"Turkmenistanda Ylym we tehniki" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
Salgysy: Aşgabat şäher, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-30-53

Makalalar

Soltan Jelaleddin hakda söz

Merdana türkmen serkerdesi, hakyky Watan ogly Jelaleddin Menguberdiden söz açylanda, şahyr Seýitnazar Seýdiniň: Watan üçin çykdym gyr at üstüne,Tä janym çykynça dönmenem, begler!Dikdir serim, düşmen duşman astyna,Ýanyp duran nar men, sönmenem, begler —

Şir ýürekli serkerde. Taryhy şahsyýetler barada aýdylan rowaýatlar esasynda

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda) Hakykatdan-da, ertesi agşam ýüzüni garaňka tutup gelen duşman leşgeri Syrderýanyň aňyrky kenaryndan ujy nebit alawly oklaryny Hojantyň üstüne ýagdyryp başlady. Atylan oklaryň tizligi pes bolany üçin derýanyň ortasyna ýetip-ýetmänkä, suwa gaçýardylar. Muňa gahary gelen duşman goşuny kenaryň gyrasyndaky gamyşdyr hyşalardan, toraňňydyr ýylgynlardan suwuň ýüzünde adam münüp, ýüzer ýaly tagaşyksyz taýmyllary, gaýyklary ýasap ugradylar. Muny duýan Timur Mälik özüniň taýmylçydyr gaýykçylardan düzülen goşunyna gije derýanyň aňyrky kenaryna geçip, duşmanyň ýasan taýmyllaryny we gaýyklaryny otlamagy, gerek bolsa suwa gark etmegi tabşyrdy. Şonda serkerdeleriň birnäçesi nebitli alawlaryň suwuň ýüzünde henizem ýanýandygyny, şol ýakylan otlaryň hüjüm etmäge päsgel berýändigini ýaňzytdy. Timur Mälik bolsa olara taýmyllaryň hem-de gaýyklaryň daşyny palçyk bilen galyň suwamagy tabşyrdy. Baş serkerdäniň bu meseleden çykalga tapyşyna goşundakylar haýran galdylar. Emma Çingizhanyň goşunynyň etjek pirimine päsgel berse-de, güýçleriň deň däldigi sebäpli birnäçe günden soň, hojantlylar yza çekilmeli boldular. Timur Mälik bolsa, goňşy şäherleriň häkimlerine, serkerdelerine kömek üçin ýüz tutup, çapar ýollady. Ol tä

Şir ýürekli serkerde. Taryhy şahsyýetler barada aýdylan rowaýatlar esasynda (Hekaýa)

Mahmyt täjiriň gyzy Şeýdabibi üçin sawçylyga gelen daýzalar giň otagdaky sekiniň üstünde ýazylan saçak agzyňy suwardýan naz-nygmatdan doly bolsa-da, edil doýan guş ýaly bolşup, onuň daşynda äwmezlige salyp, ümsüm oturdylar. Ahyry bu ümsümligi öý bikesi Naryma hanym bozdy: — Eziz myhmanlar, döwletli gapymyza hoş gelipsiňiz! Timuryň enesi häliden bäri sessiz-üýnsüz otyrsyňyz, näme habaryňyz bolsa aýdyp oturyň, eşideli!

Jelaleddin Meňguberdiniň watansöýüjiligi

Be­ýik Sel­juk Türk­men döw­le­ti dar­ga­nyn­dan soň­ra, Kö­ne­ür­genç türk­men­le­ri­niň döw­le­ti do­ly öz­baş­dak­lyk ga­za­nyp, dün­ýä­niň iň kuw­wat­ly döw­let­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Kä­bir ta­ry­hy çeş­me­ler­de ho­rezm­şa­la­ryň-anuş­te­gin­le­riň döw­le­ti şek­lin­de ge­çen bu döw­let Il Ars­la­nyň (1156-1172), Te­ke­şiň (1172-1200) we Alaed­din Mu­ham­me­diň (1200-1220) hö­küm­dar­lyk eden döw­rün­de ösüş­de has-da ýo­ka­ry sep­git­le­re ýet­ýär.XIII asy­ryň bi­rin­ji ýa­ry­my di­ňe bir Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň halk­la­ry üçin däl, eý­sem, tu­tuş dün­ýä halk­la­ry üçin hem kyn dö­wür bo­lup­dyr. Bu dö­wür­de mon­gol ba­sy­ba­ly­jy­la­ry dün­ýä­niň ösen me­de­ni­ýet­le­ri­niň ara­bag­la­ny­şy­gy bo­lan ker­wen ýol­la­ry­na bö­wet bo­lup, yl­myň we söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­me­gi­ne päs­gel­çi­lik dö­re­dip­dir. Kö­ne­ür­genç türk­men döw­le­ti­niň hö­küm­da­ry Alaed­din Mu­ham­me­diň (1200-1220) Aý­çe­çek at­ly aýa­lyn­dan bo­lan og­ly Je­la­led­din Meň­gu­ber­di­niň hö­küm­dar­ly­gy şeý­le kyn­çy­lyk­ly ýyl­la­ra ga­bat ge­lip­dir. 1220-nji ýyl­da Kö­ne­ür­genç tü

