"Serhet abat-Döwlet abat" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugy
Salgysy: Magtymguly şaýoly, 80
Telefon belgileri: 39-53-45

Makalalar

Milli terbiýede görelde mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr. Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen, merdana halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwürde döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan miras galan asylly däpler, milli ýörelgeler häzirki döwrüň iň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Türkmen halkymyzda “Akyl ýaşda däl, başda” diýen parasatly söz bar. Munuň özi milli terbiýäni has ir başlamalydygyny aňladýar. Ýaş çagalarymyzy, nesillerimizi başdan terbiýeli edip ýetişdirmek, olaryň aňyna diňe oňat häsiýetleri siňdirmek biziň borjumyzdyr. Çaganyň ýaşlygyndan ukyp-başarnygyna görä, ömri bilen ömürdeş boljak hünäri saýlamagynda ata-enäniň, mugallymyň tutýan orny uludyr. Höwesli, irginsiz, yzygiderli zähmet çekm

Taryhçy suratkeş

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi, «Gaýrat» medalynyň eýesi, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurowyň şahsy döredijilik sergisi açyldy. Sergide nakgaş mugallymyň dürli ýyllarda döreden «Amyderýa agşamy», «Hazar maýagy», «Gurtly köli», «Durnalar» we ýene birnäçe ajaýyp eserleri görkezilýär. Ussat suratkeş öz eserlerinde türkmen topragynyň tebigy gözelliklerinden başlap, döredijilik saparlarynda bolan dürli ülkeleriniň owadan görnüşlerine çenli ýüzlenýär. Onuň döredijiliginde milli däp-dessurlarymyz, özboluşly medeniýetimiz we şöhratly taryhymyz öz beýanyny tapýar.

Magtymgula köňül beren

Halypa suratkeş Allamyrat Muhammedowyň döredijiligi hakynda söhbet

Medeni habarlar

Berekediň çeper beýany 5-nji noýabrda şeýle at bilen ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyk sergisi açyldy. Sergide belli nakgaşlar Merdan Kakabaýewiň «Süýji gawun», «Ak bugdaý», «Gülabylar we üzümler», Aşyrjuma Nuryýewiň «Sandykgaçynyň almalary», «Agronomyň portreti», Nikolaý Çerwýakowyň «Daýhanlar», «Säher», heýkeltaraşlar hem-de keramikaçylar Muhammet Ýüzbaşowyň «Hasyl baýramy», Çary Durdyýewiň «Miweler», «Hasyllylyk», Alekseý Şetininiň «Harmanda», Welmyrat Jumaýewiň «Pagtaçylar» ýaly eserleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

OWAZLY DÜNÝÄNIŇ TOLKUNLARYNDA

Döwür özgerýär, şonuň bilen birlikde bizi gurşap duran tutuş barlyk hem şol özgerişi başdan geçirýär. Bu gün gözümiziň öwrenişen her bir närsesi ertir başga bir görnüşde peýda bolýar. Emma radio – şol öňki radio. Internetiň, sanly we onlaýn teleýaýlymlaryň barha ynsan durmuşyna çuň aralaşýan döwründe radionyň möwriti geçip barýar diýýänler hem bar. Emma şeýle diýýänler hem barybir radio diňleýärler. Jemgyýetçilik ulaglarynda, öýde, işde arakesme mahaly bolsun tapawudy ýok, barybir olar radio diňleýändirler. Şahsy ulagyňda gidip barýansyň welin, özüňden bidin radionyň nurbatyny towlanyňy duýmarsyň. Edil gadyrdan byradaryň sesini küýsän ýaly, radio eşidesiň geler. Özem eşidesiň gelýänini bilmezden oňa gulak gerersiň. Uzakly gün radionyň sesi ýaňlanyp durýan öýler bar. Gije başujynda radio goýup, süýji uka gidýän ynsanlar bar. Henizem her gün ýüzlerçe, hatda müňlerçe adamlar radio tolkunlarynda durmuşynyň iň bagtly, iň arzyly günleriniň bagtyýarlygyny, ýürek buýsançlaryny paýlaşýarlar. Onsoň neneň radio möwritini ötüren diýip bilersiň. Radio möwritini ötürer ýaly ýönekeý tehnika däl ahyry. Onda ýürekdeşlik, hamraklyk bar. Onuň tolkunlary ynsanyň ýürek urgusyna çalymdaş. Onda ýürek bar, diýmek ol ýaşaýar, ol janly.

