"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Welosipedli ýöriş — sagdynlygyň gözbaşy

Sport

Gyzykly geçen ýaryş Akdepe etrabyndaky 5-nji sport mekdepde ýetginjek gyzlaryň arasynda woleýbol boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyny wagyz etmek, ýaş türgenleri ýetişdirmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak we sporta höwes döretmek maksady bilen geçirilen ýaryşda bäş topar özara bäsleşdiler. Ýaryşyň netijesine görä, «Diýar» topary birinji, «Güneş» topary ikinji, «Laçyn» topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiş gazanan toparlar Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Welosipediň taryhyndan

Ekologiýa taýdan arassa ulag: taryhy we şu güni

2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji umumy mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi eziz Watanymyzda welosporta berilýän uly ünsüň nobatdaky dabaralanmasy, bu ugurdaky tagallalaryň halkara derejede ykrar edilmegi bolupdy. Her ýylyň 3-nji iýunynda ýurdumyzda welosipedli ýörişleriň guralmagy bolsa bu baýramçylyga aýratyn öwüşgin berýär. Ine, bu gezek hem şeýle boldy... ...Mary şäherinde jemlenen welosiped söýüjileriň 53-si uzak menzili külterlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. 335 kilometrlik ýoluň başlangyjynda dört tapgyrdan ybarat bolan aralygy geçmek üçin Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlaryna hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän welosipedçiler tälimçileriň 7-siniň ýolbaşçylygynda uzak aralyga ýola düşdüler. Netijeli geçirilen türgenleşikler bolsa şonda olaryň pellehana bellenilen möhletde ýetjekdiklerine ynam döredýärdi.

Sport, sagdynlyk, abadançylyk

Ylym dünýäsinde «Welosipedi gaýtadan oýlap tapmak» diýen jümle berk ornaşypdyr. Bu jümle ozaldan hem mälim bolan närsäni täzeçillik ýaly görkezmek isleýänleri ýaňsylamak üçin dörän bolsa-da, welosipediň oýlanyp tapylmagynyň we peýdalanylmagynyň ähmiýetini peseltmän, eýsem, bu ulagyň adamzadyň durmuşynda eýeleýän ornuny görkezýär. Ýönekeýlik, ýeňillik, elýeterlilik welosipedi beýgeldýän aýratynlyklardyr. Çünki hemme beýik we ajaýyp zatlar ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. Ynsan üçin sagdynlygyň iň uly baýlyga, daşky gurşawyň abadançylygynyň bolsa döwrüň iň derwaýys meseleleriniň birine öwrülen zamanasynda welosipediň ähmiýeti has-da artýar. Şonuň üçinem sagdynlygyň we ekologiýa abadançylygyň ulagynyň umumadamzat derejesindäki baýramçylygy — Bütindünýä welosiped güni birnäçe ýyl bäri Ýer ýüzünde giňden bellenilip gelinýär. 2024-nji ýylda bu sene mynasybetli dabaralar ýurdumyzda uly ruhubelentlige beslendi. Paýtagtymyzda şanly sene mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň kerweniniň başyny hut Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çekmegi jemgyýetimiziň sagdynlyk, ruhubelentlik, ekologiýa abadançylygy ýaly gymmatlyklaryň daşynda jebisleşmegini şertlendirdi. Welosipediň oýlanyp tapylyşynyň taryhy barada dürli çeşme

Watanymyzyň halkara sport abraýy pugtalanýar

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi Ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenilen gününde — 1-nji iýunda çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy.

Lebaply welosipedçiler 335 kilometrlik menzili geçdiler

Welaýatymyzdan türgenleriň 11-si öz tälimçisi bilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň paýtagtymyzdan Mara çenli aralykdaky işe girizilen böleginde geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu ýörişiň uzynlygy 335 kilometre ýetdi. Ýörişe 31-nji maýda Mary şäherinden badalga berildi. Oňa ýurdumyzyň Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlaryna hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän türgenleriň 53-si, tälimçileriň 7-si we tehniki işgärleriň 2-si gatnaşdy. Olaryň arasynda biziň welaýatymyzyň wekilleri hem bar.

