"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Ata kesbinden kemal tapan

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyla uly buýsanç bilen gadam basylmagynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň halkymyza gowuşmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly wakasy bolup dabaralandy. Bu ajaýyp eserde geçen ýylda beýleki ugurlar bilen birlikde, ýaşlarymyzyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleri hakynda hem jikme-jik beýan edilip, 2023-nji ýylda halkara ýaryşlarynda Watanymyzyň sport abraýyny belende göteren türgenleriň atlarynyň getirilmeginiň olarda we olaryň halypalarynda egsilmez hoşallyk hem-de buýsanç duýgularyny döredendigini aýratyn bellemek gerek. Arkadagly Gahryman

Sport mekdeplerinde

Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Daşoguz şäheriniň 5-nji sport mekdebinde ýaş zehinleri saýlap-seçip almakda we güýçli türgenleri ýüze çykarmakda, ýöriteleşdirilen şertlerde taýýarlamakda hem-de halkara derejeli ussatlyga çenli ösdürmekde meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Mekdepde futzal, futbol, basketbol, boks, kýokuşinkaý karate, adaty karate, grek-rim göreşi, ýeňil atletika, kikboksing we taýboks boýunça 900-e golaý türgen bilen 30-a golaý tälimçi-mugallym türgenleşik geçýär. Ýaş türgenler hem-de ussat tälimçiler sport görnüşleri boýunça türgenleşip, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň çäginde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, dürli derejeli medallara mynasyp bolýarlar. Olardan Eldar Taganow, Aýşat Hojageldiýewa, Öwez Guwanjow we Nabat Kakaýewa ýaly türgenleri agzamak bolar. Şeýle-de, mekdebimiziň tejribeli tälimçi-mugallymlaryndan karate boýunça Saparmyrat Hojageldiýew, boks boýunça Dädebaý Geldinazarow, kýokuşinkaý karate boýunça Gurbanmyrat Saparmyradow, ýeňil atletika boýunça Orazbibi Nazarowa, şeýle hem awtosport boýunça mekdebiň instruktor-usulyýetçisi Didar Orazmedow birnäçe ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdiler. Olaryň geljekde hem sport üstünlikleri bilen begendirjekdiklerine ynanýarys.

Balkan pälwanyň Mara gidişi

(«Pälwanlaryň durmuşy» ýazgylar toplumyndan) Balkan pälwanyň adynyň ulus-ile ýaýran döwründe Mary ilinden oňa bir pälwandan çakylyk gelýär. Onda «Dogar aýyň pylançasyna obamyzda toý bolýar, bilegiň güýçli bolsa gel, güýç synanyşaly» diýlip ýazylypdyr.

Futbol täzelikleri

«Arkadag» futbol kluby Demirgazyk Makedoniýanyň iň atly toparlarynyň birini – «Wardar» klubyny ýeňlişe sezewar etdi. Klublaryň Antalýa şäherinde geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde guralan duşuşyk «Arkadag» toparynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

Türkmenistanyň çempionaty

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 8, 10 we 12 ýaşa çenli ýaş derejelerinde 310 türgeniň gatnaşmagynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryşlar küştüň nusgawy, rapid we blis görnüşlerinden geçirildi. 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Çaryhekim Çaryýew (Aşgabat) 1 altyn, 2 kümüş, Halilmuhammet Çaryýew (Aşgabat)

Takylatdy – gadymy oýun

Türkmen halky milli-ruhy gymmatlyklaryny asyrlaryň dowamynda baýlaşdyryp, has-da kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiripdir. Uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan milli oýunlar hem baý mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Häzirki döwürde milli oýunlaryň ähmiýeti giňden wagyz edilip, jemgyýetimizde has-da ýaýbaňlanmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegine, aň-düşünjeli, kämil bolup ýetişmegine uly täsirini ýetirýän türkmen milli oýunlarynyň çagalar tarapyndan söýlüp oýnalýandygyny bellemek gerek. Olar häzirki döwürde hem toý-baýramlarymyzyň bezegi bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy netijesinde täze röwüşde ösdürilýär.