Ha­ty­ra gü­ni – ha­ky­da gü­ni

6-njy oktýabrda ir bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän we edermen gahrymanlarymyza çuňňur buýsanjyň, halkymyzyň beýik geçmişine hormatynyň belent nyşanyna öwrülen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna geldi. Şol gün – Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatladylar. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Ha­ty­ra gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de Döw­let baý­dak­la­ry aşak dü­şü­ril­di, hem­me ýer­de aýat-tö­wir okal­dy, sa­da­ka­lar be­ril­di. Ha­ty­ra gü­nün­de «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na gül goý­mak çä­re­si ge­çi­ril­di. Ha­ky­da mil­le­ti­mi­ziň ýa­şaý­şy­nyň aý­ryl­maz ru­hy bö­le­gi­dir. Ol ne­sil­le­ri bi­rik­dir­ýän berk ýö­rel­ge bol­mak bi­len di­ňe bir göz­baş­la­ry­my­zy we däp-des­sur­la­ry­my­zy go­rap sak­la­mak däl, eý­sem, ta­ry­hy tej­ri­bä­niň esa­syn­da mil­le­tiň tä­ze yk­ba­ly­ny, ýag­ty gel­je­gi­ni gur­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ha­ty­ra gü­ni mil­le­ti bir­leş­dir­ýär we

Asudalygyň aýdymçysy

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan gadymy Merw özüniň gadymy Gäwür galasy, Soltan Sanjaryň, Hoja Ýusup Hemedanynyň, kyrk gyzyň, Pälwan Ahmediň we ýene-de ençeme gerçekleriň ýadygärlikleri bilen meşhur. Bu ýadygärliklere zyýarat eden dürli halklaryň syýahatçylary kümmetleriň asyrlaryň dowamynda öz arhitektura keşplerini saklap gelendigine haýran galýarlar. Baýramaly şäheriniň günbatar çetinde Baýramaly — Wekilbazar gatnaw ýolunyň ugrunda ýerleşýän «Mekan» daýhan birleşiginde mertebesi dag aşan Güljemal hanyň öý-muzeýi hem köpleriň ünsüni çekýär. Türkmen halkynyň meşhur zenanlarynyň biri bolan Güljemal han barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda şeýle setirler bar: «XI asyra degişli bolan «Kowusnamanyň» bäşinji fasyly «Ata-enäni sylamak hakynda» diýlip atlandyrylýar. Şular dogrusynda söz açyp, zenanyň ene hökmündäki mertebesiniň ony ulus-ili bilen jebis edýändigini nygtamakçy bolýaryn. Meşhur türkmen zenanlary bolan Altynjan hatyn, Güljemal han ýaly beýik zenan şahsyýetlerimiziň durmuşy hem meniň bu pikirimiň esaslydygyna şaýatlyk edýändir. Olaryň atlary häzirki döwürde dünýä halklarynyň arasynda giňden tanalýar».