Sport

Pälwanlar bäsleşdiler Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamyny halkara talaplara laýyk kämilleşdirmäge, sporty ösdürmäge we sagdyn durmuşy wagyz etmäge, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge uly üns berýär.

Türkmen sportuna bagyşlanan dabara

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan eziz Diýarymyzda ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak ynsan saglygy üçin möhüm ähmiýetlidir. Bu babatdan, ýurdumyzda giň möçberli işler alnyp barylýar, halkara talaplara laýyk gelýän milli sport ulgamy döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlarymyz dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar». Bu hakykaty paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde  Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlen çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem doly tassyklaýar. Paýtagtymyz Aşgabatda soňky ýyllarda gurlan Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, «Aşgabat» köpugurly stadiony ýaly iri sport desgalary sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýar.

Şanly senä bagyşlandy

Kaka etrabynyň sport mekdebinde “Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň, abadanlygyň we dostlugyň çeşmesidir” ady bilen geçirilen duşuşyk Bütindünýä welosiped gününe bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilelikde gurady. Wagyz-nesihat duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen sportunyň şan-şöhratynyň arşa göterilýändigi, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sport-sagaldyş hereketiniň ösüşine uly üns gönükdirilýär. Bu ugurdaky tagallalar eziz Diýarymyzyň obalarynda, şäherçedir şäherlerinde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän sport maksatly desgalaryň, olarda ildeşlerimiz üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikleriň mysalynda aýdyň ýüze çykýar.

Bütindünýä welosiped güni

Şu gün Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny ,«Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilen  Kararnama laýyklykda,  Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli  ýurdumyzyň welaýatlarynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde köpçülikleýin sport çäreleri  uly ruhubelentlik bilen, guramaçylykly geçirildi. Welosiped sporty boýunça guralýan ýaryşlar, köpçülikleýin ýörişler, maslahatlar  ekologik taýdan arassa ulag serişdesi bolan welosipediň sagdyn durmuş ýörelgesine laýyk gelýändigini subut edýär. 

Bagtyýar çagalaryň köňül buýsanjy

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň bagt­ly, şa­dy­ýan we sag­dyn gel­je­gi ba­bat­da ägirt uly ta­gal­la­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da gu­ral­ýan, Türk­me­nis­ta­nyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dyr­ýan iri sport çä­re­le­ri, bäs­le­şik­le­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýedir.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 28-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň we Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň uly mej­lis­ler za­lyn­da «Ta­lyp joş­gu­ny — 2024» at­ly dö­re­di­ji­lik fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di.

Ulu­dan toý­lan­ýan sport baý­ra­my

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Sport — yn­san öm­rü­niň mü­di­mi­lik hem­ra­sy. Ta­ryh sahypalary spor­tuň yn­san sag­ly­gy­na peý­da­sy­nyň, yn­sa­nyň spor­ta bo­lan söý­gü­si­niň soň­suz­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär. Sport di­ňe bir sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň göz­ba­şy däl, eý­sem pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem ke­pi­li­dir. XIX asyr­da ýa­şap ge­çen fran­si­ýa­ly jem­gy­ýet­çi­lik iş­gä­ri Pýer de Ku­ber­te­niň spor­ta ba­gyş­la­nan oda­syn­da­ky: «Eý, sport! Sen — pa­ra­hat­çy­lyk!» di­ýen se­tir­le­ri hem sö­zü­mi­ziň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Öň­den gel­ýän baý­ram­çy­lyk­lar bol­sa ge­çen ýyl­ky­lar­dan has-da da­ba­ra­ly­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 3-nji iýun­da bel­len­ilýän Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li we­lo­si­ped ýö­ri­şi­ni gu­ra­mak öz­bo­luş­ly dä­be öw­rül­di. Em­ma bu ýyl bu se­ne di­ňe bir we­lo­si­ped ýö­ri­şi gör­nü­şin­de ge­çi­ril­mek bi­len çäk­len­män, Aş­ga­bat­da­ky Olim­pi­ýa şä­herçesiniň «We­lot­rek» sport top­lu­myn­da 27-nji maý — 3-nji iýun ara­ly­gyn­da «Siz bi­len sport­da ga­dam­lar bat­ly, // Ak gel­je­ge ýö­rel­gä­miz Ar­ka­dag» at­ly we­lot­rek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji­li­gi­niň ge­çi­ril­me­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le-de baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li 31-nji maý — 3-nji iýun ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň we­los­port bo­ýun­ça ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Ma­ry — Te­jen — Aş­ga­bat

