"Turkmenistanda Ylym we tehniki" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
Salgysy: Aşgabat şäher, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-30-53

Makalalar

Altyn şuglaly ýyldyz

Beh, bu günleriň täsinligini diýseňizläň! Bir günüň buşlugynyň ýakymyny kalbyňa doly siňdirip ýetişmänkäň, ertirki gün täze bir buşluk bagyşlaýar. 14-15-nji ýanwar günleriniň ýakymy özüňize belli. 16-njy ýanwarda bolsa türkmenistanly türgen gyzyň agyr atletika boýunça dünýä çempiony diýlip yglan edilendigi baradaky hoş habary aldyk. Özi-de bu ýakymly wakalaryň her biri bir milletiň, bir döwletiň serhedinden has giň. Ählisi hem halkara çäkler bilen baglanyşýar. Görüň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýyly nähili şanly, nähili mertebeli ýyl! 16-njy ýanwar güni «Watan» habarlar gepleşiginde eşiden hoş habaryňyz her biriňiziň kalbyňyzda begenç oýarandyr. Hawa, türkmenistanly agyr atletikaçy türgen Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempiony boldy. Özi-de bu derejä ýetip bilen ilkinji zenan türgenimiz. Munuň üstesine-de, 28 ýyldan soňra, ýurdumyza agyr atletika boýunça dünýä çempionlygyny getiren türgen. Bu — diýseň uly waka! Türkmen sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylmaga tüýs mynasyp waka.

Nusgalyk ýol

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy. Şonuň esasynda häzirki wagtda ýurdumyz dünýä we sebit derejesinde iri sport ýaryşlarynyň merkezine öwrüldi. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Welotrek boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny — «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek baradaky ýörite Kararnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde, olimpiýa gymmatlyklaryny wagyz etmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşigiň tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Birleşen Milletler Guramasy bu möhüm resminamany kabul etmek bilen, halkara bileleşigiň welosiped sportunyň ähmiýetini wagyz etmegiň wajypdygyny hem-de adamyň beden we ruhy taýdan ösüşiniň möhüm serişdesi hökmünde uzak aralyga welosiped ýörişlerini geçirmegiň zerurdygyny ykrar edýändigini hem-de ýakyndan goldaw berýändigini tassyklady.

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylyny şöhratly şygara beslemek, döwrebap atlandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynyň asylly däbine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenis-tan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy uludan toýlanylan 2020-nji ýyl Diýarymyzyň, halkymyzyň durmuşynda uly ähmiýetli wakalara baý bolan ýyl hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden belleniljek 2021-nji ýylyň «Türkmenis-tan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem kalbymyzy egsilmez buýsanja besledi. Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýäde dabaralanýandygynyň ýene-de bir ykrarnamasy bolan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginden gözbaş alýan bu şygar bilen üstümizdäki ýylyň hem taryhy özgertmelere, uly wakalara beslenjekdigini ynam bilen aýtsa bolar. Elbetde, haýsy ýurtda sagdyn durmuş ýörelgesi, köpçülikleýin bedenterbiýe, ýokary netijeli sport rowaçlanýan bolsa, hut şol ýurduň ähli ulgamla

Baýrakly basgançaklarda

Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleri şatlykly, buýsançly wakalara beslenýär. Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň birnäçesine Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşuryldy. Farap etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýlar Semenderowa hem şu baýraga mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Aýlar küşt oýnamagy gowy görýär. Ol orta mekdepde-de derslerine gowy ýetişýär, sportuň bu görnüşi bilen hem yzygiderli meşgullanýar. Olaryň tutuş maşgalasy küştüň muşdaklary.

Örtük dakyn, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!

Gyşda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, pasla görä gün tertibini dogry alyp barmak, howanyň derejesine laýyklykda geýinmek zerur bolup durýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň howatozan ýoly hem bar. Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýlede howanyň sowamagy adam bedenine täsirini ýetirýär. Tozanly we sowuk howanyň täsiri bilen käbir adamyň elleriniň deri örtüginde gyzarma, awuşama ýaly allergik ýagdaýlar we deri örtüginiň sowuklamasy ýüze çykýar. Häzirki döwürde howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy hemde howanyň derejesiniň peselmegi netijesinde, adamlaryň ýokary dem alyş beden agzalarynyň nemli bardasynda hem edil şol görnüşdäki üýtgeşmeler ýüze çykyp bilýär. Netijede, adaty ýiti respirator keseliň has agyr geçmegine getirýär. Dürli gaýraüzülmelere sebäp bolýar. Şonuň üçin hem her birimiziň agyzburun örtüklerini doly we dogry dakynmagymyz zerurdyr. Örtügi dogry ulanyň, nädogry ulanylanda, dem alyş ýollaryna howadaky tozan bölejikleri düşýär! Agyzburun örtügi ýokanja garşy netijeli böwetdir.

