"Milli goşun" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi
Salgysy: Galkynyş (1995) köç, 4
Telefon belgileri: 40-59-67, 40-59-68
Sayt: www.milligosun.gov.tm

Makalalar

GERÇEKLERE RUHY TAGZYM

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda ähli uruş meýdanlarynda wepat bolanlarynyň we 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň hatyrasyna Ýalama güni bellenilip geçilýär. Olaryň şanyna paýtagtymyzda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy geçirilýär. Watanymyzyň azatlygy ugrunda söweşenleriň, şol sanda Gökdepe söweşiniň, Beýik Watançylyk Urşunyň we Aşgabat ýer titremesiniň gazaply pursatlary ynsan kalbynda bitmez ýara galdyrdy. Öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar eden ýer tiremesinde döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 – 1945-nji ýyllaryň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, ussat mugallym we tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapyny kesdi.

Paýhasyň güýjüne eýlenen şygyr

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyz üçin taryhy ähmiýetli waka boldy. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşy hem-de täze goşgusyny okap bermegi hemmeleriň göwnüni göterdi. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Biz geljek, 2025-nji ýylda şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçeris. Bilşiňiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagy ählumumy wezipe hasaplaýarys» diýip belledi. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisiň barşynda okap beren täze goşgusy şol ählumumy wezipäniň durmuşa geçirilýändigini äleme ýaýan milli pähim-paýhasdan saldamy ýeten ajaýyp subutnama boldy. Zybanlara zynat, dillere aýdym boljak täze goşguda çuňňur pelsepe bilen çeper sözüň sazlaşygy ba

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – ýaşlara gymmatly miras

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly taryhy altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler agzybir halkymyzyň sözüň doly manysynda geljeginiň röwşendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle beýik işler halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini öňküdenem gowulandyryp, eziz Diýarymyzyň halkara abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işlere buýsanýar. Bu günki gün ähli ildeşlerimiz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny belent üstünliklere beslemek üçin özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Bu şanly ýylda belent maksatlardan, aýdyň wezipelerden ugur alynýar. Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan kämil ýörelgelerine laýyklykda, ýyllary belent üstünliklere beslemek döwletlilikdir. Eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyz, şöhratly taryhymyz dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzyň ähli babatda gülläp ösmegi we halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy biziň her birimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, anyk mümkinçil

Türk­men ru­hu­nyň syn­ma­jak sü­tü­ni

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy — türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy, umu­ma­dam­zat şa­hy­ry, yn­san kal­by­nyň ru­hy luk­ma­ny. Şa­hy­ryň yn­san öm­ri, mer­te­be­si, adam­kär­çi­lik, hoş­ni­ýet­li­lik ba­ra­da­ky öz­bo­luş­ly pi­kir­le­ri her bir ada­my dur­muş­da­ky öz bor­jy ha­kyn­da oý­lan­ma­ga mej­bur ed­ýär. Şo­nuň üçin hem akyl­da­ryň pä­him-pa­ra­sat­dan ýüki ýe­tik çuň ma­ny­ly şy­gyr­la­ry kö­ňül­ler­de in­çe duý­gu­la­ry oýa­ryp bil­ýän­li­gi bi­len be­ýik­li­ge gö­te­ri­lip, umu­ma­dam­zat me­de­ni-ru­hy ha­sy­na­syn­da mü­di­mi orun al­dy. Bu ba­ra­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Yn­san kal­by­nyň öç­me­jek nu­ry» at­ly ki­ta­byn­da: «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň asyr­lar aşyp, bi­ziň döw­rü­mi­ze ge­lip ýe­ten müň dür­li öwüş­gin­li şy­gyr­la­ry, ene top­ra­gy, ata Wa­ta­ny ýü­rek­den söý­mä­ge we yn­san­per­wer­li­ge ça­gy­ryş­la­ry, pa­ra­sat­ly sar­gyt­la­ry bü­tin adam­za­dyň ru­hy gym­mat­ly­gy­na öw­rül­di» di­ýip bel­le­ýär. Şu pa­ra­sat­ly söz­ler­den gör­nü­şi ýa­ly, şa­hy­ryň şi­rin maz

