"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sport we bedenterbiýe ulgamynyň binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Netijede, köpçülikleýin bedenterbiýe, sport-sagaldyş hereketi giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy. Asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda şatlyk-şowhuna beslenen medeni we köpçülikleýin sport çäreleri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem uly ruhubelentlik bilen geçirildi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi hem-de onuň garamagyndaky ähli sport edara-guramalarynda şanly sene mynasybetli çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy.

Şaşka ýaryşy geçirildi

“Sagdyn nesil — bagtyýar geljek” ady bilen Tejen etrabyndaky 41-nji orta mekdepde etrap bilim bölüminiň, ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda şaşka ýaryşy geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ýaryş Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, onda ýaşlara ukyp-başarnygyny görkezmäge ajaýyp şertler döredildi. Şaşka ýaryşynyň netijesi boýunça etrapdaky 42-nji orta mekdebiň topary birinji, 41-nji orta mekdebiň topary ikinji, 23-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelemegi başardylar.

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Gök­de­pe et­ra­by­nyň Ba­ba­rap oba­syn­da­ky Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ýaş Olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­ýan sport mek­dep-in­ter­na­tyn­da ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da ki­çi fut­bol bo­ýun­ça Ahal we­la­ýa­ty­nyň bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Ýa­ry­şa we­la­ýa­tyň şä­her we et­rap­la­ryn­dan 6 to­par gat­naş­dy.

Tür­gen­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty» sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, al­tyn me­dal­la­ry ga­za­nan tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Ola­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyn­dan sow­gat­lar, şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy” at­ly ki­ta­by gow­şu­ryl­dy.

Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li we­lo­si­ped­li ýö­riş ge­çi­ril­di

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe-sport, sag­dyn dur­muş we me­de­ni mak­sat­ly çä­re­le­ri ge­çi­ril­di. Bu çä­re­ler jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeň or­naş­dyr­mak, ösüp gel­ýän ýaş nes­li sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mek, ra­ýat­la­ry­my­zyň be­den sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, ada­myň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýar.

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar.

Watanymyzyň dünýädäki abraýyny belende galdyran türgenler sylaglanyldy

Halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sarpalamak dabarasy Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby gowşuryldy.

Bedenterbiýe we sport - sagdyn durmuşyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramaga gönükdirilen maksatlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygyň, sagdyn durmuşyň gözbaşy bolsa bedenterbiýe we sportdur. Şonuň üçin hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport her bir adamyň, hususan-da, ýaşlaryň iň ýakyn hemrasyna öwrüldi. Berk bedenli, sagdyn, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şonuň üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport mekdepleri bar. Şeýle döwrebap sport mekdeplerinde ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, saglyklaryny berkidýärler hem-de tälim alýarlar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitabynda: “Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär” diýip nygtaýar. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ynsan saglygyny goramakda sportuň we bedenterbiýäniň uly ähmiýeti bardyr. 7-nji

Watanymyzyň dünýädäki abraýyny belende galdyran türgenler sylaglanyldy

Halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sarpalamak dabarasy Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby gowşuryldy.

Boksçy Maýk Taýson gulak şekilinde süýji çykardy

Boksçy Maýk Taýsonyň gulak şekilindäki süýjüleri Nýu-Ýorkdaky dükanlarda satylyp başlandy. Bu barada «New York Post» habar berýär. Marmeladyň şekili öňki boksçynyň 1997-nji ýylda Ewander Holifild bilen bolan söweşini ýada salýar, şonda Taýson garşydaşynyň gulagynyň bir bölegini dişlänligi üçin diskwalifikasiýa edilipdi.

Sport — sagdynlygyň we abadan durmuşyň gözbaşy

7-nji aprelde eziz Watanymyzda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Halkara senä gabatlanyp geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sportuň döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biridigini nobatdaky gezek aýdyň tassyklady. Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň, güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, bir söz bilen aýdylanda, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Şeýle hem 7-nji aprelde halkara ýaryşlarda üstünlik gazanan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagynda şeýle belleýär: «Ýurdumyzda halkyň saglygyny berkitmek, ýaşlary sporta çekmek arkaly beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini, ösen milli sport ulgamyny rowaçlandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar». Her ýylyň 7-nji apreli milli senena

