"Turkmenistanda Ylym we tehniki" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
Salgysy: Aşgabat şäher, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-30-53

Makalalar

Ýokary tizlikli welosiped

Germaniýanyň «Storck» kompaniýasy «dünýäde iň ýokary tizlikli ýol tigrini» ulanyjylara hödürledi. Ýöne motorsyz welosiped nädip iň iň ýokary tizlikde gidip biler? «Aerfast.5» modelli welosipedde daşky täsirler bolmazdan 45 km/sag hemişelik tizligi saklamak üçin pedallara 195 Wt sarp edilýär. Bu model howa akymynyň ugurlary göz öňünde tutulyp işlenip düzüldi. Welosipediň umumy agramy 6,9 kg barabardyr.

«Tesla» iş orunlaryny azaldar

Ilon Maska degişli bolan «Tesla» awtomobil öndüriji kompaniýasy iş orunlarynyň 10 göterimden gowragyny kemeltmek isleýär, bu bolsa azyndan 14 000 adam diýmekdir. Iş orunlaryny gysgaltmak hakyndaky gürrüň ilkinji gezek 2020-nji ýylda elektromobillere bolan islegiň azalmagy zerarly gozgalypdy. Ilon Mask iş orunlaryny azaltmak hakyndaky pikiriniň işgärleriň köp wezipeleriniň meňzeşligi sebäpli diýip düşündirýär. Milliarder işgärleri saýhallamagyň çykdajylary azaldyp, önümçiligi bolsa artdyrjakdygyna ynanýar.

«Apple» smartfonlaryň satuwy boýunça liderligini ýitirdi

ABŞ-nyň «Apple» kompaniýasy iň uly smartfon öndürijileriniň sanawynda ikinji orna düşdi. Sanawyň birinji ornuna Koreýa Respublikasynyň «Samsung» kompaniýasy geçdi. «IDC» seljerme merkeziniň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde «iPhone» smartfonlarynyň satuwy, takmynan, 10 göterim azaldy. Bu «Android» ulgamynda işleýän smartfon öndürijileriniň bäsdeşliginiň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.

Ara­ba­ly we­lo­si­ped

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Biz we­lo­si­ped diý­len­de, iki ti­gir­li, bir ýa iki adam­lyk, eko­lo­gik taý­dan daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ber­me­ýän ýe­ňil aýak ula­gy­ny göz öňü­mi­ze ge­tir­ýä­ris. Em­ma teh­no­lo­gik en­jam­la­ryň hä­zir­ki ösýän döw­rün­de bu ulag hem kä­mil­lik ýo­lu­ny ge­çip, tä­ze gör­nüş­le­re eýe bol­ýar.

Şanhaýda Teslanyň energiýa tygşytlaýjy önümçiliginiň megafabrikasynyň gurluşygy maýda başlanar

Teslanyň Megapack atly energiýa saklaýjy kuwwatly akkumulýatorlaryň öndüriljek megafabrikasynyň gurluşygyna maý aýynda başlamak meýilleşdirilýär. Bu fabrika Şanhaýda gurlar. Onuň köpçülikleýin öndürilmegine 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde garaşylýar. Energiýa saklaýjylary öndürjek bu kärhana Teslanyň ABŞ-nyň çäklerinden daşyndaky ilkinji fabrikasy bolar. Bu megafabrika Lingan etrabynyň erkin söwda zolagynda ýerleşer.

«Türkmentelekom» EAK-nyň hyzmatlaryny onlaýn dolandyryň!

«Türkmentelekom» EAK-nyň «Şahsy otag» milli onlaýn programma üpjünçiligi we mobil goşundysy müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryndan has amatly peýdalanmaklary üçin ýola goýuldy. «Şahsy otag» milli onlaýn programma üpjünçiligi we mobil goşundysy arkaly:

«Akylly» tehnologiýalar we bazar bolçulygy

«Akylly» tehnologiýalaryň ýüze çykmagy we olaryň döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna giňişleýin ornaşdyrylmagy dünýä ykdysadyýetinde ösüşiň täze tapgyrynyň öňüni açdy. Ol, şonuň bilen birlikde-de, içerki we halkara bazarlara çykarylýan harytlaryň arasyndaky bäsdeşligi ýokarlandyrdy. Şeýle ýagdaýyň, ilkinji nobatda, harydyň hiline hem-de görnüş köpdürlüligine oňyn täsir edýändigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Şu ýagdaýlardan ugur alnyp, ýurdumyzyň halk hojalygy pudagyna ylmyň iň täze gazananlarynyň toplumlaýyn ornaşdyrylmagy we bu ugurda hususy pudagyň wekilleriniň işjeňlik görkezýändikleri guwandyryjy ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde hem-de degişli maksatnamalaryňdyr konsepsiýalaryň esasynda häzirki döwürde «akylly» tehnologiýalary, şonuň bilen birlikde-de ekologik taýdan arassa enjamlary milli ykdysadyýete ornaşdyrmak işleri giň gerimde dowam etdirilýär. Şunda ylmy çözgütleriň hemişe üns merkezinde saklanýandygy olaryň netijeliligini artdyrmakda aýratyn wajypdyr.