Ökdeler öňe saýlandy

Sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň jemgyýetiň abadançylygynda hem-de döwletiň pajarlap ösüşinde juda uly orny bar. Munuň özi tutuş dünýäde tejribe arkaly, ýagny iş ýüzünde ykrar edilen misilsiz hakykatdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hem köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi röwşen ertirimiziň hakyky eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrümiziň beden, ruhy, aň-paýhas taýdan kämil raýatlary bolup ýetişmekleri üçin hemme şert-mümkinçilikler döredilýär. Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen adam hem-de onuň saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Şu günler Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde guramagynda eziz Diýarymyzda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Spartakiada dowam edýär. Ýakynda bu umumymilli oýunlaryň çäklerinde Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça ýaryş geçirildi. Oňa welaýatyň ähli etr

Taryhda şu gün

2006-njy ýylyň 10-njy fewralynda Italiýanyň Turin şäherinde ХХ gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Oýunlarda döwletleriň 80-sine wekilçilik eden türgenleriň 2663-siniň bäsleşendiklerini bellemek gerek. Türgenler sportuň 15 görnüşinde medal sanawynyň 84-si ugrunda göreş alyp bardylar. Oýunlaryň Albaniýanyň, Madagaskaryň hem-de Efiopiýanyň ýygyndy toparlarynyň ilkinji çykyşyny özünde jemländigi hem bellenilmäge mynasypdyr.

Welaýatlardan habarlar

Sport, köpçülikleýin bedenterbiýe, sagdyn durmuş ýörelgeleri häzirki döwürde tutuş jemgyýetimizi gurşap alyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda hem sporty, bedenterbiýäni, sagdyn durmuş kadalaryny wagyz edýän maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli guralýar. Olarda ähli ösüşleriň özeniniň saglykdadygy, sagdyn durmuşdadygy öňe sürlüp, sporty hemişelik hemra edinmegiň ömrüň gözelliginiň gözbaşydygy ündelýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, şeýle hem harby gullukçylaryň arasynda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak maksady bilen guralýan ýaryşlarda harby gullukçylarymyz öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözleri şeýle çärelere gatnaşýanlaryň dilleriniň senasyna öwrülýär.

Körpe düzzümçileriň ýaryşynda

Ýakynda düzzüm boýunça 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Türkmenabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Oňa sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan çagalaryň 25-e golaýy gatnaşdy. Welaýat merkezindäki 13-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşda Türkmenabat şäherindäki 9-njy, 26-njy we 34-nji orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylar ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Ýetginjek pälwanlar ýaryşdylar

Etrabymyzdaky 3-nji sport mekdebinde 2006 — 2008-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda sambo boýunça ýaryş guraldy. Etrabyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen tutluşyklara ýaş türgenleriň 80-e golaýy gatnaşyp, agram derejeleriniň 7-si boýunça öz aralarynda güýç synanyşdy. Ýaryşyň netijeleri boýunça Mekan Hudaýberdiýew 58, Atamyrat Guwanjow 64, Hemra Allamyradow 71, Ýusup Mamedow 79, Jemşit Kulanow 88, Annamyrat Derýakulyýew 98 kilograma çenli agram derejeleri boýunça we Babageldi Ýazhanow 98 kilogramdan ýokary agram derejede birinjilige mynasyp boldular. Eminler etrabyň 25-nji we 13-nji orta mekdepleriniň okuwçylarynyň ýaryşa taýýarlygyna ýokary baha berdiler. Ýeňijileri etrap birleşmämiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.

Şaşka ýaryşy geçirildi

Kaka etrabyndaky 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde şaşka ýaryşy geçirildi. Etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda bolan ýaryşa bilim ulgamynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanyp geçirilen bu ýaryşa gatnaşan bilim işgärleri özleriniň başarnygyny görkezdiler. Gyzykly duşuşyklaryň netijesinde etrapdaky 1-nji orta mekdebiň zenan mugallymlary toparlaýyn ýeňiji boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sport. Sport. Sport.

Ezberler öňe saýlandylar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedenterbiýe we sporty ösdürmek, ýaşlary sporta çekmek maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýar we ýaş türgenleriň arasynda dürli ýaryşlar geçirilýär. Golaýda şeýle maksat bilen welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda Wekilbazar etrabyndaky sport mekdebinde sportuň grek-rim görnüşi boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda 2007-2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda ýaryş geçirildi. Ýaryşa şäherimizdäki 1-nji, 2-nji, 4-nji, 6-njy, 8-nji sport mekdepleriniň, Wekilbazar, Sakarçäge, Mary etraplarynyň we Baýramaly şäheriniň ezber türgenleri gatnaşdylar.

