"Milli goşun" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi
Salgysy: Galkynyş (1995) köç, 4
Telefon belgileri: 40-59-67, 40-59-68
Sayt: www.milligosun.gov.tm

Makalalar

Bugdaý ekişi we ideg işleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslemek hyjuwy bilen joşgunly zähmet çekýän Kerki etrabynyň gallaçylary şu günler bugdaý ekişi bilen birlikde, eýýäm gögerip başlan ýaşajyk maýsaly meýdanlara ideg etmek işlerini hem utgaşykly alyp barýarlar. Şu ýyl Watan harmanyna 22 müň tonna golaý guşgursak bugdaý goşan bu etrabyň zähmetsöýer gallaçylary sahy topraga hyzmat edip, bol hasyl almagyň nusgasyny görkezmek bilen, Lebap welaýatynda öňdebaryjylara öwrüldiler. Her gektardan 60 — 65 sentner hasyl alýan kärendeçileriň sany bu ýerde müňden geçýär. Häzir bolsa «Hatap», «Mürzebeggala», «Gyzylaýak», «Azatlyk» daýhan birleşiklerinde bugdaý ekişi tamamlanyp barýar. Irki ekişiň irki bol hasyla eltýändigine gowy düşünýän daýhanlar öňden gelýän asylly ýörelgelere eýerýärler: häzirki dowam edýän mizan döwründen soň gelýän akraba çenli bugdaý ekişini doly tamamlamak olaryň baş maksady. Pederlerimiz «Mizanda ekseň ekini, ýere urar köküni...» diýipdirler.

Düşelgedäki dabara

Ahal welaýatynda pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, «ak altyn» ussatlaryny zähmet üstünligine ruhlandyrmak boýunça pagtaçylaryň arasynda höweslendiriş çärelerini geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygynyň çägindäki meýdan düşelgesinde pagtaçylaryň armasyny ýetirmek üçin guralan aýdym-sazly medeni-dynç alyş dabarasy şeýle çäreleriň biri boldy. Etrap häkimligi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti hem-de etrabyň medeniýet bölümi tarapyndan guralan medeni-dynç alyş dabarasyndan daýhan hojalygynyň zähmetkeşleri — ýygymçy gyz-gelinler, pagta ýygyjy kombaýnlaryň mehanizatorlary, hasyly harmana daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileri hoşal boldular.

Pagtaçylaryň «armasy» ýetirilýär

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ene topraga zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almak welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlarynyň, kombaýnçylarynyň, daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň häzirki günlerdäki esasy aladasyna öwrüldi. Ak hanalara beslenip oturan pagta meýdanlarynda olaryň agzybirlikli, joşgunly zähmetleri möwç urup, «ak altyn» harmanlary barha beýgelýär. Gyzgalaňly günlerde pagtaçylaryň «armasyny» ýetirip, olara medeni-durmuş hyzmatlaryny guramagyň hem möhüm ähmiýeti bar. Şundan ugur almak bilen, welaýatymyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, degişli edaralaryň işgärleri bu ugurda möhüm işleri alyp barýarlar.

Pagtaçylara sowgatlar gowşuryldy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň guramagynda etrabyň “Bereket” daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde pagtaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Bu dabaraly duşuşyga kärendeçiler, kombaýnçylar, awtoulag sürüjileri we ýygymçylar gatnaşdylar. Gysga wagtlyk dynç alyş mahaly bolan duşuşykda pagtaçylara pagta ýygymyny öz wagtynda guramaçylykly geçirmekde üstünlik arzuw edildi. Duşuşykda pagta ýygymy möwsüminiň nobatdaky ongünlüginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Degişli döwürde aýratyn tapawutlanan kombaýnçylara, pagta daşaýjy awtoulag sürüjilerine hem-de ýokary netije görkezen kärendeçilere Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Eli ýüwrük ýygymda belli

