"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

To­par­la­ryň tä­ze tä­lim­çi­le­ri

Ýew­ro­pa­da 2023/2024 fut­bol möw­sü­mi äh­li ýurt­lar­da ta­mam­la­nyp, hem­mä­niň ün­si ýe­ne-de bir hep­de­den baş­lan­jak EURO 2024-e gö­nük­di­ril­di. 2023/24 möw­sü­mi kä­bir klub­lar üçin şow­ly ta­mam­la­nan bol­sa, el­bet­de, kä­bir klub­lar üçi­nem ju­da şow­suz ýa-da ga­ra­şy­ly­şyn­dan pes geç­di. Möw­sü­mi şow­suz ta­mam­lan klub­la­ryň kä­bir­le­ri bol­sa tä­ze möw­sü­me baş­ga tä­lim­çi bi­len baş­la­ny­ny kem gör­män, öň­ki hü­när­men­le­ri­ni we­zi­pe­den bo­şat­dy we ola­ryň or­nu­na tä­ze­le­ri­ni bel­le­di. Ilki Ang­li­ýadan baş­la­sak, möw­sü­mi 3-nji orun­da ta­mam­lan «Li­wer­pul» to­pa­ry Ýur­gen Klop­puň öz is­le­gi bi­len we­zi­pe­sin­den git­me­gin­den soň, onuň or­nu­na Ar­ne Slo­ty tä­lim­çi­li­ge bel­le­di. «Li­wer­pul­da­ky» 9 ýyl­lyk baş­dan­ge­çir­me­si ta­mam­la­nan Klop­puň or­nu­na bel­lenen 45 ýa­şyn­da­ky Slot

Mbap­pe Mad­rid­de

Soň­ky 4–5 ýyl­dan bä­ri gür­rü­ňi edil­ýän trans­fer, ine, bu gün­ki gün, ahy­ry ha­ky­kat ýü­zün­de öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Her trans­fer möw­sü­min­de äh­li üns­le­ri özün­de jem­län Ki­li­an Mbap­pe – «Re­al Mad­rid» gür­rüň­le­ri res­mi ýag­daý­da ha­ky­ka­ta öw­rül­di. Is­pan to­pa­ry res­mi ýag­daý­da fran­si­ýa­ly ýyl­dy­zy dü­zü­mi­ne go­şan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Mbap­pe özü­niň «Rea­la» trans­fer bol­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly so­si­al me­dia ha­sa­byn­da: — Düýş ha­syl bol­dy. Ça­ga­lyk ar­zu­wym bo­lan «Re­al Mad­ri­de» go­şul­mak me­niň üçin uly ab­raý hem-de be­gen­ji­miň çä­gi ýok. Nä­hi­li de­re­je­de tol­gun­dy­ry­jy ýag­daý­dy­gy­na hiç kim göz ýe­ti­rip bil­mez. Mad­rid­li­ler, si­ziň bi­len du­şuş­ma­ga sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýa­ryn. Aja­ýyp gol­da­wy­ňyz üçin köp sag ­bo­luň! — di­ýip, be­gen­ji­ni paý­laş­dy.

