Aşgabadyň nurana menzilleri
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Aşgabat taryhynyň dürli döwürlerinde hem döredijilik işgärlerini, aýdymçylary we kompozitorlary täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň günorta künjeginde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň heýkelini ýerleşdirmegiň hem-de Giňdiwaryň eteginde «Magtymguly Pyragynyň toplumy» ady bilen döredijilik işgärleri üçin niýetlenen merkeziň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Bu zatlaryň hemmesi Aşgabadyň taryhyny ylmy nukdaýnazardan giňişleýin öwrenmäge itergi berýär. Gadymy kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Aşgabatda irki döwürlerde-de durmuş gaýnap joşupdyr. Aşgabat şäheri gadymdan oturan ozalky Ashabad obasynyň ýerinde emele gelipdir. Şäheriň taslamasy Ýewropa kysmynda çekilip, köçeleri göni bolupdyr, kwartall