"Milli goşun" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi
Salgysy: Galkynyş (1995) köç, 4
Telefon belgileri: 40-59-67, 40-59-68
Sayt: www.milligosun.gov.tm

Makalalar

ÝUNESKO we milli miras

Şeýle at bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş  muzeýinde geçirilen maslahatda muzeýiň direktory Allanazar Garajanow, bagşy Hudaýberen Baýramow, muzeýiň ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew, Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň ýokary derejeli artisti Döwran Mädalyýew, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Myrat Halbaýew, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Leýla Rejepowa dagy çykyş edip, el hünäri, türkmeniň gaýtalanmajak milli mirasy, bagşyçylyk sungaty, halypa-şägirtlik ýoly, şeýle-de ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.

Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylar

«Türkmen Logistika» Assosiasiýasy hem-de Latwiýanyň Ýük ekspeditorlary we logistika milli assosiasiýasy(LAFF) tarapyndan iki ýurduň ulag pudagynyň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk guraldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Ýewropadan harytlary ygtybarly daşamak üçin anyk meseleleri teklip etdi.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň häzirki zaman logistika düzümlerini, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça oňyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne laýyklykda dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly, iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr» diýip nygtamak bilen, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmeginiň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny ýokarlandyrmaga, durmuş häsiýetli maksatnamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn belleýär.

Hoşniýetli gatnaşyklara daýanyp

Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem serhetdeş goňşy döwletler bilen giň gerimli gatnaşyklary ösdürmekdir. Şeýle gatnaşyklary öňe ilerletmekde dostluk deňzine öwrülen gojaman Hazaryň ähmiýeti diýseň uludyr. Çünki bu deňzi parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňişligine öwürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pähim-paýhasy bilen uly işler amala aşyrylýar. Kenarýakasynda ýerleşýän döwletleriň hemmesi üçin, Hazar deňzi ykdysady taýdan örän ähmiýetlidir. Şeýlelikde, hazarýaka döwletleri özüniň ykdysady ösüşini rowaçlandyrmakda, deňziň tebigy baýlyklaryny peýdalanmaga uly ähmiýet berýärler. Balyk tutmak, deňizde ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak we kenarýaka uglewodorod çig mallaryny gazyp almak ýaly işler ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşinde örän ähmiýetlidir. Çünki Hazar deňziniň düýbi uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna baýdyr.

Wise-premýer: Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde ulag hyzmatdaşlygyna möhüm ähmiýet berýär

Türkmenistan ulag ulgamynyň ösdürilmegini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde hasaplaýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow duşenbe güni Moskwada geçirilen GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy. Bu barada “Baku TV” teleýaýlymy habar berýär. Hojamyrat Geldimyradowyň aýtmagyna görä, Türkmenistan ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagy ugrunda degişli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan täze üstaşyr geçelgelerini döretmek we bilelikde ulag hyzmatlarynyň iri bazaryna çykmak üçin hyzmatdaşlar bilen hereketleri utgaşdyrmak başlangyjyny goldaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 19-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, müňýyllyklardan gözbaş alýan hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar.

Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşýär

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda: «Häzirki wagtda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi günsaýyn artyp, olar belent sepgitleri nazarlaýarlar. Biz ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara Ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýäris» diýmek bilen, häzirki zaman dünýäsinde ýaşlaryň ornuna, olaryň jogapkärçiligine we adamzadyň olara bildirýän ynamyna aýratyn ähmiýet berdi. Ýurdumyzyň kanunçylygy hem-de halkara şertnamalary esasynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda şu ýylyň iýun aýynda tassyklanylan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» medeniýet we syýahatçylyk ugry boýunça, maglumat-kommunikasiýa ulgamynda ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen, maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagy, ýaşlaryň medeni hyzmatdaşlygy, ýaş žurnalistleriň arasynda tejribe alyşmak ýaly çäreler bu işlere ýardam berer. Strategiýada göz öňünde tutulan bedenterbiýe we sport, şol sanda dürli ýaryşlary guramak, sagdyn durmuş