Reňkleri gürledýän ynsan

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň medeniýetini we sungatyny çuňňur öwrenmäge giň ýollar açylýar. Bagtyýar zamanamyzda milli dizaýn, nakgaşlyk we grafika sungatlarynyň utgaşykly ösüşine, şeýle-de halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, arheologiýa we muzeý işini düýpli öwrenmäge saldamly goşant goşan şahsyýetleriň biri hem Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Dizaýnerler birleşiginiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty, «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat» we «Magtymguly Pyragy» medallarynyň eýesi Öwezmuhammet Mämmetnurowdyr. Ö. Mämmetnurowyň ady eýýäm ýarym asyrdan gowrak wagt bäri tanalýar. Halypanyň Watanymyzyň öňünde bitiren işleri oňa meşhurlyk getirdi. Mälim bolşy ýaly, halypanyň giň gerimli döredijiligi onuň köptaraply zehinini açyp görkezýän täze pikir-düşünjeleriň özboluşly beýanydyr. Ussat dürli žanrlar we akymlar boýunça ençeme eserleri kemala getirip, öz döredijiliginde birnäçe sungatlary özara utgaşdyrmagy başardy.

Arkadag şäheriniň binagärliginiň çeper çözgütleri

Medeniýetiň ösüşiniň ähli döwürleriniň dowamynda adam öz durmuşyny gözelleşdirmäge, daş-töweregini gurşap alan zatlary — jaýyny, egin-eşigini, gap-gaçlaryny, zähmet gurallaryny owadan, gözegelüwli etmäge çalşypdyr. Her bir zadyň gymmaty onuň peýdasy we göze ýakymlylygyndadyr. Islendik bir zadyň, mydama durnuksyz hem-de, taryha görä üýtgäp durýan tehniki we estetiki başlangyjy bar. Biziň daş-töweregimizdäki zatlar dünýäsini proýektleşdirmekde, adamyň döredijilik işiniň ähli görnüşlerini ýerine ýetirilende, owadanlygy we peýdalylygy özünde jemleýär.

Ussadyň aýdanlaryndan

Dünýäde şeýle bir ýer bar: kalbyň ýylysy ýaly ol ýere «Teatr» diýilýär. * * *

Kalpdan dörän keşpler

Bize miras galan türkmen teatrynyň we kinosynyň halypalyk mekdebiniň, ýolunyň ilkinji başynda onlarça halypalaryň hatarynda Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Sabyr Ataýewa hem dur. Halypa artistiň çuň kalbyndan, irginsiz, yhlasly zähmetinden, esasan hem, tebigy zehininden dörän keşpler tomaşaçylaryň ençeme neslini terbiýeläp gelýär. Ýüz ýyldan gowrak mundan öň, has dogrusy, 1917-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Bäherden etrabynyň Bamy obasynda gol doly maşgalada bir gyzjagaz dünýä inýär. Ene-atasynyň mähir-söýgüsinden boý alýan, ýaşajyk daragt kimin, ösüp gelýän gyzjagaz üç ýaşynda olardan jyda düşýär. Mährem ojagyň ýylysynda ezizlenmeli çaga ýetimler öýünde ulalmaly bolýar. Ene söýgüsiniň, ata mähriniň zarynda kämillik ýaşyna ýeten şol gyzjagaz — Sabyr ykbalynyň, ömrüniň manysyny adamlara söýgi paýlamakdan agtarýar. Ýollar ony 1936-njy ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky ýokary teatr mekdebine alyp barýar. Ol bu ýerde soňlugy bilen, türkmen teatr sungatynda özleriniň özboluşlylygy, aýratyn zehinleri bilen tapawutlanan Fahriýa Alyýewa, Täçbibi Gapurowa we ýene-de onlarça türkmen oglan-gyzlary bilen teatr sungatynyň inçe syrlaryny öwrenmekde bilim alýarlar.

Jeren LOKGAÝEWA, Sabyr Ataýewanyň gyzy:

— Ejem bilen bagly ýadymda galan wakalaryň ählisini aýdyp çykjak bolsam uzak gürrüň. Esasy häsiýetlerini aýtsam, kiçigöwünli, ýüregi ýuka, içeriň arassaçylyk-tertibinde iňňän arassaçyl bolandygyny aýtmak gerek. Bize-de kiçiligimizden arassaçylygy öwrederdi. Işeňňirligi hem aňyrdan. Işden gelende elinde depder bar bolsa dagy, täze keşp tabşyrylandygydyr. Onsoň işiniň başyna barar, oýnamaly keşbini gowy «bişirer». Şonda menem bir ýardamçysy. Ssenariýadaky iki adamyň gepleşigini ýerine ýetirmeli bolsa biri mendim. Gepleşik wagty ýüzüne seretsem, oýundyr ýa taýýarlykdyram öýtmezdim. Ejem elinden gelse il-güne hemaýatyny gaýgyrmazdy. Bir gojanyň alkyş aýdyp, bokurdagyny doldurany henizlerem ýadymda. «Şasenem-Garyp» atly filmde surata düşende, garabagyr enäniň çekýän hasratyny görüp, filmi surata düşürip ýören operatorlaryň biriniň gözýaşyny saklap bilmedigini aýdardylar. Ejem halk bilen bir jandy. Şonuň üçin halkyň söýgüsinem gazandy diýip biljek. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen şeýle ynsanlaryň sarpasy has-da belent tutulýar. Arkadag şäherindäki köçeleriň birine ejemiň adynyň dakylmagam uly hormatdan nyşan. Munuň üçin Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Hormatyň nyşany

Halypalary hatyralap, olaryň atlaryny ebedileşdirmek, geçen şöhratly ýollaryny geljekki nesiller üçin terbiýe mekdebine öwürmek ýurdumyzda ileri tutulýan asylly işleriň biridir. Arkadag şäherinde gurlan binalara, köçelere görnükli şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagy munuň ýene bir buýsandyryjy subutnamasydyr. «Akylly» şäheriň iň bir owadan köçeleriniň biri Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Sabyr Ataýewanyň adyny göterýär. Ol ýurdumyzda görnükli şahsyýetlere, olaryň il-halky, Watany üçin bitiren beýik hyzmatlaryna belent hormat-sarpadan aýdyň nyşandyr. Bu asylly ýörelge ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi üçin nusgalyk işdir. Sabyr Ataýewanyň adyny göterýän köçäniň ugrunda Arkadag şäheriniň Bagt köşgüniň, Döwlet arhiwiniň, hususan-da, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň ýerleşmegi teatr sungaty ugrunda zähmet çekýän ynsanlary has-da guwandyrýar. Biz Sabyr Ataýewa ýaly halypalarymyzdan nusga alyp, geljekde hem teatr sungatyny gülletmekde yhlasly zähmet çekeris. Goý, geçmişini arzylap, geljege ak ýollar açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Tomaşa jaýlarynda

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry: 9-njy noýabrda «Gumly gelin» atly aýdym-sazly gülküli tomaşa — sagat 19:00-da.

Halal zähmete sarpa

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň öňdebaryjy işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem degişli edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Biz hem öňdebaryjy hökmünde sylaglanan işgärleriň ýürek buýsanjyny size ýetirýäris.

Dünýä belli taryhyň bar, müň bir dilde tarypyň bar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň işgärlerine uly ynam bildirip, şeýle nygtaýar: «Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr». Türkmen medeniýeti özüniň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Munuň aýdyň subutnamasyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem her bir pursatda duýup ýaşaýarys. Taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gadymy Änew topragynyň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmenistanlylaryň buýsançly başyny göge ýetirdi. Bu şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi. Oguzlaryň gadymy mekany bolan Änew şäherinde dünýäniň dürli döwletlerinden gelen myhmanlaryň, taryhy öwrenijileriň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk dabaralary bolsa aýratyn ýatda galyjy boldy.

Dilde dessan, kalpda bossan

Hormatly Prezidentimiz peder ýoluny mynasyp dowam etdirmek bilen, asyrlara ýaň salan beýik şahsyýetlerimize, halkymyzyň milli aňyýetiniň gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimize uly sarpa goýýar we olaryň dünýä ýaýylmagy ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýär. Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän çäreler munuň anyk subutnamasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylymyzda durmuşa geçirilýän çäreler gerimi we mazmuny boýunça akyldar şahyrymyzyň abraý-mertebesini Arşy-agla göterip, gadymy hem müdimi türkmen milletimizi begenç-buýsanja gaplaýar. Çünki beýik şahyryň döredijiligi dünýä halklarynyň edebi gymmatlygy hökmünde ykrar edilen mukaddeslikdir. Munuň şeýledigine şahyryň döredijilik älemine aralaşan islendik adam hem anyk göz ýetirýär.

