"Serhet abat-Döwlet abat" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugy
Salgysy: Magtymguly şaýoly, 80
Telefon belgileri: 39-53-45

Makalalar

Mak­sa­da ok­gun­ly­lyk —iň uly üs­tün­lik

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 El­bet­de, adam her bir zat­da ne­ti­je ga­zan­mak üçin il­kin­ji no­bat­da öňün­de mak­sat goý­ma­ly. Biz tür­gen­ler hem spor­tuň is­len­dik ug­ry bo­ýun­ça kä­mil­li­giň ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne ýet­mek üçin bi­li­mi­zi berk gu­şap, öm­rü­mi­zi spor­ta ba­gyş et­me­li. Sport­da ga­za­nan ýeň­şiň döw­le­tiň ab­ra­ýy, onuň şan-şöh­ra­ty. Şol wagt eli­ňi ýü­re­giň üs­tü­ne go­ýup, onuň buý­sanç­ly ur­gu­la­ry­ny du­ýup döw­let se­na­sy­ny hy­juw bi­len ses­le­nip aýt­mak, göz­le­ri­ňi dün­ýä­niň iň aja­ýyp pur­sat­la­ry­ny syn­lan dek ýa­şyl tu­gu­my­zyň beý­le­ki baý­dak­lar­dan ýo­kar­da du­rup gö­te­ril­ýän­di­gi­ni gör­mek­den, me­ge­rem baş­ga üs­tün­li­gi bol­maz. Mun­dan şeý­le ne­ti­je çy­kar­ma­ly: mak­sa­da ok­gun­ly­lyk — iň uly ýeň­şiň. Se­bä­bi gel­je­ge bo­lan yna­myň bol­ma­sa, tür­gen özü­niň ejiz ta­rap­la­ry­ny äş­gär ed­ýär. Sport are­na­sy­na çy­ka­ny­myz­da gar­şy­da­şy­myz­dan üs­tün çyk­mak üçin özüň­de «Men hök­man ýeň­me­li, se­bä­bi me­niň ýe­ňiş ga­zan­mak­ly­gy­ma ga­raş­ýan­lar bar. Men ola­ryň ta­ma­sy­ny hök­man

Dün­ýäniň ähli ene­-atalaryny oýa ba­ty­ran mek­dep mü­di­ri­niň ha­ty

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Sin­ga­pur­da­ky mek­dep mü­di­ri okuw­çy­la­ryň ata-ene­le­ri­ne äh­li in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­ny oý­lan­dyr­ýan hat ýol­la­dy. On­da ýol­baş­çy, hat-da, öz di­ýen­li ata-enä­niň kal­by­na ýol ta­pyp bil­jek örän mö­hüm ha­ky­kat­la­ry be­ýan edip­dir. All Sin­ga­po­re Stuff ne­şi­ri ana, şol ha­ty hö­dür­le­ýär.

Toyoto Camry V6

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Toyo­ta­nyň ta­ry­hy dok­ma ma­şy­nyn­dan baş­lan­dy. 1896-njy ýyl­da Sa­ki­çi To­ýo­da en­ja­my elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­si bi­len en­jam­laş­dyr­dy, nä­saz­lyk­lar ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da aw­to­ma­ti­ki öç­di. In­že­ner tiz wagt­dan «Toyo­da» mar­ka­sy­na öw­rü­len za­wo­dy dö­ret­di. Sa­ki­çi­niň og­ly Kii­çi­ro To­ýo­da dok­ma za­wo­dy­ny ma­şyn gur­lu­şy­gy­na öwür­me­gi ba­şar­dy. Ka­ka­sy­nyň aw­tou­lag­la­ra bo­lan söý­gü­si­ni ama­la aşyr­mak üçin 1930-njy ýyl­da in­ži­ner­çi­lik bi­li­mi we da­şa­ry ýurt­da­ky tej­ri­be­si ne­ti­je­sin­de ka­ka­sy­nyň kom­pa­ni­ýa­syn­da aw­tou­lag ön­dür­mek bö­lü­mi­ni aç­dy. 1935-nji ýyl­da «Toyo­da» mar­ka­sy bi­len il­kin­ji aw­tou­lag­lar – A1 ýo­lag­çy aw­tou­la­gy we G1 aw­tou­la­gy­ny çy­kar­ýar.