Yz­ly-yzy­na çem­pi­on­lyk ga­za­nan ýe­ke-täk ýy­gyn­dy

2008-nji ýyl­da çem­pio­nat 2-nji ge­zek 2 ýurt­da Awst­ri­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa­da ge­çi­ril­ýär. 16 to­pa­ryň gat­na­şan ýa­ry­şyn­da çär­ýek fi­nal­da Ger­ma­ni­ýa Por­tu­ga­li­ýa­ny (3–2), Tür­ki­ýe Hor­wa­ti­ýa­ny (1–1, 3–1 p), Rus­si­ýa Ni­der­land­la­ry (3–1 g.w.) hem-de Is­pa­ni­ýa Ita­li­ýa­ny (0–0, 4–2 p) ýa­ryş­dan çy­kar­ýar. Ýa­rym fi­nal­da Ger­ma­ni­ýa­ Tür­ki­ýä­ni 3–2, Ni­der­land­lar Rus­si­ýa­ny 3–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­ýär. Fi­nal­da-da Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ger­ma­ni­ýa­ny Fer­nan­do Tor­re­siň 33-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, 44 ýyl­dan soň 2-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­ýar. Çem­pio­nat 2012-nji ýyl­da ýe­ne-de 2 ýurt­da – Pol­şa bi­len Uk­rai­na­da ge­çi­ri­lip, 16 ýy­gyn­dy ýa­ry­şa gat­naş­ýar. Ýer eýe­le­ri­niň 2-si­ne hem to­par­ça­dan çyk­mak ba­şart­ma­ýar. Çär­ýek fi­nal­da Por­tu­ga­li­ýa Çe­hi­ýa­ny Ro­nal­do­nyň go­ly bi­len 1–0, Is­pa­ni­ýa bol­sa Ha­bi Alon­so­nyň gol­la­ry esa­syn­da Fran­si­ýa­ny 2–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­ýär. Ger­ma­ni­ýa Gre­si­ýa­ny 4–2 ýeň­se, Ita­li­ýa pe­nal­ti­le­riň ne­ti­

Çempionyň nobatdaky birinjiligi

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 7-nji ýa­ry­şy Ita­li­ýa­nyň Skar­pe­ria-e-San-Pie­ro se­bi­tin­dä­ki «Mu­gel­lo» tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. 23 aý­law­dan yba­rat ýa­ryş­da soň­ky çem­pi­on Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňiş ga­zan­dy. «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si 40 mi­nut 51,385 se­kunt­da pel­le­ha­na ge­lip, bas­syr 2-nji, möw­süm­dä­ki 4-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bu onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky 22-nji ýeň­şi­dir. Ba­naia sprint ýa­ry­şyn­da-da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Bäs­le­şik­de Ba­naia­dan soň 2-nji ýe­ri onuň to­par­da­şy hem wa­tan­da­şy Enea Bas­tia­ni­ni eýe­le­di. «Ducati Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si, sa­na­wyň li­de­ri Hor­ge Mar­tin 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Şu möw­sü­me ge­çip, özü­ni dür­säp baş­lan dün­ýä­niň 6 ge­zek çem­pio­ny, «Ducati Gre­si­ni Racing» to­pa­ry­nyň is­pan pi­lo­ty Mark Mar­kes ýa­ry­şy 4-nji orun­da ta­mam­la­dy. Ge­çi­ri­len bu ýa­ryş­dan soň Ba­naia sa­na­wyň li­de­ri Mar­tin bi­len ara­syn­da­ky utuk ara­ta­pa­wu­dy­ny azalt­dy. Hor­ge Mar­ti­niň 171, Fran­çes­ko Ba­naia­nyň 153 utu­gy bar. 3-nji bas­gan­çak­da­ky Mark Mar­kes bol­sa 7

Dünýä çempionatyndan dünýä çempionlygy bilen

Ýakynda Indoneziýanyň Jakarta şäherinde kýokuşinkaý karate boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşda türkmenistanly karateçileriň ikisi öz agram derejesinde dünýäniň çempiony bolmagy başaran bolsa, ýene iki türgenimiz hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Çempionat Ýer ýüzüniň 13 döwletinden 340 türgeni özünde jemledi. Şolaryň 8-si türkmen karateçileridir. Ildeşlerimiz erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky ýaryşlaryň hersinden bir altyn medal gazandylar. Erkekleriň arasynda 65 kilograma çenli agram derejesindäki tutluşyklarda üstümizdäki ýylda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan uçurym boljak Daýanç Gylyçdurdyýewe taý tapylmady. 65 kilogramdan ýokary agram derejesinde zenanlaryň arasyndaky ýaryşda Türkmenistanyň Milli kiokuşinkaý karate merkeziniň tälimçi-mugallymy Ogulbagt Gurbanowa hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Ýurdumyzyň sport diplomatiýasy: dostlugyň we agzybirligiň aýdyň ýoly

