Täze ýyl syýahaty
Köpler Täze ýyly öýde geçirýän bolsalar, käbir adam bu baýramçylygy owadan şäherlere gidip, Baş arçanyň ýanynda ýa-da owadan kenarda ýyldyzlaryň aşagynda garşy alýar. Täze ýyl agşamy diňe bir täze ýylyň başlangyjy bolman, eýsem, täze umytlaryň we arzuwlaryň hem başlangyjydyr. Gazetimiziň şu sanynda Täze ýyl baýramçylygyny dabaraly geçirýän şäherler barada maglumat bermegi makul bildik. Nýu-Ýork. Täze ýyl baýramçylygynyň iň meşhur geçirilýän ýerleriniň biri bolan Nýu-Ýork her ýyl millionlarça myhmany garşy alýar. 1907-nji ýyldan bäri Taýms meýdançasynda geçirilýän «top iteklemek» çäresi Täze ýyl baýramçylygynyň iň gyzykly dabaralarynyň biri hasaplanýar.