Türk­me­nis­tan – uzak ýaş­ly­laryň ýur­dy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bu ke­rem­li top­ra­gyň bi­ze eçi­len nyg­mat­la­ry her bir yn­sa­nyň öm­rü­ne ömür goş­ýar. Dur­muş wa­ka­la­ry asyr­lar aşan adam­la­ryň ýü­zün­de bu gün­ki gün hem mi­ze­mez bag­ty gör­mek bol­ýar. Maň­la­ýyn­da jo­ýa ýa­san ýy­gyrt­lar­da Wa­ta­na, il-ýur­da, ene top­ra­ga çe­ken zäh­me­ti, eden yh­la­sy du­ýul­ýar. Dö­wür ola­ra en­çe­me sü­tem­le­ri gör­ke­zen bol­sa-da, hä­zir­ki wagt­da bagt­ly eş­re­tiň hö­zü­ri­ni gör­ýär­ler. Çün­ki bu dö­wür – Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri.

Meşhur grossmeýster bilen duşuşyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 10-njy okt­ýabr­da Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­ly ta­ny­mal gross­meýs­ter Nay­jel De­wid Şort myh­man­çy­lyk­da bol­dy. Myh­man küşt we şaş­ka mek­de­bin­de se­mi­nar okuw gu­ra­dy. Bu se­mi­nar oku­wa küşt we şaş­ka mek­de­bi­niň tej­ri­be­li ta­lim­çi­le­ri, mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri, Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň küşt hü­nä­ri­niň mu­gal­lym­la­ry hem-de ta­lyp tür­gen­le­ri gat­naş­dy­lar.

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Ahal welaýaty, 24-nji dekabr (TDH). Şu gün Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň, şol sanda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Döwrebap gidrotehniki desgalaryň açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Suw hojalygynda işleri ilerledip

Düýn Ahal welaýatynyň çäginde häzirki zaman desgalarynyň birbada ikisiniň — Ak bugdaý etrabynda lagym suwuny arassalaýjy desganyň, şeýle-de Tejen etrabynda suw arassalaýjy desganyň işe girizilmegi şatlykly dabaralara beslendi. Habarçymyz täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek sözlerini ýazga geçirdi.  

Täze ýyla — täze ýaşaýyş toplumynda

Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günler ýurdumyzda şanly wakalara, toý şatlygyna beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek boýunça beýik başlangyçlary esasynda uly işler, ösüşler bilen täze belentlikleri nazarlaýan Daşoguz welaýatynda hem tamamlanyp barýan ýylyň bu günleri ajaýyp wakalar bilen nurlanýar. Ozal habar berlişi ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günlerinde Daşoguz şäherinde ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ol welaýatda giň gerimde alnyp barlan iň uly gurluşyklaryň biridir. Ilatyň döredijilikli zähmet çekmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli amatlyklary bolan döwrebap toplumda 1496 hojalyga niýetlenen jemi 70 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy, saglykdyr söwda merkezleri, 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, hyzmatlar öýi hem-de durmuş maksatly desgalaryň ençemesi bina edildi. Umumy meýdany 71 gektara barabar bolan täze toplumdaky ýaşaýyş jaýlarynyň 32-siniň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň gurluşykçylary, 38 sanysynyň gurluşyk işlerini ýerli hususy kärhanalaryň işçileri alyp bardy. Şol gün bu gözel künjekde

Milli buýsanjyň çeşmesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, ýiti zehininden kemal tapan eserleri biziň her birimiziň durmuş şamçyragymyzdyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny we nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk, päk ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde hem gymmatly hazynadyr. Ine, mähriban Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda peşgeş beren täze — «Hakyda göwheri» atly kitaby hem halkymyzyň şöhratly taryhyna hem-de edebi mirasyna belent buýsançdan dörän kämil eserdir. Kitap «Taryha syýahat» we «Ruhy miras» diýen iki bapdan ybarat bolup, onuň birinji babynda taryhyň dürli eýýamlarynda dünýä ýaň salan beýik türkmen döwletleri bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz barada söhbet edilýär. «Ruhy miras» babynda bolsa halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden bäri dowam edip gelýän milli ruhy ýörelgelerimiziň çuň filosofiýasy beýan edilýär.

