"Serhet abat-Döwlet abat" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugy
Salgysy: Magtymguly şaýoly, 80
Telefon belgileri: 39-53-45

Makalalar

Möh­le­tin­den öň saý­law­lar ge­çi­ri­ler

Ne­bit mi­nist­ri OPEK-iň baş­ly­gy bol­dy

Eý­ra­nyň ne­bit mi­nist­ri Moh­sen Pak­ne­žad 2025-nji ýyl­da OPEK-iň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Bu ba­ra­da Eý­ra­nyň res­mi ha­bar­lar gul­lu­gy IR­NA ha­bar ber­di. OPEK web sa­hy­pa­syn­da­ky met­bu­gat üçin be­ýa­na­tyn­da gel­jek ýyl üçin baş­lyk saý­la­nan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy we Ga­bo­nyň ne­bit mi­nist­ri Mar­sel Abe­ke 2024-nji ýyl­da gu­ra­ma­nyň baş­ly­gy hök­mün­de ýol­baş­çy­lyk eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­dir­di. «Moh­sen Pak­ne­žad gu­ra­ma­nyň yzy­gi­der­li­li­gi­ni, ag­zy­bir­li­gi­ni we ösü­şi­ni go­ra­mak üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler­den peý­da­lan­jak­dy­gy­ny aýt­dy» diýlip beýanatda bellenilýär.

Gru­zi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti bol­dy

Gru­zi­ýa­nyň par­la­men­ti öň­ki fut­bol­çy we par­la­men­tiň ozal­ky we­ki­li Mi­ha­il Ka­we­laş­wi­li­ni döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne saý­la­dy. «Gru­zin ar­zu­wy – De­mok­ra­tik Gru­zi­ýa» do­lan­dy­ry­jy par­ti­ýa­sy ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nen da­laş­gär ýur­duň il­kin­ji gö­ni däl Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da ýe­ke-täk da­laş­gär bol­dy. Ka­we­laş­wi­li par­la­men­tiň 300 we­ki­lin­den 224 ses al­dy. Pre­zi­dent bol­mak üçin, azyn­dan 200 ses ze­rur­dy. Şeý­le­lik­de, 14-nji de­kabr­da Gru­zi­ýa­da il­kin­ji ge­zek Pre­zi­dent 300 adam­dan yba­rat Saý­law kol­le­gi­ýa­sy ta­ra­pyn­dan saý­lan­dy. Bu kol­le­gi­ýa bir pa­la­ta­ly par­la­men­tiň 150 we­ki­li­ni, Ab­ha­zi­ýa aw­to­nom Res­pub­li­ka­sy­nyň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­la­ry­nyň 20 we­ki­li­ni, Aja­ri­ýa­dan 21 we­ki­li we ýer­li öz-özü­ni do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň 109 ag­za­sy­ny öz içi­ne al­ýar.

Şweý­sa­ri­ýa­nyň tä­ze Pre­zi­den­ti

Öň ma­li­ýe mi­nist­ri we ýur­duň wi­se-pre­zi­den­ti bo­lup iş­län şweý­sa­ri­ýa­ly sy­ýa­sat­çy Ka­rin Kel­ler-Zut­ter 2025-nji ýyl­da döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Bu ba­ra­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň Fe­de­ral ýyg­na­gy (par­la­ment) özü­niň jem­gy­ýet­çi­lik ul­ga­myn­da­ky res­mi sa­hy­pa­syn­da ha­bar ber­di. 203-den 168 ses alan Kel­ler-Zut­ter 2025-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer. Wi­se-pre­zi­dent we­zi­pe­si­ne saý­la­nan Gi Par­me­len ozal Şweý­sa­ri­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri bo­lup iş­le­di. Şweý­sa­ri­ýa – fe­de­ral par­la­ment Res­pub­li­ka­sy­dyr. Pre­zi­dent par­la­ment ta­ra­pyn­dan Fe­de­ral Ge­ňe­şiň (Hö­kü­met) ag­za­la­ry­nyň ara­syn­dan bir ýyl möh­let bi­len gaý­ta­dan saý­lan­mak hu­ku­gy bol­maz­dan saý­lan­ýar. 2024-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan 31-nji de­kab­ry­na çen­li bu we­zi­pä­ni Wio­la Am­herd eýe­le­ýär.