Altyn güýzüň gyzgalaňly günlerinde daýhanlaryň öz gyssaglary özlerinde. «Ak altynly» meýdanlarda yhlasly zähmetleri, maňlaý derleri bilen ýetişdirilen bol hasyly öz wagtynda ýygnamak, göz öňünde tutulan arzyly pellä ýetmek olaryň esasy maksatlary bolup durýar. Halaç etrabynyň «Altyn asyr» daýhan birleşiginiň zähmet adamlary hem ýetişdirilen bol hasyly ýygnamak üçin gujur-gaýrata galýarlar. Gowaçaly meýdanlarda iş depgini günsaýyn güýçlenýär. Daýhan birleşiginiň ussat kärendeçileri 905 gektar gowaça ekilen meýdandan 2642 tonna «ak altyn» ýygnamagy maksat edinýärler. Hasylyň ýygnalyş depgininden çen tutanyňda hem olaryň bu asylly maksatlaryna ýetjekdiklerine şübhe galmaýar. Eýýäm biziň baran günümiz daýhan birleşiginiň döwlete pagta tabşyrmak baradaky meýilnamasy ýarpa golaýlan eken. Daýhan birleşiginiň başlygy Nurýagdy Mamedow daýhanlaryň gowaçanyň bereketli tohumyny topraga sepenlerinden bäri bol hasyl ýetişdirmek üçin yhlas bilen zähmet çekýändiklerini aýdýar. Olaryň zähmeti ýerine düşüpdir. Şu ýyl ekilen gowaçanyň «Ýolöten-39» görnüşi bol hasylyny eçilipdir.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Yhlasly zähmetiň miwesi Şu günler welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Sakarçäge etrabynyň “Birleşik” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. “Daýhandan hereket — toprakdan bereket” diýlişi ýaly, yhlasyny siňdirip, halal zähmet çekýäne topragyň berekedini bolluk bilen eçilýändigine oňat düşünýän ýer eýeleri jogapkärçilikli işleýärler. Olar şu günlerde ak gunduz kimin pagtalary ýygnamak, gant şugundyryna ideg etmek işleri bilen meşgullanýarlar. Şeýle-de bugdaý ekişini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar.

Daýhan zenanyň buýsanjy

Her kimde bir käre bolan söýgi, ynam döreýär. Ýaşlykdan gursakda orun tutan arzuwy Ýagşygüli öz erkine goýmaýar. Orta mekdebi tamamlap, ol bereketli meýdana örküni baglaýar. Ejesiniň ýanynda pagta ýyganda hem Ýagşygül 3-nji toparyň ýygymçylarynyň arasynda guralan özara ýaryşlarda ýeňiji boldy we baýrakly orunlary eýeledi. 1994-nji ýylda Tagtabazar etrabynyň “Saryýazy” daýhan birleşiginde Ýagşygül Bakyrowa ilkinjileriň biri bolup, 5 gektar ekerançylyk ýeri kärendesine aldy. Uly ynam, aýdyň maksat Ýagşygüle her ýyl üstünlik getirdi. Ol 5 gektarynyň 3 gektaryna gowaça ekip, bol pagta hasylyny alsa, 2 gektardan ýokary hilli guşgursak ak bugdaý hasylyny aldy.

Gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar

Ekin meýdanlarynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň bereketli pagta hasyly kemala geldi. Edermen pagtaçylarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen “ak” altynyň” bol hasylyny zaýasyz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak şu günüň jogapkärli wezipesi bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daýhanlara berýän goldaw-ýardamyndan ruhlanýan daýhanlarymyz pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler. Etrabymyzyň beýleki daýhan birleşiklerinde bolşy ýaly, biziň daýhan birleşigimiziň pagtaçylaram möwsüme ykjam taýýarlykly gelip, pagta ýygymy günsaýyn işjeň häsiýete eýe bolýar. Çünki, pagtaçy kärendeçiler üçin jüýje sanaşylýan güýz pasly başlandy. Ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan “ak altynyň” bereketli hasylyny isrip etmän ýygnap almak daýhanlaryň wajyp wezipesi. Şu wezipeden ugur alýan daýhan birleşigimiziň pagtaçy kärendeçileri yhlasly zähmet çekýärler. Ýygymyň ilkinji günlerinde gowy görkezijileri gazanýan kärendeçilerimiziň üstünlikleri bizi guwandyrýar. Olar maşgala agzalarynyň, kömekçileriniň goldawyna daýanyp, kemala gelen pagta hasylyny ýygnamakda yhlas edýärler. Aýratynam, ene topraga siňdirýän halal zähmetinden rysgal-döwlet, bagt tapan kärendeçilerimiziň Watan harmanyna tabşyrýan “ak altynynyň” mukdar