Oýnawaçlaryň döreýiş taryhy

Oýnawaçlara çagalary gyzykly hem-de täsirli şertlerde güýmemek üçin döredilen ýörite gural hökmünde garamak bolar. Şeýle-de oýnawaja terbiýe bermegiň serişdesi, çaganyň aňyna ideologiki täsir etmek maksady bilen taýýar edilýän enjam diýlip hem düşünilýär. Oýnawajy ýasamaklyga aýratyn pedagogiki, gigiýeniki, estetiki talaplar bildirilýär. Pedagogiki talaplara laýyklykda oýnawaç çagalaryň düşünjesini ösdürýär, daş-töwerekde bolup geçýän zatlara akyl ýetirmäge kömek edýär. Çaga oýnawaç oýnamak arkaly ulularyň ýerine ýetirýän işlerine öýkünýär. Onuň netijesinde bolsa çagada zähmete bolan söýgi, dürli tehniki serişdelere gyzyklanma döreýär. Ondan başga-da bilesigelijiligi, syn etmek başarnyklary, çeperçilik hem-de döredijilik ukyplary kemala gelýär. Oýnawaç çagalary diňe bir güýmemek üçin niýetlenilmän, eýsem, olara köpçülikde öz ornuny tapmaklyga, özara gatnaşyklary ýola goýmaklyga, ýakymly duýgulary oýarmaklyga, çeperçilik başarnyklary döretmeklige ýardam berýär.

«Allo» sözüniň gelip çykyşy

Biz her gün telefonda birnäçe gezek «Allo» sözüni ulanýarys. Hakykatda bolsa, bu söz bir gyzyň gysgaldylan adydyr. Gyzyň doly ady Allessandra Lolita Oswaldodyr. Ol telefony oýlap tapan A.Graham Belliň söýgülisidir. Graham Bell telefony oýlap tapandan soň ony ilki bilen söýgülisiniň öýüne çekipdir. Iş ýerinde telefon jyrlanda jaň edýäniň Allessandra Lolita Oswaldodan başga adam bolmajagyny bilýändigi üçin Graham Bell her gezek «Allessandra Lolita Oswaldo» diýýär eken. Bell eslije wagt geçenden soň söýýän gyzynyň adyny gysgaldyp jogap bermäne başlapdyr we jaň gelende «Ale Lolos» diýip başlapdyr. Soň-soňlar ol söýgülisiniň adyny has-da gysgaltmaly bolupdyr. Bu gysga at «Allo» bolupdyr. Allessandra Lolita Oswaldo Graham Belliň bütin şähere telefony çekjek bolup özüne üns bermeýäni üçin birahat bolup başlapdyr we ony terk edipdir. Bell söýgülisiniň haçanam bolsa ýene özüne jaň eder umydy bilen telefonyň ýanyndan aýrylmandyr. Soň-soňlar şäherde telefon ulanýan müşderileriň sany köpelip başlapdyrlar. Graham Belle başga adamlaram jaň edip başlapdyrlar. Ol her gezek gelýän jaňa jogap berende, söýgülisidir diýen umyt bilen «Allo» diýip alýan eken. Ine, şondan soň telefon ussalarynyň köpüsi jaň gelende Aleksandr Graham Belliň hormaty üçin «Allo» diýip başlapdyrlar.

Al­ty müň ýyl­lyk heý­kel

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky äpet daş­la­ryň ýü­zü­ne oýu­lyp ýa­sa­lan dü­ýe heý­kel­le­ri­niň 6 müň ýyl­lyk ta­ry­hy­nyň bar­dy­gy mä­lim edil­di. 2018-nji ýyl­da gu­rak se­bit­de 21 sa­ny dü­ýe we at şe­kil­le­ri ta­py­lyp­dy. Alym­lar Ior­da­ni­ýa­da­ky iki müň ýyl mun­dan ozal ýa­sa­lan «Pet­ra» ha­ra­ba­lyk­la­ry­na meň­zeş­di­gi­ni göz öňün­de tu­tup, bu daş­la­ryň hem iki müň ýyl­lyk ta­ry­hy­nyň bar­dy­gy­ny pi­kir et­di­ler. Em­ma düýp­li ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de bu ta­pyn­dy­la­ryň 6-8 müň ýyl ozal ýa­sa­lan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Bu ba­ra­da «Jo­ur­nal of Archaeo­lo­gical Science Re­ports»-da ýaý­ra­dy­lan yl­my iş­de bel­le­nil­ýär. Yl­my işiň aw­to­ry, Ger­ma­ni­ýa­da­ky Maks Plan­kyň ady­ny gö­ter­ýän adam­zat ta­ry­hy­nyň bi­lim ins­ti­tu­tyn­da iş­le­ýän, dok­tor Ma­ri­ýa Gu­ag­nin: «Şol dö­wür­de ýa­şan adam­lar bu ýe­re öw­ran-öw­ran gaý­dyp ge­lip­dir, bu bol­sa ýa­dy­gär­lik­le­riň sim­wol hök­mün­de asyr­la­ryň do­wa­myn­da äh­mi­ýet­li bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär» – di­ýip bel­le­ýär. Dok­tor Gu­ag­nin se­bit­de şu­ňa meň­zeş baş­ga