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 2 aý­lyk ara­kes­me ta­mam­lan­ýar

Fut­bo­lyň iň eý gö­rül­ýän klub ýa­ry­şy UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 2 aý­lyk ara­kes­me ta­mam­lan­ýar. Gel­jek hep­dä­niň si­şen­be we çar­şen­be gün­le­rin­de ýa­ry­şyň 1/8 fi­na­ly­nyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry­nyň 4-si ge­çi­ri­ler. Ga­lan 4 du­şu­şyk bol­sa soň­ky hep­dä­niň si­şen­be we çar­şen­be gün­le­ri oý­na­lar. Du­şu­şyk­la­ryň äh­li­si-de ýa­ry­gi­je­den soň Aş­ga­bat wag­ty bi­len 01:00-da baş­la­nar. 1/8 fi­na­lyň il­kin­ji 2 du­şu­şy­gy 13-nji few­ral­da, si­şen­be gü­ni ge­çi­ri­ler. Şol gi­je «Ko­pen­ga­gen» bi­len «Man­çes­ter Si­ti» hem-de «Le­ip­sig» bi­len «Re­al Mad­rid» klub­la­ry du­şu­şar­lar. «Ko­pen­ga­gen» bi­len «Man­çes­ter Si­ti» to­par­la­ry 5-nji ge­zek öza­ra du­şu­şar. Öň­ki 4 du­şu­şy­gyň 2-sin­de «Man­çes­ter Si­ti» Ang­li­ýa­da 2-1 we 5-0 ha­sap­lar bi­len ýeň­se-de, ola­ra Da­ni­ýa­da ýe­ňiş ga­zan­mak ba­şart­man­dy (2-2, 0-0).

Dün­ýä Ku­bo­gy 2026-nyň açy­lyş hem-de fi­nal du­şu­şyk­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek sta­di­on­la­ry mä­lim edil­di

Ýe­ne-de 2,5 ýyl­dan gu­ral­jak 23-nji FI­FA Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň açy­lyş hem-de fi­nal du­şu­şyk­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek sta­di­on­la­ry mä­lim edil­di.

Nigeriýa 4-nji, Kot-d’Iwuar 3-nji çempionlygyna ymtylýar

34-nji Af­ri­ka Mil­let­ler Ku­bo­gy ýekşenbe günki fi­nal du­şu­şy­gy bi­len ta­mam­la­nar. Fi­nal­da yk­ly­myň 2 güýç­li ýy­gyn­dy­la­ryn­dan Ni­ge­ri­ýa­nyň hem-de ýer eýe­le­ri Kot-d’Iwua­ryň ýy­gyn­dy­la­ry du­şu­şar­lar. Çär­ýek fi­nal­da Ni­ge­ri­ýa Ade­mo­lu Luk­ma­nyň 41-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len An­go­la­ny 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Kon­go DR-niň ýy­gyn­dy­sy­na Gwi­ne­ýa­ny ýeň­mek kyn düş­me­di. Gwi­ne­ýa Ba­ýo­nyň go­ly bi­len öňe geç­se-de, kon­go­ly­lar Mbem­ba­nyň, Wis­sa­nyň hem-de Ma­sua­ku­nyň ta­pa­wut­lan­ma­gyn­da 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­di.

Italiýada «Inter» arany açýar

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da tap­gy­ryň mer­ke­zi du­şu­şy­gyn­da – Ita­li­ýa der­bi­sin­de «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «Ýu­wen­tus» bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «In­ter» 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. 17 oýun­dan soň utu­lan «Ýu­wen­tu­syň» der­we­ze­sin­den ýe­ke-täk go­ly 37-nji minutda tu­rin­li­le­riň go­rag­çy­sy Gat­ti ýal­ňyş­lyk bi­len ge­çir­di. «Mi­lan» myh­man­çy­lyk­da «Fro­zi­no­ne­ni» Ži­ru, Gab­bia hem-de Ýo­wi­çiň gol­la­ry bi­len 3–2 ha­sa­byn­da ut­dy. Soň­ky çem­pi­on «Na­po­li» öz meý­dan­ça­syn­da «We­ro­na­ny» gar­şy­da­şy­nyň öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, Ngong hem-de Kwa­res­he­li­ýa­nyň gol­la­ry esa­syn­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. Mou­ri­nio­ny we­zi­pe­sin­den bo­şa­dan «Ro­ma» tä­ze tä­lim­çi­si­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da 3-nji du­şu­şy­gyn­da hem ýe­ňiş ga­zan­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. De Ke­te­la­re­niň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da «Ata­lan­ta» «La­sio­ny» 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­di.