Milli gymmatlyklara sarpa

Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän beýik işlere tüýs ýürekden buýsanýarys, çünki halk bähbidini nazarlaýan işler abadan ýaşaýşymyza gönükdirilip, ýurdumyzyň aýdyň ösüşiniň kepilidir. Halkymyzyň milli we ruhy gymmatlyklaryndan gözbaş alýan asylly ýörelgelerimiz, parahatçylyk söýüjilik ýolumyz ösüşleriň berk binýadydyr. Eziz Diýarymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň, mertebesiniň pugtalanmagy, has-da belende göterilmegi ugrunda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly tagalla edilýär. Bularyň hemmesi halkymyzyň özygtyýarly döwlet baradaky köp asyrlyk arzuwynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýar. Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň belent mertebesi dünýäde has-da dabaralanýar. Ýakynda Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi häzirki ösüşli döwrümizde gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygyny, mynasyp ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.

Beýik özgertmeleriň aýdyň ýoly

Eziz Diýarymyz häzirki ajaýyp döwrümizde belent üstünliklere beslenip, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlylygy aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylan üstünlikler, beýik ösüşler munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Şu ýylda ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen binalaryň, hususan-da, täze bilim ojaklarynyň açylyş dabaralary taryhy wakalar bolup, kalbymyzda orun aldy. Şu şöhratly ýylymyzda eziz Watanymyzyň abraý-mertebesiniň has-da belende göterilendigini aýdyň görmek bolýar. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Bilim ulgamyndaky ösüşler hakynda söz açylanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň hem-de ÝUNESKO klublarynyň açylandygyny aýdyp bolar. Ýakynda bolsa ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebi bolan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO kluby açyldy. Bularyň hemmesi şöhratly we şanly waka bolup, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almakl

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi

13-16-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ykdysady wekiliýet Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Awiasiýa häkimýetleriniň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi we onuň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugry bilen

Mälim bolşy ýaly, 10-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etdirmek boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti bu taslamanyň, şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, goňşy döwletiň demir ýol infrastrukturasyny giňeltmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýakynda Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki, dag-magdan senagaty ministri Şahabutdin Delawar hem-de senagat we söwda ministri Nuretdin Aziz bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň toplumy boýunça ösdürmegiň meselelerine garaldy. Hususan-da, taraplar ýokarda agzalan möhüm taslamalaryň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de iki döwletiň daşary işler ministrleri, wekiliýet agzalary gurluşygy türkmen hem-de owgan kompaniýalary tarapyndan alnyp barylýan energetika, ulag ulgamynyň desgalaryna baryp gördüler.

Halkara giňişlikde

Ulag baglanyşygy meselesi üns merkezinde Golaýda Ýerewanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrler maslahaty geçirildi. «Durnukly ykdysadyýetiň bähbidine deňhukukly, elýeterli, inklýuziw ulag baglanyşygyny ösdürmek» mowzugynda guralan forum 30-dan gowrak ýurtdan wekiliýetleri we halkara guramalaryň wekillerini bir meýdança jemledi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary B.Annaýew hem gatnaşdy. Nobatdaky duşuşyk geljek ýylyň iýunynda Ruandada geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň öň ýanyndaky taýýarlyk tapgyry bolup, oňa gatnaşyjylar ulag baglanyşygyny gowulandyrmakda ýetilen sepgitler babatda milli we sebit derejesinde toplanan tejribeler, bar bolan meselelerdir mümkinçilikler barada pikir alyşdylar.

Ekologiýa abadançylygy —möhüm talap

Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak meselesi häzirki wagtda dünýä derejesinde üns berilmegi, çözülmegi zerur wezipedir. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyzda-da daşky gurşawy goramak bilen bagly milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Köpugurly tagallalaryň hatarynda 2019-njy ýylda «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, tokaý hojalygyny döretmek, bag ekilen meýdanlary giňeltmek, suwarymly ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak boýunça giň möçberli çäreler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», beýleki maksatnamalaýyn wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işlerde daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak meselelerine wajyp orun degişlidir.

Eýran-Türkmenistan-Özbegistan-Gyrgyzystan ugrunda synag konteýner otlusynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär

Gyrgyz Respublikasynyň “Kabar” milli habar agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow anna güni Bişkek şäherinde geçirilen ýurduň Halk gurultaýynda (Mejlisinde) eden çykyşynda mälim etdi. Şeýle hem Sadyr Žaparow öz çykyşynda Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň gurluşygynyň ýakyn wagtda başlajakdygyny aýtdy.