Ak öýleriň ýaraşygy

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli gymmatlyklarymyzyň biri-de türkmeniň keçe sungatydyr. Ençeme asyrlar bäri dowam edip gelýän bu inçe senet ýylsaýyn il arasynda öz gymmatyny barha artdyrýar. Türkmen gelin-gyzlary keçe basmak işiniň inçe syrlaryny ýitirmän, milli keçelerimizi täze öwüşgin bilen baýlaşdyrýarlar. Keçeleriň dürli görnüşleri bolup, olar häzirki günlerde hem gündelik durmuşda giňden ulanylýar. Goşma keçe, ýan keçe, ojakbaşy, tör keçe ýaly keçelere salynýan nagyşlar hem biri-birinden tapawutlydyr.

Na­gyş­ly pök­gi

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Ça­ga­la­ryň oý­na­ýan oý­na­waç­la­ry­nyň ara­syn­da iň go­wy gö­rül­ýän oý­na­waç­la­ryň bi­ri hem pök­güdir. Hä­zir­ki dö­wür­de pök­gü­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär. Re­zin­den, de­ri­den ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­dä­ki pök­gü­le­re her bir öý­de duş­mak bol­ýar. Ýö­ne me­niň gür­rü­ňi­ni et­jek bol­ýan pök­gim ol pök­gü­le­re meň­ze­me­ýän ma­ta pök­gü­ler ba­ra­da. Siz ma­ta­dan ti­ki­len pök­gü­ler ba­ra­da eşi­dip gö­rüp­mi­di­ňiz? Dog­ry, hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de bu ba­ra­da il­ki eşi­de­nem, ýa du­şa­nam bir­ba­da geň gal­sa ge­rek. Biz bu ba­ra­da mek­de­bi­mi­ziň türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty mu­gal­ly­my Ba­har An­na­şo­wa­dan eşit­dik. Ba­har mu­gal­ly­m il­ki geç­miş­de ene-ma­ma­la­ry­my­zyň ti­kin­çi­li­ge, el iş­le­ri­ne ga­ty ök­de bo­lan­dy­gy, bu ga­dy­my hü­nä­riň sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­ri­lip, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çi­ri­lip gel­nen­di­gi ba­ra­da, türk­men ze­na­nla­ry­nyň el­le­ri­niň zäh­me­tin­den, ze­hin-yh­la­syn­dan dö­rän ne­pis el

Halkymyzyň guwanjy

Milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda ady dünýä dolan wepaly, edermen türkmen alabaýlaryna aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen alabaýynyň taryhy we şu güni bilen bagly wakalary özünde jemleýän «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitaby bu babatda bahasyna ýetip bolmajak eserdir. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny giňden uly dabaralar bilen bellemek Arkadagly eýýamymyzyň asylly däbine öwrüldi. 

Köňül köşgüniň zergäri

Akyldar şahyrymyzyň doglan senesiniň şanly 300 ýyllygynyň halkara gerimler bilen ýaýbaňlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň ruhy baýlygyny ähli zatdan ileri tutýandygynyň buýsançly beýany bolup dabaralandy. Şu ýylyň şygary hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyna eýlenen ajaýyp goşgusynyň adynyň saýlanyp-seçilmegi hem-de şahyryň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde giňden bellenilip geçilmegi halkymyzyň medeni durmuşyndaky iň bir şanly wakalaryň toplumyna öwrüldi. Şu ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýylyň iň guwandyryjy wakalarynyň birine öwrüldi. Türkmeniň paýhas hazynasynyň hormatyna paýtagtymyzyň gözel künjeginde diklenen boýy altmyş metrlik heýkel bilen şahyryň adyny göterýän, dünýäniň söz ussatlarynyň 24 sanysyny özünde jemleýän medeni-seýilgäh bu taryhy hakykatyň nobatdaky gezek dabaralanmasy boldy.

