Ýolagçy sany 4 milliarddan geçer
Şweýsariýanyň «M1nd-set» agentligi dünýäniň syýahatçylyk pudagy barada täze maglumat taýýarlady. Maglumata görä, geljek ýyl dünýäde uçar arkaly syýahat edýän ýolagçylaryň sany 4,22 milliarda ýeter. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 8,3 göterim ýokary bolar. Ýewropa ýurtlary 2 milliard ýolagçy bilen uçar gatnawynda birinji bolmagynda galar. Şeýle-de bolsa, sebitiň ýolagçylarynyň global ýolagçylaryň arasyndaky paýy azalar. Netijede, dünýäde halkara gatnawdan peýdalanýan ýewropalylaryň sany umumy ýolagçylaryň 46,9 göterimini emele getirer. Aziýa-Ýuwaş ummanynyň global gatnawdaky paýy artyp, 25,5 göterime ýeter. Bilermenler sebitiň ýaşaýjylarynyň halkara syýahata has köp gitmeginde ykdysady ösüşiň täsiriniň bardygyny belleýärler. Ogulşat HAŞYROWA,