Sanly ulgam ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda ýaşlar baradaky alada, ýaş nesliň oýlap tapyjylygy, döredijiligi we olaryň zähmete höweslendirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda hünärli, bilimli ýaşlary täze, döwrebap iş orunlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki döwür — dünýä giňişliginde sanly kommunikasiýalaryň durmuşyň ähli ulgamlarynda barha giň gerim alýan döwri. Munuň özi halkara gatnaşyklara, ykdysady aragatnaşyklara, dünýä söwdasyna, maglumat alyşmaga gönüden-göni täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, ykdysady ösüşi yzygiderli ilerletmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen aýrylmaz baglydyr.

«sanly.tm» ulanyjylaryň maglumat goraglylygyny kepillendirýär

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän asylly işler täze ösüş-özgertmeleri amala aşyrmaga badalga berýär. Şunda dünýä tejribesinde uly orna eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. «Türkmentelekom» EAK-nyň hünärmenleri dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenip, sanly ulgama geçmegiň öz milli nusgasyny işläp taýýarlaýar we ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna sanly özgertmeler işjeň ornaşdyrylýar.

«Yandex Cloud» Merkezi Aziýadaky ulanyjylar üçin bulut hyzmatlaryny işe girizdi

Russiýanyň «Ýandeks» internet kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Yandex Cloud» köpçülikleýin bulut platformasy Merkezi Aziýadaky ulanyjylar üçin bulut hyzmatlarynyň işe girizilýändigini habar berdi. Munuň özi Gazagystandaky (Karaganda şäheri) Maglumatlary gaýtadan işleýiş merkeziniň (MGIM) binýadynda serwer infrastrukturasy bolan täze kz1 sebitiniň işe girizilmegi netijesinde mümkin boldy.

Bilim ulgamynda emeli aň tehnologiýasy

Emeli aň tehnologiýalary 2024-nji ýylda halkara habarlar giňişliginde iň köp ara alnyp maslahatlaşylýan we işewürlikde uly maýa goýumlaryň gönükdirilýän tehnologiýalaryň biridir. Bu tehnologiýalar eýýämden durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip, saglygy goraýyşda, ulag ulgamynda, maliýe-bank hyzmatlarynda, önümçilikde we beýleki köp ugurlarda peýdalanylýar. Emeli aňy peýdalanyp boljak iň möhüm ugurlaryň biri-de bilim ulgamydyr. Bilermenler ýakyn geljekde emeli aň tehnologiýalarynyň mugallymlara we okuwçylara has gowy netijeleri gazanmaga kömek edip, okuw işini kämilleşdirmekde möhüm orny eýelejekdigini aýdýar. Tehnologiýalaryň çalt ösüp, durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylýan häzirki zaman dünýäsinde bilim ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri okuwçylary we talyplary durmuşa taýýarlamakdyr. Emeli aň mugallymlara her bir okuwçynyň isleglerine laýyk gelýän ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalaryny döretmäge kömek edip biler. Şeýle maksatnamalar synaglary geçirmegi, maglumatlary derňemegi we tehnologiýalary öwrenmegi öz içine alar. Bu bolsa mugallymlara her bir okuwçynyň bilim alyş aýratynlyklaryny, haýsy okuw usullarynyň has oňat netije berýändigini kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Hytaý Aý emeli hemrasyny synagdan geçirdi

Hytaý Aýda ylmy-barlaglary geçirmek üçin emeli hemrany synagdan geçirdi diýip, «24KZ» habar berýär. «Sýuesýao-2» emeli hemra Ýer bilen Aýyň arka tarapynyň arasynda aragatnaşygy üpjün etmek üçin niýetlenendir. Bu barada Hytaýyň Milli kosmos edarasy habar berdi.

Dünýäde iň köp satylan smartfonlar belli boldy

«iPhone 15», «iPhone 13» we «Samsung Galaxy S23 FE» 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde iň köp satylan smartfonlar boldy. Bu barada Hytaýyň «Chaodian» seljeriş kompaniýasynyň hasabatynda bellenilýär. 2023-nji ýylyň soňky üç aýy boýunça «Apple» kompaniýasy 5,3 million sany «iPhone 15» we 2,4 million sany «iPhone 13» smartfon satdy. «Samsung Galaxy S23 FE» eltelefonynyň 2,2 million sanysy satyldy. Öňdebaryjylaryň bäşligine «iPhone 14» we «Galaxy S23» smartfonlary degişlilikde, 1,9 million we 1,7 million birlik bilen girdi.

