"Turkmenistanda Ylym we tehniki" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
Salgysy: Aşgabat şäher, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-30-53

Makalalar

Wagyz-nesihat işleri işjeňlige eýe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady barha pugtalanýar, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalary kabul edilýär. Şonuň bilen baglylykda, ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, kanunçylygy düşündirmek maksady bilen Kaka etrabynyň prokuraturasy tarapyndan etrabyň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şu günlerinde hem ilatyň arasynda geçirýän wagyz-nesihat duşuşyklarymyzyň netijeliligini gazanmakda tagallalarymyzy gaýgyrmaýarys. Şeýle duşuşyklarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere hem ildeşlerimiziň ünsüni çekýäris. Bilşimiz ýaly, bu maslahatda möhüm meselelere garaldy, onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ýolunda möhüm ähmiýeti çözgütler kabul edildi. Bu çözgütler halkymyzy täze belent maksatlara ruhlandyrýar.

Bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoly

Garaşsyz Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara utgaşýar. Ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenmegi we naýbaşy toýumyzyň şanyna ýatda galyjy çäreleriň guralmagy ildeşlerimizde buýsançly duýgulary döretdi. Toý günlerinde döwletimiziň we halkyň öňünde uly abraýa eýe bolan, köpýyllyk ak ýürekli zähmeti üçin hormata mynasyp bolan ildeşlerimiziň uly toparynyň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy, hormatly atlara mynasyp bolmagy şatlykly pursatlaryň üstüni ýetirdi. Watanymyzyň durmuşyndaky şatlykly wakalar ýurt abadançylygynyň, il agzybirliginiň dabaralanmasydyr. Şeýle bagtyýarlyga her birimiz guwanmaga, buýsanmaga haklydyrys. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz — bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris. Agzybirlikde we bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris.

Ýaşulular — paýhas mekdebi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Ýaşuly nesliň gatnaşmagynda bolan duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, oňa gatnaşýan ýaşululary halkara derejesinde giňden bellenilýän ajaýyp sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, olara iň oňat arzuwlaryny beýan etdiler. Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaşuly nesliň wekilleri hakda edýän bimöçber aladalary dogrusynda aýratyn durlup geçildi hem-de munuň üçin ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edildi. Duşuşygyň ahyrynda ýaşuly nesliň wekillerine etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Bäherden etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda “Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirilip, oňa bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeler, umumymilli forumyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti dogrusynda çykyşlar diňlendi. Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna şöhratly sahypa bolup girjek döwletli maslahatda garalan meseleler, kabul edilen çözgütler Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da gülledip ösdürmekde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Aýdym-sazly dabara

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrap merkezindäki «Gökdepe» toý mekanynda «Ýaşuly nesil türkmen ýaşlary üçin mekdepdir» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ýaşuly nesliň wekilleriniň we ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen aýdym-sazly dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdylyp, ýurdumyzda dili senaly ýaşululara, mährem enelere goýulýan çäksiz sarpa, ýaşulularyň jemgyýetdäki orny dogrusynda gürrüň edildi. Dabarany etrabyň medeniýet merkeziniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary bezedi. Joşgunly aýdym-sazlarda, milli öwüşginli halk döredijilik çykyşlarynda aramyzda mekdep bolup ýaşaýan ýaşululardyr mährem eneleriň waspy belentden ýetirildi.

Döwletli maslahat — nurana geljek

Şu günler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Kaka etrabynda wagyz-nesihat çäreleri giň gerime eýe bolýar. Etrapdaky 17-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda “Döwletli maslahat — nurana geljek” ady bilen geçirilen maslahat has-da täsirli boldy. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň wekilleriniň, dili senaly ýaşulularyň çykyşlary uly dykgat bilen diňlendi. Çykyşlarda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňýanynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrülip, naýbaşy baýramymyzyň şanyna geçirilen dabaralara baý öwüşgin berendigi nygtaldy, umumymilli forumdan gelip çykýan wezipeleriň üstünde durlup geçildi.

Döwletliligiň dabaralanmasy

Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda «Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi we Milli Liderimiziň ylhamy — döwletliligiň dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi. Ol ýakynda, beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda üstünlikli geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemlerine hem-de onuň ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlandy. Maslahata Arkadag şäheriniň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Gahrymanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary we Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar.

Röwşen geljege dowamat

Öňňin Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesiniň gözbaşy» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen geçirilen bu maslahaty welaýat häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Edara-kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleriniň, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň we ýaşlaryň gatnaşmagynda bolan maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Resul Işangulyýewiň çykyşynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrülendigi, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini äşgär edendigi hakda aýratyn durlup geçildi.

Ýaşulular – paýhas mekdebi

Halkymyzyň «Garryly öý – gazna» diýen pähimi bar. Munuň özi ýaşuly nesle goýulýan çuňňur hormat-sarpanyň nyşany bolup, gadymy däplere ygrarly halkymyz häzirki wagtda bu milli ýörelgäni mynasyp ýöredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara gününi bellemek baradaky Kararnamany kabul etdi. Berkarar döwletimizde bu baýram her ýyl dabaraly bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň Gyzyl kitaby – gymmatly kitap

Ýurdumyzda edebi-çeper, ylmy-resminamalaýyn, publisistik kitaplary, okuw kitaplaryny, gadymyýetiň dürdänelerini neşir etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ynsan paýhasynyň önümi bolan kitaplaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, şonuň ýaly-da milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen neşir edilen kitaplar aýratyn orun eýeleýär. Şolaryň biri-de, ýakynda çap edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabydyr. Has takygy, bu kitabyň 4-nji neşiridir. Ýeri gelende, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň üç gezek – 1995-nji, 1999-njy we 2011-nji ýyllarda neşir edilendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň okyjylaryna, awtorlaryna we neşir edijilerine Gutlag ibermegi onuň ähmiýetini hem-de gymmatyny aýan edýär. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: «Eziz Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly genofonduny gorap saklamakda Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu kitap biodürlüligiň ylmy taýdan öwrenilip taýýarlanan hazynalar çeşmesidir» diýip bellenilýär.