Şu gün — Bütindünýä welosiped güni

Sagdynlygyň we ekologiýa abadançylygynyň dabaralanmasy Şu gün welaýatymyzda Bütindünýä welosiped gününiň baýramçylyk dabaralary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Ir bilen welaýat merkeziniň gözel künjeginde ýerleşýän «Magtymguly» meýdançasyndan welosipedli ýörişe badalga berildi. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bilim, sport, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hem-de ýaşlaryň uly ruhubelentlik bilen gatnaşan köpçülikleýin sport çäresi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden dabaralanýandygyny alamatlandyrdy.

Welosipediň taryhy

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 We­lo­si­ped dün­ýä­de eko­lo­gi­ýa taý­dan iň aras­sa, el­ýe­ter­li we yg­ty­bar­ly ula­gyň gör­nü­şi hö­k­mün­de giň­den ula­nyl­ýar. Onuň dö­re­ýiş ta­ry­hy göz­ba­şy­ny ir dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. XVIII çen­li dür­li pi­kir­ler we oý­lap ta­pyş­lar öňe sü­rül­ýär. Kä­bir mag­lu­mat­la­ra gö­rä, we­lo­si­pe­diň kä­bir görnüşlerine Leo­nar­do da Win­çi­niň eser­le­rin­de hem duş gel­mek bol­ýar.

Sport habarlary

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Li­ma şä­he­rin­de (Peru) agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Ýa­ry­şa dün­ýä­niň 50 ýur­dun­dan 280 tür­gen gat­naş­dy. Bu ba­ra­da «Türk­me­nis­tan» ga­ze­tin­de ha­bar be­ril­di. Ýa­ryş­da 102 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram­da çy­kyş eden Sü­leý­man Ja­fa­row ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da dün­ýä­niň çem­pio­ny bol­dy. Ze­hin­li tür­gen ştan­ga­ny sil­ter­läp gö­ter­mek­de 143 ki­log­ram agyr­ly­gy bo­ýun eg­di­rip, al­tyn me­dal ga­zan­dy.

Futbol janköýeri

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Maý aýy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­nü­ni dö­re­den­di­gi ba­ra­da­ky ha­bar ýaý­ran wag­ty bu wa­ka­nyň kal­byn­da şat­lyk dö­re­den adam­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da bar­dy­gym üçin ga­la­ma ýa­pyş­man bil­me­dim. Res­mi mag­lu­mat­la­ra sal­gy­lan­saň, dün­ýä ýü­zün­de fut­bol bi­len meş­gul­lan­ýan we oňa to­ma­şa ed­ýän ada­mla­ryň sa­ny 5,5 mil­liard­dan hem geç­ýär. Mu­nuň özi dün­ýä­de her ikin­ji ada­myň bu tä­sin oý­nuň tä­si­ri­ni du­ýup ýa­şa­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Şol tä­sir hak­da gür­rüň et­mek üçin jan­kö­ýer bol­mak ge­rek. Çün­ki jan­kö­ýer di­ňe bir fut­bo­la to­ma­şa edip oňa­n­ok. Ol fut­bol bi­len ýa­şa­ýar. Ony he­mi­şe­lik hem­ra­sy­na öwür­ýär. Diý­mek, söý­ýär. Söý­gi hem hil-hil bol­ýar.

Dä­be öw­rü­len ýö­rel­ge

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy bi­len dö­re­di­len Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni her ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da giň­den bel­le­ni­lýä­r. Sag­dyn­lyk, raý­daş­lyk, dost­luk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­lyk ýa­ly umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­ýän bu hal­ka­ra baý­ram öza­ra yna­nyş­mak we dü­şü­niş­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­gyň ny­şa­ny hök­mün­de spor­ty giň­den wa­gyz et­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.