"Serhet abat-Döwlet abat" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugy
Salgysy: Magtymguly şaýoly, 80
Telefon belgileri: 39-53-45

Makalalar

Baýramçylyk dabarasy geçirildi

Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki “Bagt ýoly” toý mekanynda geçirilen şatlyk-şowhunly dabara Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlandy. Etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminiň guramagynda bolan dabara dürli kärde işleýän zähmetkeşler, ýaşlar hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdy. Toý zalyna ýygnanan ildeşlerimiz baýramçylyk gutlaglarynda il-günümizi baky bagtyýarlyga ýetiren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini, hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň çuň many-mazmunly bu eseri durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar. Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ähmiýetli waka boldy. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseri terjime edildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby şu ýylyň ýanwarynda ýapon dilinde çapdan çykdy.

Bazarlarda haryt bolçulygy

Täze ýyl baýramçylygy golaýlaşdygyça, ak bazarlaryň we söwda nokatlarynyň gelim-gidimi artyp, söwdalar barha gyzyşýar. Şu günler Ahal welaýatynyň çägindäki bazarlara we söwda nokatlaryna baranyňda hem muňa göz ýetirmek bolýar. Welaýatyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Änew şäherindäki «Ak bugdaý» bazarynda hem halka edilýän söwda hyzmatlarynyň derejesi göwnüňi göterýär. Welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Änew alyjylar jemgyýetine degişli bolan bu bazarda ilata ekologik taýdan arassa önümler hödürlenýär. Olaryň arasynda azyk önümleriniň örän köp görnüşleri, Täze ýyl arçalary we olara niýetlenen jäjeklerdir zerler, yşyklandyryjy çyrajyklar, beýleki harytlar bar. Ildeşlerimize elýeterli nyrhlardan hödürlenýän şol önümlerdir harytlara islegiň örän ýokary bolmagy olaryň hiliniň gowudygy bilen hem baglanyşyklydyr.

Eneler alkyşly, Arkadagymyz!

Altyn ANNAMYRADOWA, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň ýaşaýjysy:

Şirinjemal WELMUHAMMEDOWA, Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň ýaşaýjysy:

— Häzirki döwürdäki ýokumly çaga ertirlikleri durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi diýen ýaly. Biri-birinden ýokumly şüleler, hemenekler çagany etikdirip, elinden çekilen ýaly edäýýär. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän dürli görnüşli çaga şüleler-ä has-da ýokumly. Söwda nokatlaryndan yzygiderli alýaryn. Bahalaram amatly. 2 ýaşly oglum Mülkä şol gury ertirliklerden berip başlalym bäri, posalajyk çaga öwrüläýdi. Özem has işdämen ýapyşýar. Şokolad tagamly, ary bally, banan tagamly gury ertirliklerden beýleki çagalaram ýüz sowjak däller. Dadyp görenleri ýene iýjekden. Olaryň gaplanyşy hem özüne çekiji, owadan suratlar bilen bezelen. Iýmitler çaganyň bedenine gerekli ýokumly maddalara örän baý eken. Tebigy arassa önümlerden — ýokary hilli bugdaý, mekgejöwen unundan, mekgejöwen petinden we hemenek ýarmasy esasynda öndürilýär diýýärler. Gyzyklanyp görsem, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda öndürilýän ol önümleri köp eneler peýdalanýan ekenler. Olaryňam aýdyşy boýunça, şol iýmitler çagalaryň iň halaýanlary borly. Şeýle ýokary hilli önümleriň öndürilýändigi üçin döwrümize guwanýarys, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Arkadagly illerde toýlar toýa ulaşdy

Täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy Her bir gününi goşa-goşa toýly garşylaýan ata Watanymyz giň jahanda parahatçylyk söýüji, ynsanperwer, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýän ýurt hökmünde tanalmak bilen çäklenmän, bagtyýar durmuşyň, bagtly ýaşaýşyň mekany hökmünde hem äleme belli. Arkadag şäherinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy aýdanlarymyza aýdyň mysal. «Toýdan topukça» diýlişi ýaly, täze jaýa göçüp gelen ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

«Şatlykdan-şowhundan dol sen, Täze ýyl!»

«Arkadag Binasynyň» meýdançasynda guralan Baş arça «akylly» şäheriň gözelligine gözellik goşýar. 15-nji dekabrda Täze ýyl baýramynyň iň hormatly myhmanlary — Aýazbabadyr Garpamygy Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Polatly» aýlawynda türkmen halk ertekisiniň gahrymany bolan Akpamyk bilen Japbaklar garşyladylar. Uzak-uzak ýollary söküp, ala garly daglardan aşyp gelen Aýazbaba bilen Garpamyk bu ýerde paýtunlaryna mündüler. «Arkadag Binasynyň» ýanyndaky meýdançada gurnalyp, oýnawaçlaryň we yşyklandyryjylaryň dürli görnüşleri bilen bezelen «akylly» şäheriň Baş arçasy uzaklardan görünýär. Ol şowhunly baýram bolan Täze ýylyň ýetip gelýändigini ýatladyp, uly-kiçiniň kalbyna şatlyk eçilýär. Onuň ýerleşýän ýeri Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin iň özüne çekiji, gözel künjekleriň biridir. Bu ýerde hem ertekileriň gahrymanlary we şadyýan çagalar Aýazbabadyr Garpamygy uly şatlyk bilen garşyladylar. Täze ýyl gahrymany Aýazbaba: «Çür başynda altyn täç, // Hany, arçam ýalkym saç!» diýip, «jadyly sözi» bilen «akylly» şäheriň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakdy. Bu bolsa dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Çagalaryň Täze ýyl gahrymanlary bilen bilelikde el-ele berip, arçanyň daşyndan aýlanmaklary çärä has-da ýaraşyk be

Baş arçamyz nur saçdy

15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy Täze ýyla bagyşlanan ajaýyp aýdymdyr sazlaryň owazy astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsow garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň. Şol gün Baş arçanyň töwereginde ýaş aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi, halk döredijilik we tans toparlary, toý lybaslaryny geýnen sirk we teatr artistleri, söýgüli ertekileriň gahrymanlary ýygnanyp, haýran galdyryjy çykyşlaryň başlanmagyna şadyýan garaşdylar.

Toý şowhunly paýtagtym

Häzirki günlerde toý lybasyna beslenen ak mermerli binalar, aýna ýaly giň we ýagty şaýollar, älemgoşar reňkli suw çüwdürimleri şäher ýaşaýjylarynyň, şeýle-de paýtagtymyza gelýän myhmanlaryň göwnüni galkyndyryp, olara ruhy lezzet eçilýär. «Biz paýtagtymyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine buýsanýarys» diýip belleýän ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda, baş şäherimiz Aşgabat bu gün Aziýanyň merjeni hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň özeni il-günümiziň bolelin ýaşamagyna, ýaş nesilleriň belent ruhly kemala gelmegine, ata Watanymyzyň ähli ugurlar babatda kuwwatlanmagyna, has-da berkemegine gönükdirilendir. Eşretli ýaşaýyş üçin döredilen şeýle binalar bilen bir hatarda, medeni-dynç alyş merkezleriniň hem onlarçasy toý lybasyna beslenip, dynç almaga gelýän raýatlaryň buýsanjyny goşalandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstünliklere beslenýän ajaýyp günlerinde açylyp ulanylmaga berlen «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi hem Täze ýyl baýramynyň barha golaýlaýan günlerinde depesinde müň dürli öwüşginde şöhle saçýan ajaýyp arçasy, dürli bezegleri bilen göreni haýrana goýýar. Bu ýerde dürli ýaşdaky adamlar

Zer öwüşginli Aşgabat

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, merjen şäherimiz Aşgabadyň ösüşleri, gazanýan üstünlikleri hem aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat günsaýyn gözel görke gelip, dünýäniň nusgalyk şäherleriniň hatarynda özüniň mynasyp ornuny tapýar. Täze ýyl baýramynyň golaýlap gelmegi bilen, şu günler Aşgabadymyz has-da gözel görke eýe bolýar. Ýol-ýodalaryň gyralarynda ösüp oturan ýaşyl arçalar, bag-bakjaly seýilgähler al-ýaşyl yşyklar bilen örtülip, töwerege ýalkym saçýar. Barha golaýlaýan Täze ýyl baýramçylygy bilen utgaşyp, toý lybasyny geýen ak mermerli gözel paýtagtymyzyň ajaýyp gözelliklerini synlap, gezelenje çykmak kalba diýseň täsir galdyryjy pursatlary bagyşlaýar. Owadan keşbi bilen ynsanlara ruhy lezzet paýlaýan Aşgabadyň bu günki gün gije-gündiz öwşün atyp duran lowurdyly bezegleri Täze ýylyň waspyny ýetirýär. Gözel paýtagtymyzda ýerleşýän, şatlyk-şowhuna beslenýän baýramçylygyň ýüzüniň tuwagyna öwrülen «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, göýä jenneti mekany ýatladyp, ýalkym saçyp dur. Bu ýeriň gözel görki, al-elwan açylyp oturan

Berjaý edilmeli düzgünler

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy Täze ýyl baýramçylygyny asuda hem parahat geçirmegiňizi arzuw edip, käbir pugta berjaý edilmeli düzgünleri ýatladyp, öz maslahatlary bilen ýüzlenýär. Köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän ýerlerinde mugallymlar, synp ýolbaşçylary, terbiýeçiler tarapyndan nobatçylyk çekmek ýola goýlup, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri doly üpjün edilmelidir. Nobatçylygy geçirýän ähli işgärler bilen ýangyn howpsuzlyk çäreleri we ýangyn dörände çagalarydyr adamlary guramaçylykly halas ediş işleri barada gönükdirme geçirip, degişli howpsuzlyk kitabyna bellenmelidir. Köpçülikleýin dabaranyň geçirilmegine jogapkär işgärleri çäre başlanmazyndan öň, ähli otaglary, ätiýaçlyk çykalgalary barlap, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talabalaýykdygyna we ähli otaglaryň ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edilendigine doly göz ýetirmeli. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine jogapkär işgärler Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilýän senesi we wagty barada ýerli Ýangyn howpsuzlyk bölümine habar bermeli.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21. 03-20. 04) Öňümizdäki hepde hamallar adaty iş endiklerine gümra bolarlar. Iş ýeriňizde günleriňiziň hysyrdyly geçmegi sizde biraz argynlyk döreder. Hepdäniň soňunda bolsa size birnäçe oňat täzelikler garaşýar. Goşmaça girdejiler üçin täze güýmenjeleri tapmak size bu meselede ýardam edip biler.

Baýramçylyk şadyýanlyga beslensin!

Ýene birnäçe günden bagtyýar ilimizde Täze ýyl giňden baýram ediler. Hut häzirki günlerde bolsa hemmeleriň söýgüli baýramyny garşylamaga giňden taýýarlyk görülýär. Eýýäm Täze ýyl arçalarynyň köp öwüşginli çyralary ýakyldy. Her bir öýde hem bu baýrama sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. Şonda maşgala ojaklarynyň törüni ajaýyp Täze ýyl arçalary bezeýär. Baýramçylyk dabaralary edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda hem geçirilýär. Bu baýramyň şadyýanlykda geçmegini gazanmak üçin bolsa ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmegiň möhümdigine ildeşlerimiziň ünsüni çekmekçi bolýarys. Mälim bolşy ýaly, edara-kärhanalarda, ýokary, orta okuw mekdeplerinde we çagalar baglarynda Täze ýyl arçalary oturdylyp, olaryň ýanynda medeni-köpçülik çäreleri geçirilýär. Baýramçylyk çäreleri geçirilýän wagtynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik edýän jogapkär adamlar bellenilmelidir. Olar bilen ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini we ýangyna garşy gaýragoýulmasyz çäreleri öwrediji gözükdiriş geçirilmelidir.

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan rejeli we tygşytly peýdalanmak boýunça Aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegleri nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallary we mobil telefon arkaly «Milli paý» we «Milli ÝJH» programmalaryň üsti bilen geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär: Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-18.

Beýik işler bilen galkynan Watan

Gün nurunyň äleme şugla salşy deýin, halkymyzyň alnyndan dogan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik işleriň rowaçlanýan, döwletli tutumlaryň äleme ýaýylýan döwri boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam edýär. Her bir gelýän günler, gadam basýan ýyllar ýurdumyza şan-şöhrat, abraý-mertebe getirýär. Tamamlanyp barýan ýylyň taryhy wakalaryna ser salanyňda, bu hakykata magat göz ýetirýärsiň. Edebiýatymyzyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenip geçilen 2024-nji ýyl hem ata Watanymyzyň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini belende galdyran şanly ýyllaryň biri boldy. Söze sarpa goýup bilýän ýürekleriň teşneligini gandyran bu ýylda Ýer ýüzünde şygyrlary mukaddeslige deňelýän Magtymguly Pyragynyň ýubileý toýy toýlandy, goşgy okaldy, aýdym aýdyldy. Ynsan ömri hemişe ajaýyplyklara teşne. Şol teşneligi söz bilen gandyryp bilýän şygyr sungatyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn uly ähmiýet berildi. Munuň esasy sebäbi hem ýylymyzyň şygarynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahy

Tanyşdyrylyş dabarasy

Şöhratly taryhyň buýsançly söhbedi Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabara geçirildi.

Belent ykrarly şäher

Jemgyýet we kanun

Döwletiň ösüşiniň kepili Täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-baýramly günlerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty geçirilip, onda döwletimiziň ösüşini kepillendirýän birnäçe kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolup, ol giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Ol döwletimiziň ähli pudaklarynyň we welaýatlarynyň ykdysady ösüşiniň durnukly depgininiň saklanylmagyna, ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, döwlet çykdajylarynyň üpjün edilmegine, halkymyzyň durmuş bagtyýarlygynyň berkidilmegine gönükdirilendir.

Syýasy işjeňlik — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşyň hemme tarapyny öz içine alýan ägirt uly işler amala aşyrylýar. Gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýan parasatly döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty Türkmenistanyň ösüş syýasatynyň düýp özenini düzýär. Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň baş maksadynyň adam hakyndaky aladadygyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli künjeginde, ähli pudaklarynda alnyp barylýan işler, amala aşyrylýan il bähbitli özgertmeler, ýerine ýetirilýän wezipeler we göz öňünde tutulýan belent maksatlar aýdyň subut edýär.

Notarial işinde maglumat howpsuzlygy

Tehnologiýalaryň we internet ulgamynyň giň gerim bilen ýaýbaňlanýan döwründe adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy dünýäniň maglumatlar gurşawy bilen işjeň baglanyşygy emele getirýär. Tehnologiýalaryň sanly mümkinçilikleri maglumatlaryň elýeterliligine we howpsuzlygyna öz täsirini ýetirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň adalat edaralarynyň ulgamyny ösdürmek we raýatlara edilýän hukuk hyzmatlarynyň döwrebaplygyny gazanmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Aýratyn hem, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzyň notarial edaralarynyň arasynda elektron resminama dolanyşygy, bir bitewi maglumat ulgamy döredildi. Bu Kanunda görkezilen kadalara laýyklykda maglumatlaryň howpsuzlygyny, goraglylygyny we şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygy doly üpjün edilýär. Şeýle hem «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynda «Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamy» hakynda giňişleýin beýan edilýär. Bir bitewi maglumat ulgamyny döretmegiň, saklamagyň, hereket etmeginiň we peýdalanmagyň, şeýle hem onda saklanýan maglumatlary bermegiň tertibi kanun esasynda kesgitlenilýär we maglumatlaryň goraglylygy kepillendirilýär. Kanunda bir bitewi maglu