Arkadagly eýýamymyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýäde sportly mekan hökmünde ykrar edildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen iň kämil mümkinçilikli sport desgalary ýokary derejeli sporty ösdürmäge we dünýä ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilikleri döretdi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dünýädäki sport abraýyna şöhrat getirýän türgenler kemala geldi. 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeläp, gazanan altyn medaly, 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Polina Gurýewanyň agyr atletika boýunça 59 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2-nji orna we kümüş medala mynasyp bolmagy ýurdumyzyň sport taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýeri gelende bellesek, halkara sport çärelerinde Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän türgenleri döwlet derejesinde sylaglamak, olara Şa serpaýlaryny gowşurmak  Arkadagly eýýamymyzda asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowama ö

Welosipedli ýöriş geçirildi

Ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şol gün irden «akylly» şäheriň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we halk köpçüliginiň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş geçirildi. Ir bilen «Akhan» binasynyň ýanynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Soňra şol ýerden badalga alan welosipedli ýöriş kerweni Akhan şaýolunyň ugry bilen şäher häkimliginiň ýanyndaky pellehana çenli dowam etdi. Welosipedli ýöriş oňa gatnaşanlarda uly ruhubelentlik döretdi.

Türkmenistan — sportuň halkara merkezi

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Ajaýyp üstünlikleriň ykrarnamasy

Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň sowatly, ynsanperwer, kämil ahlak gymmatlyklaryna eýe şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin amala aşyrýan işleri, oňyn özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp netijelerini berýär. Bu işler sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolan döwlet Baştutanymyzyň adam saglygy hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitländigini-de alamatlandyrýar. Şonuň netijesinde bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmak ýurdumyzyň raýatlarynyň, esasan-da, ýaş nesliň gündelik durmuş kadasyna öwrüldi. Türkmenistanda sporty ösdürmäge, türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga gönükdirilen işler we ýurdumyzda sportda gazanylan üstünlikler üçin Halkara Tennis federasiýasynyň (HTF) prezidenti jenap Dewid Haggertiniň döwlet Baştutanymyza Halkara Tennis federasiýasynyň güwänamasyny gowşurmagy munuň şeýledigini bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Şonuň bilen birlikde-de, ol ata Watanymyzda «Ruhubelentlik, belent ahlaklylyk, kämil bilim we dury akyl saglykdan gözbaş alýar» diýlen pikire gulluk edilýändigini-de äşgär edýär.

Aşgabat — sportuň şäheri

Şeýle şygar astynda paýtagtymyzdadyr ýurdumyzyň sebitlerinde dürli sport we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär, saglyk bilen bagly wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Şeýle bolansoň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan Türkmenistanda adam saglygy hakdaky aladalar her bir tutumly başlangyçlaryň özenini emele getirýär. Ýakynda Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi-de munuň şeýlediginiň halkara ykrarnamasydyr. 3-nji iýunda bu şanly waka mynasybetli Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly baýramçylyk çäreleri guraldy. Çäräniň çäklerinde basketbol, futzal boýunça ýoldaşlyk duşuşyklary, suwda ýüzmek, tennis, ýaýdan ok atmak, karate, taekwondo, boks, gylyçlaşmak we ýeňil atletika boýunça bäsleşikler geçirildi.