Ykbaly hala siňen zenanlar — fotosuratlarda

Düýn paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Ykbaly hala siňen zenanlar» atly fotosurat sergisi açyldy. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Arşyň nepisligine deňelen haly sungatyny döreden we onuň ösmegine goşant goşan, gölleriniň syrly dünýäsiniň taryhyny biziň günlerimize ýetiren zenanlarymyzyň yhlasly zähmetini, ömrüni bu inçe käre bagyşlan ussat halyçylaryň zähmet ýoluny ebedileşdirmäge bagyşlanan sergi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi we “El darak” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guraldy.

Ýangyn howpsuzlygy: seresaplylygy elden bermäliň!

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýaşaýyş jaýlarynda, edara binalarynda elektrik we gaz bilen işleýän enjamlar has işjeň ulanylýar. Şunda ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmazlygy üçin ýangyn howpsuzlyk düzgünleri berk hem gyşarnyksyz berjaý edilmelidir. Ýangyn hadysalary ýygy-ýygydan gysga utgaşmadan, elektrik enjamlarynyň aşa gyzmagyndan, olara aşa agram düşmeginden, birikdirilen ýerleriniň uly geçiş garşylygyndan ýüze çykýar. Ýangyny döredýän gysga utgaşmalaryň ýarysyndan köpüsi ýaşaýyş jaýlarynda bolup geçýär. Gysga utgaşma has köp sezewar bolýan jaýlaryň içindäki elektrik geçirijilerdir. Olarda gysga utgaşma tok geçiriji bölekleriniň daşky örtüginiň tehniki ýa-da mehaniki zeper ýetmeleri, könelmegi, çygyňdyr daşky gurşawyň täsir etmegi, şonuň ýaly-da, adamlaryň ýalňyş hereketleri sebäpli döräp bilýär. Gysga utgaşma dörände toguň güýji ýokarlanyp, bölünip çykýan ýylylygyň derejesi has-da artýar. Mysal üçin, gysga utgaşmada tok 20 esse artýan bolsa, şonda bölünip çykýan ýylylyk 400 esse ýokarlanýar.

Bagtyýarlygyň ak ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýyllarymyz şan-şöhrata beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň şanly ösüşleri we wakalary hem şeýle diýmäge esas berýär. Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy hökmünde, ilkinji nobatda, tamamlanyp barýan şanly ýylymyzda döwletimiziň migrasiýa ulgamyndaky syýasatynyň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan wakalar barada guwanç bilen belläsim gelýär. Şeýle wakalaryň biri-de, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň uludan toýlanylýan günlerinde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Bilşimiz ýaly, şol şanly günlerde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Mundan başga-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi. Bu zatlar Birleşen Milletler Guramasynyň «Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda», «Apatridleriň derejesi hakynda», «Raýatsyzlygy azaltmak hakynda» Konwensiýalaryna goşu

Toý-baýramlar – bagtyýarlyk nyşany

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanyndaky günler, aýratyn-da agşam çagyndan soň paýtagtymyz boýunça, «Garaşsyzlyk», «Bitarap Türkmenistan», «10 ýyl abadançylyk» mahlasy ähli şaýollarynda hereket edýän jemgyýetçilik awtobuslarynda daş-töweregi synlap gitmek, şol şaýollaryň ýanýodalarynda gezelenç etmek ýakymly täsir galdyrýar. Sebäbi hemme ýerdäki, esasan hem ýokarda atlandyrylan şaýollaryň ugrundaky arçalary bezäp öwşün atýan yşyklar kalplara ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynyň ruhuny bagyş edýär. Ruhuňy göteriji şeýle täsin hem täsirli görnüşleri ýurdumyzyň ähli ýerinde görmek bolýar. Halkymyz Täze ýyly uly umyt-arzuwlar hem-de şatlyk bilen garşylaýar. Täze ýyl baýramçylygy ýylyň ilkinji günlerinde bellenilip, ol ýylyň dowamynda toýlanjak toý-baýramlaryň başydyr. Diýarymyzda ilimiziň agzybirliginde, ýurdumyzyň asudalygynda, durmuşymyzyň abadançylygynda we bagtyýarlygynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralar şatlygymyza şatlyk goşup, ildeşlerimizi agzybirlige, jebislige, has-da eşretli günlere, täze üstünliklere, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen beýik işlerine öz goşandyňy goşmaga ruhlandyrýar.