Iň uly baýlyk — baş saglyk

Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen döwlet derejesinde degişli çäreler geçirilýär. Alnyp barylýan bu işler her birimiziň saglygymyza has ünsli çemeleşip, ony gorap saklamaga borçlandyrýar. Kähalatda saglygymyza biperwaý garamagymyz, adaty arassaçylygyň ýönekeý düzgünleriniň berjaý edilmezligi dürli keselleriň, ýiti iýmit zäherlenmesiniň ýüze çykmasynyň we gaýra üzülmesiniň esasy sebäbi bolup bilýär. Hut şonuň üçin, azyklyk çig mallaryň saýlanyşyna, taýýarlanyşyna we saçaga äberilişine, iýmit önümleriniň, dürli tagamlaryň utgaşdyrylyşyna ünsi güýçlendirip, berjaý edilmeli düzgünleri talabalaýyk ýerine ýetirmeli. Her bir maşgalada nahar taýýarlamak işi azyklyk çig maly satyn almakdan başlanýar. Şonuň üçin hem bu önümleri diňe azyk söwdasynyň satuwy rugsat berlen söwda nokatlaryndan — bazarlardan we azyk harytlarynyň söwdasyny amala aşyrýan dükanlardan almaly. Azyk önümleriniň söwdasy edilende, onuň belgileniş nyşanynda görkezilýän maglumatlara, ýagny hökmany suratda ýaramlylyk möhletine, saklanyş şertlerine, düzümine, daşky görnüşine, önümiň ysyna, reňkine we beýleki ýagdaýlaryna üns bermeli. Azyk önümleri satyn alnanda, çalt zaýalanýanlaryny, ýagny süýt, et we şöhlat, ko

Dünýäniň ajaýyp stadionlary

Paýtagtymyzyň görki Gözel paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän «Aşgabat» köpugurly stadiony 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. 20 müň tomaşaça niýetlenen bu stadionda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik bar. Bu ýerde woleýbol, basketbol, bouling, agyr atletika, boks, fitnes, gimnastika ýaly sportuň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilen jemi 17 sany türgenleşik zaly, çagalara we ululara niýetlenen howuzlar hereket edýär. «Aşgabat» stadionynda dürli sport ýaryşlary hem üstünlikli geçirilýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan Watanymyz dünýäde sport döwleti diýlip ykrar edildi. Ýurdumyzyň obalarynda, şäherçelerinde, şäherlerinde gurlup, ulanylmaga berlen dürli sport desgalary bu günki gün bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, ýaş nesilleriň öz bedenlerini taplaýan, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 2-nji sport mekdebi hem şolaryň biridir. Mekdebimizde sportuň dürli görnüşleri boýunça 43 topar bilen türgenleşik işleri, okuw sapaklary geçirilýär. Ýyllyk iş meýilnamasy boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Lukmanlar, tälimçiler bilen maslahatlar we beýleki çäreler guralýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alyp, işgärleriň we mekdebimizde türgenleşýän türgenleriň saglygyna yzygiderli gözegçilik işleri ýola goýuldy. Möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden goranmagyň düzgünleri barada ýygy-ýygydan guralýan çärelerde giňişleýin gürrüň edilýär.

Welosiped sporty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň nusgasy

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän peýdalydygy, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigi bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. 2018-nji ýyldan bäri Bitarap Watanymyzda her ýylyň 3-nji iýunynda «Bütindünýä welosiped güni» giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni özüniň derwaýyslygy, döwrebaplygy bilen umumadamzadyň ünsüni özüne çekdi.