Ildeşimiz dünýäniň çempiony

Türkmen türgenleri ýaz paslynyň soňky günlerini uly ýeňişler bilen jemlediler. Ýagny ýaş agyr atletikaçylarymyz Perunyň paýtagty Lima şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda medallaryň birnäçesine eýe boldular. Ildeşimiz, Türkmenabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Süleýman Jafarow hem dünýäniň 50 döwletinden 280 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen bu ýaryşda ýokary netijäni görkezip, dünýäniň çempiony bolmagy başardy. Süleýmanyň ýeňşi Jafarowlaryň maşgalasynda gazanylan üstünlikleriň ilkinjisi däldir. Çünki ýaş çempionyň kakasy, Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Bahtiýar Jafarow we onuň agasy, Dänew etrabyndaky 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Yhtyýar Jafarow dagy hem indi birnäçe ýyllardan bäri agyr atletika boýunça döwlet we halkara ýaryşlarynda özleriniň ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanyp gelýärler. «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýlişi ýaly, Süleýman olardan ozdy. Ol entek ýetginjekkä dünýä çempiony bolmagy başardy. Bu bolsa çagalykdan kakasynyň ýanynda türgenleşiklere gatnap, kämillik ýolunda badyny birjik-de gowşatmadyk ýaş türgeniň diňe bir güýjüniň däl, eýsem, baryp çagalyk arzuwynyň hem wysal tapmasydyr.

Serhetçi türgenleriň üstünligi

Ýaňy-ýakynda Täjigistan Respublikasynyň Hujant şäherinde Gündogaryň başa-baş söweş sungatlarynyň biri bolan uşu boýunça Merkezi Aziýanyň kubogyny almak ugrunda halkara ýaryşy geçirildi. Oňa Diýarymyzdan wekilçilik eden türgenleriň ençemesiniň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sporta uly üns berilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Türkmen türgenleriniň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary — kapitan Babajan Iwadullaýew 95+ agramda 1-nji, maýor Serdar Jorakulyýew 90 kg agramda 2-nji, TÝG-niň gullukçysy Ysmaýyl Ataýew 70 kg agramda 2-nji orna mynasyp bolmagy ähli watandaşlarymyz bilen bir hatarda ýurt goragçylaryny hem çäksiz begendirdi. Bu üstünlikden ruhlanan türgenler öňdäki halkara ýaryşlaryna ykjam taýýarlyk görýärler.

Başarjaň harby talyplar

Golaýda sportuň hapkido görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda ýaryş guraldy. Bäsleşige TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olardan Abdylla Nurgylyjow, Durmuş Berdimyradow, Musageldi Atamyradow, Ilaman Hapbaýew, Eziz Ýaýlymow degişli agramlarda çykyş edip, 1-nji orny eýelemegi başardylar. Harby talyplar Meýlis Guwanjow, Resul Gurbandurdyýew, Maksat Orazow öz agramlarynda 2-nji orny eýelediler. Yhlas Maksadow, Begnazar Öwlüýagulyýew, Perman Döwletmyradow, Mekan Nowruzow, Myrat Saryýew, Annanyýaz Barlyýew, Saparmyrat Şöhratgeldiýew, Begli Akmuhammedow, Myrat Myradow, Çerkez Çerkezow dagy dürli agramlarda çykyş edip, baýrakly 3-nji orny eýelemegi başardylar. Harby institutymyzyň topary uly ýaşly türgenleriň arasynda toparlaýyn 1-nji orna mynasyp bolup, Hormat hatlary we kubok bilen sylaglandy. Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Hormat hatlary, medallar we kuboklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sagdynlygyň, sportuň we dostlugyň baýramy

3-nji iýunda, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Baýramçylyk mynasybetli guralýan welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeri bolan Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasy Aşgabadyň özboluşly desgalarynyň biridir. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de boldy.

Sporty, sagdynlygy söýýänleriň senesi

Türkmenistan Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň barha rowaçlanýan mekanydygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3-nji iýunynda halkara jemgyýetçilik ýene bir ýola göz ýetirdi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. ªol gün ýurdumyzyň başlangyjy bilen dünýä döwletleriniň senenamasynda hemişelik orun alan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçildi. Ýer ýüzünde sporta, sagdynlyga sarpa goýýan her bir adamyň söýgüli senesine öwrülen Bütindünýä welosiped gününiň çäreleri welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlanan aýdym-sazly medeni-sport çäresi halkara senäniň özboluşly badalgasyna öwrülip, oňa şaýat bolanlaryň kalplarynda ýurdumyza, döwrümize, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerine buýsanç duýgularyny has-da artdyrdy. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlarda hem şol ajaýyplyklaryň waspy belentden ýetirildi. Ýaşajyk türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, joşgun bilen ýerine ýetirilen döwrebap tanslar, sport maşklary baýramçylygyň many-mazmunyny baýlaşdyrdy.

