"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany

Ruhubelentlige beslenen dabaralar Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde aprel aýynyň ilkinji günlerinden giňden ýaýbaňlandyrylan Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Güneşli Diýarymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygy hakyndaky hakykat Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen medeni-sport,wagyz-nesihat çäreleriň, dabaralaryň mazmunynda we gyzgalaňly geçen sport ýaryşlarda aýdyň şöhlelendi.

Harby talyplaryň täze ýeňişleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» uly üstünliklere ýetilýär. Has takygy, ýaňy-ýakynda sportuň Hapkido görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty geçirildi. TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary hem bu ýaryşa gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde harby talyplar Musageldi Atamyradow, Maksat Orazow, Eziz Ýaýlymow, Şatlyk Nurymow, Mämmet Altyýew, Çerkez Çerkezow degişli agramlarda 1-nji orny eýelemegi başardylar. Harby talyplar Akmuhammet Mämmetmyradow, Perman Döwletmyradow, Myrat Myradow 2-nji, Nowruz Kakajanow, Durmuş Berdimyradow, Arslan Babanazarow, Allanazar Gurtgeldiýew, Guwanç Abdyrasulow 3-nji baýrakly orunlary eýelediler. Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Hormat hatlary, medallar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sport — bagtyýarlyk

Sport — bu sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň we gözelligiň çeşmesidir. Çünki sport işjeňligini durmuş ýörelgesine öwren ynsanlaryň ukusynyň rahat, iýmit siňdiriş ulgamynyň we saglygynyň kadaly bolýandygy ylymda hem-de tejribede subut edildi. Sport bilen meşgullanýan, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirýän ynsanyň durmuşynda ruhubelentlik, zähmetinde işjeňlik, netijelilik aýdyň duýulýar. Sport işjeňligi durmuşda duş gelýän köp sanly ruhy we fiziki dartgynlylyklary aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge kömek edýär. Şeýle hem bedenterbiýe maşklary adamyň myşsalaryny ösdürýär, gan aýlanyş ulgamynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Bedeniň immun ulgamyna, saglyk ýagdaýyna oňyn täsir edýär.

7-nji aprel — Bütindünýä saglyk güni

Ynsanyň baş baýlygy Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, dikeltmek hem bejermek ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik işler giň gerimde alnyp barylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk edaralary gurlup, ulanylmaga berilýär, öňden bar bolan saglyk merkezleridir öýleriniň durky täzelenip, döwrebaplaşdyrylýar. Olar ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Şeýle tutumly işleriň amala aşyrylmagy saglyk ulgamynda zähmet çekýän ak ýektaýly lukmanlarymyzy has-da begendirýär.

Jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan sene

7-nji aprel — Bütindünýä saglyk güni Ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýan, raýatlaryň saglygyny goramakda we berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap almagyny gazanmakda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýän berkarar döwletimizde her bir baýramçylyk giň gerimli, şatlyk-şowhunly çärelere beslenip, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň güwäsi bolup dabaralanýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde bellenip geçilýän Bütindünýä saglyk gününiň şol toý-baýramlaryň içinde aýratyn many-mazmuna eýedigini bellemek ýakymlydyr. Sebäbi bu baýram dünýädäki her bir adam üçin ähli döwürlerde hem iň gymmatly zat bolan saglygyň sarpasynyň has-da belende göterilýän senesidir.

Ýer eýeleri ýeňiş gazandylar

Futbol Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň oýunlary geçirilip, olaryň ählisinde hem ýer eýeleri ýeňiş gazanmagy başardylar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi

Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny berkitmek, sporta bolan söýgini artdyrmak we köpçülikleýin sporty ösdürmek maksady bilen her ýylda geçirilýän «Türkmenistan ‒ ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlaryna «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we  talyp ýaşlary uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar. 3-nji aprelde Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň sport zalynda we sport meýdançasynda geçirilen sport ýaryşlary hem sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň barha giň gerime eýe bolýandygyna hem-de ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Täze sahypany açan ýeňiş

