Şir ýürekli serkerde. Taryhy şahsyýetler barada aýdylan rowaýatlar esasynda
(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda) Hakykatdan-da, ertesi agşam ýüzüni garaňka tutup gelen duşman leşgeri Syrderýanyň aňyrky kenaryndan ujy nebit alawly oklaryny Hojantyň üstüne ýagdyryp başlady. Atylan oklaryň tizligi pes bolany üçin derýanyň ortasyna ýetip-ýetmänkä, suwa gaçýardylar. Muňa gahary gelen duşman goşuny kenaryň gyrasyndaky gamyşdyr hyşalardan, toraňňydyr ýylgynlardan suwuň ýüzünde adam münüp, ýüzer ýaly tagaşyksyz taýmyllary, gaýyklary ýasap ugradylar. Muny duýan Timur Mälik özüniň taýmylçydyr gaýykçylardan düzülen goşunyna gije derýanyň aňyrky kenaryna geçip, duşmanyň ýasan taýmyllaryny we gaýyklaryny otlamagy, gerek bolsa suwa gark etmegi tabşyrdy. Şonda serkerdeleriň birnäçesi nebitli alawlaryň suwuň ýüzünde henizem ýanýandygyny, şol ýakylan otlaryň hüjüm etmäge päsgel berýändigini ýaňzytdy. Timur Mälik bolsa olara taýmyllaryň hem-de gaýyklaryň daşyny palçyk bilen galyň suwamagy tabşyrdy. Baş serkerdäniň bu meseleden çykalga tapyşyna goşundakylar haýran galdylar. Emma Çingizhanyň goşunynyň etjek pirimine päsgel berse-de, güýçleriň deň däldigi sebäpli birnäçe günden soň, hojantlylar yza çekilmeli boldular. Timur Mälik bolsa, goňşy şäherleriň häkimlerine, serkerdelerine kömek üçin ýüz tutup, çapar ýollady. Ol tä