Toýly ýylyň şanyna

Şu gün, ýagny 6-njy noýabrda «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Her jümlesi, her sözi geljegmize rowandyr» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdi. Etrap medeniýet merkezinde geçirilen söhbetdeşlikde dana akyldaryň baý edebi mirasyna ýüzlenildi. Şahyryň goşgularynyň labyzly okalyp, aýdym bolup ýaňlanmagyhas-da täsirli boldy. «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň çäginde guralan medeni çärä etrabyň öňdebaryjy ýaşlarynyň uly topary gatnaşdy. Olar Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, gadymy şäheriň taryhy ýadygärliklerine aýlanyp gördüler.

ÄNEW — ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLAN MEKAN

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her biri güni Watanymyzyň ösüş-özgertmelere beslenen täze döwrüniň taryhyna şöhratly sahypalar bolup girýär. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýylynda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen ady buýsanç bilen götermegi has-da guwandyrýar. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde kabul edilipdi. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýyldaky ilkinji mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi, şonuň esasynda guramaçylyk topary döredildi, onuň düzümi tassyklandy, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Şu ýylyň martynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere daba

Sarpaly senet

Zergärçilik senedi öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Muny arheologik gözlegleriň netijesinde tapylan, irki döwürlerde ýaşap geçen zergärleriň altyndyr kümüşden, misden ýasan şaý-sepleri hem subut edýär. Türkmen zergärleri gelin-gyzlarymyzyň dakynýan şaý-seplerini, türkmeniň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewlerimiziň bezeg esbaplaryny ýasamakda tapawutlanypdyrlar. Halk döredijiliginde hem-de nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň edebi mirasynda zergärçilik bilen bagly aýtgylara, nakyllara, goşgy setirlerine duş gelmek bolýar. «Zer gadyryny zergär biler», «Senet — eliň altyn bilezigi», «Suw seslener gamyş bilen, gyz beslener kümüş bilen» diýen nakyllar halkymyzyň durmuşynda zergärçiligiň uly orun tutandygyny görkezýär. Zergärçilik önümleriniň we olara edilýän nagyşlaryň aýratyn many-mazmuny bolup, türkmen durmuşyny, tebigatyny, ýürekdäki arzuw-umytlary şöhlelendirýär.  Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly atamyzyň hem zergär bolandygy barada maglumatlar saklanyp galypdyr. «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, şahyryň atasy Magtymguly Ýonaçy hem ökde kümüşçi ussa bolupdyr. Şahyryň köptaraply döredijiliginde zergärçilik ugruna

Nesil terbiýesinde milli ýörelgeler

Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösýän edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Ýaş neslini eý gören ata-babalarymyz nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyr. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýaşlaryň maşgalada, köpçülik ýerlerinde özüni alyp baryşlary ýaşulularyň nazaryndan sypmandyr. Olar durmuş tejribelerini dilewar, märekesöýer, şahandaz, guýmagursak zehinli adamlar tarapyndan döredilen halky eserlere siňdirip, perzentleriniň aňyna guýmagyň hötdesinden gelipdirler. Ýiti aňyň, dury akyl-paýhasyň, ýatkeşligiň eýesi bolan pederlerimiz özleriniň döreden eserlerini hakydalarynda aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty bilen dolandyrylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne-de ýetiripdirler. Türkmenlerde nesil terbiýesine uly üns berlipdir. Ýaş nesli halal, dogruçyl, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek hakda aladalanylypdyr. Çaga ilkinji terbiýäni maşgalada alýar. Ýaşlaryň ruhy-ahlak terbiýesinde maşgalanyň orny uludyr. Agzybir, halal zähmet çekýän maşgalada kämil şa

Zehin suwun hakdan içen sazanda

Golaýda Änew şäherindäki Medeniýet öýi baýramçylyk röwüşine beslendi. Toý-baýramlaryň ýygy-ýygydan geçirilýän ýeri bolan bu ajaýyp binada ir ertirden türkmen halk sazlary ýaňlanyp başlady. Şirin mukamlaryň ýakymly owazy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ahal welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guralan, Türkmenistanyň halk bagşysy Jepbar Hansähedowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Dutara dil bitiren halypa» atly aýdym-sazly dabaranyň ajaýyp joşgunyny töwerege buşlady. Dabara meşhur sazanda baradaky täsirli sözleriň aýdylyp, goşgy setirleriniň labyzly okalmagy bilen başlandy. Şondan soň sahnada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň Türkmenistanyň at gazanan artisti Altymyrat Pürmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmeginde «Baga gireli» diýen mukam hem-de bu toparyň sazandarlyk edip, zehinli aýdymçy Meýlis Goçmyradowyň ýerine ýetirmeginde «Dutarym» diýen meşhur aýdym ýaňlandy.