"Milli goşun" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi
Salgysy: Galkynyş (1995) köç, 4
Telefon belgileri: 40-59-67, 40-59-68
Sayt: www.milligosun.gov.tm

Makalalar

«Arkadag» topary täze rekordyň bosagasynda

Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň Türkmenistanyň çempionatynyň 25-nji tapgyrynda myhmançylykda Mary şäheriniň «Merwinden» 8:1 hasabynda üstün çykypdy. Bu uly hasaply ýeňişden soň, topar Ýokary liganyň şu möwsüminde geçiren gollarynyň sanyny 144-e çykardy. Bu bolsa ýurdumyzyň çempionynyň türkmen futbolynyň taryhyna täze bir gadam bilen girendigini görkezýär. Möwsümdäki netijesi bilen (geçiren gollarynyň sany bilen) «Arkadag» futbol topary milli çempionatymyzyň taryhynda bir möwsümde iň kän gol geçiren toparlaryň ilkinji üçlügine girdi. Topar 25-nji tapgyrda üçünji ornuň ozalky eýesi bolan Aşgabadyň «Altyn asyr» toparyny (108 gol) yzda galdyrdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 2016-njy ýylda Ýokary liganyň bir möwsüminde 108 gol geçiripdiler.

Aragatnaşykçylaryň "Altyn Asyr" futbol topary "Al-Haldiýa" bilen duşuşar

"Altyn Asyr" futbol kluby Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK-2) Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynda Bahreýniň "Al-Haldiýa" topary bilen geçiriljek duşuşygyna janköýerler üçin mugt giriş boljakdygyny yglan etdi. Duşuşyk 2-nji oktýabrda sagat 19:00-da "Aşgabat" stadionynda geçiriler. Belläp geçsek, birinji tapgyrda "Altyn Asyr" myhmançylykda Yragyň "Eýr Fors" klubundan 1:2 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy, "Al-Haldiýa" bolsa öz meýdançasynda Saud Arabystanynyň "Al-Taawun" toparyna 2:3 hasabynda ýeňildi.

Türkmen kikboksingçileri — dünýä çempionlary

Türkmenistanly kikboksingçileriň ýedisi dürli ýaş we agram derejeleri boýunça dünýä çempiony boldular. Ýer ýüzünden sportuň bu görnüşi boýunça 2,5 müňden gowrak iň güýçli türgeni özünde jemlän ýaryş ýakynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirildi. Çempionata milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Orazmuhammet Kömekowyň ýolbaşçylygynda 15 türgen gatnaşdy. Şolaryň 12-siniň medallara mynasyp bolmagy türkmen ýygyndysynyň ýene bir halkara ýaryşda ýokary derejede çykyş edendigini görkezýär. Türgenlerimiziň ýedisi altyn, bäşisi bolsa bürünç medallary eýelediler.

PÄLWAN PEDERLERIŇ NESLI

Soňky ýyllarda halkara ýaryşlarda gazanýan ýeňişleri bilen ady has kän agzalýan türkmen türgeni Alp Arslan Begenjowa hut şeýle baha beresiň gelýär. Ol bu baha aňryýany bilen mynasyp. Çünki gatnaşan ýaryşyndan medal umydygär bolunýan türgen ýakynda türkmen sportunyň taryhynda täze sahypany ýazdy. Çünki bary-ýogy 18 ýaşly türgen ýaşlaryň arasynda erkin göreş boýunça dünýä çempiony bolan ilkinji ildeşimizdir. Pälwan pederlerimiziň pälwan nesli bu üstünligi Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda gazandy. Bu çempionlygyň başga bir aýratynlygy hem bar. Türkmen sportunyň täze ýyldyzy Olimpiýa maksatnamasyna girýän görnüş boýunça geçirilen dünýä çempionatyndaky tutluşyklarynyň ählisinde-de garşydaşlaryna ýekeje utuk hem bermedi. Ýogsam, onuň garşydaşlarynyň hiç biri hem ejiz däldi. Biziň Alp Arslanymyz dünýä çempionatynda geçiren bäş duşuşygynda hem arassa ýeňiş bilen altyn medalyň eýesi boldy.

