"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Hokkeýçilerimiziň üstünligi buýsandyrýar

Ak mermerli paýtagtymyzda tamamlanan hokkeý boýunça halkara ýaryşy eziz Diýarymyzyň dost-doganlyk mekanyna, sport merkezine öwrülendigi hakdaky hakykaty aýdyňlygy bilen bütin dünýä äşgär etdi. Dünýäniň on ýurdundan güýçli hokkeý toparlarynyň gatnaşmagynda üstünlikli geçen abraýly ýaryşda berkarar Watanymyzyň “Galkan” toparynyň ýeňiji bolmagy buýsanjymyzy has-da goşalandyrdy. Bu üstünlik ýurdumyzda sporta berilýän üns-aladanyň, türgenlerimiz üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikleriň netijesidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň döwrebap derejede ösmegi ugrunda uly aladalar edilýär, iri halkara sport çärelerini geçirmek üçin giň mümkinçiliklerdir amatly şertler döredilýär. Dünýä ölçeglerine laýyklykda bina edilip, ulanylmaga berilýän döwrebap derejedäki sport desgalary bu babatda aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Bu zatlar türgenlerimizi halkara derejedäki ýaryşlara gatnaşmaga we üstünlik gazanmaga ruhlandyrýar.

«Galkan» — hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ýeňijisi

20-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler.

Sportuň gerimli ösdürilýän ýurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda uly işleri alyp barýarys. Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlandy. Biz geljekde hem halkara sport düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk ederis, sportuň dürli görnüşlerini ösdüreris. Hawa, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyza gadam goýan ilkinji minutlarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda aýdan bu paýhasly sözleri sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenlerimizi ruhubelentlige besledi.

Sy­lag­la­nyş da­ba­ra­sy

21-nji ap­rel­de Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ins­ti­tu­tyn­da 15 – 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­ş­da al­tyn me­dal­la­ry eýe­läp, baş baý­ra­ga my­na­syp bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň «Gal­kan» hok­keý to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­le­ri­ni we tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Ola­ra Türk­me­nis­ta­nyň hormatly Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň adyn­dan döw­let sy­lag­la­ry, ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Hok­keý fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň dip­lom­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy. Da­ba­ra­nyň ba­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şda üs­tün­lik­li çy­kyş edip, çem­pi­on bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň «Gal­kan» hok­keý to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri­ne we tä­lim­çi­le­ri­ne ýollan Gut­la­gy okal­dy. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Gut­la­gyny do­wam­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­ladylar.

Ökdeler öňe saýlandy

Golaýda  Saýat etrabyndaky 5-nji sport mekdebinde TDP-niň Saýat etrap komiteti bilen etrabyň  bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda sportuň kiçi futbol, tennis, ylgamak, woleýbol görnüşleri boýunça sport bäsleşigi geçirildi. Ýaş sport söýüjileriň arasynda geçirilen bäsleşik uly ruhubelentlikde geçdi. Ýeňiji bolanlara TDP-nyň etrap komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde tagallalar edýän,  halkymyzyň saglygy hakynda irginsiz aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Daşkentde gazanylan üstünlik

Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça halkara ýaryş geçirildi. Bäsleşikde Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Gazagystandan we Russiýadan toparlar çykyş etdiler. 2010-2011-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň «Batly» topary 1-nji orny eýeledi. Topary bu ýaryşa tälimçi Perhat Podarow taýýarlady.

Baýramçylyk şatlygy

Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda «A» toparçada çykyş eden Türkmenistanyň 8 gezek çempiony «Galkan» toparynyň finalda gazanan üstünligi ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Bu iri sport baýramyna 14-nji aprelde Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum bilen badalga berildi. Ýaryşyň dowamynda tälimçileriň we eminleriň halkara okuw maslahatlary hem geçirildi. Bu ýaryş sportuň bu görnüşiniň ösmegine, dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna uly goşant goşar. Şeýle hem bäsleşik türkmen sportunyň täze derejelere çykýandygynyň, zehinli ýaş türgenleriň kemala gelýändiginiň, ýaşlaryň sport bilen gyzyklanmalarynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň mysalyna öwrüldi.