Döwletliligiň nyşany

Nal diýlende, diňe bir atyň toýnagyna kakylýan demir däl-de, eýsem, ol baradaky dürli yrym-ynançlar, rowaýatlar hem biziň aňymyza gelýär. Sebäbi nal diňe bir türkmen halkynda däl, dünýä halklarynda döwletliligiň nyşany hökmünde görülýär. Nal tapmak ýa-da sowgat almak gowulygyň alamaty hasaplanylýar. Nal barada gadymdan bäri dürli halklarda dürli yrymlar, rowaýatlar döredilipdir. Naly öýde nädip saklamalydygy barada-da dürli düşünjeler bar. Öýdäki ýagşy niýetler, döwlet, baýlyk dökülmesin diýip, öýüň gapysynyň iç tarapyndan nalyň «aýaklaryny» ýokary edip asyp goýýarlar. Eger nal gapynyň daş ýüzünden asylsa, onda gara güýçler, erbet niýetler saklanman, dökülip durar ýaly, ony aşak bakdyryp goýýarlar. Meksikalylarda naly el ýetmez ýaly ýerden kakypdyrlar. Italýanlar her kimiň eli ýetip durar ýaly, ony pes ýerden asmagy makul bilipdirler. Hytaýlylar naly öýleriniň demirgazyk-günbatar tarapynda, beýleki gündogar halklary gapynyň agzynda gömýärler.

Keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň şan-şöhratynyň bütin dünýä dabaralanmagyna uly goşant goşýan gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän jahana nusgalyk türkmen keşdeçilik sungatyny wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde Arkadag hem-de Aşgabat şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanan zenanlar gatnaşdy.

Jöwher daşy

Il içinde jöwher daşy barada köp gürrüň edilýär. Biziň hem gürrüňimiz jöwher daşy hakynda. Ir döwürler bir akylly kerwenbaşynyň akylly aýaly bolupdyr. Günleriň bir güni aýaly oňa şeýle diýýär.

Gözellik ondur...

Ene-mamalarymyzyň naýbaşy lybaslarynyň biri-de türkmen milli donlarydyr. Halkymyzyň arasynda türkmen milli donlary barada ýöne ýere «Gözellik ondur, dokuzysy dondur» diýilmändir. Mary welaýatyna iş sapary bilen baranymyzda bize don tikýän zenan barada gürrüň berdiler. Bu zenanyň el işleri bilen tanyşmak maksady bilen Sakarçäge etrabynyň Söýem Sary geňeşliginiň ýaşaýjysy Artykjemal Orazgylyjowanyň salgysyny alyp, ýola düşdük. Bizi 70-i töwerekläp barýan nurana ýüzli ene mähir bilen garşy aldy. Ynsan durmuşy her hili öwrümlerden doly. Artykjemal daýza küleçe tikmek işine mundan sekiz ýyl ozal başlandygyny aýtdy. «Näme üçin 8 ýyl ozal, onuň sebäbi nämede?» diýen sowalyma, ol:

Türkmenistan — ÝUNESKO: milli we bütindünýä mirasyny goramak ugrunda

Dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, hemmetaraplaýyn öwrenmek we dünýä ýaýmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu abraýly guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýar. ÝUNESKO bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilen we häzirki wagtda hereket edýän bilelikdäki taslamalar bar. Ikitaraplaýyn dialoga ulgamlaýyn häsiýet bermek maksady bilen, ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary hereket edýär. Soňky ýyllarda bu gurama bilen däp bolan hyzmatdaşlyk mazmun taýdan baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykaryldy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilen hödürnamalaryň sanynyň artmagy munuň aýdyň mysalydyr.

«Mirasdyr bu pederimden»

Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bu ýylda hem Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda uly dabara beslendi. Bu baýramçylygyň dowamynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň hem-de türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Türkmen alabaýynyň baýramyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Toý lybasyna beslenen toplumyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly çykyşlar bilen myhmanlar garşylandy. Soňra baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergini synladylar. Onda türkmen alabaýynyň wepadarlygyny, dogumlylygyny, arassa ganlylygyny hem-de wepaly dostlug

Yhlas ýürekden bolanda...

Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda Jennet Annamyradowanyň ahalteke bedewlerine söýgüsi barada örän gyzykly beýan edilýär. Şol sebäpli-de, ykbaly atçylygyň mekany bolan Arkadag şäherine alyp gelen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar kafedrasynyň müdiri wezipesinde işleýän Jennet mugallym bilen söhbetdeşlik taýýarlap, okyjylara ýetirmegi göwne makul hasapladyk. — Jennet mugallym, özüňiz barada, atçylygy, sirk sungatyny saýlamagyňyzyň sebäpleri barada gürrüň beräýseňiz?