Şalynyň bereketli hasyly

Şu günler welaýatymyzyň şaly meýdanlarynda bereketli hasyly zaýasyz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak işleri dowam edýär. Bu babatda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň şalyçy kärendeçileri yhlasly zähmet çekýärler. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 4450 gektar ýerde şalynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Munuň üçin kärendeçileriň 192 sanysy arly tomus yhlaslaryny gaýgyrmadylar. Daýhan birleşiginiň hünärmenleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, şu ýyl şaly oragynda 60-a golaý ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň işledilýändigini, şonuň netijesinde şalyçy kärendeçilerden düzülen 10 toparyň ählisinde-de oragyň ýokary guramaçylykly alnyp barylýandygyny aýtdylar. Şalyçy kärendeçiler Wepa Öräýewiň 12, Sapa Hojamberdiýewiň 13, Jahangül Gummanowanyň 30, Şamuhammet Aşyrowyň 2 gektar ýerinden gektaryna ortaça 50 — 55 sentner şaly hasyly tabşyrylypdyr.

Welaýatymyzda bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär

Yhlas — üstünligiň açary Ata-babalarymyzyň daýhançylyk bilen baglanyşykly «Tohum al-da ýere bar...» diýen pähimli sözi bar. Bu islendik ekinden bol hasyl almak üçin, ilki bilen, onuň ekişini öz wagtynda, ýokary hilli geçirmegiň derwaýysdygyny aňladýar. Köp ýyllaryň, uly tejribäniň synagyndan geçen şeýle ýörelgeden ugur alýan welaýatymyzyň gallaçy daýhanlarynyň şu günlerdäki esasy aladasy, agzybirlikli tagallalary ene topraga basym bugdaý tohumyny atmaga gönükdirilýär.

Herekete — bereket

Zähmetiň joşýan ýerinde Gyzylarbat şäherindäki pagta arassalaýjy kärhananyň giň hem tämiz howlusynda hereket birjik-de togtamaýar. Nowalary «ak altyndan» doly ulaglar yzly-yzyna gelip, ýörite gapanlaryň üstünde saklanýarlar. Täze hasylyň agramy çekilenden soň, ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanada pagtanyň hili kesgitlenýär.  

Ýygymyň depgini güýçlenýär

Bereket etrabynyň «ak altyn» ussatlary pagta ýygymynyň depginini barha güýçlendirýärler. Etrabyň daýhan birleşiklerinde şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýän kärendeçileriň sany gün-günden artýar. «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň pagtaçy daýhanlarynyň «ak altynly» pellerindäki joşgunly zähmeti synlanyňda hem göwnüň göterilýär. Daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçisi Döwletmämmet Gazakbaýewiň 4 gektar kärende ýeriniň her gektaryndan harmana tabşyran hasyly 40 sentnerden geçdi. Meretgylyç Garajaýewiň 10 gektar kärende ýerinden harmana goşan hasyly 27 tonnadan gowrak boldy. Kärendeçiler Perhat Garaýewiň 12 gektardan alan hasyly 23 tonnadan, Nurly Gulatarowyň 5 gektardan alan hasyly bolsa 10 tonnadan geçdi. — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhan birleşigimiz boýunça 650 gektar meýdandan 800 tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Ekin meýdanlarymyzda her gün ir säherden öndürijilikli zähmet joş urýar. Pagta hasyly entek kän. Meýdanlardaky hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap alarys — diýip, «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň başlygy Goýunly Goýunlyýew gürrüň berýär.

