Taryhy gymmatlyklar — baý geçmiş mirasymyz
Türkmen halky Gündogaryň iň gadymy halklarynyň biri bolmak bilen, adamzadyň ahlak, maddy we ruhy medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşandyny goşan halkdyr. Türkmenler dünýäniň dürli ýerlerine ýaýrap, uly-uly döwletleri, hanlyklary döredip, döwlet gurluşynda, medeniýetde, ylymda uly yz galdyrypdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyny, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan goşandyny, taryhy gymmatlyklarymyzy öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň geçen hepde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjylary tarapyndan tapylan taryhy tapyndylary halk köpçüligine giňden wagyz etmek, muzeý gaznasyny has-da baýlaşdyrmak baradaky eden gürrüňleri ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Şol mejlisde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginiň ýaşaýjylary tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňe, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleriniň we 8 sany dürli reňkli tapyndylaryň tapylandygy hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlarynyň we hünärmenleriniň Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary bilen bilelikde tapyndylary deslapky öwreniş i