Ruhy bitewilik

Şygryýet äleminiň çyragy

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen geçirilen halkara forum dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Hormatly Prezidentimiz forumda eden taryhy çykyşynda Magtymguly Pyragynyň toýunyň bu gün dünýäniň toýuna öwrülendigini, tutuş halkymyzyň, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleriniň hem asyrlarboýy onuň parasatly pikirlerine eýerendiklerini belläp, beýik söz ussadynyň şygryýet äleminiň döwürleriň we siwilizasiýalaryň arasynda akyl-paýhasyň köprüsi bolandygyna ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren pikirini goldamak bilen, foruma gatnaşyjylaryň ählisi beýik söz ussadynyň döredijilik äleminiň tutuş adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek ykrar etdi.

Geçmişe syýahat, şu güne buýsanç

Halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan baý taryhyna degişli tapyndylary we beýleki gymmatlyklary özünde jemleýän muzeýlerde gezelençde bolanyňda, şöhratly geçmişimize, ata-babalarymyzyň durmuşyna gaýybana syýahat edip, taryhyň gatlaryna içgin aralaşýarsyň. Ýurdumyzyň şeýle döwrebap muzeýleriniň biri-de Magtymguly etrabynyň merkezindäki «Magtymguly Pyragy» muzeýidir.

Wepadarlyk

Türkmençilikde, esasan hem, oba ýerlerinde her öýde diýen ýaly it saklanylýar. Itiň öz eýesi hem-de onuň maşgalasy hakda gowy zatlar dileg edýändigi, eýesine çirksiz wepalydygy, dileginiň kabul bolýandygy barada gürrüňler çagalykdan gulagymyzda galypdyr. Enem ak öýleriň gapysynyň daşyndan asylýan eňsilere, düşeklik keçelere «tazyguýruk», «it yzy» nagyşlaryny salyp otyrkak: «It: «Hojaýynymyň ogly bolsun alty sany, alty ogluň her birisi berer maňa bir döwüm nany, etini iýip, maňa oklar olar her gün omaçany» diýermiş». «It üýrse, myhman geler», «It gara görmän üýrmez», «It geldi, gut geldi», «Ýurt ýeriň ýitmesin diýseň, it edin» diýilýändir» diýip, gürrüň bererdi. Arada it bilen adamyň dostlugy baradaky eşiden tymsalym mende uly täsir galdyrdy. Bir adamyň örän wepadar iti bar eken, ol dünýäsini täzelände, item eýesiniň ýanynda jan berip galypdyr. Adamyň ruhy garaňky ümüriň içine düşüp, ýolsuz ýerlerden azaşyp, büdräp, ýol gözläp başlapdyr, it hem onuň yzyndan galmandyr. Ahyry ol bir altyn derwezäniň öňünde peýda bolupdyr, derwezäniň öňünde derwezebanlar duran eken. Ol «Bäri nähili ýer?» diýip, derwezebandan sorapdyr. «Bäri jennet, içeri girip, arkaýyn dynç alyp bilersiňiz» diýipdirler. «Ol ýerde suw barmy?». «Islän görnüşiňizde bar:

Türkmen alabaý iti

Alabaýlaryň şekiljikleri we heýkeljikleri antik we orta asyr eýýamynyň harabaçylyklarynda-da duş gelýär. 1982-nji ýylda Amyderýanyň golaýynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende b.e.öň IV we II asyrlarda ýasalan alabaý itiniň şekilleri tapylypdyr. Alabaý iti kiçiliginden eýesini goramaga, ýagny sakçylyga ukyply bolupdyr. Türkmen alabaýlary niýetlenişi boýunça möjekçi, goýunçy, sakçy ýaly toparlara bölünýär. Osoawiahim guramasynyň gulluk itçilik komitetiniň başlygy W.L.Waýsman tarapyndan 1931-nji ýylda düzülen alabaýlaryň birinji standarty has bellärliklidir, ol alabaýyň beden gurluşyny iki görnüşe bölýär.