Bedewi bilen adyganlar

Beýik Osmanly türkmen döwleti 623 ýyl (1299 — 1922) höküm sürüp, ylym-bilimde, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we harby ulgamda uly üstünliklere eýe bolmak bilen, dünýä taryhynda öçmejek yz goýupdyr. Osmanly türkmen döwletiniň şöhratly hökümdarlarynyň arasynda Soltan Mehmet III ogly Soltan Ahmediň beýleki soltanlardan has tapawutly taraplary bolupdyr. Soltan Ahmedi beýleki patyşalardan tapawutlandyrýan aýratynlyklarynyň biri hem onuň bedew atlara bolan çäksiz söýgüsidir. Ol at münmegi we at üstündäki oýunlary oýnamagy halapdyr. Soltan Ahmet bedewler baradaky eserleri okamak isläp, arapçadan osmanly türkmen diline at baradaky bir eseri terjime etdiripdir. Bu eserde atlary seýislemegiň we terbiýelemegiň tärleri barada gyzykly maglumatlar beýan edilipdir.

Farabyň nergyz galalary

Amyderýanyň kenar ýakalaryndaky ekerançylyk üçin iňňän amatly ýerleri öz içine alýan Gündogar Türkmenistan sebiti gadymy eýýamlardan başlap, dürli-dürli taryhy wakalary başdan geçirýär. Arheologik tapyndylaryň hem-de etnografik gymmatlyklaryň esasynda ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlara laýyklykda, orta asyrlara degişli golýazmalarda «Mahikbaran» diýlen şäheriň arheologik ýadygärligi häzirki wagtda ýerli ilat tarapyndan «Nergyz gala» diýlip atlandyrylýar. Ondan, takmynan, iki farsaha golaý günortada, ýagny Farap şäheri tarapda ýerleşen orta asyr Sekawi şäheriniň arheologiýa depesi bolsa ýerli ilat tarapyndan «Kiçi Nergyz» ýa-da «Orta Nergyz» diýlip atlandyrylýar.

Jaň sesi eşidilse

Taryhy maglumatlara salgylananyňda jaň uzak ýola rowana bolýan kerwenleriň öňbaşçysy bolup, hataryň öňüni çekip barýan düýäniň boýnuna dakylypdyr. Jaň sesini eşideniňde halkymyzyň humly hazynasy bolan gözel Garagum sährasy göz öňüňde janlanýar. Ak mekdebiň gapysyndan ilkinji gezek ätleýän körpejeleri ylym-bilimiň täsin dünýäsine çagyrýan jaň sesi olary ylym-bilimiň çuňlugyna aralaşdyrýar. Ýyllaryň geçmegi bilen ulalyp kemala gelen ýaşlar ylymdyr bilimiň kämil ýoluna düşüp, ak mekdep bilen hoşlaşanlarynda-da ýene-de şol jaň sesine maýyl bolýarlar. Talyp bolmak bagty miýesser edip, ylym ojagynyň bosagasyndan ätlän ýaşlary ylymlaryň täsin dünýäsine çagyrýan hem ýene şol jaň sesi. Şu mysallaryň özi-de jaňyň türkmen durmuşynda ähmiýetiniň uly bolandygyna şaýatlyk edýär. Jaň sesiniň täsin owazy bagtly pursatlaryň buşlukçysy bolup ýaňlanýar. Şol ajaýyp pursatlar bolsa, ynsanyň kalbyndan ömürlik orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» atly romanynda jaň barada şeýle setirler bar: «Mekdebe zerur bolan parta, stol, oturgyç, klas tagtasy, karta, kitap-depder, okuw-bezeg esbaplary kynlyk bilen hem bolsa tapyldy, alyndy. Hatda obanyň demirçi ussasy düýä dakylýan mis jaňy eýle-beýle edip, mekdebe jaň ýasap berdi».