«Pre­mi­er Li­ga­da» ta­ry­hy re­kord

Ang­li­ýa­nyň «Pre­mi­er Li­ga­syn­da» 23-nji tap­gy­ryň iň soň­ky oý­nun­da «Man­çes­ter Si­ti­» myh­man­çy­lyk­da Fil Fo­de­niň het-tri­gi bi­len «Brent­for­dy» 3–1 ha­sa­byn­da utdy. Bu du­şu­şyk­da ge­çi­ri­len 4 gol­dan soň çem­pio­nat­da ta­ry­hy re­kord go­ýul­dy. «Pre­mi­er Li­ga­nyň» 23-nji tap­gy­ryn­da oý­na­lan 10 du­şu­şyk­da je­mi 45 gol ge­çi­ril­di. Bu gör­ke­zi­ji bol­sa 1995/96 möw­sü­min­den bä­ri 20 klu­buň çy­kyş ed­ýän döw­rün­de 1 tap­gyr­da ge­çi­ri­len iň köp gol bol­dy. Mun­dan ozal­ky re­kord 44 gol bo­lup, 2020/21 möw­sü­mi­niň 2-nji tap­gy­ryn­da hem-de ge­çen möw­sü­miň 34-nji tap­gy­ryn­da bu gör­ke­zi­ji ha­sa­ba al­nyp­dy. 23-nji tap­gy­ryň iň köp gol­ly oý­ny «Nýu­kasl»—«Lu­ton Tawn» du­şu­şy­gy bo­lup, klub­la­ryň her­si 4 go­ly der­we­zä gi­riz­di. Bu tap­gyr­da di­ňe 2 klu­ba gol ge­çirt­mek ba­şart­ma­dy.

Günorta Koreýanyň 64, Eýranyň 48 ýyllyk çempionlyk arzuwy indiki ýaryşa galdy

Al Raý­ýan şä­he­rin­dä­ki «Ah­mad bin Ali» sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len ýa­rym fi­na­lyň 1-nji du­şu­şy­gyn­da ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je ha­sa­ba alyn­dy. FI­FA-nyň reý­tin­gin­de 87-nji orun­da bar­ýan Ior­da­ni­ýa 23-nji bas­gan­çak­da­ky Gü­nor­ta Ko­re­ýa­ny ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Ne­ti­je­de, ko­reý­le­riň 64 ýyl­lyk çem­pi­on­lyk ar­zu­wy ýe­ne-de in­di­ki ýa­ry­şa gal­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da Ior­da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Gol­la­ry 53-nji mi­nut­da Ýa­zan Al-Nai­mat hem-de 66-njy mi­nut­da Mou­sa Su­lai­man Al-Taa­ma­ri ge­çir­di. Mun­dan öň­ki 2 tap­gyr­da soň­ky mi­nut­lar­da ha­sa­by deň­läp, soň­lu­gy bi­len, ýe­ňiş ga­za­nan ko­reý­le­re bu du­şu­şyk­da şol sta­tis­ti­ka­sy­ny gaý­ta­la­mak ba­şart­ma­dy. Ior­da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek üs­tün çyk­dy. Mun­dan öň­ki 6 oý­nuň 3-sin­de ko­reý­ler ýe­ňiş ga­za­nyp, 3-sin­de-de du­şu­şyk deň­lik­de ta­mam­la­nyp­dy. Şun­luk­da, 2004-nji ýyl­dan bä­ri gat­na­şyp gel­ýän Ior­da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 5-nji sa­par çy­kyş ed­ýän ýa­ry­

Ber­di­ýew «Di­na­mo Ma­haç­ka­la» to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­li­gi­ni taş­la­dy

Rus­si­ýa­nyň 2-nji li­ga­sy bo­lan «Per­wa­ýa Li­ga­nyň» li­de­ri «Di­na­mo Ma­haç­ka­la» to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si, il­de­şi­miz Gur­ban Ber­di­ýew we­zi­pe­si­ni taş­la­dy. Bu ba­ra­da klu­buň res­mi saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär. Şert­na­ma tä­lim­çi­niň is­le­gi bo­ýun­ça ýa­ty­ryl­dy. Hä­zir­ki wagt­da «Di­na­mo Ma­haç­ka­la» Rus­si­ýa­nyň 2-nji li­ga­syn­da 20 oýun­dan soň 37 utuk bi­len 1-nji orun­da bar­ýar. Klub 2-nji ýer­dä­ki «Him­ki­den» 1 utuk öň­de bo­lup, «Di­na­mo» to­pa­ry Ber­di­ýe­wiň tä­lim­çi­li­gin­de 20 oýun­da 11 ýe­ňiş ga­zan­dy. 5 ge­zek hem utu­lan to­par 4 du­şu­şyk­da-da deň­me-deň oý­na­dy.