Türgenimiz dünýä rekordyny täzeledi

Sportuň islendik görnüşiniň janköýerleri saýlap-seçen türgeniniň ýa-da toparynyň gazanan ýokary netijesi bilen bilelikde, onuň rekordlary täzeläp bilşi bilen hem ýakyndan gyzyklanýarlar. Bu gün türgenlerimiz gatnaşan ýaryşlaryndan diňe bir medally dolanýan däl, eýsem, rekordlary täzeleýän türgenlere öwrülýärler. Dünýäniň sport jemgyýetçiligi muňa ýakynda agyr atletika boýunça Ispaniýada geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda hem janly şaýat boldy. Ýer ýüzüniň 23 ýaşa çenli iň güýçli agyr atletikaçylaryny özünde jemlän ýaryşda türkmenistanly türgen Şahzadbek Matýakubow iň agyr agramlaryň birinde çykyş edip, täze dünýä rekordyny goýdy. Agyr atletikanyň Daşoguz mekdebiniň uçurymy dünýä çempionatynda 102 kilograma çenli agram derejesindäki türgenleriň arasynda çykyş etdi. Ştangany silterläp götermekde 175 kilogramlyk netijesi bilen altyn medala mynasyp bolan ildeşimiz bu görnüşde-de dünýä rekordyny täzeläp bilerdi. Mundan 20 ýyl ozal baharyň ilkinji gününde dünýä inen türgen üçin 175 kilogramlyk netije üçin (ikinji orundaky bäsdeşinden 6 kilogram ýokary) bary-ýogy iki synanyşyk ýeterlik boldy. Ol birinji synanyşygynda 170, ikinjisinde 175 kilogram agyrlygy depesine galdyrdy. Üçünji synanyşygynda 180 kilogram agyrlygy buý

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň Sport ulag merkezine bardy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýän we bu ugur­da ösüp gel­ýän ýaş nes­le nus­ga­lyk gö­rel­de bol­ýan Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Lideri zäh­met rug­sa­dy wag­tyn­da paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­leş­ýän Sport ulag mer­ke­zi­ne bar­dy.

Sport

Ökdeler öňe saýlandy Golaýda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň sport zalynda welaýatymyzyň çägindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda woleýbol boýunça ýaryş geçirildi.

Sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmak

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Türk­me­nis­tan Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de we dün­ýä­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek­de, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na yg­rar­ly bo­lup gel­ýär. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de BMG-niň Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi açyl­dy. Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yn­san­per­wer­li­giň be­lent mak­sat­la­ry­ny da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň baş ug­ry hök­mün­de saý­lap alan Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni ugur­lar bo­ýun­ça dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň oňyn çöz­güt­le­ri bi­len çy­kyş edip gel­ýär.

Milli buýsanjymyz

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ahal­te­ke at­la­ry gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi, aja­ýyp­ly­gy, ýyn­dam­ly­gy, çe­ýe­li­gi we çy­dam­ly­ly­gy bi­len dün­ýä­de şan-şöh­ra­ta eýedir. Was­py be­lent­den ýe­ti­ril­ýän be­hiş­di be­dew­le­ri­miz hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy bol­mak bi­len, umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na go­şan çäk­siz go­şan­dy­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de ahal­te­ke be­dew­le­ri ýur­du­my­zyň baş ny­şa­ny­na öw­rül­di.

Sportdaky üstünlikler

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, be­den taý­dan berk, sag­dyn, ru­hu­be­lent ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Ak mer­mer­li Aş­ga­bat hem Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de, äh­li we­la­ýat, et­rap mer­kez­le­rin­de gur­lup ula­nyl­ma­ga ber­len sport-be­den­ter­bi­ýe top­lum­la­ryn­da we des­ga­la­ryn­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­la­ryň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri, gu­wan­dy­ry­jy ýe­ňiş­le­ri bi­ziň her bi­ri­mi­zi diý­seň buýsan­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da sport us­sat­la­ry­my­zyň hem tür­gen­le­ri­mi­ziň döw­let we hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar­da, olim­pia­da­lar­da, uni­wer­sia­da­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­ma

Talyplar sport ýaryşlarynda mynasyp çykyş edýärler

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Astana şäherinde guralan Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlaryna gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň birnäçesi çykyş etdi. Olar alyş göreşinde, gazak göreşinde, kuraş göreşinde Türkmenistanyň sport abraýyny goramaga mümkinçilik aldylar.

Be­den­ter­bi­ýe we sport — kä­mil­li­ge ba­dal­ga

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek, ugur­daş dü­züm­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak, tür­gen­le­ri, tä­lim­çi­le­ri, beý­le­ki de­giş­li hü­när­men­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­mak üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler yzy­gi­der­li do­wam et­di­ril­ýär. Bu ugur­da da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge hem-de öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­men tür­gen­le­ri­niň ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra yzy­gi­der­li gat­naş­mak­la­ry hem-de üs­tün­lik ga­zan­mak­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň sport ba­bat­da alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy mak­sat­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Sport– dostlugyň köprüsi

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Sport dost­luk üçin köp­ri bo­lup dur­ýar. Sport di­ňe bir he­re­ket däl, gat­na­şyk, gol­daw we dost­luk­dyr. Sport ýurt­la­ry bir­leş­di­ri­ji bag­la­ny­şyk, bel­ki-de, pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk, aba­dan­çy­lyk ýa­ly adam­za­dyň yn­san­per­wer­lik ýörelgelerine ýe­tip bol­jak döw­let­le­riň ara­syn­da­ky öza­ra gat­na­şyk gu­ra­ly bo­lup dur­ýan­dyr...