Dünýä täzelikleri

Gym­ma­da sa­ty­lan kar­ti­na. Ame­ri­ka­ly su­rat­keş Ro­bert Raý­ma­nyň 1970-nji ýyl­da «çe­ken» ak su­ra­ty Ber­lin­de ge­çi­ri­len Ket­te­rer Kunst auk­sio­nyn­da 1,4 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Aly­jy­nyň ady äş­gär edil­me­ýär. «Ge­ne­ral 52x52» at­ly bu su­rat, hakykat­da, hiç hi­li su­rat­syz çar­çu­wa­ly ken­dir­dir. Seý­rek ar­te­fakt tapyl­dy. Ni­der­land­lar­dan bir hö­wes­jeň Wit­mar­sum şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky ekin meý­danyn­da wi­king­le­riň döw­rü­ne de­giş­li seý­rek duş ge­l­ýän ta­pyn­dy­ny ýüze çykardy. Ol ta­pyn­dy ýa­ba­ny ýe­ke­ga­pa­nyň şe­ki­li bi­len be­ze­len X asy­ra de­giş­li gy­lyjyň sapydyr.

Tramp öz ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­ny dö­red­ýär

ABŞ-nyň täze saý­la­nan Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp, mö­hüm we­zi­pe­le­re se­kiz mil­li­ar­de­ri işe alyp, ta­ryh­da­ky iň baý Pre­zi­dent ad­mi­nist­ra­si­ýa­la­ry­nyň bi­ri­ni dö­red­ýär. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň «News­we­ek» žur­na­ly ha­bar ber­ýär. Şeý­le­lik bi­len, baý­ly­gy 336 mil­liard dol­lar diý­lip çak edil­ýän Ilon Mask we paý­na­ma­la­ry, tak­my­nan 1,1 mil­liard dol­lar bo­lan Wi­wek Ra­mas­wa­my hö­kü­me­tiň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we býu­rok­ra­ti­ýa gar­şy gö­reş bo­ýun­ça dö­re­dil­jek tä­ze mi­nistr­li­ge ýol­baş­çy we­zi­pe­le­re tek­lip edil­di. Tram­pyň döw­rün­de ha­sa­byn­da­ky 3,4 mil­liard dol­la­ry bi­len «Ste­fens Inc» ma­ýa go­ýum kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Wor­ren Stiwens ABŞ-nyň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da­ky il­çi­si we­zi­pe­si­ne bel­le­ner. Tramp 2,9 mil­liard dol­lar­lyk de­we­lo­per kom­pa­ni­ýa­sy­nyň eýe­si Çarlz Kuş­ne­ri Ame­ri­ka­nyň Fran­si­ýa­da­ky il­çi­si we­zi­pe­si­ne tek­lip et­di.

BILIM – BAGTYŇ WE ROWAÇLYGYŇ AÇARY

Yn­san­per­wer­lik ýo­ly bi­len

Hal­ky­my­zyň yn­san­per­wer­lik, mä­tä­ji gol­da­mak ýa­ly mil­li ýö­rel­ge­le­ri tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Bu ba­bat­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň dö­re­dil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň: «Gaz­na­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ho­wan­dar­ly­ga mä­täç köp san­ly ça­ga­la­ryň sag­ly­gy di­kel­dil­di. Biz bu iş­le­ri gel­jek­de-de do­wam et­di­re­ris. Mu­nuň üçin döw­le­ti­mi­ziň hem, gaz­na­nyň hem ýe­ter­lik se­riş­de­le­ri bar» di­ýip bel­le­me­gi-de, ýur­du­myz­da mun­dan beý­läk hem hal­ky­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len yn­san­per­wer­lik, mä­tä­ji gol­da­mak ýa­ly mil­li ýö­rel­ge­le­ri­niň da­ba­ra­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir. Gaz­na­nyň ha­sa­by­na top­lum­la­ýyn sa­gal­dyş-di­kel­diş be­jer­gi­le­ri ge­çi­ri­len ça­ga­la­ryň en­çe­me­si hä­zir­ki wagt­da sag­dyn, bag­ty­ýar dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gör­

Magtymguly Pyragynyň eserleriniň pedagogik ähmiýeti

Gyş­da nä­hi­li iý­mit­len­me­li?

Gyş­da ho­wa­nyň so­wa­ma­gy, Gün şöh­le­si­niň ýet­mez­çi­li­gi, wi­ta­min­ler­dir mik­roe­le­ment­le­re baý önüm­le­riň ýe­ter­lik iýilmezligi ada­ma ýa­ra­maz tä­sir ed­ýär. Adamyň im­mu­ni­te­ti gow­şap, iý­mit ar­ka­ly ka­lo­ri­ýa­nyň köp ka­bul edi­lip, az harç­la­n­ýan­dy­gy se­bäp­li, be­de­n ag­ral­ýar. Is­len­dik pa­syl­da bol­şy ýa­ly, gyş­da hem sag­dyn ýa­şa­mak üçin aý­ry-aý­ry düz­gün­le­ri ber­jaý et­mek ze­rur­dyr. Gyşda iýmitiň kaloriýalylygy beýleki

Ýyl­lar üs­tün­lik­li gel­ýär

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwrün­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň işi yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär, oňa dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­lar iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar. Ýan­gyç gor­la­ry­na baý ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gy­ny ös­dür­mek, te­bi­gy ga­zy dün­ýä ba­zar­la­ry­na di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len iber­mek, ne­bit­gaz se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­läp, dün­ýä stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dür­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň we beý­le­ki hal­ka­ra fo­rum­la­ryň mej­lis­le­rin­de de­giş­li me­se­le­ler bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ga­raý­şy­ny en­çe­me ge­zek be­ýan et­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň do­ly gol­da­wy­na eýe bol­dy we olar 2008-nji he

Emeli adada aeroport gurulýar

Hy­taý­da eme­li ada­nyň üs­tün­de ho­wa men­zi­li gu­rul­ýar. Tas­la­ma­nyň ba­ha­sy­nyň 4 mil­liard ýew­ro­dan gow­rak­dy­gy mä­lim edil­di. 2035-nji ýyl­da ulan­ma­ga be­ril­jek Dal­ýan Szinç­žou­wan at­ly hal­ka­ra ae­ro­por­tyň Gon­kon­gyň hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň Kan­saý hal­ka­ra ae­ro­port­la­ryn­dan uly bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Dal­ýan şä­he­rin­de gu­rul­ýan 20 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän bu ho­wa men­zi­li şä­he­riň ozal­ky hal­ka­ra ae­ro­por­ty­nyň or­nu­ny tu­tar. Ae­ro­port­da je­mi dört uçuş-go­nuş zo­la­gy hem-de umu­my meý­da­ny 900 müň ine­dör­dül met­re ýet­ýän ter­mi­nal­lar bo­lar. Ba­har ATA­ÝE­WA,

Has köp syýahatça garaşýar

Baý ta­ry­hy we te­bi­gy baý­lyk­la­ry bo­lan Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy soň­ky ýyl­lar­da has köp sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­mek üçin dür­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­di. Ýurt dün­ýä­niň bir­nä­çe döw­le­ti­niň ra­ýat­la­ry üçin wi­za­syz sy­ýa­ha­ty ýo­la goý­dy. In­di bol­sa Hy­taý da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň üs­ta­şyr wi­za­la­ry­nyň möh­le­ti­ni 3 gün­den 10 gü­ne çy­kar­dy. Şeý­le­lik­de, sy­ýa­hat­çy­lar bu ýur­duň 24 şä­he­rin­de ge­ze­lenç edip bi­ler­ler. Pan­de­mi­ýa­nyň yz­da gal­ma­gy bi­len Hy­taý has köp sy­ýa­hat­çy­ny çek­me­gi mak­sat edin­ýär. Hy­ta­ýyň Mil­li mig­ra­si­ýa eda­ra­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, şu ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de ýur­da ba­ran­la­ryň sa­ny 2014-nji ýyl­da­ky­dan bä­ri iň ýo­ka­ry de­re­jä ýe­tip­dir. Ak­mäm­met An­na­mu­ham­me­dow,

Ýylyň iň gowy ykdysadyýetleri

«The Econo­mist» žur­na­ly dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy taý­dan dur­nuk­ly ýurt­la­ry­nyň bäş­li­gi­ni taý­ýar­la­dy. Sa­naw taý­ýar­la­nan­da, je­mi içer­ki önüm, bir­ža söw­da­la­ry, hüm­met­siz­len­me we beý­le­ki gör­ke­zi­ji­le­re ga­ral­dy. Sa­na­wyň bi­rin­ji or­nu­ny Is­pa­ni­ýa eýe­le­ýär. Mag­lu­ma­ta gö­rä, hä­zir­ki wagt­da ýurt­da 2019-njy ýyl­da­ky­dan 1,8 mil­li­on has köp iş or­ny bar. Şu ýyl ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 3 gö­te­rim­den geç­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ýur­da bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 90 mil­li­on­dan geç­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ikin­ji orun­da Ir­lan­di­ýa, üçün­ji ýer­de Da­ni­ýa bar. Gre­si­ýa, Ita­li­ýa, Ko­lum­bi­ýa, Lit­wa, Şweý­sa­ri­ýa we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy de­giş­li­lik­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­läp­dir. Ta­wus AGA­JA­NO­WA,

Ilkinji gezek gäminiň daşyna çykdylar

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Hy­taý ge­çen ýyl Ýe­riň aşa­ky or­bi­ta­syn­da öz­baş­dak kos­mos stan­si­ýa­ny gu­rup, ula­ny­şa gi­ri­zip­di. Şu ýy­lyň 30-njy okt­ýab­ryn­da «Shenz­hou-19» kos­mos gä­mi­si bi­len be­ke­de ba­ran hy­taý­ly kos­mo­nawt­lar il­kin­ji ge­zek gä­mi­niň da­şy­na çyk­dy­lar. Gä­mi­niň ýa-da be­ke­diň da­şy­na çyk­mak kos­mo­nawt­lar üçin iň çyl­şy­rym­ly işleriň bi­ri ha­sap­la­nyp, «kos­mos ýö­ri­şi» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Hy­taý­ly kos­mo­nawt­la­ryň «kos­mos ýö­ri­şi» 9 sa­gat do­wam et­di. Hy­ta­ýyň Adam­ly kos­mos in­že­ner­çi­li­gi eda­ra­sy (CMSA) Saý Sýuýç­že, Sun Lin­dun we Wan Ha­os­ze be­ket­dä­ki ro­bot go­luň kö­me­gi hem-de ýer­dä­ki kär­deş­le­ri­niň gol­da­wy bi­len bir­nä­çe çyl­şy­rym­ly işi ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. Id­ris HA­JY­ÝEW,

Täze ada peýda boldy

Ita­li­ýa­nyň We­ne­si­ýa şä­he­ri için­den geç­ýän ka­nal­lar ar­ka­ly her ýyl­da ýüz müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýär. Ta­ry­hy şä­he­riň go­la­ýyn­da tä­ze bir ada peý­da bol­dy. As­lyn­da bu ada her ýy­lyň to­mus aý­la­ryn­da peý­da bo­lup, soň­ra gaý­ta­dan ýit­ýär­di. 2020-nji ýyl­da aý­la­gy güýç­li tol­kun­lar­dan go­ra­mak üçin ben­diň gu­rul­ma­gy bi­len ada­jyk ýit­me­giň de­re­gi­ne ýu­waş-ýu­waş­dan ula­lyp, he­mi­şe­lik ada öw­rül­di. Bu bol­sa ýer­li ýa­şaý­jy­lar we myh­man­lar üçin de­ňiz ke­na­ryn­da ge­ze­lenç et­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik dö­ret­di. Uzyn­ly­gy 250 metr, ini 10 metr tö­we­re­gi bo­lan ada­da eý­ýäm kä­bir ösüm­lik gö­ge­rip baş­lap­dyr. Bi­ler­men­ler bol­sa bu ösüm­lik­le­riň top­ra­gy ero­zi­ýa­dan go­rap, ada­ny ber­kid­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ogul­ja­han ÇER­KE­ZO­WA,

Täze çip bahasyny gymmatlatdy

Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «Go­og­le» tä­ze çi­pi­ni ta­nyş­dyr­dy. Kom­pa­ni­ýa bu çi­piň ha­sap­la­ýyş tiz­li­gi­niň kwant usu­ly­na ýa­kyn­la­şyp bil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Şon­dan soň­ra bren­de eýe­çi­lik ed­ýän «Alp­ha­bet»-iň paý­na­ma­la­ry 6 gö­te­ri­me go­laý gym­mat­la­dy. «Go­og­le Quan­tum AI» kompaniýasynyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Hart­mut Ne­wen «Wil­low» at­ly bu çip ar­ka­ly öň­de­ba­ry­jy su­per komp­ýu­ter­le­riň 10 sep­til­li­on ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­jek iş­le­ri­ni san­ly­ja mi­nu­tyň do­wa­myn­da ta­mam­lap bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Me­ret­gül MÄM­MET­GEL­DI­ÝE­WA,

Elektroulag satuwynda täze rekord

Dün­ýä­de elekt­rou­lag sa­tu­wyn­da tä­ze re­kord ha­sa­ba alyn­dy. No­ýabr aýyn­da je­mi 1,83 mil­li­on elekt­rou­lag sa­ty­lyp, bu ugur­da yz­ly-yzy­na üçün­ji aý­da has köp sa­tuw ama­la aşy­ryl­dy. Ang­li­ýa­nyň «Rho Mo­ti­on» şe­re­ke­ti­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ge­çen aý elekt­rou­lag sa­tu­wy ozal­ky aý­dan 100 müň­den köp ýa-da 6 gö­te­rim ar­tyk bol­dy. Glo­bal sa­tu­wyň 1,3 mil­lio­ny Hy­taý­da ha­sa­ba alyn­dy. Ýan­war-no­ýabr aý­la­ry ara­ly­gyn­da bol­sa dün­ýä­de je­mi 15,2 mil­li­on elekt­rou­lag sa­ty­lyp­dyr. De­giş­li dö­wür­de elekt­rou­lag sa­tu­wy 25 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Bu gör­ke­zi­ji­niň 9,7 mil­lio­ny Hy­taý­da ha­sa­ba al­nyp­dyr. Tir­kiş­my­rat NUR­ÝAG­DY­ÝEW,

Emeli hemra toruny döreder

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi 290 eme­li hem­ra­dan yba­rat tor dö­re­der. Bi­ri-bir­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lan en­jam­la­ryň ge­çi­ri­ji­lik güý­ji 1000 eme­li hem­ra­nyň­ka ba­ra­bar bo­lar. Eme­li hem­ra­lar te­le­ýaý­lym, in­ter­net, ho­wa­nyň ýag­da­ýy we beý­le­ki ara­gat­na­şyk mak­sat­la­ry üçin peý­da­la­ny­lar. Umu­my ba­ha­sy 10 mil­liard ýew­ro bol­jak iri tas­la­ma «Air­bus», «Deutsche Te­le­kom», «Tha­les Ale­nia Space» we «Te­les­pa­zio» ýa­ly Ýew­ro­pa­nyň kos­mos se­na­ga­tyn­da iş alyp bar­ýan iň uly kom­pa­ni­ýa­lar ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. Hä­zir­ki wagt­da Ilon Mas­kyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Star­link» at­ly mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýüz­ler­çe ki­çi göw­rüm­li eme­li hem­ra kos­mo­sa uçu­ryl­dy.