Buýan — melhem ösümlik
Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde buýan köküniň dermanlyk häsiýetleri hakynda giňden durup geçmek bilen, özüniň bu işlere saglygy goraýyş ministri bolup işleýärkä başlandygyny belledi. «Şol döwürde biz buýan köküni gaýtadan işleýän zawody gurduk, oňa ýer hem berdik. Bu kärhana süýji buýany ösdürip ýetişdirýärdi. Halk dermançylygy esasynda, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, şondan bejeriş-öňüni alyş serişdesini taýýarlaýan önümçiligi hem döretdik. II arasynda «süýji buýan» ady bilen belli bolan bu dermanlyk ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Gahryman Arkadagymyz mundan başga-da, buýanyň ýurdumyzyň derman senagatynda dünýä halklarynyň we watandaşlarymyzyň saglygyny goramakda hem-de birnäçe derman önümlerini taýýarlamakda iň gymmatly baýlyklarymyzyň biridigini hem-de bu ugurda uly işleriň durmuşa geçirilmelidigini nygtady. Buýanyň köki himiýa senagatynda hem Lukmançylykda iç kesellerine, üsgülewige, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň we onkibarmak içege kesellerini bejermekde hem-de keselleriň öňüni almakda hem giňden peýdalanylýar.