"Serhet abat-Döwlet abat" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugy
Salgysy: Magtymguly şaýoly, 80
Telefon belgileri: 39-53-45

Makalalar

Düwmelere siňen duýgular

Toýa gelen myhmanlaryň öňünde akkordeon çalyp aýdym aýdyp duran, Türkmenistanyň halk artisti Mämi Çaryýewi diňläp duran on-on iki ýaşly Handurdy kakasy Jumadurdy mugallyma ýüzlenip: — Kaka, o bagşyň çalyp duran saz guralynyň ady näme? — diýdi. Kakasy gysga jogap berdi:

Kitap paýhasyňy durlaýar

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren ajaýyp eserleri bilim işgärleri üçin hem bahasyna ýetip bolmajak ýakyn gollanmadyr. Ýaşlary terbiýelemekde halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasymyzdan ugur alynýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ynsanperwerlik ýol-ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan kitaplary ýaş nesliň döwrebap terbiýe almagynda uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň eserleri kalbyňy durlaýar, täze oýlanmalara, ahlak päklige, ruhy kämillige galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» kitabyndaky: «Özünde döwrüň ruhuny, milletiň çeper-aň ösüşiniň keşbini, sowulmaz ylahy ylhamyň köňül joşgunyny jemleýändigi, kalplara tämizlik çaýýandygy üçin, ylmyň, bilimiň, kitabyň gadyr-gymmaty ähli baýlykdan zyýatdyr» diýen jümleleri kitabyň gymmatynyň egsilmezdigini görkezýär.

Doglan günüňiz haýsy pasyl?

Dürli ýurtlaryň alymdyr psihologlary soňky ýyllarda geçiren barlaglaryna esaslanyp, ynsanyň doglan pasly, onuň häsiýetine, zehin-ukybyna täsir edýär diýen netijä gelipdirler. Alymlar munuň sebäbini bolsa, enäniň çaga dünýä inýänçä iýmitlenişine we çaganyň ilkinji aýlardaky saglyk ýagdaýyna bagly bolýandygy bilen düşündirýärler. Şu ýerde psihologlaryň gelen netijelerini size hödürleýäris. Gyş pasly — zehinli kişileriň pasly.

Sungatyň gudratly güýji

Myratgeldi aganyň gözüni açyp göreni dutar, eşidýäni şirin mukamlar, aýdymlardy. Agasy Rejep Rahmanowyň, obadaşy Öwlüýäguly bagşynyň bile saz çalyp aýdym aýtmaklary onuň sungat ýoluna düşmegine itergi berýär. Onuň döredijilik ýolundaky ilkinji ädimi çeper höwesjeňleriň çykyşynda «Jeýhunym» atly öz döreden aýdymyndan başlanýar. Jeýhun tolkunlarynyň owazyny çeper sözde, pelsepewi pikire ýugrulan inçe duýguly sazda beýan etmegi başaran aýdymçy, ony ýerine ýetirmekde-de ussatlygyny görkezýär. Bu üstünlik bagşynyň kalbyny joşduryp, ony hyjuwly zähmet çekmäge, döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Dost-doganlyk mukamy

Golaýda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň guramagynda, muzeýiň mejlisler jaýynda «Türkmenistan — hoşniýetliligiň, asudalygyň, ygrarlylygyň ýurdy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her bir ýyla ähmiýetli şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, halkymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Parahatçylyk, ynanyşmak, birek-biregi goldamak, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk mähriban halkymyzyň asylly ýörelgeleridir. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu asylly ýörelgeler bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem mähriban halkymyzyň parahatçylygy, hoşniýetliligi, ileri tutýan belent maksatlarynyň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär. Maslahatda berkarar Diýarymyzy dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we ynsanperwerligiň mekany hö

Üns be­riň, bäs­le­şik!

Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­ny has-da da­ba­ra­lan­dyr­mak, ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň mun­dan beý­läk-de ro­waç­lan­ma­gy­na, ber­ke­me­gi­ne, ýur­du­my­zyň äh­li ugur­lar­da ösüş­le­riň be­lent sep­git­le­ri­ne ýet­me­gi­ne ön­jeý­li go­şant goş­mak, eziz Di­ýa­ry­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny has-da art­dyr­mak, mu­kad­des top­ra­gy­my­za hem-de gö­zel te­bi­ga­ty­my­za gu­wan­mak, hal­ky­my­zyň me­de­ni mi­ra­sy­ny, ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ni gi­ňiş­le­ýin wa­gyz-ne­si­hat et­mek, ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de ga­za­nan be­lent ab­raý-mer­te­be­si­niň kök­le­ri­ni açyp gör­kez­mek, äh­mi­ýe­ti­ni, ma­ny-maz­mu­ny­ny halk köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­mek, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ga­za­ny­lan ta­ry­hy öz­gert­me­le­ri wasp et­mek we dün­ýä ýaý­mak, şeý­le-de 2021-nji — «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy

Fotosuratçylaryň bäsleşigi

Watan, seniň gudratyňa döneýin!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen gözel ada eýe bolan ýylymyzda elmydama uly harplar bilen ýazyp, gursagymyzda göterýän Watan sözüniň bolmagy dünýämizde iň bir ýakymly duýgulary oýardy. Şu sözlerem şeýle buýsançly duýgularyň esasynda beýan tapdy. Hormatly Prezidentimiz: «...Adamyň ömürboýy gazanan baýlygy — tälim-terbiýesi, akyl-paýhasy, ukyp-başarnygy, hünäri onuň Watan gymmatlygy babatdaky garaýyşlarynda ýüze çykýar...» diýip belleýär. Munda çuň many bar. Çünki haýsydyr bir adam bilen söhbetdeş bolýarkaň, onuň Watan bilen baglanyşykly aýdyp berýän gürrüňleri hoş ýakýar. Hut şol gürrüňlerden hem onuň Watanyna nähili sarpa goýýandygyny, ony nädip ezizleýändigini duýmak bolýar. Ol döredijilik babatda-da şeýle. Watan hakynda ýazýarkaň, ähli ukyp-başarnygyň ýüze çykyp, zehiniň açylyp, ol iň bir ýürekden ýazylan eserleriň biri bolup çykýar.

Ýagşy sözden göwün teselli tapsyn!

Men 84 ýaşymyň ýedi ýaşyndan bärsini, okap, öwrenip, bilmäge çalşyp ýaşap ýörün. Häzirem ýylda 3-4 sany gazet-žurnala ýazylyp, olary yzygiderli okaýaryn. Kärim boýunça himiýa we biologiýa mugallymy. 53 ýyllap şu derslerden okuwçylara bilim berdim. Döwlet sylaglaryna, okuwçylarymyň, olaryň ata-eneleriniň, obadaşlarymyň hormatyna mynasyp boldum. Nusgawy şahyrlarymyzdan başlap, ondan bärdäki ýazyjydyr şahyrlarymyzyň, dünýä, rus, sowet edebiýatynyň görnükli wekilleriniň köpüsiniň diýen ýaly eserlerini okap çykdym. Şol kitaplar meniň gözýetimimi, dünýägaraýşymy giňeldipdi. Türkmen edebiýatynyň şamçyragy, genji-hazynasy, öçmez ýyldyzy Magtymguly pähimdarymyzyň dana goşgulary ylla daşa ýazylan ýaly ömürbaky ýadymda dur. Olar neneň unudylsyn?! Meniň Magtymguly atamyzy älem-jahana nur saçyp duran Güne, goşgularyny bolsa «Ýer göteren sary öküziň» (Magtymgulynyň goşgusyndan), ýagny Günüň san-sajaksyz şöhlelerine meňzedesim gelýär. Sebäbi onuň tematikasy Gün şöhleleri zeýilli uçursyz kän, sanap gutarar ýaly däl. Şolardan käbirini dile getireýin: Watanymyzy, il-günümizi, gözel tebigatymyzy söýmek, agzybirlik, dogruçyllyk, mertlik, wepalylyk, ata-ogul, dost-dogan gatnaşygy, rehimdarlyk, sahylyk, halallyk, alkyş almak, myhmansöýerlik, pähim-paýhaslylyk, geçiri

Hoş owazly bagşydy

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Akmämmet Nurmämmedow bilen maňa köp ýyllap duz-emek bolup gatnaşmak miýesser edipdi. Ol ýetginjeklik döwrümde menden Baýram şahyryň goşgulary ýerleşdirilen kitaby sorap alypdy. Balkan dagyny wasp etmekde meşhurlyk gazanan şahyryň goşgular ýygyndysyny ürç edip, ilik-düwme öwrenipdi. Ilkinji aýdymy bolan «Şaglap iner bürgütleri» bilen hem adygyp başlapdy. Bagşynyň ýognasdan dury sesi, labyzly owazy bardy. Hiç kimiňkä meňzemeýän arassa jukguldysy bilen hem tanalypdy. Meşhur Sahy Jepbarow oňa «Ors bagşy» diýip lakam goýdy. Şeýle diýilmezçe-de däldi. Sebäbi ol saryýagyz hem-de gök gözlüdi.

Sungat äleminde

Bagşyçylyk ýoly dowam edýär Halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, eziz Watanymyzyň, bereketli topragymyzyň, mähriban enelerimiziň waspyny ýetirýän, şeýle-de, halk aýdymlary bilen halkymyzy begendirýän aýdymçy-sazandalaryň biri hem Tagtabazar etrabynyň Marçak geňeşligindäki Garly Durdyýew adyndaky oba medeniýet öýüniň müdiri Rozymyrat Orazowdyr.