Garaşsyzlyk baýramy

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy welaýatymyzda uly ruhubelentlige beslenip, şowhun-şagalaňly, dabaraly bellendi. Etrap merkezlerinde, şäherçedir obalarda geçirilen dabaralara bagtyýar ildeşlerimiz egsilmez hyjuw bilen agzybirlikde gatnaşdylar. Esasy baýramçylyk dabarasy Änew şäherinde, welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasynda saba säherden ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Döwlet baýdagymyzy belende galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar, şeýle-de baş baýramymyz mynasybetli döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan ildeşlerimiz gatnaşdy.

Ýaşuly nesliň sarpasy

Düýn ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Ýaşulularyň halkara güni Ahal welaýatynda hem şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi. Baýramçylyk dabaralary ýurdumyzda parasatly ýaşulularymyzyň, mährem enelerimiziň sarpasynyň belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şatlykly günde Änew şäherinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary has-da ýatda galyjy boldy. Medeniýet öýünde welaýat derejesinde geçirilen dabara ýaşuly nesliň wekillerinden başga-da, welaýatyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdy. 

Görelde mekdebi

Her ýylyň 1-nji oktýabrynda giňden bellenilip geçilýän Ýaşulularyň halkara gününiň baýramy adamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýan möhüm ähmiýetli sene hökmünde, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun alyp, ata-babalarymyza, ene-mamalarymyza bolan belent hormaty dabaralandyrýar. Onuň many-mazmunynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pähim-paýhasy, watansöýüjilige we ynsanperwerlige esaslanýan durmuş ýörelgeleri jemlenýär. Bu baýram parasatly türkmen gojalarynyň, kümüş saçly eneleriniň döwlet berkararlgyny berkitmek, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmak, milli däp-dessurlary ösdürmek, edep-terbiýeli, hemmetaraplaýyn sagdyn ýaşlary kemala getirmek babatda bitirýän işlerine goýulýan belent sarpany alamatlandyrýar. Ynsan ömrüniň her döwründe göwni dokundyrýan ajaýyplyk bar. Ýaşululyk döwri hem şonuň ýaly. Adamyň ýaşululyk çagy — onuň zähmet we durmuş ýoluna düşüp, okap, işläp, ýaşap ýetişdiren bagynyň miwelerine guwanýan döwri. Mundan başga-da, ýaşululyk — geçilen menzillerde toplan we yzygiderli baýlaşdyran tejribäňi ýaş nesle öwretmegiň, il-gün bilen paýlaşmagyň, täzeçe usullar bilen deňeşdirip, oňyn netijeler barada pikir alyşmagyň hem döwri hasaplanylýar. Şeýle bolansoň,

Belent hormatyň beýany

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa häkimligiň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasy

Ýaşulularyň halkara gününiň dabaralary toýly günleriň üstüni ýetirip, zähmetkeş halkymyzyň ýürek buýsanjyny goşalandyrdy. Şu mynasybetli welaýatymyzda hem çäreleriň uly toplumy giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle çäreleriň biri welaýat merkezindäki Magtymguly meýdançasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Dana şahyryň ýubileý toýunyň şanyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar bilen dabaralandyrylýan ýylymyzda bu şanly sene sazlaşykly häsiýete, baý mazmuna eýe boldy.

Ýaşuly nesle belent sarpa

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan welaýat ýörite sungat mekdebinde geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Çärä il sylagly ýaşulular, mährem eneler, medeniýet, bilim we beýleki ulgamlaryň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşululara goýulýan hormat-sarpa barada giňişleýin gürrüň edildi. Il sylagly ýaşulular, mährem eneler özleri hakda edilýän alada üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirip, ýaşlara agzybirligi, adalatlylygy, ulyny sylamagy, kiçä hormat goýmagy, ahlak arassalygyny, halallygy, ajaýyp zamananyň gadyryny bilmegi, tutanýerli zähmet çekmegi öwüt-ündew etdiler.

Şu gün ― Ýaşulularyň halkara güni

Ýaşuly nesle belent hormat Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Ýaşulularyň halkara güni giňden bellenilip geçilýär. Asylly däbe öwrülen bu baýramçylyga welaýatymyzda hem giň orun berilýär.

Sarpasy belent ýaşulular

Türkmenabat şäherindäki «Çarbag» seýilgähinde Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we welaýatymyzyň zähmetkeşleri gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde dilleri senaly gojalarymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň ýürek buýsançlary diňlenildi. Olar berkarar Watanymyzda ýaşuly nesliň sarpasynyň belent tutulýandygy, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň öwüt-ündewlerine eýerilýändigi üçin hoşallyklaryny bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, ýaş nesliň watansöýüjilik, halallyk, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelenilmeginde sarpasy belent ýaşulularymyz öz gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar.

Ýaşulularyň halkara güni dabaraly bellenilip geçildi

Hormat-sarpanyň eýeleri Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralaryna utgaşyp gelen ýene-de bir şanly sene — Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat häkimliginiň, TDP-niň, TSTP-niň, TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda Baýramaly şäher medeniýet öýünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk ulgamlarynyň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Möhüm waka bagyşlanyldy Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça durnukly ösdürmegiň, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda şu möhüm waka mynasybetli wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.