýýarlap biler. Usuly ýönekeýje. Dogralan hyýar, pomidor, gök otlar, duza ýatyrylan zeýtun miwesi, peýnir ýaly önümler ýag bilen garyşdyrylsa ýaramly bolýar. Sebäbi şonda ýagdaky minerallar gowy saklanýar.

Gyş: kadalary berk berjaý edeliň!

Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler. ■ Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleri hemişe arassa saklamaly.

Saglyk — baş baýlyk

Häzirki gyş möwsüminde ýiti respirator keseliniň öňüni almak möhümdir. Keselli adam üsgürende, asgyranda, gürleşende wirus howa ýaýraýar. Ýiti respirator keseli howa-damja ýoly bilen ýaýraýar. Kesel wagty bedeniň gyzgyny ýokarlanyp, kellagyry, bogun agyry döräp, ondan soň üsgülewük, bokurdak agyry peýda bolýar. Şeýle ýagdaý bir hepdä çenli dowam edip bilýär.

Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

14-15-nji dekabrda Türkmenistanyň Saglygy soraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralan XI Türkmen-german lukmançylyk forumy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forumy guramak baradaky ylalaşyk şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Germaniýa amala aşyran saparynyň dowamynda Milli Liderimiziň öňe süren teklibine laýyklykda gazanyldy. Bu gezekki ikitaraplaýyn duşuşyga sanly ulgam arkaly GFR-iň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, paýtagtymyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň, welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Döwrebaplyk gazanylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygy ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty barha dabaralanýar. Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezine ýanyk şikesi bilen ýüz tutup gelýän näsaglary merkeziň kabul ediş bölüminde ýerleşýän gaýragoýulmasyz tiz kömek otagynda bir wagtda 6-sany näsagy kabul edip, bejergi çäreleri, şeýle hem gerek bolan laborator barlaglary edilýär. Hereketi çäklenen näsaglary ýerinden gozgaman, mobil lukmançylyk enjamlaryň kömegi bilen funksional barlaglary geçirilýär. Syrkawlar ýörite arassalaýyş wannalaryň kömegi bilen arassalanyp, degişli bölümine ýerleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde ýanyk ýaralardan bakteriologiki ekişe çyrşantgy alynýar we merkezimizde ýerleşdirilen bakteriologiki barlaghana bölüminde ekiş edilýär. Onuň ýanyk ýarada bolan patologiki mikroflorasynyň duýgurlygy anyklanylýar. Bu bolsa etiopatologiki bejergini geçirmäge uly ýardam berýär.

Baş baýlygymyz

Jemgyýetiň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler goýulýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezler, şypahanalar, döwrebap derman kärhanalary, saglyk öýleri gurulýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we

Adam saglygyna peýdaly gök önümler

Ýylyň ähli paslynda miweleri we gök önümleri iýmek örän möhümdir. Olar köp mukdarda dürli witaminlere we bioişjeň birleşmelere baýdyr. Miweleriň we gök önümleriň köpüsinde kalsiý, magniý, demir, sink bolup, olary ter görnüşinde iýmek has peýdalydyr. Käbir miweler we gök önümler tebigy taýdan düzüminde şekere baý bolýar. Şeýle önümlerde kaloriýa örän ýokarydyr. Adamlara her gün azyndan 400 gram miwe we gök önümlerini iýmek maslahat berilýär. Miweleriň we gök önümleriň birnäçesiniň peýdasy hakynda lukmanlar şeýle maslahatlary berýärler. Alma — organiki kislotalara we uglewodlara baýdyr. Onuň düzüminiň 80 göterimini suw, galan bölegini askorbin, kalsiý, magniý, demir we A, B, C witaminleri tutýar. Alma, esasan hem demre baý bolup, ýürek damarlaryny giňeltmäge uly ýardam edýär. Alma beýnini işjeňleşdirip, ýatkeşligi hem gowulandyrýar.

“Saglygyň sakasy hereketdedir”

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk getirmek, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň göwrümli işlere, şol sanda döwrebap özgertmelere badalga berildi. Saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde durýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere laýyklykda häzirki zaman döwrebap we ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak bilen, saglygy dikeltmegiň hili gowulandyryldy, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatynda uly ösüşler gazanyldy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak hem-de raýatlarymyzyň saglygyny goramak babatda ähli mümkinçilikler döredilendir. Innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan

Nesil saglygy — ýurt baýlygy

Çagalaryň iýmitlenme terbiýesi onuň ömrüniň ilkinji günlerinden başlap, mekdebe çenli döwrüni we ondan soňky döwürleri öz içine alýar. Çaga nahary öz wagtynda we dogry iýmitlenmegi öwretmek wajypdyr. Nahary iýip bolanyndan soň, agzyny, elini ýuwmagy we süpürmegi çaga endik etdirmeli. Ýetginjekleriň gündelik iýmitleriniň düzüminde et we süýt önümleri bolmaly, sebäbi olar bedeniň dogry ösmegi üçin zerur bolan belogyň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Gowrulan we aşa duzly tagamlara ýykgyn etmeli däl. Gaýnadylan we buglanan tagamlar has peýdalydyr. Günüň dowamynda 4-5 gezek iymitlenmeli.Iýmit dürli-dürli bolmaly, ol bedeni zerur bolan iýmit maddalarynyň ählisi bilen üpjün etmeli. Çagalaryň bedeni, esasan, düzüminde belogy saklaýan iýmite mätäçdir. Çaganyň iýmitinde her gün gök önümler, ir-iýmişler, miweler bolmaly. Pasyllaýyn önümleri, milli tagamlary ulanyp, iýmit sanawynyň dürlüligini artdyrmaly.

Gyş: kadalary berk berjaý edeliň!

Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleri hemişe arassa saklamaly.

Saglyk

Gymmatly gollanma Lukman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adam özüniň ýaşaýşy üçin ähli zatlary tebigatdan alýar. Tebigy önümler ýokumy taýdan-da, peýdasy taýdan-da bibahadyr. Türkmen tebigaty ynsan üçin zerur nygmatlary — önümleri bolluk bilen eçilýär. Şeýle bol önümleriň biri-de dermanlyk ösümliklerdir.

Ählumumy abadançylygyň bähbidine

Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan meseleler şu günki gün dünýä ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň, alymlaryň we hünärmenleriň iň köp üns berýän meseleleriniň birine öwrüldi. Bu diýildigi, hakykatdan hem, dünýä halklarynyň saglygyny hem-de ekologiýanyň abatlygyny gorap saklamaklygyň, her dürli tebigy wehimleriň ýüze çykmagynyň öňüni almaklygyň möhüm wezipesi bolup örboýuna galandygyny alamatlandyrýar. Şeýle bolansoň ählumumy abadançylygyň we howpsuzlygyň berk talaplaryndan ugur alynýan ýurdumyzda hem bu mesele döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýokary derejeli halkara forumlarda eden taryhy çykyşlary, abraýly döwlet ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda aýdan gymmatly teklipleri anyk tassyklaýar. Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan meseleleriň ýa-da ekologik wehimleriň öňüni almaklygyň diňe bir döwletiň çäginde üpjün edilmeginiň mümkin däldigi, galyberse-de, ýeterlik däldigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Şonuň üçin hem bu meselede dünýä halklarynyň ählumumy işjeňliginiň zerurdygy hemmä aýan hakykat. Çünki Ýer togalagy bu meseleleriň akylly-başly we toplumlaýyn çözgü

Sagdyn we owadan boluň!

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ajaýyp döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgelerine kadaly eýerýän, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň sanynyň barha artýandygy buýsandyryjy hakykatdyr. Munuň özi ynsan saglygynyň ähli gymmatlyklardan ileri görülýän ýurdumyzda saglygy goraýyş işiniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny görkezýär. Sporty hemra edinmek bilen, adam beden hem ruhy synalaryny taplaýar, saglygyny pugtalandyrýar, dem alyş, ýürek-damar, hereket ediş ulgamlarynyň işleýşini kadalaşdyrýar. Yzygiderli hem-de wagtly-wagtynda ýerine ýetirilýän beden maşklary synalarda keseliň ýüze çykmagynyň öňüni almaga ýardam edýär, adamyň ömür dowamlylygyny uzaldýar. Üstesine-de, sport maşklary göwnüňi göterýär, şähdiňi açýar, pikirleriňi jemlemäge ýardam edýär.

Sport we saglyk

Sport we saglyk diýlen düşünjeler aslynda bir bitewülige eýe bolup, onuň gözbaşynda adamzadyň sagdyn hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy jemlenendir. Sport adama saglyk bilen birlikde, ruhubelentligi, ýaşaýşa bolan söýgini, özüňe bolan ynamy pugtalandyrýar. Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni has hem kämilleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýär. Saglyk bilen bitirilmejek iş bolmaz. Şonuň üçin hem ähli zadyň sakasy saglykdyr diýilýär. Häzirki wagtda akylly, paýhasly, terbiýeli, bilimli ýaş nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Şunda sport bilen meşgullanmagyň, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň jemgyýetiň sagdynlygynyň, il saglygynyň üpjün edilmeginde ähmiýeti ýokarydyr.