Agzybirlik — döwletliligiň gözbaşy

Milli terbiýe, milli häsiýet örän çuň düşünjelerdir. Diňe ýagşylyk düşünjesi arkaly milli terbiýäniňdir milli häsiýetiň esasy aýratynlyklaryny açyp görkezmek bolar. Çünki her bir zadyň başlangyjynda, isle ol terbiýe bolsun, isle iş bolsun, gözbaşda agzybirlik durýar. Şeýle bolansoň pederlerimiz agzybirlige synmaz gala hökmünde garapdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly», «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi», «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», «Saglyk — abatlyk», «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy», «Myhmansöýerlik», «Dostluk — asylly ýörelge», «Ynsaplylyk», «Agzybirlik», «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi», «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!», «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» ýaly bölümlerden ybarat. Bu ajaýyp kitapda agzybirlik düşünjesiniň özbaşdak bölüm edilip alynmagy çuň many-mazmuna eýedir. Agzybirlik — döwletliligiň gözbaşy. Döwletlilik — bagtyýarlyk, şonuň üçin hem bu babatda pelsepewi pikir ýöredilende, agzybirlik ýaly milli häsiýete ünsi çekmezlik mümkin däl. Agzybirlik bolan ýerde bagt bar, agzybirlik bolan ýerde üstünlik bar, agzybirlik bolan ýerde aýdyň ertirlere ynam berkeýär.

Ussatlar unudylmaýar

Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň her obada, ilde sulhy alyşýan dostlary bolupdyr. Halypa bagşy aýdym-saza düşünýän, oňa hormat goýýan adamlar bilen gatnaşyk eder eken. Bilbil owazly bagşy hökmünde tanalan Çuwal halypanyň gadymy Köneürgenç sebitleriniň üstünden ýoly düşäýse, ol hökman kakam Kakabaý Nuryýew bilen didarlaşyp, bir gije myhman bolup, dem-dynç alyp geçer eken. Şonda kä halatlar toý-meýlislerde onuň ýanynda ogly Jumaguly Magtymgulyýew gyjakda sazandarlyk eder eken. Häzirki ýaly, ol döwürlerde-de welaýatymyzda atly, eli saza ýüwrük gyjakçy sazandalar köp bolupdyr. Ýöne halypa bagşy aýdym aýdanda Sapar Bekiden özge sazandany göz öňüne getirmändir. Şeýle-de bolsa, kä ýarym toý-tomaşalarda halypa bagşy söwer ogly, ussat sazanda Jumagula-da ýanynda gyjak çaldyrypdyr. Gyjakçy Jumaguly Magtymgulyýew saz guralynyň sapyna bilbil gondurýanlardandy. Onuň eline dutar ber, hala gyjak ber, asla saz gural dannamasy bolmazdy. Eline düşen saz guralyny saýradardy. Jumaguly halypanyň welaýatymyzyň halypa bagşylarynyň ýanynda köp gezekler gyjakda sazandarlyk edeni häli-häzire çenli ýadymda galypdyr. Onuň agyr göwresi bardy, ýüzi agrasdy. Emma keýpi kök çaglary gyzykly gürrüňleri tapyp, märekäni gyzyl-gyran gülüşdirerdi. Ol degişgen adamdy. Saz çalanda oturan

Watan goragy mukaddesdir

Goja heňňamyň bir hakykaty bar — iň eziz, mukaddes hasaplanylýan zatlar mydama goralyp gelinýär. Şol mukaddeslikleriň ilkinjileriniň hatarynda eziz Watan durýar. Çünki Watan — ynsanyň göbek ganynyň daman mekany, önüp-ösen mesgeni. Hut şonuň üçin-de Watan mukaddes hasaplanylýar, keramatlyk derejesinde sarpalanýar. Şeýle mukaddesligiň goragynda durmak-da uly jogapkärçiligi talap edýär. Şeýle jogapkärçiligi egnine alan, döwlet tarapyndan ynanylan belent wezipäni berjaý edýän Milli Goşunymyzyň şahsy düzümi Watan goragçylarynyň gününi bütin halkymyz bilen bilelikde dabaraly belläp geçýär. Watan goragçylarynyň güni her ýylda täze ýylyň ilkinji aýynda bellenilip geçilýän şanly seneleriň biri. Ähli zatlaryň Watandan başlanyşy ýaly, Watan goragçylarynyň gününiň-de ýurdumyzda täze ýylyň ilkinji aýynda bellenilip geçilmegi hem özboluşly mana eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Watan başymyzyň täjidir!» diýen parasatly jümlelerini atalyk pendi hökmünde kabul edýän harby gullukçylar özleriniň baýramçylyklaryny her ýyl mynasyp derejede belleýärler. Mert pederleriň ruhy bardyr köňülde