Aşgabat şäheri

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da buý­san­dy­ry­jy wa­ka­la­ra baý bol­dy. Şol san­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­ri­niň dün­ýä­de we se­bit­de at-ab­ra­ýy­nyň, şöh­ra­ty­nyň no­bat­da­ky bas­gan­çak­la­ra çyk­ma­gy­ny şert­len­di­ren çä­re­ler, hoş ha­bar­lar il­deş­le­ri­mi­zi we sport ul­ga­my­nyň hü­när­men­le­ri bo­lan bi­zi tüýs ýü­rek­den buý­san­dyr­dy.

Balkan welaýaty

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri, Gah­ry­man Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry, Arkadag­ly Gahryman Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len, ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri bi­len egin deň­läp öňe bar­ýan, gül­läp ös­ýän za­ma­ny­dyr. Bu aja­ýyp dö­wür ýur­du­my­za iri hä­zir­ki za­man önüm­çi­lik des­ga­la­ry­ny, ýol-ulag inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny, äh­li oňaý­lyk­lar bi­len üp­jün edi­len tä­ze şä­her­le­ri, şä­her­çe­le­ri sow­gat ber­di.

Arkadag şäheri

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­mak, ýurt­da halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­ni da­ba­ra­lan­dyr­mak ba­bat­da alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­ri­niň aý­dyň mi­we­si bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň sent­ýabr aýyn­da bo­lup geç­en mej­li­si­ne ýur­du­my­zyň her bir kün­je­gin­de güýç­li dep­gin­de taý­ýar­lyk görüldi. Her bir ra­ýa­ty­myz, hü­när­menleri­miz, eda­ra-kär­ha­na­la­ry­myz, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry we sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar bu şan­ly toý çä­re­si­ne my­na­syp sow­gat­ly bar­dylar.

Lebap welaýaty

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä iç­re giň­den ýa­ýyl­ýan sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy jem­gy­ýe­ti sag­dyn ösüş ýol­la­ry­na ça­gyr­ýan, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dost-do­gan­ly­gy ös­dür­ýän mö­hüm sy­ýa­sy gu­ral­dyr. Şu my­na­sy­bet­li hä­zir­ki şan­ly ýy­ly­my­zyň ikin­ji ýa­ry­my üçin Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň iýul aýyn­da bo­lup ge­çen gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de öň­de goý­lan mö­hüm we­zi­pe­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän gyz­ga­laň­ly dö­wrün­de ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da hem şan­ly wa­ka­lar bo­lup geç­ýär. Türk­men tür­gen­le­ri dün­ýä­niň dür­li şä­her­le­rin­de ge­çi­ril­ýän çem­pio­nat­lar­da, Ku­bok­lar­da, şeý­le hem okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şyk­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­ter­ýär­ler.

Daşoguz welaýaty

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ata-ba­ba­la­ry­myz ne­sil­le­riň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne uý­mak­la­ry, ýa­ra­maz en­dik­ler­den daş du­rup, he­mi­şe he­re­ket­de bol­mak­la­ry üçin he­mi­şe yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry amal edip­dir­ler. Bu asyl­ly ýol-ýö­rel­ge bu gün­ki gün Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de, türk­men jemg­yýe­ti­miz­de do­wa­mat-do­wam bo­lup, ýag­ty gel­je­ge sa­ry uza­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de, paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­la­ry­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry, şy­pa­ha­na­la­ry, sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin sport des­ga­la­ry, top­lum­la­ry, stadion­lar, sport mek­dep­le­ri gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär.

Ahal welaýaty

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ösüş­le­rin­den ruh­lan­ýan ag­zy­bir hal­ky­myz yh­las­ly, ha­lal zäh­me­ti­niň buý­san­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri bi­len mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk to­ýu­ny garşy aldy. Bu to­ýa my­na­syp go­şant hök­mün­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň we onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky sport eda­ra­la­ry­nyň, sport mek­dep­le­ri­niň hü­när­men­le­ri, tür­gen­le­ri hem buý­san­dy­ry­jy zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­zan­dy­lar.

Mary welaýaty

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ýur­du­myz­da halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň bar­ha giň­den da­ba­ra­lan­ma­gy, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň bar­ha kä­mil­leş­me­gi Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­lent­le­re gö­ter­ýän oňaý­ly ýag­daý­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dö­re­dil­me­gi, oňa Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­lyk et­me­gi hal­ky­my­zyň, şol san­da — ýur­du­my­zyň sport ul­ga­my­nyň hü­när­men­le­ri bo­lan bi­ziň hem gö­wün gu­şu­my­zy ga­nat­lan­dy­ryp, hal­ky­my­zyň, döw­le­ti­mi­ziň ýag­ty gel­je­gi­ne bo­lan yna­my­my­zy art­dyr­ýar.