Dünýä çempionaty Aşgabatda geçiriler

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sport ulgamy hem uly üstünliklere beslendi. Sport, munuň özi diňe bir beden kämilligi bolman, eýsem, erkinligiň hem-de öz-özüňi ykrar etmegiň baş şerti bolup durýar. Sport häzirki döwürde jemgyýetçilik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ildeşlerimiziň aglaba bölegi, aýratyn hem, ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanýarlar. Bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi döwletiň hem-de jemgyýetiň sazlaşygyny, tagallalaryň utgaşmagyny emele getirýär. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bu babatda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we ýakyn hem-de uzak geljegi nazarlaýan sportuň ösdürilmegine, wagyz edilmegine gönükdirilen anyk çäreler babatda beýleki döwletlere görelde bolýar. Onuň şeýledigini welosipedçileriň halkara birleşiginiň 2021-nji ýylda Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny bermegi ýurdumyza bildirilýän ýokary ynamyň we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän sport syýasatynyň uly üstünliginiň subutnamasydyr. Ýurdumyzda sport çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolmak üçin edýän erjel hereketlerine güýç-kuwwat be

Futbol habarlary

Maradonanyň ady stadiona dakyldy Italiýanyň Neapol şäheriniň futbol topary «Napoli» klubunyň öz duşuşyklaryny geçirýän «San Paolo» stadionynyň ady täzeden ebedileşdirildi. Stadion indi geçen ýylyň noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykan Diego Armando Maradonanyň adyny göterer. Bu barada şäheriň meri Luiji De Magistris: «Neapol şäheri Maradonany ägirt zehini, ukyby bilen 7 ýyllap çykyş eden «Napoli» toparyna «Serie A-da» 2 çempionlyk we beýleki abraýly kuboklar gazandyran ähli döwürleriň iň uly futbolçysy hökmünde hemişe ýatlar» diýip çykyş etdi. Argentinaly futbolçy Maradona 1984 — 1991-nji ýyllar aralygynda «Napoli» toparynda çykyş edipdi. Maradonadan ozal adaty toparlaryň biri hökmünde görülýän «Napoli» kluby onuň çykyş edýän döwürlerinde «Serie A-da» 2 gezek çempionlyk gazandy. Şol sanda klub onuň oýnan döwürlerinde UEFA Kubogyna, Italiýanyň Kubogyna hem-de Italiýanyň Naýbaşy Kubogyna mynasyp bolýar.

Ýaş türgeniň üstünligi

Golaýda ýylyň ýeňil atletikaçylary baýraklarynyň ýeňijileri mälim edildi. Bütindünýä ýeňil atletika bileleşigi (WA) 2020-nji ýylyň erkek ýeňil atletikaçysy diýip şwesiýaly Armand Duplantisi saýlady. Zenanlaryň arasynda bolsa wenesuelaly Ýulimar Rohas bu derejä mynasyp boldy. Syrykly bökmegiň täze ýyldyzy Duplantis 2020-nji ýylda birnäçe dünýä rekordyny goýdy. Ol ýapyk desgalarda geçirilen ýaryşlarda bir hepdäniň dowamynda dünýä rekordyny 2 gezek täzelemegi başardy. Duplantis ilki 6,17 metre böküp fransiýaly Reno Lawilleniň, soňra 6,18 metr beýge böküp, öz rekordyny täzeledi. Şeýle-de, ol adaty meýdançalarda ukrainaly ýeňil atletikaçy Sergeý Bubkanyň 26 ýyllyk rekordyny (6,14 metr) hem 6,15 metrlik görkeziji bilen öz adyna geçirdi. 21 ýaşyndaky Duplantis ýylyň ýeňil atletikaçysy diýlip saýlanan iň ýaş türgen boldy. Zenanlaryň arasynda bu hormata laýyk görlen Ýulimar Rohas hem ýapyk desgalarda üçürdikläp bökmekde dünýä rekordyny täzeläpdi. Wenesuelaly ýeňil atletikaçy 15,43 metre böküp, rekordyň täze eýesi boldy. 25 ýaşly Rohas 2016-njy ýylda Rio Olimpiadasynda kümüş medal gazanypdy. Rohas hem edil Duplantis ýaly bu derejä ilkinji gezek mynasyp boldy.

Ussadyň ilkinji çempionlygy

Sportuň özboluşly görnüşleriniň biri bolan darts boýunça Londonda geçirilen 28-nji Dünýä çempionatynda uelsli Gerwin Praýs çempion boldy. 35 ýaşly türgen finalda şotlandiýaly Garri Anderson bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşykda 7:3 hasabynda ýeňiş gazanan Praýs ilkinji sapar dünýäniň çempiony diýen ada mynasyp boldy. Praýs geçen ýylda dünýä «Gran Pri» bäsleşiklerinde hem çempionlyk gazanypdy. Ol şol birwagtyň özünde «World Series Final» ýaryşynda hem çempion bolupdy.