Merdanalyk mekdebi

Mukaddes Watany söýmegi, onuň bir bölegidigiňe guwanmagy, ene topragy gözüň göreji deýin gorap, ata ýurduň mertebesini beýgeltmegi körpelikden kalbyma guýan kakam pahyr bolupdy. Ol heniz men dünýä inmänkäm, Beýik Watançylyk urşunda bir elini aldyryp gelen ekeni. Oglanjykkam kakamyň boş ýeňini görüp, munuň sebäbi barada soranym, şu günki ýaly ýadymda. Şonda kakam çaga düşnükli boljak sözler bilen Watany goramak üçin gerek bolsa, şirin janyňy hem aýamaly däldigini düşündiripdi.

Şygryýet älemi

Guwanjym sen, Aşgabat! Gül Watanmyň ýüreginiň owazy,Guwanjym sen, buýsanjym sen, Aşgabat!Goýnuňda bark urýar dagyň howasy,Guwanjym sen, buýsanjym sen, Aşgabat!

Ezizowdan Pyraga çenli

...Bu setirleriň ýazylmagyna irden işe gitmek üçin münen ýolagçy awtobusymdaky waka sebäp boldy. Ir säheriň ümri gojaman Köpetdagy etekläp oturan ak şähere gonak bolupdy: köçelerdir binalar, daragtlardyr ýan ýodalar... ýukajyk çal ýapynja ýapynypdy. Beýle pursatlarda, elbetde, goýazy pikirler seriňe dolýar. Emma onýança awtobusyň radiosyndan aýdym ýaňlanmaga başlady:

Bagtyýarlyk döwrümiziň bagtyýar waspçysy

Sungat ussatlarynyň döredijilik dünýäsi bilen gyzyklananyňda, olaryň ussat bolup ýetişmekleriniň gönezliginiň çagalyk ýyllaryndan gözbaş alýandygyna şaýat bolýarsyň. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem şeýle döredijilik we sungat ussatlaryny ýetişdirmekde ýurdumyzda çagalaryň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň uly orny bar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan edýän «Merdana nesil», «Iň eýjejik gyzjagaz», Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy hem bu ugurda ýaş zehinleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Ýakynda gowşurylan Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijisi Rahym Ahadow hem döredijilik we sungat dünýäsine ýaňy gadam basan zehinli oglanjyklaryň biri. Rahymyň kalby aýdym-saza teşne. Ol heniz çagajykka deň-duşlary bilen oýnanda hem hemişe aýdymçy ýa sazanda bolardy. Bedräni beýleligine düňderip, saz çalyp, aýdyma gygyryberýän wagtlary az bolmandy. Ol ýatkeşligi bilenem öz ýaşytdaşlaryndan tapawutlanýardy. Bir gezek eşiden aýdymynyň sözlerini, bir gezek okan goşgusyny ikinji gezek ýatdan aýtmagy başarýardy.

Hereketiň hem owazyň ýakymly sazlaşygy

Türkmen halk döredijiligi şahyrana eserlere baýlygy, özüniň akgynlylygy, çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Türkmen edebiýatynda halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri zikirdir. Zikir özüniň müň ýyldan hem gowrak taryhynda köp özgerişlere duçar bolýar. Ol soňky ýüzýyllykda öňki mazmunyny bütinleý özgerdip, «küştdepdi» diýen at bilen ilatyň arasynda dabaralarda täze mazmunda ýaýrap başlaýar.

Mukaddes borjumyz

Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň parahatçylyksöýüjilik we merdi-merdanalyk, gahrymançylyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Merdana pederlerimiziň mertlik mekdebiniň dowamaty bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri goranyş häsiýetli, söweşjeň ukyply milli goşunymyzdyr. Şeýle kämil goşunda gulluk edip, ýurdumyzyň goranmak ukybyny artdyrmak, döwletimiziň asudalygyny, halkymyzyň parahatçylygyny goramak ýaly mukaddes borjy amala aşyrýan Watan goragçylarymyz hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda aýratyn üns we alada bilen gurşalandyr. Eziz Arkadagymyzyň giň gerimli harby özgertmeleri netijesinde milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Eziz Arkadagymyz Watan goragçylarynyň maddy we ruhy üpjünçiligini sazlaşykly guramagyň netijeli ugurlary bilen birlikde, milletimiziň adyny edermenlikleri bilen taryhyň altyn sahypalaryna ýazan gahryman serkerdelerimiziň şöhratly däplerini wagyz etmekde, watansöýüjiligiň we serkerdelik tälimleriniň belent nusgasyny görkezmekde bahasyna ýetip bolmajak işleri amala aşyrýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby uçary dolandyrmakda