Sport — ruhubelentligiň gözbaşy
Ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Raýatlaryň beden taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketine çekmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Esasan hem, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary, saýlap alan sport görnüşi boýunça kämilleşmekleri üçin ähli oňaýly şertler döredilýär. Şol maksat bilen, dynç güni Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň bilim ministrliginiň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişi guraldy. «Bedenterbiýe we sportda Arkadagyň ýoly bilen!» ady bilen geçirilen çäräniň sport bäsleşikleri bilen utgaşmagy bolsa ýaşlaryň ruhubelentlik duýgusyny artdyrdy. Olaryň sportuň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň özboluşly beýanyna öwrüldi.