“Ak altyn” — 2024

Armalary ýetirilýär Wekilbazar etrabynyň pagtaçy kärendeçileri hem ekleýjimiz hasaplanýan ene topraga bar yhlasyny siňdirip, guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Olar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gowaçanyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin gijelerini gündiz edip, meýdanda zähmet çekdiler. Bu günki günde çekilen zähmet özüniň ajaýyp netijesini hem berdi. Pagtaçy kärendeçiler gunduz ýaly açylan pagtalary yrýa etmän, çalt we ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak üçin ir ertirden giç agşama çenli ýadawsyz zähmet çekýärler.

Yhlasa — myrat

Ýurdumyzda iş başarjaň, guramaçy adamlara ekerançylyk meýdanlarynyň 99 ýyllyk möhlete ulanmaga berilmegi daýhandan daýhany, telekeçiden telekeçini saýlaýar. Uzak möhletleýin ýer alan telekeçilerdir daýhan hojalyklary özleri üçin döredilip berilýän şertlere, kömek-goldawlara yhlasly zähmeti bilen jogap berýärler. Şu ýylyň hasylyndan başlap, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alnyş nyrhlarynyň artdyrylmagy bolsa has öndürijilikli zähmete itergi berdi. «Şu günki üstünlik — ertirki borçnama» diýen şygara eýerilip, topraga agrotehniki talaplara laýyklykda hyzmatlar ýola goýlup, ýerleri artdyryp däl-de, az ýerden bol hasyl almak tejribesine daýanylýar. Şu ýyl Mary welaýatynyň gallaçylary Watana 345 müň tonna guşgursak bugdaý tabşyryp, uly abraýyň eýesi boldular. Häzir Murgap jülgesinde täze ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişi gyzgalaňly alnyp barylýar. Pagta ýygymy hem guramaçylykly dowam edýär. Bu işde aýry-aýry kärendeçiler, telekeçiler, daýhan hojalyklarynyň önüm öndürijileri has-da gaýrat görkezýärler. Garagum etrabyndan telekeçi Setdar Hommadow hem şol işewürleriň biri. Ol maşgala agzalary bilen etrabyň Ýagty ýol geňeşliginiň çäginden umumy meýdany 2 müň 400 gektara deň ýeri uzak möhletleýin kärendesine alypdyr. Şol meýdanyň agra

Bereketli hasylyň düýbi tutulýar

Azyk bolçulygynyň esasy çeşmeleriniň biri bolan ak bugdaýyň ekişi Daşoguz welaýatynda hem guramaçylykly dowam edip, işleriň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Şu ýyl welaýatyň gallaçylary 145 müň gektar meýdanda ekiş geçirip, ondan 265 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Welaýat boýunça her günde 2,5 müň gektara golaý meýdanda ekiş geçirilýär. Möhüm möwsümiň häzirki aýgytly günlerinde ekin meýdanlarynda ýeňil traktorlaryň 2300-si, ekijileriň 520-den gowragy, sürüm traktorlarynyň 600-si işledilýär. Bar bolan tehnikalaryň güýjünden doly peýdalanmak, olaryň saz we gurat işledilmegini üpjün etmek üçin etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalary tehniki çäreleri utgaşykly alyp barýarlar. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işlerinde welaýatyň Şabat, Görogly, Köneürgenç etraplary öňdäki hatarda barýarlar. Ak ekin ussatlary kadaly gögeren ýaş maýsalara ideg etmek işlerine guramaçylykly girişdiler. Şabat etrabynda 16 müň gektar meýdanda ekiş geçirmek üçin her gün kuwwatly traktorlaryň 30-a golaýynyň, 15 müň 500 gektarda bu gymmatly azyk önümini ýetişdirýän Görogly etrabynda şeýle tehnikalaryň 21-siniň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Şu günler dürli kysymly traktorlar, iş gurallary ak ekiniň ideg işlerinde utgaşykly ulanylýar.

Üstünliklere beslenýän menziller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ykdysady pudaklarynda, oba hojalygynda gazanylýan üstünlikler ýokary derejelere göterilip, ýurt Garaşsyzlygymyzyň aýdyň miwesi hökmünde Watanyň milli ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna we öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda mynasyp orun almagyna giň mümkinçilikler döretdi. Balkan welaýatynyň oba hojalyk işgärleri hem ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere özleriniň saldamly goşantlaryny goşmak bilen, ýylyň-ýylyna dänäniň, «ak altynyň», gök-bakja we miwe önümleriniň müňlerçe tonnasyny Watan harmanyna tabşyryp, guwandyryjy netijeleri gazanyp gelýärler.