“Galkan” topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy

20-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, şol toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orunlary eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler. Ilki buzly meýdançada üçünji orun ugrunda Özbegistanyň “Feniks” we Belarusuň “Wolat” toparlary güýç synanyşdylar. Ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyrynda bu toparlaryň ikisi hem diňe bir gezek ýeňlişe sezewar bolupdylar. “Feniks” Türkmenistanyň “Galkan” toparyndan 1:9 (0:3, 0:4, 1:2) hasabynda, “Wolat” bolsa Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» toparyndan 3:6 (1:3, 2:1, 0:2) hasabynda utuldy. Duşuşyk belarusly hokkeýçileriň artykmaçlygynda geçdi. Olar 12:4 (3:1, 6:1, 3:2) hasaby bilen ýeňiş gazanyp, bürünç medala mynasyp boldular.

«Galkan» hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara

21-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Çärä Içeri işler ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň, Milli olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, türgenler, tälimçiler, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orny eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler.

Bedenterbiýe we sport

Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy ýurdumyzda sportuň dünýäde gazanýan üstünlikleriniň we hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň dabaralanýandygynyň ykrarnamasydyr. Şol ýaryşlarda ildeşlerimiz dürli derejedäki baýraklara, şol sanda dürli derejeli medallara mynasyp bolýarlar. Türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleriniň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça geçirýän giň gerimli işleriniň netijesidir. Parahat NAZAROW,

“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan ýurdumyzyň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Çärä Içeri işler ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň, Milli olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, türgenler, tälimçiler, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orny eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler.

“Galkan” topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu iri ýaryşyň geçirilmegi Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň, dünýä bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça yzygiderli amala aşyrylýan strategiýanyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde türkmenistanlylar irki ýaşdan başlap, sportuň tomusky görnüşleri bilen bir hatarda, gyşky görnüşlerini, şol sanda hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşlerini hem üstünlikli özleşdirýärler. Merkezi Aziýa sebitiniň howa aýratynlyklaryna garamazdan, sportuň gyşky görnüşleri ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan birnäçe toparyň gatnaşmagynda geçirilen şu gezekki ýaryş hem munuň aýdyň nyşanydyr. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler.

«Galkan» topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy

20-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu iri ýaryşyň geçirilmegi Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň, dünýä bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça yzygiderli amala aşyrylýan strategiýanyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde türkmenistanlylar irki ýaşdan başlap, sportuň tomusky görnüşleri bilen bir hatarda, gyşky görnüşlerini, şol sanda hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşlerini hem üstünlikli özleşdirýärler. Merkezi Aziýa sebitiniň howa aýratynlyklaryna garamazdan, sportuň gyşky görnüşleri ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan birnäçe toparyň gatnaşmagynda geçirilen şu gezekki ýaryş hem munuň aýdyň nyşanydyr. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler.

Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine

Hormatly «Galkan» hokkeý toparynyň türgenleri we tälimçileri! Sizi paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly birinji orna mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ak şäherimiz Aşgabatdaky nobatdaky sport baýramçylygynyň — hokkeý boýunça halkara ýaryşyň halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmaga, ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleriniň ösdürilmegine, hokkeý boýunça türgenleriň ussatlygyny we tejribelerini artdyrmaga uly goşant bolandygyna berk ynanýaryn.

“Galkan” topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu iri ýaryşyň geçirilmegi Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň, dünýä bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça yzygiderli amala aşyrylýan strategiýanyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde türkmenistanlylar irki ýaşdan başlap, sportuň tomusky görnüşleri bilen bir hatarda, gyşky görnüşlerini, şol sanda hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşlerini hem üstünlikli özleşdirýärler. Merkezi Aziýa sebitiniň howa aýratynlyklaryna garamazdan, sportuň gyşky görnüşleri ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan birnäçe toparyň gatnaşmagynda geçirilen şu gezekki ýaryş hem munuň aýdyň nyşanydyr. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler.

“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan ýurdumyzyň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Çärä Içeri işler ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň, Milli olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, türgenler, tälimçiler, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orny eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler.