«Samsung» 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde girdejisiniň 10 esse ösendigini hasaba aldy

Koreýa Respublikasynyň «Samsung Electronics» kompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde amal girdejisiniň 10 esse ýokarlanandygyny habar berdi. Kompaniýanyň baha bermegine görä, girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 931 göterim köpelip, 4,89 milliard amerikan dollary möçberinde boldy. Girdejiniň ösüşi çip bahalarynyň, güýçli aşak düşmeden soň, ýene öňki kaddyna gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu emeli aňyň ösmegi bilen serwerlere we agzalan çipleri ulanýan beýleki enjamlara bolan islegi artdyrýar.

«Kia» «Sportage» krossowerini, «K8» biznes sedanyny täzelär

«Kia» täze strategiýasynyň çäklerinde ýakyn 3 ýylda 15 sany täze modeli çykarar. Olaryň aglabasy elektrik gurluşy bilen enjamlaşdyrylar. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli her ýylda 1,6 million elektrik ulagy satmagy meýilleşdirýär. Ýakyn wagtda «Kia» EV2, EV4, EV5 elektrik ulaglaryny we täzelenen EV6 modelini hödürlär. EV3 şu tomus ilkinji gezek satuwa çykar. Şeýle hem kompaniýa elektrik täjirçilik ulaglaryny taýýarlaýar.

San­ly ul­ga­myň üstün­lik­le­ri

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Hä­zir­ki wagt­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň we yl­myň ösü­şi gün­sa­ýyn däl-de, sa­gatsa­ýyn öz­ger­ýär. Is­len­dik kär­de üs­tün­lik­le­re eýe bol­mak üçin dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si­ne sal­gy­lan­ma­ly. XXI asyrda adamzat durmuşyny teh­nologiýasyz göz öňüne ge­tirip bol­ma­ýar. Biziň gündelik işimiz elektron enjamlary, tehnologiýa do­lanyşygy bilen berk bagly boldy. Şol sanda san­ly aragat­naşyk ulgamynyň işi barha kämil­leş­ýär. Soňky ýyllarda san­ly aragatnaşyk ulgamynyň hyzmat ediş tizli-gi-de has ýokarlan­dy. Bu ulgamyň işi­niň ilerlemegi Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ägirt uly tagallalary bilen älem giňişligine goýberilen «Türkmen Älem 52°E» emeli aragatnaşyk hem­rasyndan gözbaş alýar. Aragatnaşyk hemramyzyň işe giri­zilmegi Türkmenistanyň taryhy üçin möhüm wakala­ryň bi­ri­dir.

Ýaşlara bilim bermekde innowasion-multimediýa tehnologiýalarynyň orny

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat ýaşaýşyň hözirini görýän türkmen halkymyz ýurdumyzyň geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimize, olaryň edep-terbiýesine uly üns berip, bu babatda çäksiz uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary esasynda ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olaryň saglygyny goramak maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Okuw-terbiýeçilik edaralary ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiz bolan bagtyýar nesillerimize tälim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna we ylym, bilim, hünär öwrenmeklerine giň ýol açýar. Başlangyç synplar umumybilim berýän mekdebiň ilkinji basgançagy bolup, olarda ene dili dersi esasy orna eýedir. Bu ders boýunça okuwçylaryň sözleýiş medeniýeti kämilleşdirilýär. Olar sesleri seljerip bilýärler. Sözleriň sesler boýunça biri-birinden tapawutlanýandygyna düşünýärler, diktantyň dürli görnüşlerini ýazmagy başarýarlar. Umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç bilim dereje

“Senagat töleg” ykjam programma bilen meýletin haýyr-sahawat serişdelerini tölemek mümkinçiligi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, şol sanda haýyr-sahawat etmek maksady bilen, menzilara töleg etmek hyzmatlaryny işe girizmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň netijesinde, bagtyýar, zähmetsöýer, Watana wepaly nesil kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda howandarlyga mätäç çagalara ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän çagalaryň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilýär.

Sanly bilim ulgamy innowasion ösüşleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügi ikuçsuzdyr. Bu hakykaty göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň orta, ýö

Antarktidada ýokary tizlikli hemra interneti ýola goýuldy

Geostasionar (GEO) we pes orbitaly (LEO) aragatnaşyk hemralarynyň operatory OneWeb kompaniýasy Antarktida ýarym adasynyň günbataryndaky Adelaida adasyndaky Roteriň barlag stansiýasy üçin ýokary hilli aragatnaşyk ulgamyny üpjün etmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa 120Mbit/s çenli tizlikli we ygtybarly internete birikmegi ýola goýar. Mundan öň birikmek tizligi 5Mbit/s-den geçmeýärdi. Geçirijilik ukybynyň şeýle ýokarlandyrylmagy uly göwrümli maglumat faýllaryny ibermäge hem-de dünýäniň iň alys ýerleriniň birinden göni ýaýlymda interwýu almaga mümkinçilik berer.