"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Dişleriň sagdynlygy nämä bagly?

Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň çaga stomatolog lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Gurbannazar Ataýew habarçymyz Narjan Ilmyradowa bilen söhbetdeşlikde dişler, diş keselleri hem-de olaryň öňüni almagyň ugur-ýollary barada gürrüň berýär. — Ilki dişleriň gurluşy we olaryň agyzda ýerleşişi barada umumy düşünje berseňiz...

Irki döwründe anyklananda...

Ýokanç däl kesellere degişli bolan süýjüli diabetiň 2-nji tipi dünýäde iň ýaýran keselleriň biridir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, 2017-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli aralykda tutuş dünýäde süýjüli diabet anyklanan syrkawlaryň sany 38 milliona çenli artyp, 463 milliona ýetdi. 2045-nji ýyla çenli olaryň sanynyň 700 milliona ýetmegine garaşylýar. Kontinentler boýunça alnanda bu görkeziji 2030-njy ýyla çenli Ýewropada 22%, Günorta Aziýada 69%, Afrikada 90%-e ýokarlanar diýlip, çak edilýär. Diabetiň halkara federasiýasynyň maglumatlary dünýäde 20-79 ýaş aralygyndaky süýjükeselli näsaglaryň sanynyň 2021-nji ýylda 537 milliondan geçendigini görkezýär. Bilermenleriň pikirine laýyklykda, ýylda täze ýüze çykarylan süýjükeselli näsaglar beýleki keseller anyklanan ähli syrkawlaryň 10%-ini emele getirýär. Olaryň sanynyň her 10-15 ýyldan takmynan 2 esse köpelýändigini hasabat maglumatlary habar berýär. Ösen ýurtlarda süýjüli diabet keseline duçar bolan adamlaryň ABŞ-da, Italiýada, Ysraýylda has köp bolup, Fransiýada, Gresiýada, Ýaponiýada azdygyny hasabat maglumatlary tassyklaýar. Ylmy barlaglaryň netijesi, şeýle hem, süýjükeselli näsaglaryň ömrüniň adatça 5-10 ýyla çenli gysgalýandygyny görkezýär. Bu görkezijiler s

Kelleçanak basyşy ýokarlanýar: munuň sebäbi nämekä?

Keseliň döreýşi Mälim bolşuna görä, kelleçanagyň düzümi beýniden (80%), likwordon, ýagny, beýni suwuklygyndan (10%), gandan (10%) ybaratdyr. Beýni, gan, esasan likwor kelleçanagyň içki basyşyny esaslandyrýar. Likwor (beýni suwuklygy) beýniniň geçiriji ýollary boýunça belli bir tizlikde we basyş astynda hereket edýär. Bu hereketiň dowamynda likworyň bir bölegi gana geçýär. Onuň deregine täze likwor emele gelýär. Likworyň gana geçmegi haýallaşanda ýa-da onuň täzeden öndürilişi işjeňleşende bu suwuklygyň umumy mukdary köpelip, kelleçanakda basyş ýokarlanýar. Diňe bir likworyň kadadakydan köpelmegi däl-de, eýsem, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy, beýni çişleri hem kelleçanakda basyşyň ýokarlanmagyna getirip bilýär. Beýni iriňlemesinde (absses) we gan öýmelerinde, meningitde (beýni hem-de oňurga ýiliginiň perdeleriniň gaýnaglamasy), subarahnoidal gan inmede, neýroinfeksiýalarda hem kelleçanak basyşy ýokarlanýar. Kortikosteroidler toparyna degişli dermanlaryň, gormonal kontraseptiwleriň, antibiotikleriň dowamly kabul edilmeginiň gipertenziw sindromyň döremegine itergi berip bilýändigini bellemeli.

«Akylly» şäheriň saglyk öýi

Arkadag şäheriniň üç gatly binalar toplumyndan ybarat bolan Saglyk öýi ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenendir. Ol gaýragoýulmasyz ilkinji lukmançylyk kömegi, şöhle bilen anyklaýyş, barlaghana, aýallara maslahat beriş, gündizki ýatymlaýyn bejergi, anyklaýyş we maslahat beriş, maşgala lukmanlary, dolandyryş fizio-bejeriş, dezinfeksiýa we sterilizasiýa ýaly bölümlerden ybaratdyr. Bu bölümleriň her birinde ilaty saglyk hyzmatlary bilen üpjün etmek üçin ähli şertler döredilendir. Saglyk öýi täze «Mercedes-Benz» kysymly «Tiz kömek» awtoulagy, elektro-kardiogramma defibilýator «ambu» haltajygy, otoskop, oftalmoskop, glýukometr, trawmatalogiýa ugurly enjamlary, şeýle-de gaýragoýulmasyz tiz kömek lukmançylyk kömegini bermek üçin derman serişdeleriniň ähli görnüşleri bilen üpjün edilendir. Has dogrusy, bu ýerde ornaşdyrylan Germaniýanyň we beýleki ösen döwletleriň iň täze lukmançylyk enjamlary näsaglara saglygyny tiz wagtda dikeltmäge uly ýardam berýär.

