Ösmeýän göwrelilikde patomorfologiki aýratynlyklar
Güljahan HOJAMBERDIÝEWAM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasy Ösmeýän göwrelilik (ÖG) häzirki zaman akuşerçiligiň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda göwreliligiň irki möhletlerde anyklanmagy sebäpli, düwünçegiň öz-özünden düşmeleriniň arasynda ösmeýän göwreliligiň ýygylygy 45-88%-e çenli ýokarlandy. ÖG polietiologiki kesel bolmak bilen, onuň ýüze çykmagynyň sebäpleriniň biri hem embriohorial ýetmezçilikdir. Embriohorial ýetmezçiligiň etiologiki faktorlaryna genetiki, endokrin, immunologiki, ýokanç, anatomiki we utgaşan sebäpler degişlidir [1-5]. Göwreliligiň gaýra üzülmeleri, perinatal keselçilik we ölümçilik embriogenez we horionyň morfogenezi bilen baglydyr. Edebiýat maglumatlaryna görä, wagtynda ýüze çykarylmadyk embriohorial ýetmezçiligiň fetoplasentar ýetmezçilige öwrülýän ýagdaýlary hem bellenilýär [1-3]. Göwreliligiň dowamynda fetoplasentar ulgamynyň emele gelmegi düwünçegiň ösmegi üçin adekwat şertleriň döredilmegine ýardam berýär. Göwreliligiň gaýra üzülme bilen geçişi ulgamyň belli bir halkasynyň bozulmagy netijesinde bolup geçýär, bu bolsa düwünçegiň düşmelerine, ösmeýän göwrelilige, düwünçegiň ýagdaýynyň agyrlaşmagyna getirýär we düwünçegiň gipoksiýasyny, ösüşiniň s