Türkmen sportunyň ynamly gadamy

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün sport döwleti hökmünde uly halkara abraýa eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýokary görkezijili türkmen sportunyň kemala gelmegini gazanmak babatda badalga beren asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketi has-da giň gerime eýe bolup, milli sportumyz ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam urýar. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanylmagy hem hut şu hakykat bilen baglanyşyklydyr. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, hususan-da, ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin hemme şertler bar. Ähli ýerde döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport mekdepleridir desgalary hereket edip, olarda adamlaryň saglygyny berkitmek, şeýle hem ussat türgenleri taýýarlamak boýunça maksada okgunly işler alnyp barylýar. Munuň özi türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegini üpjün edýär. Bu gün olar Watanymyz

Sport syýasatynyň gadamlary

GIŇ GERIME EÝE BOLÝAR Ýurdumyzda ilaty, aýratynam, ýaşlary bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmegiň bähbitli taraplary köp. Ilki bilen-ä, sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşy bolmak bilen, bu ulgamyň ösdürilmegi halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde ähmiýeti örän uludyr. Mundan başga-da, ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygynyň gazanylmagyna-da bähbitli täsirini ýetirýär.

Ýetginjek pälwanlar bäsleşdiler

Ýakynda Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda «Arkadag sahawaty — çagalaryň köňül buýsanjy» atly guşakly göreş boýunça bäsleşik geçirildi. Ony Arkadag şäheriniň bedenterbiýe we sport müdirligi bilen Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilelikde guradylar. 2010 — 2012-nji ýylda doglan okuwçy oglanlar agramlary boýunça öz aralarynda bäsleşdiler.

Welosiped sürmek — sagdyn ýaşaýşa badalga

Dünýä döwletleriniň hem-de halklarynyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşini ýokary derejede üpjün etmek üçin daşky gurşawy goramak, onuň arassalygyny gazanmak gönüden-göni ilkinji zerurlykdyr. Munuň üçin ulaglaryň daşky gurşawa edýän zyýanly täsirini azaltmak hökmanydyr. Şu nukdaýnazardan, dünýäde welosiped sportuny ösdürmek babatdaky tagallalar giň gerime eýe bolýar. Bu ulag iň elýeterli, amatly hem-de ekologiýa taýdan arassa hasaplanylýar. Welosiped sürmek daşky gurşaw üçin zyýansyzdyr. Şonuň üçin bu ulagy has giňden durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, welosiped köpçülikleýin öndürilýär we ulanylýar. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak ynsan saglygyny berkidýär, onuň işe ukyplylygyny artdyrýar, ýürek-damar, gan basyş keselleri, süýjüli-diabet howpunyň hem-de howply täze döreme keselleriniň käbir görnüşleriniň öňüni almakda, aýagyň myşsalarynyň işjeňligini artdyrmakda örän peýdalydyr. Welosiped sürmek ruhuňy göterýär, gözel tebigatyň ajaýyplygyny, owadanlygyny synlamaga, oňa aralaşmaga, daşky dünýäni doly öwrenmäge, gezelenç edýän ýeriň täsinligine göz ýetirmäge şert döredýär. Bu bolsa öz gezeginde adamyň ruhuny göterip, şähdini açýar, fiziki taýdan sagdyn bolmagyny üpjün edýär.

Sport ulgamynda paýtagtymyza berlen belent dereje

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bu bolsa häzirki döwürde ak şäherimiz Aşgabadyň halkara duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi. Bu çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi mähriban halkymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Bütindünýä welosiped gününiň ýokary derejelere beslenip, baýram edilen günlerinde Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu ýerde türkmen türgenlerimiziň döwletimizde hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän ýokary derejeli halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleriniň sergisiniň guralmagy, sergide olaryň abraýly bäsleşiklerde gazanan dürli derejeli baýraklarynyň