Äýnek dakynmak hökmanmy?

Aýratyn-da, tomus paslynda özümize Günüň ýiti şöhlesinden goraýan äýnek saýlap almaly bolýarys. Günden goranmak üçin dakynylýan äýnekler Günden düşýän ultramelewşe (UV) şöhleleri yzyna serpikdirýär we ultramelewşe şöhleleriň göze zeper ýetirmeginiň öňüni alýar. Şeýle-de äýnek, belli bir derejede, infragyzyl şöhlelerden goraýar. Günden goraýan äýneklerde «UV» ýa-da «UV400» diýen ýazgy ýazylýar. Äýnegi dakanyňyzda göz bilen linzanyň aralygy 1,5-2 sm bolmaly. Äýnegi aşa uzakdan dakynmak Gün şöhlesiniň göze zeper ýetirmegine, aşa ýakyn dakynmak göz agyrysyna we kellagyra sebäp bolup bilýär.

Möwsümleýin maslahatlar

- Irden 06:00-dan 09:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň daşarda gezmeklik maslahat berilýär. - Günüň dowamynda pesinden 5-6 sany gök önümi we miweleri kabul ediň.

Bedeniňde ýod ýeterlikmi?

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň tireoidologiýa bölüminiň endokrinolog lukmany Bahar Awlesenowa habarçymyzyň haýyşy bilen saglyk üçin iň möhüm mikroelementleriň biri bolan ýod barada gürrüň berýär. Ýoduň esasy funksiýasy bedendäki alyş-çalyş hadysalarynyň aglabasyny dolandyrýan, ähli beden ulgamlarynyň işine gatnaşýan maddany — galkan şekilli mäziň tireoid (triýodtironin we tiroksin) gormonyny öndürýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu gormonyň 65%-niň ýoddan durýandygy mälimdir. Bedende ýoduň ýetmezçilik etmegi gormonlaryň işlenilip çykarylmagynyň peselmegine hem-de munuň netijesinde gipotireoz keseliniň döremegine getirýär. Ýoduň ýetmezçiligi mundan başga-da, ýürek-damar, süňk, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň näsazlyklarynyň, semizligiň, nerw bozulmalarynyň, fiziki we akyl taýdan ösüşde yzda galmanyň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär. Ýod bilen üpjünçiligiň görkezijileri kadadakydan sähelçe peselende-de muny açyk görkezýän alamatlar peýda bolýar.

Nerwleriň zeperlenmesi

Gapyrgara newralgiýa döş kapasasynyň gapyrgalarynyň arasynda ýerleşýän çetki (periferiki) nerwleriň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýän keseldir. Bu keseliň döremegine: • adam ýykylanda, döşi bir ýere urlanda, köçe-ýol heläkçiligine duçar bolanda ýüze çykyp bilýän şikesler ýa-da çişler sebäpli gapyrgara nerwleriň gysylmagy;

Limfa düwünleriniň ulalmagy

Çagalaryň limfa düwünleri dürli sebäplere görä ulalyp bilýär. Esasy sebäp bolsa, çaganyň bedeninde gaýnaglama hadysasynyň ýüze çykmagydyr. Mysal üçin, ýokarky dem alyş ýollarynyň (basyk, farangit, tonzillit) we agyz boşlugynyň gaýnaglama hadysasy (stomatit, gingiwit). Bu hadysalar, aýratyn-da, boýun limfa düwünleriniň ulalmagyna getirýär. Limfa düwünleriniň şular ýaly sebäpler boýunça ulalmagyna «reaktiw görnüşli» diýilýär, ýagny beden gaýnaglama hadysasyna limfa düwünleriniň ulalmagy arkaly jogap berýär. Antibakterial bejergi geçirilenden we ýokançlaryň ojaklarynyň arassalanmagyndan soň bu limfa düwünleri kiçelýär.