Täze ýyl baýramy dünýä ýurtlarynda

Täze ýyl baýramçylygy hemmeler üçin uzak garaşylýan hem-de uly höwes bilen bellenilýän baýramlaryň biri. Bu baýram dünýäniň köp ýurtlarynda şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Täze ýyl baýramy ynsanlaryň kalbyna nur paýlap, olary ýagşy umytlara, ýakymly arzuwlara besleýär. Täze ýyl baýramçylygynyň döreýiş taryhyny bilmek hemmeler üçin hem gyzykly bolsa gerek. Häzirki döwürde ýurtlaryň köpüsinde milady senenamasy ulanylýar. Täze ýyl baýramçylygynyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, onuň belleniliş tertibi, däpleri hem üýtgeýär. Gadymy Rimde Täze ýyl baýramy mart aýynyň 1-ine bellenilip geçilipdir. Soňra Gadymy Rimde miladydan öňki 46-njy ýylda, imperator Ýuliý Sezaryň Täze ýyl baýramçylygyny 1-nji ýanwara geçirmek barada karar çykarmagy bilen, bu baýram şol senede bellenilip başlanypdyr.

«Hakyda göwheri» — köňül jöwheri

Halkyň hazynasyna öwrülen beýleki däp-dessurlarymyz bilen bir hatarda kitaba sarpa goýmak ýörelgesi döwrebap derejede giňden dabaralanýar. Halkymyzda kitabyň keremi — keramaty täsiri dogrusynda aýdylýan zat juda kän. Çünki kitap dünýädäki iň uly ähmiýetli hazynany — söz baýlygyny özünde jemleýär. Döredijilik äleminde ählimize görelde, ýol görkeziji şamçyrag bolan Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi halkymyzyň medeni durmuşynda örän ähmiýetli waka boldy. Şonuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinden, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, edebi mirasyndan söz açylýar. Bu eser gadymy oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde hem gymmatly çeşmedir.

Müçe hasaby hakynda kelam

Ynha, hemmeleriň höwes bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy hem bosagada. Müçe ýyl hasaby boýunça geljekki 2025-nji ýylymyz ýylan ýyly hasaplanylýar. Gündogar halklarynda müçe ýyl hasaplary häzirki wagtda hem ýöredilip gelinýär. Çarwadarçylyk we ekerançylyk bilen meşgul bolýan halklar müçe ýyllarynyň üsti bilen adamlaryň ýaşyny kesgitläpdirler we müçe hasaplary arkaly uzak ýyllaryň dowamynda howa maglumatlary öňünden çaklanylypdyr.

Adam hakdaky alada täze desganyň işe girizilmeginde aýdyň beýanyny tapýar

Düýn Tejen etrabynyň Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desga ulanylmaga berildi. Täze ýylyň bosagasynda dabaraly ýagdaýda işe girizilen täze desganyň açylyş dabarasy ýokary ruhy göteriliş alamatyny döretdi. Täze desganyň açylyş dabarasyna welaýat, etrap häkimlikleriniň wekilleri, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşululardyr mährem eneler gatnaşdylar. Dabara üçin niýetlenen toý meýdançasynda ajaýyp waka mynasybetli gutlaglar aýdyldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe suw serişdelerini netijeli ulanmakda, ilatly nokatlary arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde netijeli işler durmuşa geçirilip, şonuň çäginde ýurdumyzda suw arassalaýjy desgalar gurlup ulanylmaga berilýär, suw serişdelerini tygşytlamaga şert döredýän häzirki zaman tehnologiýalary we innowasion ylmy tehnologiki işläp taýýarlamalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ugrundaky tagallalar hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy üçin edýän aladalarynyň subutnamasydyr.