Aşgabatdaky hokkeý baýramçylygy: dostluk ruhy we täze ýeňişler

Başlangyçlar hemişe ýakymly, hoşlaşyklar hemişe tolgundyryjy. Biziň kärimiz bolan žurnalistikanyň aýratyn taraplarynyň biri bir ömre şeýle pursatlaryň ençemesini bagyşlaýanlygynda. Her bir iş sapary, şaýat bolnan her bir dabara, birnäçe güne çekýän halkara forumlar, bäsleşikler, sport ýaryşlary we beýlekiler ýakymly başlangyçlar bilen başlanyp, tolgundyryjy hoşlaşyklar bilen jemlenýär. Hokkeý boýunça geçen hepdäniň dowamynda paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryş hem diňe özüm ýa kärdeşlerim üçin däl, oňa şaýat bolan her bir ildeşimiz üçin şeýle duýgulara beslendi. Ýaryşyň türkmen toparynyň ýeňşi bilen tamamlanmagy bolsa bu duýgularyň iň täsirlisidi... Hawa, buzly ýaryş Aşgabatda ýene-de ýürekleri birleşdirdi. Ilki paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasyna, ol ýerden hem Gyşky oýunlar sport toplumyna ýygnanan 10 döwletiň wekilleri buzly oýnuň gyzygyna siňip, asyl-ha, dostlugyň, ruhubelentligiň, tejribe alyşmagyň ýeňiş gazanan halkara ýaryşyna şaýat boldular. Siz gazetimizde yzygiderli ýetirip duran habarlarymyz arkaly ýaryşyň nähili geçendigini bilýänsiňiz. Bu ýazgylarymyz bolsa onuň tolgundyryjy pursatlaryndan kalpda galan ýakymly täsirler esasynda döredi.

Bedew meýdanda belli

Balkanabat şäherindäki Balkan atçylyk sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky ýaryşlary uly ruhubelentlige beslendi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginden gamyşgulak bedewleriň 60-a golaýy gatnaşdy. Gyzykly we täsirli geçen ilkinji çapyşykda üçýaşar bedewler 1200 metr aralykda güýç synanyşdylar. Onda Perhat Allaberdiýewiň hojalygyna degişli Mizan diýen dor ata taý tapylmady. Ol bu aralygy 1 minut 32,5 sekuntda geçmegi başardy. Üçýaşar bedewleriň arasynda geçirilen ikinji çapyşyk hem 1200 metr aralyga guraldy. Janköýerleriň şowhuny astynda geçen bu aýlawda 1 minut 30,7 sekunt netije görkezen Dorsakar pellehana birinji gelmegi başardy. Ol Gurbanmuhammet Germangulyýewiň hojalyk atydyr. Üçünji çapyşyga üçýaşar atlaryň 10-sy gatnaşdy. Onda Arslan Täzäýewiň Aýbike atly aty seýislerdir çapyksuwarlaryň tamasyny ödäp, öňdeligi eýelemegi başardy. Dördünji çapyşyk dört we uluýaşar bedewleriň arasynda geçirilip, ol 1400 metr aralygy öz içine aldy. Çapyşykda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Mazmun diýen aty pellehana 1 minut 50,5 sekuntda ilkinji bolup gelmegi başardy. Bäşinji we altynjy çapyşyklarda, degişlilikde, Seýitguly Tülegenowyň Dagýyldyz, Seýitmuhammet Orazmuhammedowyň Körpe atly bedewl

«Galkan» – hokkeý boýunça halkara ýaryşyň çempiony

Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş türkmen türgenleri üçin diýseň şowly boldy. Ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eden Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen topary ýaryşyň «A» toparçasynda çykyş edip, özüniň toparçalaýyn tapgyrdaky ähli oýunlaryny ýeňiş bilen jemledi. «Galkan» birinji tapgyrda «Bahrain Ice Hockey Club» toparyny 8:1, ikinji tapgyrda «Oman Nationals» klubuny 15:1, üçünji tapgyrda «Ice Box Iran Mall» toparyny 13:1, dördünji tapgyrda bolsa «Feniksi» 9:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Şeýlelikde, «Galkan» 12 utuk bilen «A» toparçada birinji orny eýeläp, ýaryşyň finalynda oýnamaga hukuk gazandy.

«Galkan» — hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ýeňijisi

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharynda, has takygy, 15-20-nji apreli aralygynda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş ýokary derejede üstünliklere beslenip geçirildi. Halkara ýaryş Garaşsyz döwletimiziň sport babatdaky mümkinçiliklerini bu ugurda gazanan nobatdaky üstünligi bilen dünýä ýüzüne ýene-de bir gezek subut etdi. Aziýanyň we Ýewropanyň toparlarynyň onusynyň gatnaşmagynda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» toparynyň ýeňiji bolmagy biziň her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyryp, göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy bölegini düzýän «Galkan» toparynyň hokkeýçileriniň halkara ýaryşa örän netijeli taýýarlyk görmekleriniň netijesinde bu üstünlik 20-nji aprelde final duşuşykda Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň «ADIHIC-Kazan» toparyny 4:2 (1:1, 0:1, 3:0) hasabynda ýeňmek bilen gazanyldy.