Sport çäreleri ýaýbaňlandyryldy

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­na öw­rü­len Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­je­gin­de ap­rel aýy­nyň gel­me­gi bi­len sport çä­re­le­ri, ýa­ryş­la­ry, Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. 2024-nji «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň ap­rel aýy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sag­dyn dur­muş çä­re­le­ri­niň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi, de­giş­li mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri, Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan dür­

Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy­na taý­ýar­lyk

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz sport döw­le­ti­ne, paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat bol­sa iri hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rül­di. Çün­ki ýur­du­myz­da sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler ýo­ka­ry de­re­je­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, Türk­me­nis­ta­nyň sport ug­run­da köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­nyň has-da iler­le­me­gi­ne go­şant goş­jak şeý­le sport ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri-de 15 — 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy­dyr. Bu ýa­ry­şy ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek üçin de­giş­li res­mi­na­ma­lar we me­ýil­na­ma­lar esa­syn­da berk taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.

Türk­me­nis­tan­da fi­ji­tal-sport

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Mu­ny «Gel­je­giň oýun­la­ry» ha­sap­lan­ýan fi­ji­tal-sport oýun­la­ry­nyň türk­men ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den meş­hur­ly­ga eýe bol­ma­gy, türk­men tür­gen­le­ri­niň spor­tuň bu gör­nü­şin­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri hem aý­dyň gör­kez­ýär.

Medeni-sport çäreleri

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Her ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýän Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mä­ge ba­gyş­la­nan dür­li me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler top­lum­la­ry iş­jeň gu­ral­ýar.

Ser­het­siz fut­bol

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Gü­lüs­tan şä­he­rin­de 2024-nji ýy­lyň 23 — 30-njy mar­ty ara­ly­gyn­da «Now­ruz — 2024» «Ser­het­siz fut­bol» di­ýen at bi­len Hal­ka­ra ça­ga­lar-ýet­gin­jek­ler ýa­ry­şy ge­çi­ril­di.

Sport —bagt­ly gel­jek

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­rap Ge­ňe­şi we beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de et­ra­byň 10-njy or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­ni my­na­syp gar­şy­la­mak we ýaş­la­ry spor­ta çek­mek mak­sa­dy bi­len, «Sport — bagt­ly gel­jek» at­ly wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Bu du­şu­şyk Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň saz­la­şyk­ly ösü­şi, ola­ryň jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­mak­la­ry üçin al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, öň­de goý­lan we­zi­pe­ler, şeý­le-de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len guraldy. Wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gyn­da çy­kyş eden­ler et­ra­by­myz­da sport ul­ga­myn­da yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler dog­ru­syn­da, ýaş­la­ry­my­zy spor­ta gö­nük­dir­mek­de gur­nal­ýan çä­re­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin aý­dyp ber­di­ler. Wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy­nyň ahy­ry

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň dabaralanmasy

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreler welaýatymyzyň çäklerinde hem şatlyk-şowhuna beslenip, belent ruhda bellenip geçildi. Şol gün ir bilen welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bilim, sport ulgamynyň işgärleriniň we ýaşlaryň gatnaşmaklarynda welaýat merkeziniň gözel künjekleriniň biri bolan «Magtymguly» meýdançasynyň öňünden welosipedli ýörişe badalga berildi.

Şu gün – Bütindünýä saglyk güni

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Aprel aýynyň ilkinji günlerinden uly ruhubelentlige beslenen Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalara, taryhy senelere beslenýän günlerinde bu ajaýyp baýramçylygyň şanyna tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda dürli sport çäreleri, aýdym-sazly dabaralar guraldy. Sagdyn durmuş ýörelgesini, dostlugy hem-de gözelligi dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzyň çar künjeginde geçirilýän dabaralaryň dowamynda dürli ýaryşlar geçildi. Bu gün hormatly Prezidentimiziň ajaýyp baýramçylyk mynasybetli iberen Gutlagyndan ruhlanan ildeşlerimiz sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär.

Ýaşlar – Watanyň buýsanjy

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany üns merkezinde saklap, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary, döwrüň talaplaryna laýyk zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýaşlar baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Şonuň esasynda hem ýaşlar özleriniň zähmet çekýän ugurlarynda erjellik bilen işläp, uly üstünliklere ýetýärler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň 2023-nji ýylda ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär. Baý many-mazmunly bu kitap geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretdi, her birimiziň işimiz üçin gymmatly gollanma boldy.