Berjaý edilmeli düzgünler

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin çärelerde ýangyn howpsuzlyk düzgünleri doly berjaý edilmelidir. Şol ýerlerde nobatçylygy geçirjek ähli işgärler bilen ýangyn howpsuzlyk çäreleri we ýangyn dörände çagalarydyr adamlary jaýdan çykarmagyň guramaçylykly halas ediş işleri barada gözükdirme geçirip, degişli howpsuzlyk kitabyna bellenilmelidir. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegine jogapkär işgärler çäre başlamazdan öň, ähli otaglary, ätiýaçlyk çykalgalary barlap, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaba laýykdygyna we otaglaryň ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edilendigine göz ýetirmelidirler. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine jogapkär işgärler Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilýän senesi we wagty barada ýerli Ýangyn howpsuzlyk bölümine habar bermelidirler. Jaýlaryň ýokarky örtükleri ýanmaga ukyply bolan binalarda baýramçylyk çäreleri 2 gatdan ýokary bolmadyk jaýlarda geçirilmeli. Täze ýyl arçasynyň gurnalan ýerinden daşaryk ýa-da binanyň basgançaklaryndan çykýan azyndan 2 sany çykalganyň bolmagyny üpjün etmeli. Geçelgeleriň, çykalgalaryň ugurlarynda arça agajyny bezemek gadagandyr. Bezelen arçanyň berk esasda oturdylmagyny üpjün edip, onuň şahalary jaýyň diwarlaryndan bir metrden az bolmadyk aradaşlykda bolmagyny ga

«Ak bugdaý» bazarynda baýramçylyk harytlarynyň bolçulygy döredildi

Täze ýyl baýramçylygynyň öwüşginleri welaýatymyzyň ähli ýerlerinde aýdyň duýulýar. Şäherdir şäherçeleriň, obalaryň toý keşbinde, bazarlardaky, söwda nokatlaryndaky, dükanlardaky haryt bolçulygynda hem Täze ýyl baýramçylygyna mahsus aýratynlyklar aýdyň şöhlelenýär. Şeýle şatlykly günlerde ak bazarlarda söwdalaryň barha gyzyşýan pursatlary göwnüňi göterýär. Adatça, Täze ýylyň bosagasynda ak bazarlarda dürli önümleriň we harytlaryň görnüşleri artdyrylyp, baýramçylyk harytlarynyň söwdasyna giň orun berilýär, ak bazarlaryň ýanynda göçme söwda nokatlary guralýar. Olarda alyjylara köp görnüşli harytlar hödürlenýär. Bu gezek hem asylly däbe eýerilip, Ahal welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bazarlardaky haryt bolçulygyna aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugurdaky tagallalaryň ýerine düşendigine Änew alyjylar jemgyýetiniň «Ak bugdaý» bazarynda bolanyňda guwanç bilen göz ýetirip bolýar.

Täze ýyla täze arzuwlar bilen

Bosagada täze — 2025-nji ýyl. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatdyr etraplarynyň, obadyr şäherleriň, öý-ojaklaryň Täze ýyl öwüşginine beslenmegi, söwda dükanlarynda, ak bazarlarda Täze ýyl söwdasynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy bu ajaýyp baýramyň barha golaýlaýandygyndan habar berýär. Täze ýyl maşgala baýramy hökmünde her öý, her ojakda uly şatlyk bilen garşylanyp, uludan bellenilýär. Aýratyn-da, körpe neslimiziň Täze ýyly garşy alşy üýtgeşik. Bagtyýar körpeler gyş paslynyň ilkinji gününden täze ýyldyr Aýazbaba baradaky goşgulary ýatlap, Täze ýyl sowgatlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ynha, ýene-de sanlyja günden Aýazbabadyr Garpamyk içi sowgatly horjunyny egnine atyp, döwletli öýlerimiziň gapysyndan girer. Aýazbabanyň paýlaýan Täze ýyl sowgatlary bu maşgala baýramçylygynyň esasy şatlygy hem bezegidir. Biz toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara baý bolan 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly dabara bilen ugradýarys. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilen ýyly her birimiziň durmuşymyzda aýratyn ýatdan çykmajak taryhy ýyl boldy.