Gözlere dynç bermek gerek

Häzirki innowasion ösüşleriň döwründe adamyň durmuşyny kompýutersiz ýa-da öýjükli telefonsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Adam zähmetini ep-esli ýeňilleşdirýän kompýuter, şeýle hem ulanmaga örän amatly bolan öýjükli telefonlar saglyga nähilli täsirini ýetirýärkä? Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde kompýuteri uzak wagtyň dowamynda ulanmak, telefonyň ekranyna üznüksiz köp wagtlap seretmek adamyň saglygyna, aýratyn hem, görüş ulgamyna ýaramsyz täsirlerini ýetirip bilýär. Adamyň göreçleri uzak aralyga seredende öz tebigy ýagdaýyny saklaýar. Emma haçan-da, golaý aralykdan uzak wagtlap kompýuteriň monitoryna ýa-da telefonyň, planşetiň ekranyna ünsli seredilende gözüň we onuň myşsalary dartgynly ýagdaýda hereketsiz bolýar. Bu bolsa görşüň peselmegine getirýär.

«Mollagara» — melhemler mekany

Tebigy melhemlikler ynsan saglygy üçin örän ýaramlydyr. Şol sebäpli ýurdumyzyň şypahanalarynda tebigy melhemlikler bilen keselleriň öňüni almak, saglygy dikeldiş-bejeriş işlerini geçirmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ajaýyp tebigatly Diýarymyzda şypahanalaryň ençemesi bolup, olarda raýatlara döwrebap şertlerde dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli hyzmatlar edilýär. «Mollagara» şypahanasy hem ýylyň dört paslynda-da köp adamlydyr. Çünki şypahana gelen her bir ildeşimiz ýa-da daşary ýurtly raýatlar öz saglygyna bahasyna ýetip bolmajak şypa tapýarlar. Ýurdumyzda ilatyň saglygy barada edilýän aladalar netijesinde «Mollagara» şypahanasynda häzirki zaman innowasion tehnologiýaly kämil lukmançylyk enjamlary we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen anyklaýyş, bejeriş-dikeldiş bölümleri bolup, saglygy goraýyş işgärleriniň ilata göwnejaý hyzmat etmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen durky düýpgöter özgerdilen «Mollagara» döwrebap ýaşaýyş hem-de palçyk we suw bilen bejeriş binalary, dürli dynç alyş, sport desgalary bolan tutuş şypahana şäherçesidir.

Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly

Gün şöhlesiniň bedene peýdaly we zyýanly täsirleri bardyr. Gün şöhlesiniň bedene peýdaly täsirleri, aýratyn-da, şulardan ybaratdyr. √ Gün şöhlesiniň täsiri esasynda adam bedeninde kalsiý we fosfor mikroelementleriniň çalşygyna täsir edýän D witamini emele gelýär.

Tomusda näme içmeli?

Yssy howada adam daşarda köp gezende derleýär, ysgyndan gaçýar, kellesi agyrýar, agzy guraýar, işdäsi peselýär, iýmiti siňdirmegi kynlaşýar. Der bilen köp mukdarda mineral duzlar, suwuklyk ýitirilýär. Şeýle ýagdaý uzak wagtlap dowam edende gan goýalýar, beden suwsuzlanyp, agyr ýagdaýlar ýüze çykyp bilýär. Munuň öňüni almak üçin tomusda arassa agyz suwuny ýeterlik (2,5-3 litre çenli) içmek maslahat berilýär. Suwdan başga-da, tomusda ýüze çykyp bilýän näsazlyklaryň öňüni almaga ýardam edýän, ýagny: √ der bilen ýitirilen peýdaly maddalaryň öwezini dolýan, bedeni witaminler, makro-mikroelementler bilen baýlaşdyrýan;

«Görk — agyzdan...»

Saçaklarymyzyň ýaraşygy bolan gök önümler saglygymyzy däri-dermansyz dikeldýär. Olar hemmämiz üçin elýeterli. Ýeralma — gündelik iýilýän önümleriň biri. Düzümi krahmala, witaminleriň B toparyna, askorbin turşusyna, mineral maddalara, kaliý duzuna baý. Ýüregiň, böwregiň, gan damarlarynyň işleýşini sazlaşdyrýar. Ýürek-damar, böwrek kesellerinde peýdaly. Onuň düzüminde belok az hem bolsa, hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan aminokislotalar bar. Ýeralmanyň belogy süýdüň düzümindäki beloga ýakyn, şoňa görä, onuň owmajy çagalara has haýyrly.