Mürze Berhurdar Türkmeniň döredijiligi

Halkymyzyň baý taryhynyň sahypalaryna nazar aýlasaň, dünýä taryhynda, ylmynda, edebiýatynda we sungatynda uly yz galdyran şahsyýetler sanardan kändir. Şeýle şahsyýetleriň biri hem Sefewiler döwleti döwründe halkymyzyň geçmiş taryhy barada kitap ýazan taryhçy we edebiýatçy Mürze Berhurdar Türkmendir. Mürze Berhurdar Türkmeniň doly ady Mürze Berhurdar ibn Mahmud Türkmen Ferahi bolupdyr. Ol XVI asyryň ikinji ýarymynda häzirki Owganystanyň günbataryndaky Ferah şäherinde dünýä inenligi üçin, orta asyr adatyna görä, oňa Ferahi diýipdirler. Ýöne ol özüniň türkmendigini bildirmek maksady bilen adynyň soňunda «Türkmen» tahallusyny hem goşupdyr. Berhurdar Türkmene Hindistan ýerlerinde «Mumtaz» lakamyny hem dakypdyrlar. Mumtaz diýmeklik — dana, akylly, paýhasly diýmegi aňladypdyr. Ol ýaşlykda syýahat etmegi, alymlar bilen söhbetdeş bolmagy, rowaýatlary, hekaýalary diňlemegi gowy görüpdir. Ýaşlygynda Merwe gelýär we şäheriň şol wagtky häkimi Aslan han oňa bilim almaga kömek edýär. Merwden soň bolsa Yspyhana gidýär. Ol ýerde Berhurdar Türkmen mürze bolup işläp başlaýar. Iki ýyldan soň, ol ýene özüniň syýahatyny dowam etdirýär. Ol Eýranyň Maşat şäherine, Azerbaýjan ýerlerine barypdyr. Onuň syýahat eden döwründe ady agzalan ýerler Sefewiler döwletiniň düzümine deg

Öý diýilýän keramatdyr...

Döwlet gurmagyň ussady bolan, «Döwlet gurmak isleseň, türkmeni çagyr» diýdirip bilen halkymyz öý gurmagy sungat derejesine ýetiripdir. Türkmen üçin öý — keramat. Türkmen üçin öý — döwletlilik. Bu gün döwrebap öýlerde ýaşaýan türkmen gadymy öýüni hem ýatdan çykarmaýar. Şindiki beýik döwletliliginiň derejesinde guran bu binalaryny “Türkmeniň ak öýi” diýip atlandyrýar. Şeýdip, gadymyýeti bilen şu gününi birleşdirýär. Gadymyýetini şu güni bilen beýik geljegine alyp barýar. Millet hökmünde taryhy hakydasyny, ruhy bitewüligini saklaýar. Görnüşi ýaly, bu iş milli döwletliligi goramagyň, berkitmegiň, döwre görä ösdürmegiň bir binýadyna öwrülendir.

Türkmen zenanlarynyň taryhy dünýäsi

Türkmen zenany täsin hem syrly dünýä. Oňa aralaşmak üçin taryha ser salmaly bolýar. Arheologlarymyzyň geçirýän gazuw-agtaryş işlerinde tapylýan taryhy tapyndylar oňa şaýatlyk edýär. Köpetdagyň eteginde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan toýundan ýasalan aýallaryň heýkeljikleri, baryp biziň eramyzdan öňki VI müňýyllyga, neolit döwrüne degişli diýlip hasaplanylýar. Alymlar olary aýal hudaýyň heýkelleri diýen netijä gelýärler. Ol heýkeller wagtyň geçmegi bilen şaý-seplerdäki nagyşlara siňip, dagdan agajyndan ýasalan doga-tumarjyklarda şekillendirmek bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir. Gadymy döwürlerde türkmen zenanlarynyň käbiri söweşjeň serkerde bolupdyr. Arheologlar gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde söweş lybasynda jaýlanan aýallaryň guburlaryny tapypdyrlar. Ýagny şol döwürde olary öz ýaraglary, demir gylyç, naýza, ok-ýaý bilen bile jaýlapdyrlar. XIII asyrda ady näbelli pars ýazyjysy «Ajaýyb ad-dünýä» (Dünýä täsinlikleri) atly kitabynda oguzlar barada: «Olaryň owadan aýallary bar. Ol aýallar söweş lybaslaryny geýip, ýarag dakynyp, söweşlere-de gatnaşýarlar» diýip ýazypdyr. Gadymy döwürlerde türkmen zenanlary ýanýoldaşlary, doganlary bilen deň durup, duşmana garşy söweşipdirler.