Dzýudonyň Köýtendag mekdebiniň uçurymy, 19 ýaşly talyp türgen Maýsa Perdäýewa sportuň bu görnüşi boýunça ýurdumyzyň taryhyna täze sahypany ýazdy. Ol türkmenistanly zenan türgenleriň arasynda ilkinji bolup Uly tuwulga ýaryşynda medal gazanmagyň hötdesinden geldi. Şeýlelikde, Maýsa öz etrapdaşy, türkmen sportunyň taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyran Gülbadam Babamyradowanyň ozalky üstünligini iki basgançak ýokarlandyryp, bu ýaryşlarda medal gazanan ilkinji türkmenistanly zenan türgen bolmagy başardy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgeniniň üstünliginiň uludygyna göz ýetirmek üçin sambo boýunça dünýä çempiony Gülbadam Babamyradowanyň dzýudo sportundaky iň uly ýeňşine nazar aýlamak gerek. Ol mundan 10 ýyl ozal — 2014-nji ýylda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Uly tuwulga ýaryşynda ilkinji bäşlige girmegi başarypdy. Şondan öň we soň tä Maýsa Perdäýewa çenli hiç bir zenan türgenimize dünýäniň iň güýçli dzýudoçylaryny özünde jemleýän tapgyrlaýyn ýaryşda hormat münberine beýle ýakynlaşmak başartmandy. Uzak garaşdyran medalyň sähedi üstümizdäki ýylyň baharyna bellenen eken: Maýsa Perdäýewa ýakynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen bu ýaryşda 57 kilograma çenli agram derejesinde güýç s

Sagdyn durmuş ýörelgesi rowaçlanýar

Pähimdar pederlerimiz ir döwürlerde hem sagdyn durmuş ýörelgesine uly üns beripdirler. Bu babatda halkymyzyň arasynda mäkäm orun alan sport oýunlaryny görkezmek bolar. Şeýle milli oýunlaryň hatarynda at çapmak, göreş tutmak ýaly görnüşleri görkezmek bolar. Bu oýunlar ir döwürlerden hem toý-baýramlaryň bezegi bolupdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde hem sport toýlaryň bezegi, dabaralaryň öwüşgini bolup durýar. Ynha, 7-nji aprelde belleniljek Bütindünýä saglyk gününde hem sport oýunlaryna aýratyn üns berler. Häzirki döwürde bu baýramçylyk jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde hem-de ösdürmekde, saglygy goraýyş we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda täze mazmunly ýörelgeler bilen rowaçlanýar. Şu mynasybetli häzirki günlerde dürli çäreler işjeň alnyp barylýar. Aprel aýynyň 1-ine institutymyzda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň guramagynda «Sagdynlyk we ruhubelentlik — döwrüň şygary, äleme nusgadyr dana Pyragy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şeýle hem şol gün ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyzyň ýokary okuw mekde

Türkmenistanda «Amul ― Hazar 2024» halkara awtoralli ýaryşyny geçirmek meýilleşdirilýär

Şu ýylyň 9 ― 15-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanda «Amul ― Hazar 2024» halkara ralli-reýdini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde teklip berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda geçirilen iri halkara ýaryşlaryň tejribesinden ugur alyp, bu halkara ýaryşy ýurtda geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 21-nji martda çykaran Karary bilen «Amul ― Hazar 2024» halkara awtoralli ýaryşyny geçirmek baradaky Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Ruhubelentligiň ýoly

Parahatçylygyň we raýdaşlygyň ilçisi hasaplanýan sport halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde we häzirki döwürde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde halkara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup hyzmat edýär. Sportuň dünýä ýüzünde giň meşhurlyk gazanandygy üçin bu gün sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň sany barha artýar. Döwletimiziň sport ulgamynda Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi ýaly iri sport guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi, 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy ýurdumyzda sporta ýokary derejede üns berilýändiginiň subutnamasydyr. Diýarymyzda sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap sport desgalary, stadionlar, sport merkezleri, türgenleşik zallary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda dürli görnüşli sport çäreleriniňdir bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi, ýaş türgenlerimiziň halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy döwletimiziň sport abraýyny artdyrýar. Professional sport bilen bir hatarda, ähli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi d

Ýaryş iki welaýatyň wekillerini jemledi

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäheriniň 3-nji sport mekdebinde kýokşinkaý karate boýunça welaýatyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Kerki etrabyndan we Mary welaýatyndan türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen tutluşyklaryň netijesinde Kerki etrabynyň türgenleri toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. Şeýle hem Türkmenabat şäheriniň topary ikinji, Mary welaýatynyň türgenleri bolsa üçünji orunlaryň eýeleri boldular.