Türkmenistan Ýerewanda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ministrler duşuşygyna gatnaşdy

14-15-nji dekabr aralygynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi. Çäräniň temasy “Deňligi stimulirlemek, durnukly we üýtgewsiz ykdysadyýet üçin elýeterli we öz içine alyjy ulag aragatnaşygy” diýlip atlandyryldy. Duşuşyk, 2024-nji ýylyň iýun aýynda Ruandanyň paýtagty Kigali şäherinde geçiriljek ösüp barýan ýurtlaryň Üçünji maslahatynyň (LLDC) öňünden geçirilen taýýarlyk tapgyrydyr. Foruma 30-dan gowrak ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Umumy mejlise Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji konferensiýasynyň Baş sekretary Rabab Fatima gatnaşdy. Türkmenistana ýurduň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi wekilçilik etdi.

Söwda ykdysady gatnaşyklar ilerleýär

Golaýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Braýt Kupemba bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň duşuşygy boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurtlaryň arasynda syýasy geňeşmeleri netijesinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha artýar. Ýer ýüzünde durmuş ugurly dostana gatnaşyklary has-da artdyrmak ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle-de Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Afrika yklymynda ýerleşýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns berilýär.

Azerbaýjan türkmen we gazak deňiz portlaryny Rumyniýa bilen özara baglanyşdyrar

Azerbaýjanyň «ADY Container» kompaniýasy we «COSCO SHIPPING Lines» kompaniýasy Türkmenbaşy we Aktau portlaryndan Rumyniýanyň Konstansa portuna ýükleri daşamakda durnukly ulag geçelgesini döretmek taslamasynyň üstünde işleýärler. Habarda bellenişi ýaly, bu ugur boýunça ýükleri demir ýol we deňiz ýollary arkaly bilelikde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Azerbaýjan kompaniýalary Hazar deňzi arkaly türkmen we gazak deňiz portlaryndan konteýner ýükli demir ýol düzümleri alyp, demir ýol arkaly Gruziýanyň Batumi portuna we ol ýerden hem deňiz ýollary arkaly Konstansa daşar. Batumi we Konstansa portlary aralygyna ýükler «COSCO SHIPPING Lines» kompaniýasynyň gämileri arkaly daşalar.

Şöhratly taryhymyz dünýä ýaýylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli gymmatlyklarymyz, şöhratly taryhymyz dünýä ýaýylýar. Häzirki döwürde dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz ösdürilýär. Halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar ösüşlere, röwşen geljege binýat bolýar. Bu günki günde şeýle hoşniýetli gatnaşyklar medeniýet babatda hem ýokary derejä eýe bolýar. Medeniýet babatdaky hyzmatdaşlyk dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň berk binýadydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyz Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ bilen netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Munuň özi taryhdan gözbaş alýan dost-doganlyk halklaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, taryhy, medeni gymmatlyklaryň dünýä ýaýylmagyna ýardam edýär. Ýakynda Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etdi hem-de göçme nyşany gowşuryldy. Şu şanly waka mynasybetli Änew şäherinde «2024-nji ýylda Änew — Türki dünýäniň medeni paýtagty» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde milli gymmatlyklarymyzy ýaýbaňlandyran serginiň guralmagy, aýdym-sazly çykyşlaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çü

Ilatyň saglygy bähbitli hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14-15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly XI Türkmen-german lukmançylyk forumy geçirildi. Ikitaraplaýyn duşuşyga sanly ulgam arkaly Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor mugallymlary, paýtagtymyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň, welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşykda dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we bejermek, gaýragoýulmasyz kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky ýeten belent sepgitlerine ýokary baha berdiler. Şeýle hem Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi maksat edinýändiklerini nygtap, türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini, täze ylmy işläp taýýarlamalaryny paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdi

Paýtagtymyzda lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite halkara maslahaty geçirildi

Üstümizdäki ýylyň dekabr aýynyň 8-9-na mermer paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirildi. Ýokary guramaçylykly geçen bu wekilçilikli forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde öňe süren başlangyjy boýunça guraldy. Iki günläp dowam eden bu iri halkara forumda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitlerine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, onuň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlaryny dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenilip geçildi. Daşary döwletler, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk häzirki döwrüň meseleleriniň giň toplumy boýunça sazlaşykly çemeleşmeleri,