Bahaweddin Welet

«Türkmenler dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir» diýip belleýän alym Arkadagymyzyň milli miras baradaky döwlet syýasaty dünýäniň taryhyna, edebiýatyna, medeniýetine goşant goşan ençeme alymlaryň, şahyrlaryň, taryhy şahsyýetleriň ömri we döredijiligi hakyndaky maglumatlary ýüze çykarmagyň ruhy bilen galkyndyrýar. Pähim-paýhasy, pendi-nesihaty, öwüt-ündewi bilen türkmen edebiýatynyň taryhynda orun alan alymlaryň biri hem Bahaweddin Weletdir. XII — XIII asyrlarda ýaşap geçen Bahaweddin Welet beýik söz ussady Jelaleddin Rumynyň kakasy we ilkinji mugallymydyr. Alymyň ady edebiýatlarda Muhammet Balhy, Bahaweddin Welet, Baha-i Welet, Uly Möwlana («Möwlana-ýe bozorg»), Bahaweddin Welet ibn Hüseýin el-Bekri ýaly görnüşlerde gabat gelýär. Ol halk arasynda Soltanul-ulama (Ulamalaryň soltany) lakamy bilen adygypdyr.

Süýji suwuň gözlegine bagyşlanan ömürler

Halkymyzyň asyrlarboýy suwa bolan arzuwyny hakykatdan amala aşyrmak işleri XX asyryň 40-njy ýyllarynda başlanýar. Garagum kanalynyň gurluşygy we Jeýhun suwunyň paýtagtymyz Aşgabada getirilmegi dünýä möçberinde iň iri gidrotehniki desgalarynyň biri boldy. 1950-nji ýyldan başlap baş türkmen kanalynyň köne Uzboý hanasy boýunça ilkinji göz öňünde tutulan ugrunda inžener-geologik we gidrogeologik işleri geçirilende, ägirt uly süýji suwuň barlygy bellenilýär. Döwlet ýolbaşçylarynyň we alymlaryň gelen netijesi esasynda kanalyň geçirilmeli ugry üýtgedilenden soň, ol işler gereksiz hasap edilýär. Emma alnan netijeler bilen içgin gyzyklanan gidrogeolog Nadežda Şewçenko hem-de toparyň başlygy Garaş Ýomudskiý tarapyndan ol işleriň dowam etdirilmeginiň wajyplygy subut edilýär. Netijede, Uzboý kenaryndaky Garagumuň astyndan süýji suwly köl tapylýar. Hünärmenler ony «Ýasga süýji köl linzasy» diýip atlandyrýarlar. Köl bu ugurdan işleýän dünýä alymlarynyň arasynda G.Ýomudskiniň beren «Garagumuň göwheri» ady bilen bellidir.

Ak öý — döwletliligiň sütüni

Gümmezekläp oturan ak öýleriň guruwy ynsan bilen tebigat arasyndaky hökmany jebisligiň teswirine meňzeýär. Açyk serpikden görünýän asman, Gün dogandan tä batýança, onuň düşýän ýerine görä, wagtyň takmynan kesgitlenilişi, ortaradaky ojak, onda başy çalşyrylan ojaryň kesindi bolýança alawlaýşynyň tebigy kemi ýok. Öýde, ojak başynda her kimiň öz orny bar. Daş işikden seredeniňde, ojagyň sag gapdaly gap dul bolup, öý bikesi şol ýerde oturýar. Öý — öý diýseň öý. Onda ýagdaýyna, mümkinçiligine görä, biş-düş, nahar-şor, çaý-suw işi el ýüzünden bitip durar ýaly, ortarada ojak bar: bugdaýdan doly argyş çuwallar tärime söýelgidir. Çarwa illerinde ýa ýazlagda, göç-gon wagty, hany saňa bugdaý üweder ýaly haraz barmy? Elýeteriňdäki degirmen daşlary taň zatdyr. Ýaňky bugdaý üweler, un ýugrular, hamyr basyrylar. Gördi-bakdy daşary çyg-çimirmi, tamdyra ot goýberip ýörmez. Çygly howada tamdyrtowy köpräk bolmasa, tamdyr agarmajak bolar durar. Ol agarmasa-da, çörek gowy gyzarmaz, çig-çarsylyk bolsa könekileriň isrip diýýänine barýar.

Ertekili täsin agşamlaryň söhbedinden

Bileniň — baýlygyň

Eswatini (swazilend) şalygy Paýtagty — Mbabane.