Bedenterbiýe we sport
Bu günki gün ýurdumyzyň döwrebap sport mekdeplerinde ýaş türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça tälim alýarlar we dürli ýaryşlara gatnaşyp, barha kämilleşýärler. Ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlary hem ussat tälimçi-mugallymlaryň tälim bermeginde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti giňden wagyz edilýär. Bize ajaýyp zamanada okamaga, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Üzümgül HAJYÝEWA,