Saglygy goramagyň kadalary

■ Tomus paslynyň talaplaryna laýyklykda geýinmegi unutmaň! ■ Günüň ýiti göni şöhlesinden goranmak üçin başgaply bolmaly.

Düýe çaly - derde derman

«Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli Maksatnamasy» hereketde Düýe çaly ilat arasynda uly isleg bildirilýän şypaly içgidir. Düýe malynyň süýdünden taýýarlanylýan çal ir döwürlerden bäri teşneligi gandyryjy, iýmitlik önümi hökmünde giňden meşhurdyr. Düýe süýdüniň düzümindäki ýokumly maddalaryň mukdary sygyr süýdüniňkiden 2 — 3 göterim köpdür. Düýe süýdi düzüminde gandy we doýgun ýaglary az saklaýan önümdir. Düýe çaly taýýarlananda süýt çigligine gönezlik üçin niýetlenen goruň üstüne garylýar. Şondan 20 — 25 minut geçensoň (temperatura baglylykda) goýy köpürjik goruň üstüne galýar. Oňa agaran diýilýär. Düýe çaly öz-özüne gor bolup hyzmat edýär. Çal küýzelerde we syrçaly gaplarda taýýarlanylýar. Düýe çaly taýýarlanylanda arassaçylyk düzgünleri pugta berjaý edilýär.

Böwrekler aýalsa gowy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek barada uly tagallalar edilýär. Keselleriň öňüni almak, ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak boýunça welaýatymyzda-da köp işler durmuşa geçirilýär. Biz bu dogrusynda welaýat köpugurly hassahanasynyň urologiýa bölüminiň müdiri Nuretdin Ziýatdinow bilen söhbetdeş bolduk. — Böwrek ynsan bedeniniň wajyp agzalarynyň biri. Böwrekde daş keseliniň döremegine nämeler sebäp bolýar?

Endamdaky gögermeler

Kähalatda endamymyzda gögermeler ýüze çykýar. Dogry, ýykylanymyzda ýa-da atanlykda haýsydyr bir gaty zada degenimizde, endamymyz gögerýär. Ýöne welin, gök tegmilleriň öz-özünden peýda bolmagy bolsa haýsydyr bir keseliň alamatydyr. Munuň iki sebäbi bolup, birinjisi, ganyň lagtalanmagynyň bozulmagydyr, beýlekisi bolsa, gan damarlarynyň port, döwlegen bolmagydyr. Lagtalanmagyň bozulmagynda ganyň lagtalanmagy üçin gerek bolan faktorlaryň ýetmezçiligi sebäpli gan akmalar bolýar. Bu ýagdaýa lukmançylykda «gemofiliýa» diýilýär. Aslynda, kadaly ganyň düzüminde lagtalandyryjy faktorlaryň 30-sy saklanýar. Gemofiliýa keselinden ejir çekýän näsaglarda bolsa bu görkeziji pes bolýar we olarda gan akma öz-özünden togtamaýar.

Ene süýdüniň gymmaty

Çagalaryň saglygy sagdyn geljegimiziň gözbaşydyr. Şol sebäpli her bir ýaş enäniň bäbegini iň ýokumly iýmit — göwüs süýdünden iýmitlendirmegi hökmanydyr. Çagany doglan ilkinji gününden dogry iýmitlendirmek onuň sagdyn ösüp ýetişmegini şertlendirýän esasy zerurlyklaryň biridir. Çünki ene süýdünde bäbegiň kadaly ösüşi üçin zerur ýokumlaryň ählisi bar. Şol sebäpli çaganyň ömrüniň ilkinji 6 aýynda has-da zerur bolan ene süýdi tebigatyň adamzada beren peşgeşidir.

Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

Suwuň her damjasyny altyna deňeýän halkymyz oňa gadyr-sarpa goýýar. Ol her bir ösümligiň, janly-jandaryň maddy iýmiti bolup çykyş edýär. Suwsuz durmuşy göz öňüne getirip bolmaýar. Suw teşneligiňi gandyryp, jana şypa berýär. Ynsan bedeniniň, ortaça, 42 göterimini suw tutýar. Bu görkeziji deňagramly ýagdaýda duranda, beýni sagdyn işleýär. Pikirlenişiň ösmegine ýardam edýär. Şeýle-de suw adam bedenine zerur bolan birnäçe maddalary özünde jemläp, bedeniň nemlenmegine ýardam edýär. Tüýkülik mäzleriniň döremeginde, bogunlardaky suwuklyklaryň kadaly işlemeginde suwuň täsiri örän uludyr.