Tohumçylyk bol hasylyň özeni

Sahawatly toprakdan bol hasyl almakda oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny kämil ýola goýmak pudagy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen baglylykda şu ýylyň 19 – 20-nji sentýabry aralygynda ýokary guramaçylykly derejede «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly Halkara ylmy maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Halkara ylmy maslahata daşary ýurtlardan tejribeli alymlar, oba hojalyk hünärmenleri gatnaşdylar we tohumçylyk ylmynda gazanylan üstünlikleri, bugdaýyň, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň täze döredilen görnüşleri, gibridleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem daşary ýurtly alymlar oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny ösdürmekde ýurdumyzyň türkmen alymlarynyň alyp barýan işleri, gazanýan üstünlikleri bilen içgin tanyş boldular. Aýratyn hem, türkmen alymlary tarapyndan döredilen «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» atly bugdaýyň täze sortlarynyň sergide görkezilmegi uly gyzyklanma döretdi. Alymlaryň gazanýan şeýle üstünlikleri azyk bolçulygyny döretmekde strategiki ekin bolan bugdaýdan bol we ýokary hilli hasyl almakda täze mümkinçilikleri döreder. Ýurdumyzda bakja ekinleriniň ýokary hasyl berýän täze sortlaryny döretmekde hem önjeýli işler al

Pagta — biziň baýlygymyz

Häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli welaýatdyr etraplarynda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Biz hem pagtaçy daýhanlarymyza tüýs ýürekden «Arma!» diýýäris hem-de olara ýeňil bolmadyk işlerinde üstünlik gazanmagy arzuw edýäris. Ynsan durmuşyny hemmetaraplaýyn üpjün edýän pudaklaryň biri-biri bilen bagly bolşy ýaly, oba hojalygy pudagy-da şeýle häsiýete eýerdir. Oba hojalyk pudagynda esasy orun tutýan pagtanyň saglygy goraýyş ulgamynda, has takygy, lukmançylykda ulanylýandygy munuň bir mysalydyr.

Sogap gazanýan bagban

Bag durmuşyň bezegi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýany we daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Il-ýurt bähbitli şeýle beýik işleri durmuşa geçirmekde saldamly goşandyny goşýan, öz hünärine ussat bagbanlaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Biruny adyndaky geňeşliginiň Bagban obasynda ýaşaýan Bahram Babaýazowyň adyny obadaşlary uly hormat bilen tutýarlar. Ol öz maşgalasynda aýaly Gözel, ogly Iskender, gyzlary Sapargül, Leýli bilen ençeme ýyllardan bäri 0,64 gektar mellek ýerinde her ýylda 20 müň düýpden gowrak dürli görnüşli miweli, pürli, saýaly baglaryň nahallaryny ösdürip ýetişdirýär. Taýýarlan nahallaryny edara-kärhanalara we ýaşaýjylara elýeterli bahadan ýerleşdirýär.

Soganyň bol hasyly ýygnalýar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, bazarlarymyzy gök, bakja önümleri bilen üpjün etmek ugrunda öňde goýýan wezipelerine Balkan welaýatynyň kärendeçileri tutanýerli zähmet bilen jogap berýärler. Olar şu ýyl Garagum derýasynyň boýundaky mes toprakly meýdanlarda beýleki oba hojalyk ekinleri bilen birlikde ýazlyk soganyň hem bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi başardylar. Welaýatyň kärendeçi daýhanlary Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň geçen ýaz aýlarynda 1 müň 100 gektar ýere azyklyk soganyň «Bereketli» görnüşini ekip, ondan bitginli hasyly kemala getirdiler. Şu günlerde bol hasyly ýokary depginde ýygnap almak işlerinde ýetilýän netije welaýatymyzyň daýhanlarynyň şu ýyl 27 müň 500 tonna sogan ýygnap almak üçin çekýän asylly zähmetiniň ýerine düşýändiginden habar berýär.