"Serhet abat-Döwlet abat" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugy
Salgysy: Magtymguly şaýoly, 80
Telefon belgileri: 39-53-45

Makalalar

Döwrebap bina — ilatyň hyzmatynda

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy Balkan welaýatynda hem toý dabaralaryna beslenip bellenilýär. Düýn Gyzylarbat şäheriniň ajaýyp künjeginde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrap pensiýa gaznasynyň bölüminiň häzirki zaman hil ülňülerine laýyk gurlan, täze üç gatly edara binasynyň ulanyşa girizilmegi hem bu dabaralaryň üstüni ýetirdi. Döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän täze binanyň açylyş dabarasy uludan tutuldy. Oňa Balkan welaýat, Gyzylarbat etrap häkimlikleriniň wekilleri, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň mähriban Watanymyzy, ösüşli döwrümizi wasp edýän döwrebap aýdym-sazlary, folklor we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Netijeli başlangyçlar we çözgütler — täze üstünlikleriň binýady

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde rowaçlyklara beslenýändiginiň, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. 2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna hem-de Oba milli maksatnamasynyň berjaý edilişine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onda bugdaýa agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, geljek ýylda gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, möwsümleýin işlerde daýhanlary zerur serişdeler bilen üpjün etmek, biokärhanalarda işleri ýokary derejede guramak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen bir hatarda, pagta öndürijiler bilen doly hasaplaşyklary geçirmek, daýhan birleşiklerinde oba hojalyk işleri üçin sarp edilen nebit önümlerine tölegleriň geçirilişini gözegçilikde saklamak, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin

Halk hakydasynyň hazynasy

Mälim bolşy ýaly, taryhy ýyl ýazgylar diýen düşünje bar. Emma ondan hem has giň we çuňňur köklere uzan taryhy hakyda barada hem oýlanmak zerur. Gahryman Arkadagymyz ilimize serpaý eden «Hakyda göwheri» atly täze eserinde hut şu babatda täze pikirleri öňe sürýär. Aslynda, her bir geçen waka, pursatlar geçmişiň bir parçasy bolsa-da, gadymyýetiň awtorlaryna degişli bolan ýyl ýazgylaryň arasynda taryhy hakykata laýyk ornuny alyp bilmedikleri hem bar. Milli Liderimiziň pikir-garaýyşlaryna görä, taryhy hakyda asyrlar, müňýyllyklar aşyp, heňňamlar dolansa-da, geljekki nesilleriň aňynda öten ata-babalaryndan galan üzülmejek ruhy bagdyr, köňül rişdesidir, buýsançly watançylyk çeşmesidir.

Insult nähili kesel?

Habarçymyz kelle beýnisinde ganaýlanyşyň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýän kesel — insult barada Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Maýa Berdiýewa bilen söhbetdeş boldy. — Insult nähili kesel? Onuň döremegine näme sebäp bolýar?

Halkymyzyň beýik gymmatlygy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde  her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylygyň bagtyýar türkmen halkyny aýratyn buýsanja besleýän şöhratly senedigini nygtamak ýakymlydyr. Sebäbi hut şol günde – 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi we bu senäniň bu günki gün dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan baýram edilmegi türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetine eýediginiň güwäsidir.

BITARAPLYK – JAHAN IÇRE MERTEBE

Bitaraplyk – jahan içre mertebeAk ýoluň dünýäniň nurly ha:laty,Taglymyňdan şöhrat alýar erteler,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ganaty,Dostanalyk — il-ýurdumyň zynaty. Hasyl bolup döwlet gurmak wysaly,Her säherler «ak ýol» diýýär Pyragy.Jahan bu gün bizden alyp mysaly,Çaýdy ýüreklere sönmez çyragy,Bitaraplyk ýakyn etdi yragy.

KALPLARY JOŞDURÝAN ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyz beýik geçmişinden we bagtyýar şu gününden ruhlanyp, röwşen geljege tarap ynamly ilerleýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygary ýörelge edinen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň we döwletimiziň at-abraýy barha beýgelýär. Bu gün tutuş dünýäde türkmen halkynyň taryhyna gyzyklanma artýar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň ýokary derejede bellenilýän ýylynda eziz Watanymyza ýakyn-

Şanly taryhyň beýany

Golaýda Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsadynda – dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolup, şöhratly taryhymyz hakynda toplan maglumatlary esasynda döreden «Hakyda göwheri» atly täze eserini ýazyp tamamlandygy barada hoş habary ildeşlerimize ýetirdi. Milli Liderimiziň halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda yz galdyran şahsyýetlerine bagyşlan täze kitaby ýaş nesiller üçin gymmatly hazyna çeşmesi bolar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň her birimiz baý edebi mirasymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan ösüşlere buýsanmaga hem guwanmaga haklydyrys. Hormatly Arkadagymyz «Hakyda göwheri» diýip atlandyran kitabynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary ýerleşdirendigini aýratyn belläp geçdi. Munuň özi täze kitaba bolan gyzyklanmany artdyrýar. Berkarar Watanymyzyň täze taryhy döwründe milli ýol-ýörelgeleriň dabaralanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdi

Täze kitap – ajaýyp sowgat

Türkmen halky kitaba uly hormat goýup, ony gymmatly hazyna deňeýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän eserler giň halk köpçüligi, ähli ýaşdaky adamlar üçin gymmatlydyr. Milli Liderimiziň täze ýazyp tamamlan «Hakyda göwheri» atly eseriniň elimize gowuşmagy hem bütin il-ulsumyzyň göwün guşuna ganat berdi. Çeper döredijilige gadyr goýýan hormatly Arkadagymyzyň şöhratly taryhymyz hakynda «Hakyda göwheri» diýen kitabyny ýazyp tamamlamagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýatdan çykmajak wakalarynyň biridir. Bu eserde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyz, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly maglumatlaryň beýan edilmegi onuň ähmiýetini artdyrýar.

Ýeňişlere beslenýän ýyl

Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp sport üstünlikleri milli sportumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrunda durmuşa geçirilýän netijeli işleriň miwesidir. Elbetde, munuň milli sportumyzyň taryhy ýeňişlere uzaýan ýolunyň binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de şol döwletli başlangyçlary mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen baglydygyny bellemek gerek. Bu ýyl iri sport merkezi hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Watanymyzyň eýe bolan belent sepgitleri diýseň buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara ykrarnamasyna eýe bolmagy Diýarymyzyň dünýädäki abraýynyň görkezijisidir. Şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem şeýle wakalaryň biri hökmünde göwnümizi galkyndyrdy. Golaýda paýtagtymyzda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň ýokary derejesi bilen tapawutlanmagy bolsa ýurdumyzyň şeýle sport baýramçylyklaryny guramakdaky tejribesini äşgär etdi. Şol ýaryşda tennisçilerimiziň gazanan ajaýyp netijeleri türgenl

Beýik söz ussady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri ýetişdirmek, olary Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaş nesilleri terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, XVIII asyr türkmen poeziýasy Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Şol döwür türkmen döwletiniň binýadynyň berk, sarsmaz boljakdygynyň, nurana geljegiň, ykbalyň miýesser etjekdiginiň il-güne öňdengörüjilik bilen wagyz edilen aýratyn bir öwüşgine eýe bolan täze döwri bolupdyr. Şahyryň belent adamkärçiligi, halallygy, päkligi öwüt-ündew edýän terbiýeleýji şahyrana setirleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgine eýe bolup, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyna hem-de kämilligine öz sesini goşýar. Beýik Pyragy her bir ynsanyň sagdyn pikirli hem-de bütin jemgyýetiň sagdyn bolmagyny arzuwlapdyr. Bu arzuw hut biziň şu günlerdäki bagt

Asylly ýörelge dowamat-dowam

Bag ekmek diýseň sogaply iş bolup, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň ygtybarly ýoludyr. Eziz Diýarymyzda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň ýyl-ýyldan giňeldilmegi, köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň yzygiderli ýaýbaňlandyrylmagy Watanymyzda tebigatyň gaýtalanmajak gözelliklerini aýawly saklamagyň ýolunda amala aşyrylýan ähmiýetli ädimleriň möhüm bölegidir. 9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň guralmagy hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky döwletli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändiginiň subutnamasy boldy. Çünki Watanymyzda asylly däbe, döwletli ýörelgä öwrülen bag nahallaryny ekmek çäreleri ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işleriň möhüm tapgyrydyr. Şol çäreleriň çäklerinde bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri-de utgaşdyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň beýanydyr.

Welaýatlardan habarlar

Golaýda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Spartakiadanyň çäginde türkmen milli göreşi boýunça ýaryşyň Tejen etrap tapgyry geçirildi. 42-nji orta mekdebiň sport zalynda geçen ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Şeýlelikde, 5-nji orta mekdebiň okuwçylary Baýrammyrat Atamyradow (40 kg) we Sähetmyrat Atamyradow (45 kg), 30-njy orta mekdebiň okuwçylary Mälikberdi Gurbandurdyýew (48 kg) hem-de Atageldi Atageldiýew (52 kg), 35-nji orta mekdebiň okuwçysy Serdar Baýymow (57 kg), 36-njy orta mekdebiň okuwçysy Gadyrgeldi Saparow (62 kg), 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Azat Durdygulyýew (68 kg), 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Pälwan Rejebow (74 kg) dagy ýeňiji bolmagy başardy. Ýeňijiler ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Akmeňli KAKABAÝEWA,

Merdana nesiller bäsleşdiler

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan oglanlar gatnaşdylar. Olar halkymyza mahsus bolan merdanalygy, pederlerimiziň gahrymançylykly ýollaryna belent sarpalaryny, Watana bolan söýgülerini, berkarar döwletimize bolan buýsançlaryny çeper beýan etdiler. Ýerine ýetirilen çykyşlarda ýurdumyzyň ösüşleriniň, röwşen ertirlere bolan ynamyň, bagtyýar çagalygyň waspy öz beýanyny tapdy. Bäsleşigiň netijesi boýunça Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Umyt Töräýew birinji, Saýat etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Allanur Kakageldiýew ikinji orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdepden Maksat Bäşimbaýew, Dänew etrabyndaky 24-nji orta mekdepden Perman Gaýgysyzow we şol etrapdaky 9-njy orta mekdepden Şamuhammet Orazow dagy üçünji baýrakly orny eýelediler. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatl

Gümrükçiler üçin döwrebap bina

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durky täzelenen binalar toplumy döwrebap şertleri özünde jemleýär. Bu gümrük nokady uzak ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz bilen goňşy Özbegistanyň we üstaşyr hyzmatlardan peýdalanýan beýleki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär. Gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak we goşmaça binalary gurmak işini «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri alyp bardy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary üçin şu ýylyň iýulynda Türkmenbaşy şäherinde açylyp ulanmaga berlen 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýy hem şu hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan gurlupdy.

Durnukly ösüşiň, eşretli ýaşaýşyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen ösýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli ýokarlanýar. Ähli ugurlarda düýpli ilerlemeleri üpjün etmekde Türkmenistanyň Döwlet býujeti möhüm orny eýeleýär. Golaýda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuna gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda täze Kanunyň taslamasy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi. Ýylyň baş maliýe resminamasy ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. Ol ähli pudaklaryň ykdysady ösüşiniň durnukly depginini saklamaga, şonuň netijesinde halkymyzyň, her bir maşgalanyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwletli başlangyçlar giň goldaw tapýar

Uly tutumlaryň sakasynda ýaşululara sala salmak, olaryň maslahatyna eýermek türki döwletleriň ählisine mahsus däpleriň biri. Hut ýaşulularyň gelen netijesi hem şol tutumlarda esasy orny eýeleýär. 15 ýyllyk taryhy bolan Türki Döwletleriň Guramasynda-da Aksakgallar geňeşiniň aýratyn uly orny bar. Bu geňeş guramanyň döredilmeginden bary-ýogy bir ýyl soň esaslandyrylyp, kabul edilýän çözgütlerde esasy orny eýeläp gelýär. Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýyldan bäri bu geňeşiň hormatly agzasydyr. 14 ýylyň içinde 15-nji mejlisi şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Gahryman Arkadagymyz ýakynda Wengriýa Respublikasynyň Budapeşt şäherinde iş saparynda boldy. Mejlisde Milli Liderimiziň orta atan teklipleri, başlangyçlary geňeşiň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şolaryň başynda parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, dostlukly ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň abadançylyga we asudalyga esaslanýan syýasatyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly teklip gelýär. Uglewodorod serişdeleri boýunça hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen alyp barmagy dowam etdirmek bilen bagly döwlet Baştutanlarymyza anyk teklipler bilen ýüzlenmek baradaky başlangyç bolsa Türki Döwletle

Bitaraplyk, bagtyýarlyk — bir ajaýyp sazlaşyk

Parahatçylyksöýüjilik, dost-doganlyk we hoşniýetlilik taryhyň çuňluklaryndan bäri biziň ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen ynsanperwer ýol-ýörelgeleridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu ýörelgeler many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylyp, berkarar türkmen döwletiniň syýasatyna esas edilip alyndy. Ata-babalarymyz has irki döwürlerde-de goňşy halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň tarapdary bolupdyrlar. Oguz han Türkmeniň eýýamyndan başlap öz taryhynyň ähli döwürlerinde ylalaşykly ýaşamaga, jedelli meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmäge çalşypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän hem gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär.

Gümrük nokadynyň täze binalary we desgalary

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda durky düýpli täzelenilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň täze binalary we desgalary ulanylmaga berildi. Dabara Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary we harby gullukçylary, il sylagly ýaşulular, Mejlisiň deputatlary, medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Alpanyň ak mekdebinde

Bu gün türkmen obalarynda guwanç bilen: «Gahryman Arkadagymyz gurduryp berdi», «Arkadagly Gahryman Serdarymyz sowgat etdi» diýilýän täze binalaryň sany barha artýar. Geçen güýzüň ilkinji gününden başlap, Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynyň ýaşaýjylarynyň dilinde hem bu jümleler aýdyma öwrüldi. Bu gün bu gadymy obany ajaýyp döwrümiziň miwesi — täze mekdep bezeýär. Döwrebaplygyň kämil binýady