70 türgenden 51 ýeňiş

Saýat etrabynda adaty karate boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen welaýatymyzyň birinjiligi Türkmenabat şäherinden we etraplarymyzdan sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň 100-den gowragyny özünde jemledi. Şolaryň 70-si biziň sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Röwşen Hudaýbergenowyň şägirtleridir. Ýaryş 6 ýaşdan başlap, 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda adaty karateniň kata, kumite görnüşleri we şahsy tutluşyklar boýunça geçirildi.

Milli oýunlaryň ezberleri

Takylatdy milli oýnumyz boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda ikinji orna mynasyp bolan ezber türgen Niginabanu Çaryýewa düzzüm boýunça 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Türkmenabat şäheriniň birinjiliginde hem öňdeligi hiç bir garşydaşyna gidirmedi. Welaýat merkezinden 28 türgeni özünde jemlän ýaryşda gyzlaryň arasynda ikinji orny Dilnaza Jumanyýazowa, üçünji orny bolsa Selbi Maşaripowa eýeledi. Ýeňiji gyzlaryň üçüsi hem Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň okuwçysy, welaýat merkezindäki 13-nji sport mekdebiň türgenidir. Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda çempion gyzlar bilen bir mekdepde okaýan türgenler Amir Öwezow bilen Sanjar Öwezow birinji we ikinji orunlary paýlaşdylar. Üçünji orny bolsa Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Alibek Ulugbekow eýeledi.

Mugallymlar ýaryşdylar

Saýat etrabyndaky orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşy etrap bilim bölümi «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi bilen bilelikde gurady. Etrabymyzdaky 2-nji orta mekdebiň sport zalynda geçirilen ýaryşa mekdepleriň toparlary gatnaşdylar.

Şygryýet bäsleşigi geçirildi

Welaýat çagalar kitaphanasy welaýat baş bilim müdirligi bilen bilelikde Türkmenabat şäheriniň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly Pyragy — söz şalygynyň soltany» atly şygryýet bäsleşigi geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen bäsleşige çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigine welaýat merkezinden mekdep okuwçylarynyň 30-sy gatnaşmaga isleg bildirdi. Bäsleşigiň başlangyç tapgyrynda olaryň döreden goşgulary toplanyp alnyp, eminler tarapyndan seljerildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen esasy tapgyrynda bolsa okuwçylar eminleriň beren ýumuşlaryny ýerine ýetirip, gysga wagtyň içinde şygyr setirlerini döretmek başarnygyny görkezdiler.

Spartakiadadan ýeňiş bilen

Şu günler «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» diýen at bilen ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda dowam edýän XIII spartakiadada welaýatymyzyň türgenleri üstünlikli çykyş edýärler. Spartakiadanyň çäklerinde woleýbol boýunça geçirilen ýaryşyň netijeleri boýunça welaýatymyzyň okuwçy oglanlary birinjiligi gazandylar. Toparyň düzüminde Türkmenabat şäherindäki 21, 28, 33-nji orta mekdepleriň we Çärjew etrabyndaky 31, 49-njy orta mekdepleriň okuwçylary çykyş etdiler. Welaýatymyzyň gyzlar topary bolsa ýaryşda üçünji orna mynasyp boldy. Toparyň düzüminde saýatly mekdep okuwçylary çykyş edip, olary ýaryşa Geldimyrat Halamow we Remezan Öwezow taýýarladylar.

Ökdeler öňe saýlandy

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesi bilen etrapdaky bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda 2009 ― 2011-nji ýylda doglan hem-de ýaryşyň şertlerinde görkezilen agramdaky oglan-gyzlaryň arasynda sportuň Kuraş görnüşi boýunça welaýat birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Etrapdaky 1-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşa oglan-gyzlaryň 250-ä golaýy gatnaşdy. Eminler toparynyň baha bermeginde ýeňijiler yglan edilip, olara TKA-nyň Köýtendag etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ar­ka­dag şä­he­rin­de olim­pia­da ge­çi­ril­di

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 2024-nji ýy­lyň 26-njy mar­tyn­da Arkadag şä­he­rin­de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ma­te­ma­ti­ka der­si bo­ýun­ça hal­ka­ra olim­pia­da ba­dal­ga be­ril­di. Hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka olim­pia­da­sy Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ho­wan­dar­lyk et­me­gin­de gu­ral­dy.

Ösüş­li men­zil­le­re ba­dal­ga

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Hal­ka­ra we Azi­ýa­nyň ten­nis fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny ka­bul et­di