Dakar Rallisine badalga berildi

Dünýäniň iň kynçylykly awtoulag ýaryşy hasaplanýan Dakar Rallisi 3-nji ýanwarda badalga aldy. Saud Arabystany döwletinde geçirilýän ýaryşlara jemi 322 sürüji gatnaşýar. Şol sürüjileriň 67-si ýeňil ulag sürüjisi, 108-si motosikl sürüjisi, 44-si ýük ulagy sürüjileridir. Şeýle-de, 21 kwadrasiklçi hem-de 58 UTV görnüşli ulaglaryň sürüjileri-de 43-nji Dakar Rallisinde çykyş edýär. Ýaryşlar jemi 12 tapgyr bolup, ol 14 günde başlanan ýeri Jidda şäherinde 15-nji ýanwarda tamamlanar.

«Ata kesbi ogla halal»

«Formula 1-iň» ady rowaýata öwrülen sürüjisi, germaniýaly Mihael Şumaheriň ogly Mik Şumaher hem kakasynyň ýoluny dowam etdirýär. 2019-njy ýylda «Formula 3-de», 2020-nji ýylda-da «Formula 2-de» çempionlyk gazanan Mik Şumaher täze möwsümde «Formula 1-de» çykyş eder. 21 ýaşly Mik Şumaher täze möwsümde «Formula 1-iň» «Haas» toparynyň sürüjisi bolar. «Haas» topary Mik Şumaherden başga-da toparyň beýleki sürüjisi hökmünde-de russiýaly Nikita Mazepin bilen şertnama baglaşdy. Topar geçen möwsümde çykyş eden sürüjileri Kewin Magnusson hem-de Roman Grožan bilen ýoluny aýyrdy. «Formula 1-de» täze möwsüme 21-nji martda Awstraliýa «Gran Prisi» bilen badalga berler.

Iň ýokary utuk

Amerikanyň Milli basketbol ligasynda (NBA) «Golden Steýt Warriors» topary öz meýdançasynda «Portlend Treýl Bleýzersden» toparyny 137:122 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda «Golden Steýt Warriorsyň» ýyldyzy Stefen Körri toparynyň ýeňiş gazanmagyna uly goşant goşdy. Ol toparynyň gazanan 137 utugynyň 62-sini öz adyna ýazdyrmagy başardy. Bu onuň iň ýokary görkezijisi boldy. Ol mundan ozal 54 utuk bilen bir duşuşygy tamamlapdy. Şeýle-de, 62 utuklyk görkeziji «Golden Steýt Warriors» toparynyň basketbolçylarynyň arasynda soňky 47 ýylda gazanylan iň ýokary utuk hökmünde hasaba alyndy.

Melhemler mekany

Parahatçylygyň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyny ýola goýmak wezipelerini döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwürdi. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan däplerini bu gün ýaşlarymyz mynasyp dowam edýärler. Munuň özi berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem türkmen sportuny hemmetaraplaýyn ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak adamy ýaramaz endiklerden saplaýar. Sazlaşykly ösüşiň esasy bolan beýik ahlak we ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarly bolmagy üpjün edýär.

Ezberlere — ýeňiş hemra

Golaýda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda badminton boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty boldy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň badminton federasiýasynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu ýaryşa türgenleriň 30-a golaýy gatnaşdy. Üç günläp dowam eden ýaryşda türgenler jübütleýin hem-de şahsy görnüşde bäsleşdiler. Zenanlaryň arasynda lebaply Rozygül Jumaniýazowa has şowly çykyş etdi. Ol jübütleýin görnüşde Ýana Sarkisýan bilen çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Şahsy görnüşde-de Rozygül ikinji orny eýeläp, kümüş medal gazandy.

Sport syýasatynyň gadamlary

Aýdyň ýol Bagtyýarlyk zamanamyzyň ýyllarynda Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly il-günümiziň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň öňe süren sport syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Gahryman Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlar, sport mekdepleridir sport desgalary ýaşlaryň gelim- -gidimli ýerine öwrüldi. Indi şol sport mekdeplerinde ýaş türgenleriň uly topary sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçýärler.