"Serhet abat-Döwlet abat" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugy
Salgysy: Magtymguly şaýoly, 80
Telefon belgileri: 39-53-45

Makalalar

Bereket — zähmetiň netijesi

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek ugrunda durmuşa geçirýän taýsyz tagallalaryndan ruhlanyp, işlerini kämil derejede guraýan kärhanalaryň hatarynda Köýtendag etrabyndaky Dostluk galla önümleri kärhanasy hem aýratyn tapawutlanýar. Bu ýerde gallaçy babadaýhanlarymyzyň ene topragymyzda ýetişdiren guşgursak bugdaýyny gaýtadan işläp, ondan un öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. 1998-nji ýylda işe başlan bu kuwwatly kärhana häzirki wagtda haraz, elewator, ammar, önümleriň hilini kesgitleýji we energiýa üpjünçiligi, abatlaýyş ýaly bölümlerden ybarat bolup, bu ýerde hünärmenleriň 300-si yhlasly zähmet çekýär. Önümçilikde uly degirmenleriň 5-siniň güýjünden peýdalanylýar.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Yhlasly zähmetiň miwesi Garabiliň pesinde, goja Murgap derýasynyň kenaryny ýakalap oturan Tagtabazar etrabynyň “Sandykgaçy” bagçylyk obasyna baryp gördüňizmi?! Bu obada ýaşaýanlaryň uludan-kiçi, ählisi bagbanlar nesli.

Süýjülik ekin — gymmatly çig mal

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Daýhanlara ene ýerden bereketli hasyl almak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz her gektar ýeriň düşewüntliligini artdyrmagy, şeýle hem, bir ýylda bir ýerden iki hasyl almagyň hasabyna öndürilýän önümleriň mukdaryny köpeltmegi möhüm wezipe edip goýýar. Munuň üçin ähli şertler döredilýär. Biziň welaýatymyzyň toprak howa şertleri diňe bir bugdaý, gowaça üçin ýaramly bolman, eýsem, beýleki gök-bakja ekinleri, gant şugundyry üçin hem amatlydyr. Etraplaryň daýhan birleşikleriniň kärendeçileri «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşyp, bugdaýdan boşan ýerlerde gant şugundyryny ekip, onuň bol hasylyny ýetişdirýärler. Bu ekin ýylyň ikinji ekini bolmak bilen iýun aýynda ekilýär. Şugundyrdan boşan toprak gurplanýar, haşal otlardan arassalanýar.

Çekseň zähmet — ýagar rehnet

«Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, çeken päk zähmetiň hözirini görmegiň lezzeti başgaça. Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginde 40 ýyla golaý kärendeçi bolup zähmet çeken Mährem Weljikow hem bu günki gün yhlasly zähmetiniň hözirini görüp bagtyýar durmuşda ýaşaýan kärendeçileriň biri. Ýakynda bu kärendeçi bilen duşuşyp söhbetdeş bolanymyzda, ol özüniň ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy. — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak, onda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly çykyşyny diňlemek meni diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Şeýle hem şu taryhy ýylda çeken zähmetime uly baha berlip, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanmagym meniň buýsançly başymy göge ýetirdi. Bu döwlet sylagy meni öňküden-de gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Şaly oragy gyzyşýar

Daşoguz welaýatynyň şalyçylary şaly oragyny depginli alyp barýarlar. Welaýat boýunça ekilýän 8 müň 100 gektar şalynyň ählisi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky we «27-nji oktýabr» daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýyl bu daýhan birleşiklerinde şalynyň «müňbaş», «elenga», «Nöküs – 2» ýaly ýokary hasyl berýän sortlary ekildi. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, şu ýyl şaly ekilen meýdanlardan ýokary hasyla garaşylýar. S.A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde kärendeçileriň 432-si 4 müň 450 gektar meýdanda şalynyň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Şalyçylykda baý iş tejribe toplan Meretdurdy Amanow, Şatlyk Annaýew, Tawusjemal Baýmedowa,Wepa Öräýew ýaly kärendeçileriň kärende ýerinde bu ýyl hem şu gymmatly azyklyk ekiniň bereketli hasyly ýetişdirildi.

Güýzde üzüm baglarynda geçirilmeli agrotehniki çäreler

Güýz paslynda üzüm baglarynyň hasyly doly ýygnalandan soňra, üzüm agaçlaryna agrotehnikanyň talaplaryna görä mineral, ýerli dökünleri bermeli hem-de sürüm işlerini geçirmeli. Ýerli dökünlerden malyň çüýrän dersi iň peýdalysydyr. Ol her üç - dört ýyldan gektara 30 – 40 tonna, mineral dökünlerden 600 kilogram superfosfat, 100 kilogram hlorly kaliý, mundan başga-da mikrodökünlerden 3 ýyldan bir gezek 3 kilogram sink, 2 ýyldan 5 kilogram margens, her ýylda 1,5 – 2 kilogram bolar ýaly dökünleri sürümiň aşagyna dökmek maslahat berilýär. Sanalyp geçilen dökünler öz wagtynda we bellenen möçberde berlen ýagdaýynda hasyllylyk 200 – 250 sentnere ýetýär. Dökün berlen üzüm baglaryna yzgar suwuny bermek, üzüm düýplerindäki guran şahalary kesip aýryp, timarlamak işleri geçirilýär. Bu işleriň wagtynda geçirilmegi üzüm agajynyň ýokary hilli hasyl toplamagyna täsir edýär. Gyşda howanyň derejesi +0 gradusdan aşak düşen ýagdaýynda üzüm agajyny çyrpmak maslahat berilmeýär. Üzüm sortlarynyň ösüşi görnüşine we ýerli toprak-howa şertlerine görä, biri-birinden tapawutlanýarlar. Şol sebäpli olaryň çyrpylyşy-da birmeňzeş bolmaýar. Çalt ösýän üzümlerde galdyrylýan pyntyk sany 8 – 10 bogundan kesilýär. Emma haýal ösýän üzüm çybyklary 2– 3 bogundan çyrp

Traktoryň kämilleşdirilen tirkegi

Oba hojalygynda meýdan şertlerinde ýükler köplenç traktorlara tirkelýän tirkegler bilen daşalýar. Her bir tirkege kärendeçä gerek bolan tohum ýa-da mineral dökünler ýüklenip, ekin meýdanynyň golaýna eltilýär. Ýüklenýän ýükler ýükleýji enjamyň kömegi bilen tirkegiň kuzowyna guýulýar. Olary gerekli ýerinde düşürmek üçin traktorçy ýük daşaýan agregaty (traktory we birnäçe tirkegleri) saklaýar we traktordan düşüp, tirkegiň kuzowynyň yzky tarapyny açýar. Şonda ýüklenen ýük kuzowyň açylmagyny kynlaşdyrýar. Oba hojalyk agregatlarynda ýüze çykýan şeýle kynçylyklary aradan aýyrmak maksady bilen, uniwersitetimiziň oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak fakultetiniň mugallymlary talyplaryň gatnaşmagynda traktorlaryň yzyna tirkelýän tirkegleri kämilleşdirmek üçin ýörite iş tejribesini geçirdiler. Tirkegi kämilleşdirmek üçin galyňlygy 3 – 5 millimetr, ini 30 – 35 millimetr bolan polat zolaklar saýlanyp alyndy. Olaryň degişli ýerlerinden deşikleri deşip, okuň daşyndan aýlanar ýaly, tirkege dakyldy. Bu işleri her bir daýhan birleşigiň ýa-da etrap «Obahyzmat» kärhanasynyň ussahanasynda ýerine ýetirip bolýar. Kämilleşdirilen tirkegdäki ýüki düşürmek üçin traktorçy gidroulgamyň bölüji düwmesiniň kömegi bilen, onuň gidrosilindrine ulgamdaky suwuklygy ugrukdyr

Toklularyň ýüň örtüginiň reňki we ýüň önümliligi

Ýurdumyzyň dowardarçylyk pudagynda saryja tohumly goýunlara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu goýunlar et-ýag we ýüň ugurly guýrukman tohuma degişli bolup, çalt ýetişýändigi bilen tapawutlanýar. Olardan alynýan et-ýag ýokumlylygy we hümmetliligi bilen tapawutlanýar. Saryja goýunlarynyň ýokary tehnologik häsiýetlere eýe bolan ak reňkli, ýarym irimçik ýüňi türkmen halylaryny dokamakda möhüm çig mal hasaplanylýar. Çünki bu goýunlaryň ýüňüni senagat taýdan işläp, egirmek arkaly türkmen halylaryny dokamakda ulanylýan eriş, argaç we çitimlik ýüplükler alynýar. Saryja tohumly goýunlaryň guzulary doglanda goňur, ak-goňur we gara-goňur reňkli bolýar. Guzularyň şu reňki ilkinji gyrkyma çenli saklanýar. Sebäbi guzularyň 25 – 30 günlük döwründen başlap, ösýän ýüň süýümlerine reňk beriji pigmentleriň gelmegi kesilýär. 5 aýlyk döwründe ilkinji ýüň bolan baýzy ýüňüniň gyrkylyp alynýan möwsüminden başlap, olarda ak reňkli ýüň süýümleri ösüp ugraýar. Toklular ilkinji gezek gyrkylyp, baýzy ýüňi alnandan soň, olaryň düýrüm ýüňüniň süýümleri ak reňkli bolup, bütin kellesiniň we aýaklarynyň örtüji tüýleri öňki reňkinde (goňur, ak-goňur we gara-goňur) galýar.

Belent harmana goşant

Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň Derýa Orazow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 3-nji pagtaçylyk toparynyň pagtaçy kärendeçileri şu günler pagta ýygymyny üstünlikli dowam etdirýärler. Her bir ýyly uly üstünliklere besleýän toparyň kärendeçileri şu ýyl 110 gektar meýdana gowaça ekip, ondan bereketli hasyl almagy maksat edinýärler. Toparyň ýolbaşçysy Derýa Orazow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toparyň pagtaçylarynyň hasyly ýetişdirmekde, ony ýygnap almakda görkezýän ýokary netijeleri barada buýsanç bilen gürrüň berdi. Ol toparda kärendeçi maşgalalaryň 40-dan gowragynyň bardygyny, olaryň gündelik görkezýän netijeleriniň 2-2,5 göterime barabar bolýandygyny belledi. Tejribeli kärendeçiler Ýolaman Esenow, Daýanç Akyýew, Saparmyrat Rejebow dagylaryň pagta meýdanlaryndan ýygnalan pagtanyň belent harmana uly goşant bolandygyny buýsanç bilen aýtdy. Toparyň kärendeçileriniň yhlasly işlemekleri netijesinde ýygnalan hasyl 230 tonna golaýlapdyr. Ýygym möwsüminde gündelik 100-110 kilogram pagtany belent harmana goşmakda köpmüňçi ýygymçylar Güljahan Babaýewa, Kamar Ýazhanowa, Uzukjemal Ýatjanowa dagylaryň mynasyp paýlarynyň bardygyny aýratyn bellemelidiris.

Kadaly gögeriş gazanylýar

Kaka etrabynyň ak ekin ussatlary geljek ýylyň hasyly üçin 42 müň 400 gektar meýdanda güýzlük däne ekişini geçirmegi meýilleşdirip, häzirki günlerde oba hojalygyndaky möhüm çäräni agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Etrabyň «Türkmenistan», «Parahat», G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşikleri, «Edermen pagtaçy», «Ýaz meýdan», «Ýeke çeşme» daýhan hojalyklary bu işde görelde bolýarlar. Gögeriş suwuny tutmakda tapawutlanýanlaryň hatarynda «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygyny ilkinjileriň hatarynda agzamak bolar. Işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde irki ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş hem gazanylýar. Ösümlikleri goramak gullugynyň hünärmeni Perhat Orazow bolsa häzirki gyzgalaňly günlerde ekin meýdanlarynda bolup, ekine talabalaýyk ideg etmek, zyýankeşlerden goramak boýunça degerli maslahatlaryny berýär.

Şaly oragy dowam edýär

Şu günler welaýatymyzda şaly oragy guramaçylykly geçirilýär. Saýat etrabynyň zähmetsöýer babadaýhanlary hem bereketli meýdanlarda ýetişdirilen bol hasyly wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak işini güýçli depginde alyp barýarlar. Orak işleriniň ýokary hilli we talabalaýyk geçirilmeginde tejribeli kombaýnçylaryň hyzmatyna daýanylýar. Olaryň kömegi bilen her gün onlarça gektar meýdanyň hasyly üstünlikli ýygnalýar. Etrabymyzda üstümizdäki ýylda hem şalynyň ýokary hasyl berýän tohumlary ekildi we olara ideg işleri göwnejaý ýola goýuldy. Netijede etrabymyzyň şalyçy kärendeçileri şu möwsümde Watan harmanyna şalynyň 14592 tonnasyny tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Garaşylan netijä ýetmekde bolsa hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren tehnikalarynyň kömegi bilen işler gowşamaýan depginde dowam edýär.

Gyşyň gamy ýazdan, güýzden

Mary welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň etraplardaky «Maldar» maldarçylyk hojalyklarynyň dowardarlary tutanýerli zähmet çekýärler. Sähra merdanlary ene goýunlardan sagdyn guzy alyp, ýaş mallary össürime goýbermek babatda tagalla baryny edýärler. Çekilýän zähmet ýerine-de düşýär. Önümçilik birleşiginiň Sakarçäge etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary 2024-nji ýylyň owlak-guzy möwsüminde ene goýunlardan 63 müň 278 baş sagdyn guzy almagyň hötdesinden geldiler. Bu işde guwandyryjy netijeleri gazanan bu maldarçylyk hojalygynyň zähmet pälwanlary häzirki wagtda dowarlary Garagumuň öri meýdanlarynda bakýarlar. Çopanlar mallara zooweterinariýanyň talaplaryna laýyk ideg edip, dowarlaryň baş sanyny tükel saklamakda gaýratlylyk görkezýärler.

Bol hasylyň aladasy

Gökdepe etrabynyň oba zähmetkeşleri geljek ýylyň hasyly üçin 10 müň 100 gektarda güýzlük däne ekişini geçirmegi meýilleşdirip, häzirki günlerde möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda tutmak işine hem jogapkärli çemeleşilýär. Kadaly gögeriş gazanylan meýdanlaryň idegi birkemsiz ýetirilýär. Meýdan işlerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Bu zatlar geljekki bol hasylyň girewi bolup durýar. Jogapkärli günlerinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri oba zähmetkeşleri bilen iş üstünde duşuşyp, olaryň armalaryny ýetirýärler.

«Ak altyn» berekedini eçilýär

Ýurdumyzda daýhan hojalyklaryna, kärendeçilere 99 ýyla çenli möhlet bilen ýeriň peýdalanmaga berilmegi ekerançylygy ösdürmekde, azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde, oba ilatyny päk zähmete höweslendirmekde möhüm ädimleriň biri boldy. Şunuň esasynda welaýatlarda döredilen ýörite ýer gaznalary hususy önüm öndürijilere bugdaý, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bellenilen tertipde uzakmöhletleýin peýdalanmaga berildi. Men hem 2021-nji ýylda Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşigine degişli Garamätnyýaz ýaýlasyndan 34 gektar ýeri 99 ýyla çenli uzakmöhletleýin peýdalanmaga aldym. Ene ýere yhlasyňy siňdirip, gujur-gaýratyňy gaýgyrmasaň, bereketli hasylyny eçilýär. Ýylyň-ýylyna bugdaýdan, gowaçadan hasyl almakda ýokary netijeleri gazanyp gelýärin. Aslynda, daýhançylyk bilen 25 ýyldan gowrak wagt bäri meşgullanýaryn. Şol geçen ýyllar meniň tejribämi artdyryp, abraýa we hormat-sarpa ýetirdi.

Gyzylgumda gyşa taýýarlanylýar

Çärjew etrabynyň «Serdar» maldarçylyk hojalygy tutuş welaýatymyzda hem öňdebaryjylaryň biri hasaplanylýar. Maldarlar şu ýylyň baharynda ene dowarlardan owlak-guzy almak boýunça meýilnamasyny ilkinji bolup ýerine ýetirdier. Ýakynda bolsa güýz gyrkymyny hem üstünlikli tamamladylar. Dowarlardan 8 tonna golaý ýüň ýygnaldy. — Ýüň gyrkymyndan soň dowarlar özlerini has-da gowy duýýarlar. Güýzki öndürilýän ýüň arassalygy bilen hem tapawutlanýar. Şonuň üçin hem ony yrýa etmän ýygnadyk — diýip, hojalygyň ýolbaşçysy Muzafar Hoçjyýew gürrüň berýär. — Maldarçylyk hojalygymyzyň dowarlarynyň 5280-si Gyzylgumuň sähralarynda bakylýar. Köpýyllyk iş tejribesi bolan çopanlar dowarlary kadaly ýagdaýda saklamagy başarýarlar. Şu güne çenli gyş üçin iri baldakly otlaryň 1272 tonnasyny ýygnadyk. Geçen möwsümlerden görnüşi ýaly, şunça möçberdäki ot dowarlarymyzy gyşlatmak üçin ýeterli bolýar. Emma şonda-da arkaýynlaşmaýarys. Otuň köp bolsa malyň dok boljakdygyna söz ýok — diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Rysky miweli baglarda

Daýhançylygy, bagçylygy özüniň bereket çeşmesine öwren, ene ýerden rysgal tapýan ildeşlerimiziň sany ýylsaýyn artýar. Şolaryň biri-de Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Mäşpaýa obasynyň ýaşaýjysy, indi ençeme ýyldan bäri bagçylyk bilen meşgullanýan Agamyrat Hatamowdyr. Alty onlugy arka atan bagban öz bagynda miweli daragtlaryň alma, armyt, garaly, şetdaly, üzüm ýaly görnüşlerini ýetişdirýär. Onuň obanyň «Ýigit mürze» diýen atyzynda 5 ýyl mundan öň eken alma nahallary bol hasyl getirýär. Häzirki günlerde-de bagda alma ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Hasyldan göwni galkynan tejribeli bagban özüniň geçen zähmet ýoly, bagçylygyň inçe syrlary hakynda şeýle gürrüň berdi: — «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, ata-babalarymyň kesp-käri maňa-da geçipdir. Men hem çagalygymdan atamyň hünärini dowam etdirmegi arzuwlardym. Durmuş öwrümleri meni bu arzuwyma biraz gijräk ýetirdi. Mugallymçylyk ugrundan ýokary bilim alyp, köp ýyllaryň dowamynda ýaş nesillere bilim berdim. Ýüregimde bolsa şol çagalyk arzuwymy göterip ýaşadym. 2019-njy ýyldan bagbançylyk bilen ymykly meşgullanyp başladym. Maňa şol ýylda obamyzyň ilersinden miweli baglary ýetişdirmek maksady bilen şertnama esasynda 3 gektar ýer bölünip berildi. Dostluk şäherinden tejribe

Yhlasly zähmetiň miwesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda bagçylygy ösdürmäge, hasyllylygyny artdyrmaga we görnüşlerini  köpeltmäge uly üns berilýär. Magtymguly etrabynda hem ykdysady taýdan peýdaly, adam üçin ýokumly subtropik miweler bolan nar we zeýtun baglaryny ösdürip ýetişdirmekde maksada okgunly işler bitirilýär. Şu günler etrapda miweleriň ýygymy guramaçylykly alnyp barylýar. Sumbar we Çendir jülgelerinde, beýleki subtropik miweli baglar bilen birlikde, nar baglary-da ösdürilip ýetişdirilýär. Jülgelerde, derelerde, Sumbar derýasynyň boýlarynda ýabany ösýän nar agaçlarynyň aýratyn görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

“Ak altyn” — 2024

Zähmet joşýar pellerde “Ak altyn” hasaplanýan pagtany ak bagtyna deňeýän kärendeçi daýhanlar şu günler ýyl ýüzi halal zähmet siňdirip ýetişdiren hasylyny ýygnamak işini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Kärendeçiler pagtanyň bir übtügini hem yrýa etmän ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinip, tutanýerli zähmet çekýärler. Welaýatymyzda işine ezber, tejribeli kärendeçileriň ençemesi bar. Şeýle kärendeçileriň biri hem Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bibitäç Nurmyradowadyr.

Daýhanyň yhlasy — berekediň gönezligi

Ýapyşan işine düýrmegi bilen berlen adamlaryň her bir işde gazanýan netijeleri ýokary bolýar. Hut şonuň üçinem olaryň işi ýola goýşy beýlekileriňkiden ýer bilen gök ýaly tapawutlanýar. Bu bolsa çekilýän zähmetiň, ertirki gün berekediň gönezligini döredýänligini aňladýar. Muňa mysal edip, Ýolöten etrabynyň Baýraç geňeşliginiň çäginde 2019-njy ýylda 99 ýyllyk şertnama esasynda öz adyna ýer alan, önüm öndüriji, telekeçileriň biri ýaş guramaçy ýigit Muhammet Omarowy aýtmak bolar. Onuň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň pagta ýygymy möwsüminde gadamy batly, ümzügi öňe. Ol etrapda ilkinjileriň hatarynda 24 gektar meýdandan 56 tonna 450 kilogram ýokary hilli pagtany Watan harmanyna tabşyrdy. “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýleni. Biz pursatdan peýdalanyp, işewür ýigit telekeçi Muhammet Omarowyň Mary — Serhetabat gara ýolunyň ýakasynda 51 gektara eýelik edýän bereketli pagta meýdanyna bardyk. Onuň ýygymçylaryň ýygan pagtalaryny pagta meýdanynda gapanda çekip duran pursadyna gabat geldik. Bu ýerde zähmet joşýar. “Ak altynly” pelleriň içinde pagta ýygymyna kömege gelen gelin-gyzlaryň birnäçesi yhlas edip, günde 70-80 kilogram pagta ýygyp, gapana getirýärler. Olardan Mähri Nazarowanyň, Jeren Ýazgeldiýewanyň, Nursoltan Täçbabaý

Hil — esasy görkeziji

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň welaýatymyzdaky düzüm birlikleriniň işgärleriniň pagta ýygymynyň häzirki gyzgalaňly dowam edýän günlerinde «Türkmenpagta» döwlet konserniniň «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki pagta kabul ediş harmanhanalarynyň işgärleri bilen birlikde, kärendeçilerden kabul edilýän pagta hasylynyň hil gözegçiligini alyp barmakda durmuşa geçirýän derwaýys işleri aýratyn bellärliklidir. Gullugyň merkezi barlaghanasynyň oba hojalyk önümleriniň synag bölüminiň işgärleriniň häzirki jogapkärli döwür bolan pagta ýygymy möwsüminde gündelik alyp barýan wajyp işleri bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen, «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň Boldumsaz etrabynyň Gubadag pagta arassalaýjy kärhanasynyň «Pagtaçy» pagta kabul ediş harmanhanasynda iş saparynda bolanymyzda, hatar-hatar bolup, harmanhana golaýlap gelýän üsti «ak altynly» awtoulaglar kerweni biziň ünsümizi özüne çekdi. Bu ýerde welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň merkezi barlaghanasynyň hünärmeni Bibijan Durdyklyçowa bilen tanyşlygymyzyň dowamy olaryň pagta hasylynyň hil gözegçiligini amala aşyrmakda gündelik ýerine ýetirýän möhüm wezipeleri baradaky gürrüňlere ulaşdy. — Häzirki döwürde ýurdumyzda, şol sanda, welaýatymyzda pagtaçy ýe