"Turkmenistanda Ylym we tehniki" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
Salgysy: Aşgabat şäher, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-30-53

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 4-nji marty) Hormatly jenap Başlyk!

Ruhy ýakynlyk

Gruziýanyň Aleksandr Çawçawadzäniň öý muzeýiniň baş ýolbaşçysynyň orunbasary, alym antropolog Irakli Pipiýa tejribeli muzeý işgäri hökmünde daşary ýurtlarda hem giňden tanalýar. Onuň muzeý işini döwrebap we kämil guramaga bagyşlanan ylmy makalalary daşary ýurtlaryň iri neşirlerinde çap edildi. I.Pipiýa 2014-nji ýylyň 12 — 14-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen «Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde we muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyp, ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy. Ýakynda Irakli Pipiýa özüniň türkmen we gruzin halklarynyň ruhy ýakynlygy hakynda gürrüň berýän makalasyny redaksiýamyza iberdi. Edil türkmenler ýaly gruzinler hem merdana pederlerimizden miras galan asylly ýol-ýörelgeleri ösüp gelýän ýaş nesillere geçirmäge, olary milli ruhda terbiýelemäge uly üns berýärler.

Halkara habarlar

ÝURDUMYZYŇ «DEŇIZ DERWEZESINIŇ» GIŇ MÜMKINÇILIKLERi Golaýda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň guramagynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Ukrainanyň Ykdysady ösüş, söwda we oba hojalygy ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Onuň esasy maksady iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden, Ukrainanyň döwlet kärhanalaryny hem-de telekeçilerini Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Türkmenistan — BMG: gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilýär

2-nji martda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin «Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Öňňin Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Halkara maslahat geçirildi

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA-nyň arasynda 2021-nji ýyl üçin «Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Türkmenistan — BMG: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmak ugrunda hyzmatdaşlyk

AŞGABAT, 2-nji mart (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Taryhy tejribe, netijeli hyzmatdaşlyk

Şu gün — 2-nji martda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmegine 29 ýyl dolýar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ideýalara ygrarlydygyny subut etmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Şoňa görä-de, bu sene strategik hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitlere we gazanylan üstünliklere gaýtadan ser salmaga, häzirki zaman meýillerini göz öňünde tutup, ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmak hakda pikir öwürmäge mümkinçilik berýär.

Energetika — ählumumy ösüşiň ugry

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda beýik özgertmeler durmuşa geçirlip, uly netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda energetika pudagy ykdysady üstünliklerimiziň berk binýady hasap edilýär. Bu pudagyň kanunçylyk esasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de 2014-nji ýylda kabul edilen «Elektrik energetikasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär.

Çar ýana uzaýan dostluk ýollary

Ýer ýüzünde belent abraýy barha beýgelýän Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde, ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini yzygiderli giňeldýär. Ata Watanymyzdan dünýäniň çar künjegine uzaýan awtoulag, demir, deňiz we howa ýollary gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden, döwrebap usullar bilen dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda ulag ulgamynda «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça ulag ulgamynyň gerimi giňeldilýär. Bu babatda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, golaýda açylyp, ulanylmaga berlen Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoly, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki, şeýle hem ýurdumyzyň welaýat merkezlerindäki Halkara howa menzilleri, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýaly geljegi uly ähmiýetli desgalar Türkmenistanyň sebitiň hem-de yklymyň esasy ulag-logistika merkezi hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda

Möhüm ugurda hyzmatdaşlyk

Öňňin Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi, oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň milli parlamentleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onlaýn forumyň gün tertibi Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) düzümi bolan Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 65-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri öz içine aldy.

Eksport mümkinçiligi giňeýär

Aýdyň ýollarda ynamly gadamlar

Hormatly Prezidentimiz: «Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris» diýip belleýär. Bu günki günde bolsa tutuş dünýä ýüzi Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň, halkymyzyň we dünýä döwletleriniň halklarynyň bähbidine gönükdirilýän beýik işleri amala aşyrýandygynyň şaýady bolýar. Ata Watanymyzyň jemgyýetçilik we demokratik ösüş ýolundaky ynamly ädimleri rowaçlyklara beslenýär. Hut şonuň üçinem bize Watan mertebesini arşa göterýän taryhy wakalara baý döwürde ösüş-özgerişlere guwanyp, buýsanyp we mynasyp goşandyňy goşup ýaşamak bagty miýesser edýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda adam hakyndaky alada ilkinji orunda durýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurulýan önümçilik maksatly desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli halkyň hyzmatyna berilmegi, ýurdumyzyň agzybirligiň we ynanyşmagyň Watanydygyny görkezýär. Şeýle bolansoň, Türkmenistan sebitde durnuklylygyň hem ösüşiň merkezi hasaplanýar.

Goý, ýaňlansyn parahatlyk mukamy!

Täze — 2021-nji ýylyň hoş habarlar, şanly hem taryhy wakalar bilen başlanmagy mähriban Arkadagymyzyň: «Goý, Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň, rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin!» diýen köňül arzuwynyň eýýäm wysal tapyp başlandygynyň aýdyň hakykatyna öwrülip, göwünlerimize ganat berdi. Pederlerimiziň parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerine eýerýän milli Liderimiziň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uludan bellenilýän bu taryhy ýylyny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan etdi.

Parahatçylyk we ynanyşmak — halkara gatnaşyklaryň esasy ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň dost-doganlyk ýörelgesiniň esasy bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda gazanýan üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alyp barýan parahatçylyk ýörelgesi dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Ýer ýüzünde ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige esaslanýan ýörelgesiniň belent dabaralanmasy boldy. Döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty hoşniýetli daşary syýasatymyzyň esasy ýörelgesi bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmegi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna özboluşly itergi berýär. hususan-da, ol durnukly parahatçylyga, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklar

Türkmenistan — Özbegistan: däp bolan hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy hem-de dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Munuň şeýledigine 17-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Myhman Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny milli Liderimize ýetirdi. Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna we halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

Netijeli gatnaşyklar üstünlikli dowam etdirilýär

18-nji fewralda döwlet Baştutanymyz «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi Milli Liderimiz myhman bilen salamlaşyp, dünýäniň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň biri bolan Türkmenistanyň energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar hem-de düzümleýin taslamalar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhman bilen salamlaşyp, dünýäniň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň biri bolan Türkmenistanyň energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, energiýa serişdeleriniň çykarylýan hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini köpeltmek ýaly möhüm ugurlaryna aýratyn üns berilýär.

Ulag-aragatnaşyk ulgamy

Hormatly Prezidentimiziň halkara ulag-üstaşyr ulgamlaryny we geçelgelerini döretmek hem-de olary ösdürmek babatdaky başlangyçlary bilen döredilen, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň halkara söwdanyň logistikasyndaky ähmiýeti barha ýokarlanýar. Türkmenistanyň yklymara ulag ýollarynyň geografik taýdan amatly çatrygynda ýerleşmegi Ýewraziýa döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň milli ulag-aragatnaşyk ulgamyny örän netijeli hem-de amatly peýdalanmakda döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, berkarar Watanymyzyň ulag-logistika ulgamy yzygiderli ösdürilýär, sebit we dünýä ähmiýetli döwrebap logistik desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» geçelgelerinde ýollary birleşdirýän esasy ugurlar boýunça iri halkara gatnaw menzilleriň we ýollaryň gurulmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Şeýle taslamalaryň hatarynda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuny, Aşgabat we Türkmenabat şäherlerindäki Halkara howa menzillerini, döwrebaplaşdyrylýan ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Kerki — Ymamn